01:06 Molýeriñ ömri we dramaturgiýasy | |
Ž.MOLÝERIŇ ÖMRI WE DRAMATURGIÝASY
Teatr we kino sungaty
Žan-Batist Poklen 15.01.1622-nji ýylda Parižde doglup, 17.02.1673-nji ýylda Parižde aradan çykýar. Ol dünýä edebiýatynyň taryhyna Molýer ady bilen giren şahsyýetdir. Molýeriň atasy Žan Poklen Parižiň köçeleriniň birinde uly bolmadyk dükanyň we ussahananyň eýesi bolupdyr. Olar öňden gelýän köşk oboýçylary (Oboýçy - köşk mebellerini mata bilen bezeýän hünär) mirasyň eýeleri bolupdyrlar. Molýeriň ejesi hem gadymdan gelýän senetçiler maşgalasyna degişli bolupdyr. Molýeriň atasy hem ogullarynyň öňden gelýän maşgala adatyny dowam etdirip, Korollygyň ynamdar hyzmatkäri bolmaklaryny isläpdir. Molýeriň ömrüny we döredijiligini şu aşakdaky böleklere bolüp öwrenilse talaba laýyk bolsa gerek. 1. Molýeriň ömri döredijilik ýoly; 2. Molýeriň realizmi we onuň döredijiliginiň ähmiýeti; 3. "Don Žuan”; 4. "Tartýuf”; 5. "Dworýançylykda ownuk hususyýetçilik” (meşançylyk); 6. Netije. • Molýeriň ömri we döredijilik ýoly Molýeriň atasy Žan Pokleniň ähli aladalaryna garamazdan ogly başga ýol bilen gitmeli bolýar. Onuň çagalykdan teatra bolan söýgüsi, şol ugrada alyp gidýär. Ol öz atasy bilen Parižiň köçelerinde gezelenç eden wagty köçelerde, bazar meýdançalarynda gastrolýor aktýorlaryň görkezýän oýunlaryna az tomaşa etmändir. Onuň çaga kalbyny esasanam halk farslary heýjana getiripdir. Şol farslarda bagty çüwen daýhanyň nebisjeň, açgöz popy, zulumkär aristokraty samsyklykda goýmagy, ýaş zenanyň öz garry hökümdar ärini aňsatlyk bilen aldap bilýänini görkezip bilýän kiçijik sahnajyklaryň tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanmagy, onuň teatra bolan höwesini has-da artdyrypdyr. Ýaş Žan Batist atasy bilen korollygyň köşgündäki gapy teatrlarynda to-maşa edilýän spektakllarada gatnaşypdyr. Şol ýerdäki spektallara tomaşa eden Žan Batista öňki tomaşa eden oýunlaryndan has ýokary, has aýratyn görnüşde täsir edipdir. Gahrymanlary beýge galdyrmakdaky okalýan goşgylaryň dabaralylygy, joşgunlylygy spektakly has beýge galdyrypdyr. Spektakldaky antik ýapynjalary, owadan emeli saçly, owadan köşk aýallarynyň geýýän aňrybaş eşikleri, olaryň sahnada mylaýymlyk bilen endigan here-ketleri ýaş ýigidiň arzuwyna ýetmäge uly itergi bolup hyzmat edipdir. Şol döwürlerde "Deňsiz, taýsyz Korneliý”, "Meniň Sidim hakyndaky aýdymlar”, ("Sid”- XII asyra degişli eser. Sidiň hakyky ady Radriga Dians de Biwar. Ol takmynan 1026-njy, käbir maglumatlarda 1043-1099-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçen. Ispan rysary öz söweş ýollary bilen şöhratlanan gahryman. Sözlüge seret.) ýaly gahrymanlary suratlandyrýan fransuz klassyky tragediýalarynyň ilkinji nusgalary peýda bolupdyr. Gahrymançylykly spektakllara tomaşa eden oboýçygyň oglunyň özünde-de şol gahrymanlara meňzemeklik, aktýor bolup sahnada şol gahrymanlaryň keşbini döretmeklik arzuwy döreýär. Özünde dörän bu arzuwy ol ähli kişiden gizläpdir. Onuň pikriçe, aktýorlar ýekirlenen, sergezdan, yk-manda adamlara degişli bolupdyr. Molýer şol döwrüň oňat okuw jaýy bolan Klermonsk kolležinde okapdyr. Geljekki dramaturg eýýäm mekdep partasyndan Gadymy Rim komediýalary bolan Plawtyň, Terensiniň eserleri bilen tanyş bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde-de Antik eýýamynyň filosoflarynyň işleri bilen tanyş bolmagam başarypdyr. Hat-da, şol döwrüň filosofy Tit Lukresiniň (b.e.öňki I asyrda ýa-zan) öwüt-nesihat beriji filosofiki poýemasy bolan "Tebigatdan gelýän netijeler hakynda” eserini özbaşdak Fransuz diline terjime edipdir. Kolleži ta-mamlan Molýer bilimini özbaşdak ösdürmegiň ugruna çykýar. Şol döwür özüne uly täsir eden filosof Pýer Gassendi bilen golaýdan tanyşlygy başlan-ýar. Ýaş Molýer "nesil boýy” aňyrdan gelýän ,,oboýçylyk” senetkärligi dowam etdirmejek bolup, hukuk ugrundan ekzamenden geçip, hukuk ugrundan bilim alýar. Emma bu alan bilimem oňuň göwnünden turmandyr. Netijede, ol atasynyň ýüzüne durup, özüniň aktýor bolmak maksadynyň bardygyny mälim etmeli bolýar. Özüne degişli ähli mirasdan, özüne degişli ähli hukuklardan we atlardan özüni mahrum etmek bilen sahna üçin özüne Molýer edebi lakamyny alýar. Molýeriň özi 9-adamdan ybarat bolan truppany döredip, oňa "Ajaýyp teatr” diýip at goýýar. Şol at bilenen Parižde gastrol çykyşlaryny gurap ugraýar. Teatra "Ajaýyp” diýen at goýulsada olaryň çykyşlarynda hiç hili "ajaýyplyk” duýulmandyr. Baý tejribeli truppalar bilen güýç synanyşmakdan ýaş, doly tejribesi bolmadyk truppa olardan pes gelipdir. Öňden gelýän truppalar bilen bäsleşmek üçin olarda pul we tejribe ýetmezçiligi örän uly bolupdyr. Molýer "şertnama” esasynda gysga möhletleýin karz alan pul se-rişdesini üzüp bilmändigi üçin "Şatle” tussaghanasynda ýatmaly bolupdyr. Kän wagt geçmänkä-de "Ajaýyp teatr” truppasy ýapylmaly bolupdyr. Ilkinji şowsuzlyklara garamazdan ol öz saýlan işinden el üzmändir. Gaýtam, oba ýerlerine gidip şol ýerden öz bagtyny gözläpdir. Ol 1645-nji ýylda şol ýerlere gidip, ykmanda hasaplanýan aktýorlar truppalaryna goşulypdyr. Şol ýerdenem Molýeriň durmuşynyň iň agyr döwri başlanýar. Bu möhlet on üç ýyla çekipdir. On üç ýyllap onuň çeken agyr zähmeti, ýeter-ýetmezçilikde bolan sergezdançylyk ony ruhdan düşürmändir. Agyr geçen şol ýyllar geljekki dramaturg bolup ýetişjek ýaş ýigit üçin uly durmuş mekdebiniň çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Şol ýyllar Fransiýa döwleti üçin ýiti syýasy göreşiň ýurda agram salmagy gün-günden ýaýbaňlanypdyr. Öňki azatlyk-dan, erkinlikden kesilen feodal gatlak iň soňky güýjüni jemläp, absolýutizme garşy aýaga galypdyr. Muňa garamazdan korollyk bu syýasy göreşde ýeňýär we öz täsirliligini has-da artdyrýar. Molýer, daş-töweregini gurşap alan durmuşy synlamak bilen özi üçin belli netije çykarýar. Öz ygtyýarly zorluk salyjylar bolan-feodallaryň we nadan gatgatlaklaryň, dini wekilleriň çuňňur halk duşmanlarydygyna doly göz ýetiripdir. Molýeriň ilkinji dramaturgiýa tejribeleri 50-nji ýyllarda başlananam bolsa, oňa meşhurlyk on ýyldan soň gelipdir. Molýer özüniň dramaturglyk işine başlamak bilen öz çykyş edýän truppasynyň repertuar ýetmezçilik meselesini ýola goýmaga gönükdiripdir. Onuň ilkinji eserleri halk farslarynyň ruhynda ýazylypdyr. Onuň şeýle eserler biziň günlerimize gelip ýetmändir. Sebäbi, şol döwürlerde pýesalar çap edilmändir.Ol pýesalaryň bize gelip ýeteni diňe olaryň atlary we zamandaşlarynyň eser baradaky ýazan käbir bellikleri. Şol pýesa hasaplanýan ýazgylaryň käbirleri diňe teatryň kanwasy, uly bolmadyk senarisi, aktýoryň improwizasiýasy üçin goýlan ýerlerden ybarat bolupdyr. Molýer uzak wagt geçmänkä özbaşdak komediýalary döretmäge çalyşýar. Dogrusy, ol öz omediýalary üçin sýužetleri halk teatrlaryndan, halkyň şagalaňly çykyşlarynda aýdylýan aýdymlardan, Antik eýýamynyň aw-torlarynyň eserlerinden alypdyr. Dramaturg öz dostlaryna: "Men özüme gerekli gowy zatlary tapan ýerimden garbap alýaryn”- diýipdir. Molýer sýužetler kanwasyny nireden alsa-da, ol sýužetleri dolulygyna durmuşy wakalar bilen täzeden şöhlelendiripdir. Komiki şertleýin nikaply keşpler üçin bolsa, öz döwrüniň talap edýän mazmunyny siňdirip olary täzeçe işläpdir. Netijede, düýbünden täze eser dünýä inipdir. Şeýle pýesalary tomaşaçylar örän oňat garşylapdyrlar. Şol pýesalar sahna çykarylanda komiki baş keşbi Molýeriň özi ýerine ýetiripdir. Truppanyň abraýy gün geldikçe artyp, olar baradaky habarlar ýurduň merkezine baryp ýetipdir. Molýeriň dostlary ýaş korol Lýudowik- XIV-den dramaturgy öz truppasy bilen Pariže getirmek barada yzygiderli haýyş edip-dirler. Netijede Lýudowik XIV rugsat bermegi bilen truppa Pariže gelýär. 1658-nji ýylda korolyň köşgünde "Molýer teatrynyň” ilkinji çykyşy bolýar. Oba teatrynyň korolyň köşgündäki ilkinji tragediýasy şeýle bir uly öwgä mynasyp bolmandyr. Şol tragediýadan soň, sahna çykarylan "Aşyk lukman” komediýa-farsy şähdi açyklygy, keýpi köklügi öz içine almak bilen, döredilen keşpleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi tomaşaçylary we koroly heýjana getiripdir. Netijede, korol teatryň Parižde galmagyna rugsat beripdir. 1659-njy ýylda Molýer özüniň "Näz edýän gülkünç zenanlar” atly satiriki komediýasyny sahna çykarýar. Ol bu pýesada ýüzleý aristokratyk edebiýatyň, beýik dünýewi gylyk-häsiýetleriň üstünden ýiti gülmek bilen olaryň jemgyýete uly zyýanlydygyny açyp gorkezýär. Molýeriň teatrynyň gün geldikçe abraýynyň artmagyna garşy reaksioner dramaturglar onuň garşysyna aşaklyk bilen göreşen bolsalaram, soňra aç-açan uruş yglan edipdirler. Olar Molýeriň ähli zatdan el çekmegini isläp, oňa zyýan ýetirmegiň ugruna çykýarlar. 1660-njy ýylda korolyň ýurtda ýoklugyndan peýdalanyp truppany bolýan jaýyndan çykaryp kowýarlar. Ýöne, olaryň bu eden-etdiligi ýer almandyr. Molýer 1661-nji ýylda "Erkekler üçin sapak” atly täze komediýany ýazýar we sahna çykarýar. 1662-nji ýylda bolsa "Zenanlar üçin sapak” komediýany ýazýar. Pýesalaryň ikisinde-de döwrüň wajyp, ýiti meselelerini orta oklaýar. Molýer esasanam pýesalaryň ikinjisinde erkekleriň öz ýanýoldaşlaryna bolan gazaply hökmürowanlygynyň üstünden düşýär. "Zenanlar üçin sapak” pýesasy Molýeriň duşmanlarynyň täzeden, ähli gazaplaryny bir ýere jemläp aýaga galmaklaryna alyp barýar. Komediýanyň daşynda hakyky ede-biýat söweşi başlanýar. Dramaturgyň duşmanlary onuň öňe süren hakykaty-na ähli taraplaýyn darap, ony ähli zatlarda aýyplamakdanam gaýtmandyrlar. Molýeriň garşydaşlary onuň köp sanly eserlerini töhmetçilikde aýyplap, şol eserlere bagyşlanan parodiýalary ýazyp, dramaturgy gödeklikde, gowşaklykda aýyplapdyrlar. Molýerem öz gezeginde "edebi ýaragyň” güýji bilen olara berk gaýtawul beripdir. Ol garaşylmadyk örän gysga wagtyň içinde "Zenanlar üçin sapaga tankydy” we "Wersal ekspromty" atly iki pýesany ýazýar. Töhmetçileriň garşysyna ýazylan bu eserlerde duşmanlarynyň dereksizligini, olayň hüjümleriniň birtaraplydygyny, hüjüm edýän komediýalarynyň terbi-ýeçilik, jemgyýetçilik taraplaryny görüp bilmeýändiklerini aýdyp olary "şowakörlükde” aýyplapdyr. Edebiýat söweşinde ýeňlişe sezewar edilen duşmanlary öz güýçlerini Molýeriň şahsy durmuşyna tarap ugrukdyrypdyrlar. Olara bu ýagdaýam başartmandyr. Olaryň hereketleriniň garşysyna Molýe-riň satiriki-ýaragy ösüpdir, berkäpdir, öňe tarap giň ýol açypdyr. 1664-nji ýylda Molýeriň beýik komediýasy "Tartýuf” dünýä inipdir. Fransuz jemgyýetçiligini dürli gylyk-häsiýetleriň üsti bilen öz ellerinde saklamakçy bolýan buthana wekillerini, öz bähbitleri üçin hereket edýän iki ýüzli ýyrtyjylary açyp görkezýän bu komediýanyň täsiri fransuz jemgyýetçiliginde "ýarag” bolup hyzmat edipdir. Komediýa "Şadyýan, jadyly ada” adyny göterýän ýerde korollygyň uly baýramçylygynyň geçirilýän wagty görkezilipdir. Şeýle uly baýramçylygy Molýeriň we onuň truppasynyň çagyrylmagy dini-reaksion topar üçin uly urgy bolupdyr. Olar tarapyndan dramaturgyň garşysyna "dindarlaryň dildüwüşligi” guralyp, komediýa gadagan edilipdir. Molýer uzak wagtlap "Tartýufyň” rugsat edilmegi üçin göreşipdir. Ol korolyň adyna ýalbaryjy äheňde hat hem ýazypdyr. Onuň korola ýazan haty peýda etmänsoň, Molýer pýesany başgaça ýazmaga mejbur bolupdyr. Täzeçe ýazylan pýesany okan korol pýesanyň täzeki görnüşine rugsat berenem bolsa, Parižiň arhiýepiskopy pýesany görkezmekligem, oňa tomaşa etmekligem gadagan edipdir. Şol döwürde pýesany goýanam oňa tomaşa eden adamam ýeretik hasaplanypdyr. "Tartýuf” ugrundaky göreşiň gidip duran wagty Molýer "Don Žuan” we "Mizantrop” (ikisem 1665 ý.) ajaýyp komediýalaryny ýazypdyr. Pýesalaryň birinjisi zenanlaryň ýüregini awlap bilýän Don Žuanyň keşbi bilen fransuz ristokratiýasynyň bir meňzeş ahlak taýdan dargan jemgyýetçilik durmuşyny paş edipdir. "Don Žuan” şertleýinlikgen, hyýalylykdan daş bolmasa-da bu Molýeriň iň realistik eserleriniň biri hasaplanýar. Pýesada rowaýatlarda bolan "Kamondoryň heýkeliniň çagyryşy” we Don Žuanyň ölümi pýesanyň içinden doly geçse-de, dramaturg komediýalarda kabul edilen üç birlik düzgünini saklamandyr. Hereket edýän esasy keşpleriň,eseriň baş gahrymanynyň keşbiniň eserde köp taraplaýyn yzygiderli suratlandyrylmagy klassisizm eýýamynyň eserlerine degişli mahsuslykdan azat bolman bir taraplylykdan, bir sypatlylykdan daşlaşyp bilmändir. Molýer bu pýesada ýurtda tanalýan bir jenabyň eden-etdilige ýüz urup, ýönekeý adamlaryň namysyny basgylap, olary kada-kanunsyz ezip ýörmesiniň gabahatlygyna garşy "öz sesini” goşupdyr. Ol bu komediýasynda iki ýüzli din wekillerine tarap uly urgynam gönükdiripdir. Molýeriň beýleki komediýasy bolan "Mizantropda” ("Garaýürek") ol öz gahrymanynyň hemme kişä diňe dogryňy aýtmaly, onda-da ähli hakykaty onuň diňe gözüne garap aýtmaly diýen tutumy dünýewi-ikiýüzli adamyň garşysyna goýýar. Muňa garamazdan orta atan gahrymanynyň ýekedigini, güýçsizdigini awtoryň özi janyýangynly ýagdaýda daşyna çykaýar. Alsest öz edýän wagyz-nesihatlarynda, edýän gürrüňlerinde gülkünç, onuň gylyk-häsiýetem düzedip boljakdan daşda, özem syrly. Molýeriň "Mizantrop” pýesasy onuň durmuşyndaky iň ýürek gysdyryjy, garaňkylyga ýugrulan eseri bolsa gerek. Molýeriň başga bir pýesasy bolan "Husytda” gysganç, süýthor Garpagon sahnada esasy keşpde hereket edýär. Ol ýurtda öz gysgançlygy bilen at alan sahna gahrymany. Garpagon pul diýip, adamçylyk paýhasyny düýbinden ýitiren personaž. Ol galyndy goýun ýagyny iýen diýip goňşysynyň pişigini kazyýet jogapkärçiligine çekdiripdir. Garpagon bir gije öz atlaryna berilýän arpany ogurlap durka ele düşýär. Garpagon gülkünç, şol bir wagtyň özün-de-de ýigrenji hem-de örän howuply. Garpagonyň umumylaşdyrylan keşbi XIX asyrda ýaşap geçen beýik Fransuz realist ýazyjysy Onare de Balzagada öz täsirini ýetiripdir. Balzagyň "Ýewgeniýa Grande” romanyndaky garry Grandanyň keşbi, Molýeriň Garapony bilen golaý garyndaş hökmünde çykyş edýär. Beýik komediografyň ömrüniň soňky ýyllary onuň agyr syrkowçylygyna, käbir şahsy kynçylyklaryň basmarlandygyna garamazdan onuň sesi beýik azat we ýaňlanypdyr. Ol gorkman Fransuz aristokratiýasynyň we buržuaziýasynyň garaňky, gülkünç taraplaryny açmagyny dowam etdiripdir. Molýer öz döredijiliginde başlan halk farslary žanryna gaýtadan ýüzlenipdir. Ol "Skapeniň hilegärligi”, "Bialaç tebip” komediýa-farslary ýazypdyr. Bu pýesalarda özboluşly uçgun beriji şadyýanlyk tomaşaçylaryň göwnünden turupdyr. Onuň 1670-nji ýylda ýazan "Dworýançylykdaky meşançylyk” atly komediýa-baletinde fars žanrynyň elementleri has-da köp bolupdyr. Bu peesa Molýeriň sosial hakykaty çuňlygy bilen açýan eserleriniň biri hasaplanýar. Molýer bu eserinde köşk aristokratiýasyna meňzejek bo-lup hars urýan akmaklaryň, bahyllaryň üstünden gülýär. Pýesada hereket edýän personažlaryň pul döküp, öz egin-eşiklerini aristokratik gatlagyň wekillerine meňzejek bolup geýinjek bolmalarynyň gülki döredýändigini surat-landyrsa, ikinji tarapdan daştöweregini gurşap alan şeýle adamlary aristokratik-ýokary gatlagyň özlerine bolan ynam, söýgi hasaplamagy has-da gülkünç. Pýesadaky gülki köplenç ýagdaýda eseriň baş personažy Žurdeniň üsti bilen berlipdir. Molýeriň iň soňky komediýasy "Hyýaly näsagda” ýalançy lukmanlaryň ynanjaň samsyklary bejerişiniň üstünden gülýär. Agyr syrkowlygyna gara-mazdan eseriň baş gahrymanynyň keşbini Molýeriň özi döredipdir. Spektakl dördünji gezek sahna çykarylanda ol özüni erbet duýupdyr. Tomaşaçy onuň ýüz-gözüni oýnatmasyny, yzy üzülmeýän üsgürmesini haky keşbe girme hökmünde kabul edip el çarpyşmalar bilen garşylapdyr. Molýer şeýle ýagdaýda-da oýny soňuna çenli alyp barypdyr. Spektakldan soň, ony öýüne getiripdirler. Ol şondan birnäçe sagat geçenden soň, beýik fransuz komediografy Žan-Batist Poklen (Molýer) 17.02.1673-nji ýylda aradan çykýar. "Tartýuf” pýesasy üçin Molýerden ar almalaryny ol ölenden soňam butha-nanyň dini wekilleri dowam etdiripdirler. Arhiýepiskop Molýeri buthananyň merhumy jaýlamak baradaky ähli hormatlaryndan mahrum etmekligi ga-zanypdyr. Molýeri gije, gonamçylygyň haýatynyň daşynda ýönekeý adamlaryň, onuň köp sanly tomaşaçylarynyň gatnaşmagynda jaýlapdyrlar. • Molýeriň realizmi we onuň döredijiliginiň ähmiýeti Molýer edebiýat taryhynyň nukdaýnazaryndan seredeniňde onuň döredijiligi klassisizm eý-ýamyna degişli bolýar. Dogrudanam, beýik komediografyň dödijiligindäki häsiýetliligi yzarlasaň onuň edebi döredijilik ugrunyň köp böleginiň klassisizme ýykgyn edendigini aňmak bolýar. Emma, klassisizm poeziýasynyň kadalaryna tabyn bolsak, onda Molýeriň şol ýykgyn eden eýýamynyň realistik mümkinçiliklerinden, şol ugruň talaplaryndan doly ugur alandygyny, gerek bolsa, beýik hudožnigiň şol ugurdan çykandygynam belläp geçmek gerek. Molýer şol ýykgyn eden klassisizm ugrunyň talabyndan çykmak bilenem ýokary hilli realistik eserleri döredipdir. Şol eserler şu günlerem öz realistik ähmiýetini ýitirmän gelýär. Molýeriň demokratiýa bolan gatnaşygy onuň azat pikirlenmegi, onuň materialistik filosofiýa düşünmegi, hakykaty görüp-duýup bilmekligi, şol duýgusynyň astynda eser döretmekligi, döreden eserini halk teatrynyň üsti bilen tomaşaça ýetirip, düşündirip bilmegi, öz eserlerinde jemgyýetiň garaňky ugurlaryny suratlandyryp bilmegi netijesinde onuň döredijiliginiň, realizminiň ösmegine, berkemegine alyp barandygyny inkär etmek bolmaz. Molýeriň öz eserleri üçin personažlary gözlemegi, olary tapmaklygy başarmaklygy, şeýle personažlary tapmaklygyň wajyplygy, şol personažlaryň üsti bilen adamlaryň sosial ýagdaýyny suratlandyryp bilmeginiň özem onuň realizm serhetiniň esasy çägi bolup durýar. Şeýle çäkler onuň iň oňat hasaplanýan komediýalarynda uly güýç, uly zehin bilen ösdürilipdir. Onuň döreden köp keşpleri giň häsiýete eýe bolmak bilen öz döwründen taryhy ýagdaýlarynyň çäklerinden çykyp, dünýä gymmatlyklarynyň ähmiýetine eýe boldy. Molýer öz "gahrymanlaryny” toslama ýagdaýda öz daşyna ýygnaman olary halkyň içinden susup alýarda ýenede olary ýaşaýyş durmuşynyň ara-syna garyp goýberýär. Bu onuň döredijiliginde giň ýaýran häsiýetleriň biridir. Molýeriň uly komediýalary bolan "Tartýuf”, "Husyt”, "Dworýançylykdaky meşşançylyk” komediýalaryndaky sýužetler buržuaz maşgalada geçýän hereketler bilen baglylykda bolup geçýär. Fransuz buržuaziýasynda maşgalanyň ýolbaşçysy we maşgalanyň agzalarynyň, hojaýynlaryň we hyzmatkärleriň, ene-atalaryň we çagalaryň arasyndaky bolup geçýän sözleýişleriň, olaryň aň gatlagynyň özboluşly adatlaryny Molýer komediýalaryna ynam we janly ýagdaýda salyp bilipdir. Ynha, Molýeriň reallygynyň aýratynlygy. Molýer öz komediýalarynda durmuş serişdelerini görkezip bilmekde ussatlarça hereket etmegi başarypdyr. Onuň öz ýaşan döwrüniň sosial gatnaşyklarynyň ähli bolşy komediýalarda giňden şöhle tapypdyr. Buržuaziýa we dworýançylyk gatlaklaryň özara baglanyşyklary, halk köpçüliginiň we dini buthana wekilleriniň gatnaşyklary, ine, şu zatlary dogry we doly görkezip bilmeklik Molýeriň beýikliginden habar berýär. Molýeriň haýsy komediýasyny alsaňam onda hereket edýän baş gahryman özüniň demokratik häsiýetleri, gylyklary bilen tomaşaçyny özüne çekip bilipdir. Molýer özüniň ýiti satirasynda gülkini özüne "ýarag” edinipdir, ol öz döredýän keşplerinde edebi ulaltmany (giperbolany) ýerlikli ulanmagam başarypdyr. Şeýle edebi ulatma "Husytda” Garpagonyň, "Tartýufda” Tartýufyň keşplerinde geregiçe ulanylypdyr. Molýeriň ulu güýç bilen paş edijiligi onuň eserlerine syýasy äheňlerem beripdir. Ol jemgyýete garşy ganym duşmanlary (reaksioner gatlagy), ikiýüzli din wekillerini, zulumkär aristokratlary komediýalarynyň üsti bilen rehimsiz paş etmegini dowam etdiripdir. Şol edilýän paş edijiligem pida bolmaklyga alyp barypdyr. Ol pida bolsa-da, onuň eserleriniň halkylygyny hiç kim elin-den alyp bilmändir. Molýeriň "Tartýufy” onuň realistik eserleriniň çürbaşy bolmagynda galýar. Ol bu komediýada hereket edýän keşpleriň dillerine aýry-aýrylykda şahsy şöhle salmanan ussatlarça başarypdyr. Molýer halk gepleşik dilinde gabat gelýän şireliligi saklap, gerek ýerinde şadyýan farslarada ýol açypdyr. Ol özüniň "Tartýuf”, "Mizantrop”, "Don Žuan” ýaly dünýä meşhur eserlerinde-de geregiçe ulanypdyr. Molýeriň realizmi Fransuz edebiýatynda öz döwri üçin iň ýokary çeperçilikli röwşen belentlik bolup hyzmat edipdir. Onuň realizmi tiz wagtdan Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň edebiýatynda hem öz ornuny tapypdyr. Molýeriň ýaşan döwründe köp sanly ýazyjylar halk köpçüliginiň rehimsiz daralýandygyndan habarly bolsalaram rehimsizligiň garşysyna el götermekden daşda bolupdyrlar. Klassisizmiň wekillerinde şol döwre degişli birnäçe çäklilik Molýeriň adam häsiýetlerini suratlandyrmagynda-da bolup-dyr. A.S.Puşkiniň aýtmagyna görä, Molýeriň realizmi "Şekspirçilik” realizmden has ýokary hasaplanypdyr. Oňym we ýaramaz (položitel we otrisatel) gahrymanlary böleklere bölmeklik komediýalarda awtoryň öz dilinden alynyp olarda aýdyňlyk häsiýetleriň emele getirilmegem realistik häsiýetleri suratlandyrmagyň bir görnüşi bolup durýar. Şeýle ýagdaýlar Molýeriň döredijiliginiň ähmiýetini birjigem kemeltmän gaýtam edebiýata-da, jemgyýetçilik durmuşyna-da öz uly täsirini ýetiripdir. Beýik rus tankytçysy W.G.Belinskiý: "Molýeriň ady beýik we hormata mynasypdyr. Molýer fransuz jemgyýetiniň ösüş döwrüniň terbiýeçisidir. Lýudowik XIV-iñ şalyk eden döwründe orta asyrlar eýýamyndan galan gödek adatlaryň deregine durmuşda peýda bolýan täzeçe aňa, täzeçe derňewe, täzeçe tankyda tarap ýykgyn edipdir. Molýeriň komediýalary drama satirasy galypda bolmak bilen onuň ýiti galamynyň astyndan bilimsizlige, samsyklyga, haýynlyga bolan masgaraçylygy jemagat öňünde paş etmegi başarypdyr”- diýip, belläpdir. Molýeriň komediýalary gitdigiçe ösmegini dowam etdirip ezýän jemgyýetiň garşysyna birnäçe nesilleriň dowamynda öz täsirini ýetirmek arkaly rewolýusion ýagdaýda adamzadyň dürli ugurlar bilen ezilmeginiň aradan aýrylmagy üçin baýdak göteriji bolup hyzmat edipdir. Onuň öňe sürmeleri şu günlerem öz täsirini ýitirmän gelýär. Molýeriň öňe süren şöhratly adatlary şu günlerem Günbataryň ýazyjylary üçin nusgawylygyny dowam etdirip, mekdep bolup hyzmat etmesini dowam etdirýär. Halkyň garşysyna jellatlarça, "tartýuflarça”, ýalançy iki ýüzlilerçe baş galdyrýanlaryň garşysyna göreşmek üçin Günbatar edebiýatynda Molýerleriň, Switileriň gerek bolandygynyň wajyplygy şu günlerem duýulýar. • "Don Žuan” Molýeriň iň realistik eserleriniň biri hasaplanýan bu eser özüniň şertleýinligine, hyýalylygyna, onuň rowaýatlardan düzülendigine (Komandoryň heýkelini çagyrmak we Don Žuanyň heläk bolmagy rowaýatdan alynan) garamazdan onuň ajaýyp eseriniň iridigi hasaplanmak bilen, teatr, saz we birnäçe sungatyň beýleki görnüşlerinde ýaşamagyny döwam etdirip gelýär. Dramaturgyň bu eseri komediýa žanrynda öňe sürülýän üç "düzgün” sahnadaky birlik, spektaklda hereket, personažlaryň sahnadaky keşpleri, esasanam baş gahrymanyň köp taraplaýyn suratlandyrylmagy klassisizme mahsus birtaraplylykdan hiç hili aýratynlygy duýulanok. Bulara derek pýesada barly jenabyň ýönekeý adamlary basgylap, olary masgaralap, ynjydyp ýörmegine "ýokary gatlak adatlarynyň” garşysyna Molýer öz sesini goşupdyr. Şol bir wagtyň özünde-de, iki ýüzli din wekilleriniň garşysyna-da uly urgyny ugrukdyrmagy başarypdyr. Molýeriň "Don Žuany” dünýä edebiýatynyň gahrymany. Bu gahrymanyň taryhy orta asyrlara uzalyp gidýär. Gahrymanyň köp sanly günä işleri, özüni erbetlikleriň hökmüne gaýduwsyzlyk bilen hödürlän Don Žuanyň bet işlerine "Hudaýyň kazyýetiniň” üsti arkaly jeza berilişi dürli žanrlarda, dürli häsiýetlerde, dürli pursatlarda dowam edip gelýän rowa-ýat bolmagynda ýoluny şu günlerem dowam etdirip ýör. Don Žuan baradaky rowaýatlaryň iň irki görnüşleri özüniň gözbaşyny "Daş myhman” hakyndaky heýkelden alyp gaýdýar. "Daş myhman” heýkeli Don Žuan ýaly ilden çykan jenaýatçylara jeza beriji hökmündäki gahry-man hasaplanmak bilen köp eserlerde ulanylypdyr. Şeýle gahryman Tirso de Molinanyň "Sewil garagoly, ýa-da Daş myhman”dramasynda, L. da Pontanyň librettosynyň esasynda goýlan W.A.Mosartyň "Don Žuan, ýa-da azgynyň jezalandyryşy” operasynda, Baýronyň gutarylmadyk ,,Don Žuan” poýemasynda, D.Grabbeniň "Don Žuan we Faust” dramasynda, A.S.Puşkiniň "Daş myhman” tragediýasynda, Molýeriň "Don Žuan” (1665) kome-diýasynda baş gahryman hökmünde öňe sürlipdir. Don Žuan ýokarda adyny agzan eserlerimiziň hemmesinde "akyl tarapdan güýçly, şonuň ýalyda güýçli sosial gatlagyň wekili” bolmak bilen ol azat pikirlenýän, zalym, ganojak hökmünde öňe çykarylýar. Molýeriň komediýasynda bolsa, ol juda özüne çekiji gahryman hökmünde peýda bolýar. Ol ýürege düşüji bolmakdan daşda, iki ýüzli dworýan bolmagy sahnada ony äpet, edenli uly adam edip kabul edilmegine alyp barýar. Oňada beýleki baş gahrymanlar ýaly durmuşy söýmeklik mahsus. Göräýmäge ol durmuşyň ähli kada-kanunlarynyň aňyrsyna ýeten, özüni saýlantgy hökmünde saýýan, gerek bolsa, wagty togtadyp bilýän, duşmanyny özüne dost edip bilmegi başarýan, gerek bolsa islendik owadan gyzyny özüne tabynlyga salmagy ba-şarýan edilip görkezilýär. Sahnadaky bolup geçýän hadysalar biri-birine garşy goýulýan wakalardan doly. Ol zenan maşgalanyň duýgusynyň üstünden gülýär. Muňa garamazdan pýesanyň başga bir gahrymany Sganarello elmydama doganlarça kömek bermäge taýýar. Ol özi barada aýdylýanlara, gybatlara üns bermekden daşda. Tanamadyk adamy bela uçuraýsa oňa kömek bermäge mydama taýýar. Ol gödek, garadan gaýtmaz batyr, şol bir ýagdaýyň özünde-de özüni yzarlaýanlardan oba daýhanynyň egin-eşigine girip gaçmanam başarýan gahryman. Molýer bu gahrymany okyjy, tomaşaçy üçin gyz-gelinler meselesinde käbir gazaplanmalar bolaýmasa ol özüni diýseň mylaýym alyp barýan edip görkezipdir. Molýeriň bu gahrymanyna ýokardan Alla tarapyn iberilen jeza üçin adaty zat hökmünde kabul edilipdir. Göräýmäge haýasyzlyk, ikiýüzlilik onuň jenaýatynyň diňe bir bölegi hökmünde ýüze çykarylypdyr. Bu ýerde Molýeriň gahrymanyna onuň ýaşan eýýamyna doly göz ýetirmez-den, şol eýýamyň ideýasy bilen ýaraglanmazdan onuň günäsini tassyklamak örän kynçylyk döredýär. Awtor pýesada öz gahrymanynyň durmuşyn-da bolup geçýän adaty wakalary öz görşi, duýşy ýaly açyp görkezýär. Bir söz bilen aýdanyňda hakykat ýüzünde kamondoryň daş heýkeli emele gelip öz etmeli işini edýänçä "Hudaý tarapyn keramatly” hakykat hasaplanýan Jeza amala aşmaýar. Oňa derek duýduryş äheňli gahryman aýalyň göze görünmeýän ýapyk keşbi peýda bolýar. Depelenen söýgi - dowzahyň güýji bilen ugradylan "daş komandoryň” "asman kazyýetçiliginiň” ýerine ýetir-jek jezasy düşnüksizligine galýar. Janlanan doňňara daş - edebiýatdaky adam dünýäsine däp bolup giren howply güýç hökmünde olaryň ruhy dünýäsini dargadýar. Molýeriň "Don Žuany” ilkinji gezek 1665-nji ýylyň 15-nji fewralynda Parižiň "Pale-Roýl” teatrynyň sahnasyna çykarylýar. Don Žuanyň keşbini aktýor Lagranž döredipdir. Şol wagtdan başlap Molýeriň Don Žuany hemmeler üçin düşünmesi aňsat bolan sýužet hökmünde özüne çekiji bolup galan hasaplanýar. "Don Žuan” öňden gelýän ýokary komediýa žanrlarynyň ýazylyşy ýaly bolman, ol kyssada ýazylan eser. Pýesa 15-gezek oýnalandan soň, sahnadan düşürilipdir. • Tartýuf” Molýer "Tartýuf” komediýasynda iki ýüzli dindarlaryň garsysyna barlyşyksyz göreş yglan edipdir. Pýesanyň ilkinji görnüşinde baş personaž monah suratlandyrylypdyr. Buthana wekilleri pýesanyň iki gezek gadagan edilmegini gazanypdyrlar. Molýerem pýesany iki gezek täzeden işläp pýesanyň we personažlaryň adyny üýtgedipdir. Netijede, Molýer Tartýufy monah dälde dünýewi adam edip, ony utançsyz, iki ýüzli, ýalançy personaž hökmünde beýan edipdir. Molýer ikiýüzli din wagyzçysynyň adam ykballaryny, maşgala gatnaşyklary dargadýandygyny açyp görkezýär. Muňa garamazdan döwür dine garşy açyk göreşmäge mümkinçilik bermändir. Molýer iki ýüzliligi tankyt-lamagy adaty ýetmezçilik hokmünde görkezmeli bolýar. Awtoryň öňe sürmeleri eseriň položitel gahrymany Kleantyň dilinden berilýär. Ol eseriň başga bir gahrymany Orgonyň gözüni açmak üçin Tartýufy hakyky din wekili edip görkezmek bilen hakyky din weliliniň iki ýüzlilik bilen hiç-hili arabaglanyşygynyň ýokdugyny mälim edýär. Tartýufyň keşbi eserde uly sosial hadysa hökmünde ýüze çykarylýar. Bu ýerde dini wekilleriň asyrlar boýy dowam edip gelen ýalanlary, terkidünýä-likleri, buthanalaryň garaňky taraplary görkezilýär. Pýesada Orgonyň keşbi komiki häsiýete eýe bolmak üçin salnanam bolsa, onuň ýüzünden şol döwrüň fransuz buržuaziýasynyň äheňi görnüp durupdyr. Sebäbi ol az medeniýetli, haýsy ideologiýa tarap çekseň şol tarapa gitmäge taýýar, din wagyzçysynyň çeňňegine ýeňillik bilen düşüp bilýän personaž hökmünde çykyş edýär. Sahnada bolup eçýän söhbetdeşlikde Orgon öz maşgalasyna bolan terkidünýäligini açyp: "Olar bilen meniň hiç-hili gürrüňim ýok. Şundan başlap, olara bolan gatnaşygymam ýok. Şundan başlap meniň üçin ähli zat ýat. Goý, meniň doganym ölsün, ejem, aýalym, çagalam ölsün. Meniň ol zatlar üçin hiç hili gynanma aladam ýok”-diýýär. Bu zatlary diňlän duran akylly Klaent ýaňsyly halda: "Adamçylykda men şular ýaly sözleri hiç wagt, hiç ýerde eşitmändim”- diýýär. Komediýada demokratiýa we halkylyk esasan hyzmatkär aýal Doriniň keşbinde açyk hem aýdyň görkezilipdir. Halkdan çykan bu zenan öz ýiti akyllylygy we duýgurlygy bilen Tartýufyň nähili adamdygyna göz ýetiripdir. Bu zatlara garamazdan pýesanyň gutarýan ýerinde ruhdan düşmeler peý-da bolýar. Pýesada gara güýçleriň garşysyna goragçy hökmünde çykyş edýän korolyň özüdiginiň üsti açylýar. Akyllylyk bilen Tartýufyň gözlegine çykylmagy netijesinde tussaghana Orgony ugratman onuň özüni ugradýarlar. Pýesada esasan öňe sürülýän ugur feodal gurluşa garşy bolýanam bolsa, absolýutizme garşy hiç zat aýdylmandyr. Komediýa esasan klassisizmiň häsiýetlerini özünde jemleýär. Pýesadaky hereket bir gije-gündüziň dowamynda, bir ýerde-Orgonyň öýünde bolup geçýär. Waka bary-ýogy bir uly jenjeli öz içine alýar. Komediýa gatnaşýan esasy personažlaryň ählisiniň çägi satirada ulaldyp görkezmeklikden dur-ýar. Tartýufyň keşbibu dini ikiýüzlilikden ybarat. Ol heniz sahnada peýda bolmanka tomaşaçy onuň juda hudaýhondygyny, juda asudalygyny, onuň doga okalýarka tötänlikde bir büräni öldüreni üçin Hudaýdan günäsiniň ötülmegini haýyş etmesine ynanýar. Muňa garamazdan, pýesanyň dowamynda onuň eden etmişleriniň üsti kem-kemden açylyp, onuň iki ýüzliligindenem başga köp zatlaryň bolup geçendigine göz ýetirilýär. Ol başganyň hasabyna iýermen, buthanadaky owadanja hyzmatkärlere aşyk. Ol hiç zatdan çekinmän başgalara degişli zatlary öz tarapyna geçirmäge taýýar. Özüne tanyşlaryň aýallaryna göz gyzdyrmakdan gaýtmaýan adam. Bu ýerde ol özüniň ikiýüzli terkidünýäliginiň üstüni özi açmak bilen: "Kimde-kim ýuwaşlyk bilen haram iş etse - onda onuň haram iş etmedigi bolýar”- diýýär. Bu onuň häsiýetiniň düýp maksadyny açmak bilen başdan-aýak üýtgemän gelýändigini aňladýar. Komediýadaky öňe sürülýän hakykat diňe bir iki ýüzliligi suratlandyrman, eýsem ýaşaýşyň beýleki sosial taraplaryndanam sowa geçenok. Komediýada patriarhal düzgüninde ýaşamagyny dowam etdirýän buržuaz maşgalalaryň ýaşlarynyň bu düzgünden daşlaşmakçy bolýandygy pýesanyň içinden erş-argaç bolup geçýändigem örän aýdyňlyk bilen surat-landyrylýar. • "Dworýançylykda ownuk hususyýetçilik” (meşançylyk) Molýer bu komediýasynda buržuaziýanyň baý wekili Žurdeniň keşbini örän açyk, aýdyň satiranyň üsti bilen ussatlaça berip bilipdir. Komediýanyň gahrymany dworýançylygyň öňünde baş egmek bilen özüni aristokratlaryň toparynyň arasynda görmekligi arzuw edýär. Ol şol maksadyna ýetmek üçin dworýan egin-eşigini geýýär, özüne saz we tans, fehtowaniýa (gylyçlaşmak), filosofiýa ugrundan ýörite mugallym tutunýar. Ähli artykmaçlygyny ýitiren Žurden atasynyň söwdegär bolandygynada ynanasy gelenok. Ol dworýan gatlagyň wekilleri bilen dostluk açyp ugraýar. Onuň iň gülkünç taraplarynyň biri aristokran zenanlarynyň arasynda özüni sypaýy muşdaklaryň biri edip görkezjek bolmagy. Onuň bu bolup ýörşüniň maşgalasyna howp salýandygyna garamazdan öz gyzy Lýusili bir markiza (markiz - Günbatar ýurtlarda graf bilen gersogyň arasynda tutulýan at, titul. Sözlüge seret.) gyzynyň öz söýýän ýigidiniň bardygyna gara-mazdan durmuşa çykarmakçy bolýar. Gyzynyň ýiti pikirlenmesi ony bu ýagdaýdan alyp çykýar. Komediýadaky esasy komizm gahrymanyň hiç-hili edepsiz we tagasyksyz ýagdaýda özüne ýat medeniýete öýkünjek bolmagy. Onuň tagaşyksyz geýýän eginbaşlary, tans sapagy döwründe geýýän şlýapasy, sapak wagtynda berýän tagaşyksyz sowallary ýerine düşmekden has daşda bolup gülki baryny turuzýar. Ol orta ýaşa barandygyna garamazdan kyssayñ üsti bilen sözleşýändigindenem habarsyz. Molýer bu ýerde öz gahrymanyny tawus ýelegindäki garga meňzedýär. Molýer bu komediýasynda adam häsiýetleriniň köp taraply ugurlaryny açyp bilmegi başarypdyr. Pýesada Žurdeniň garşysyna onuň aýdyň pikirli, durmuşa dogry düşünýän aýaly hanym Žurden goýulýar. Hanym Žurden medeniýete bolan isleglerden daşda hem-de gödegiräk. Ol hojalygyň işleri bilen başagaý. Atasy öz gyzyny isleginiň garşysyna gidip durmuşa çykarjak bolanda hanym Žurden öý hyzmatkäri gelne sala salýar. Molýeriň başga bir komediýasy "Tartýufda” hyzmatkär gelin Dorinanyň hanym Žurdeniň hyzmatkär gelni Nikol bilen meňzeşräk hereket edýär. Olaryň ikisem hojaýynlarynyň bolup ýörüşlerine gülki bilen garaýarlar. Gyzyny islemedik ýigdine durmuşa çykarmaga taýýar samsyk atasynyň garşysyna hanym Žurdene hyzmatkär gyzy Nikol kömege gelýär. Şeýle kömege Nikolyň ýanyndaky beýleki hyzmatkär Kowýelem goşulyp pýesada esasy ýeri eýeleýärler. Bu oýna elmydama şadyýan lakeý (gullukçy) Kleont Lýusiliň halaşýan ýigidi goşulýar. Bu ýagdaý sahnada diýseň şatlyk, begenç alamatlaryny uly şowhun astynda döredip bilipdir. Molýer sahnadaky söýgini, dawany Nikol we Kowýeliň gatnaşmagynda öňe sürüp, öz jenaplarynyň arasyna keslişmeýän çäk goýmany başarypdyr. Netijede, sahnada iki toý peýda bolýar. Bu toýlar Nikol bilen Kowýeliň, Lýusil bilen Kleontyň toýy. • Jemleme Komediýa edebiýatda iň kyn žanr hasaplanýarmyka? Bu ýag-daýa tebigatyň nähili täsiri bolup bilýärkä diýip, gadymy filosoflaram, şu günüň sungat ugrundan işleýän alymlaram hiç-hili jogap tapmandyrlar, hä-zirem tapanoklar. Iňlis dramaturgy Somerset Moýem komediýa barada: "Komediýa barada haýsydyr bir talaby öňe sürmek hakykata laýykmyka? Muňa düşünmek kyn bolsa gerek. Komediýa - bu emeli žanr. Onda diňe hakykata bolan görüş ukyby suratlandyrylýar. Gülki, gülkiniň hatyrasyna döredilýär”- diýip, belläpdir. Molýer - fransuz milli komediýasyny dörediji. Ol öz eýýamyndan has öňe gidip, ýurduň ähli çäklerine ýaýrap, dünýä nusgawy edebiýatyna uly goşant goşmak bilen iňlis dramaturgy Samerset Moýemiň komediýa baradaky aýdanlaryny ret edipdir. Molýeriň komediýalary ilki bilen-ä akylly, şol bir wagtyň özünde-de filosofiýa ýugrulan. Ol tomaşaçyda gülki döredýär. Bu gülki "gülki hatyrasyna döredilen gülki” däl-de, sosial meseleleri, wajyp gylyk-häsiýetleri çözmek üçin döreýän gülki. Beýik rus tankytçysy W.G.Belinskiý: "Gülki köplenç beýik hakykat bilen ýalanyň arasyndaky dellal bolup çykyş edýär”- diýip, ýazypdy. Molýeriň gülküsi W.G.Belinskiniň aýdyşy ýaly şeýle gülkidi. Molýeriň teatry beýik mekdep. Dramaturg öz tomaşaçysyna şadyýan, degişgen dillilik bilen olaryň öňünde çuňňur syýasy, jemgyýetçilik, filosofiki gylyk-häsiýetli çözmek meselesini öňe sürüpdir. Molýer özüniň käbir komediýalaryny "Aýallar üçin sapak”, "Erkekler üçin sapak” diýip, ýöne ýere atlandyrmadyk bolsa gerek. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |