14:43 Moskwa teraktynyñ Orta Aziýa ýetiren täsiri | |
MOSKWA TERAKTYNYÑ ORTA AZIÝA ÝETIREN TÄSIRI
Publisistika
Moskwada 22-nji martda bolup geçen terrorçylykly aktdan we muny amala aşyrandygyny YŞYD-yñ boýun almagyndan soñ ruslaryñ musulmanlara bolan gorkusy we şübhesi täzeden müçükdi. Moskwada we Russiýanyñ beýleki şäherlerinde türki halklara we musulman azlyklara garşy agressiýa hereketleri barha artýan ýygylykda bolmaga başlady. Ýogsa 22-nji martdan bäri entek onçakly köp wagtam geçenok welin, şonda-da paşşy burunly, bugdaýreñk tenli asly Orta Aziýadan ýa-da Kawkazdan gelen biri söz bilenem, fiziki taýdanam agressorlaryñ hüjümine uçrap başlady. Orta Aziýaly we kawkazly musulmanlar Moskwanyñ köçelerinde ruslaryñ her dürli degnaña degiji sözlerini eşidýär, bir ýandanam polisiýa işgärleri tarapundan ýanlary barlanyp, gümmi-sümmiräk jogap berýäni bar bolsa, polisiýa bölümine ãkidilip soraga çekilýär. Ýagdaý şolar ýaly derejä ýetdi welin, indi Moskwa, Sankt-Peterburg ýaly şäherlerde asly rus we slawýan halklaryndan bolmadyk her kese potensial günäkär gözi bilen seredilýär. Etniki azlyklardan iñ köp kösenýänem täjikler. Sebäp terrorçylaryñ arasyndaky dört adamyñ biriniñ täjik bolmagy we yslamçylar bilen gynançly geçmişi bolan Täjigistanyñ Owganystan bilen uzyn araçägi paýlaşmagy täjikleri rus ygtyýarlylarynyñ gözünde baş gümanlanýana öwürýär. Onsoñam Orta Aziýada "Hizb-ut Tahrir" ýaly yslamçy terror toparlarynyñ iñ aktiw hereket edýän ýurtlarynyñ biri Täjigistan, beýlekisi-de Özbegistan. Uzak ýyllaryñ dowamynda Owganystanda Talibanyñ düzüminde hereket eden "Hizb-ut Tahrir"-iñ Tahir Ýoldaş ýaly tanalýan baştutanlary amerikan hüjümlerinde öldürilenem bolsa, Talibanyñ howandarlygyndaky topar şindizem ýaşamagyny dowam etdirýär. Iki milliona golaý täjik Russiýada möwsümlik işçi bolup işleýär. Bu işçileriñ öýlerine ugradýan pullary Täjigisyanyñ iñ uly walýuta girdejisi bolup durýar. Barha artýan agressiýa wakalary zerarly häzir täjik işçileri köpçülikleýin ýagdaýda ýurtlaryna dolanmaga başlady. Okamak, saglygyny bejertmek, söwda etmek we başga sebäpler bilen Moskwa gidip barýan ortagürp we barjamly gatlagyñ täjikleri-de ýoldan wagtlaýyn galmaly boldy. Bu ýagdaýyñ beýleki Orta Aziýalylar üçin şeýle bolandygyny aýdyp bileris. Gazagystanly bir aýal "Edil häzir ruslar üçin nirelidigiñiziñ onçakly tapawudy ýok. Sarymeñiz, gök gözli, akýagyz däp bolsañyz, onda ýa biri söz bilen, ýa biri eline ilen zady alyp üstüñe topuljak bolup dur" diýýär. Diñe Orta Aziýalylar däl, Russiýa Federasiýasynyñ düzüminde ýaşaýan otuz milliona golaý musulman azlyklaram şuña meñzeş kynçylygy başdan geçirýär. Bularyñ arasynda iñ köp üstüne çöwjelýänlerem tatarlar we başgyrtlar. Ýogsam bolmasa olar slawýan ýa-da hristian jemgyýetleri bilen daşy gurşalandygy ýa-da olar bilen garym-gatym bolup ýaşaýandygy üçin has liberal dünýägaraýşa eýe we häzire çenli Tatarystanda radikal yslamçy hereketleriñ ýekesine-de gabat gelinmedi. Ýöne şonda-da, tokaýda ýangyn bolsa gury odunyñ ýany bilen öl şahalaram ýanaýýar. Terakt boýunça akyllarda galan soraglara heniz kanagatlandyryjy görnüşde jogap berilmedi. Terakty YŞYD amala aşyrandygyny aýtdy aýtmasyna. Ýöne Owganystanda oturan ýerinden muny edendigi aýdylýan YŞYD-yñ 5 müñ kilometrlik ýoly geçip, Moskwada terakt amala aşyryp biljek derejede güýje we mümkinçilige eýemikä? Munuñ üçin kese ýerli kontrrazwedka gullugynyñ olara logistiki goldawy bermegi gerek dälmi näme? Şeýle pikir edilende, onda ilki bilen Siriýany parçalamaga duran wagtyndan bäri YŞYD bilen ham-çam bolup ýören amerikan we iñlis gizlin gulluklary kelläñe gelýär. Ruslaryñ ulanýan sosial ulgamynda aýdylýan bir gürrüñe ynansañ-a, terakty "serediñ, biziñ ýurdumyz ullakan howp astynda" howsalasyny döredip, goşuna has köp esger çagyrmak, mobilizasiýa yglan etmek we halkyñ gözüni gorkuzyp olary öz daşyna has berk üýşürmek üçin Putiniñ özü-de eden bolmagy mümkin. Hernäçe muña ynanmak mümkin däl ýaly bolup görünse-de, Putiniñ umumy häsiýeti we özüni alyp barşy göz öñüne tutulanda, bu ähtimallygy-da gözden sypdyryp bolmaýar. Sebäp Ukrainada gutarnykly ýeñiş gazanmak üçin Putine has köp esger we maddy çeşme gerek. Muny-da ýurtda diñe adatdan daşary režim yglan edip has çalt gazanyp bolýar. Orta Aziýa babatda aýdylanda bolsa, Russiýanyñ Günbatar bilen tutluşan bilek göreşinde güýçden gaçyp gowşamagy, elbetde sebitdäki hökümetleriñ arkasyna şemal çaldyrar. Şol sanda, Orta Aziýa halklarynda Russiýa we umuman ruslara bolan antipatiýanyñ dörändigini aýtmak mümkin däl bolmasa-da, juda kyn. 1991-nji ýylda garaşsyzlyklaryny alandan wagtyndan bäri Orta Aziýa respublikalaryna azyndan elli-altmyş gezek gidip-geldim. Ýüzlerçe şäherine, posýoloklaryna, obalaryna aýlanyp gördüm. Täjik, özbek, türkmen, gyrgyz, gazak, ýüzlerçe adam bilen gürleşdim, pikir alyşdym. Ýöne olaryñ birindenem ruslar hakda ýeke ýaramaz söz eşitmedim. "Ruslar 150-200 ýyllap bizi golastynda saklap, bizi ýesir durmuşda ýaşatdy, tebigy baýlyklarymyzdan peýdalandy, hernä indi azat durmuşda ýaşaýarys" diýen Hudaýyñ bendesine duşmadym. Gaýtam tersine, türkmeninden gazagyna şäherde ýaşaýan birnäçe babadaşymyz rus dilinde suwara gürläp bilýänligine buýsanýardy. Üç ogully türkmenistanly ýazyjy ogullarynyñ aksentsiz rus dilinde gürleýänligine guwansa, gazagystanly bir aýal "telefonda rusça geplämde, hiç kim meniñ rus däldigimi bilmeýär" diýip magtanýardy. Edil häzirem Gazagystanda Almaty, Astana ýaly şäherlerde ýaşaýan gazaklar öýlerinde diñe rusça gürleşýär we gazak dilini ýa-ha bilenoklar, ýa-da daşary ýurtly turist ýaly patdyk-putdyk gepleýärler. Iñ gynandyryjy ýerem, mundan utanmak beýlede dursun, birahatlyk hem duýanoklar. Görşümiz ýaly, Orta Aziýalylaryñ birtaraply rus söýgüleri entek-entek dowam etjege meñzeýär. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 02.04.2024 ý. * Makalada gozgalýan pikirler awtoryñ özüne degişlidir we munuñ terjimeçiniñ pikirine ýa-da çap edilen saýtynyñ ugruna degişli ýeri ýokdur. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |