00:15 MRU-nyñ galp waksinasiýa kampaniýasy | |
MRU-nyñ GALP WAKSINASIÝA KAMPANIÝASY
Medisina
Waksina garşy ýeke söz eşden batlaryna “komplimasiýa” diýýärler! Bugün bärde ýazjaklarym “komplimasiýa” däl. Ýazjaklarym amerikanlaryñ "Homeland" ýa-da "Blacklist" teleserialy barada-da däl. Başlabereýinmi onda: Doktor Şakil Afridi Päkistanyñ Peşewar Haýbar uniwersitetiniñ medisina fakultetini 1990-njy ýylda tamamlady. Ýurduñ demirgazyk-günbatar sebitindäki Jamrud hassahanasynda hirurg bolup işledi. 2010-njy ýylda Afridi sebitdäki on sekiz ýaşa çenli çagalara niýetlenen Gepatit-B keseline garşy sanjym kampaniýasyny başlatdy. Kampaniýanyñ eşidilmegi üçin sebit mahabat ýazgylary bilen dolduryldy. Teleýaýlymdan we radiodan çykyş edildi. Waksinasiýa merkeziniñ nämüçin ala-böle Abbottabat şäheridigi hiç kimiñ ünsüni çekmedi. Hemmeleriñ islegi çagalaryna Gepatit-B-niñ mugt sanjymyny urdurmakdy. Afridinim sanjym kampaniýasy gyzgalañly dowam edýän wagty dünýänin habar beriş serişdeleriniñ diline ýene bir habar düşdi: Wagty: 2011-nji ýylyñ 2-nji maýy. Ýeri: Abbottabat. "El-Kaidäni" gurujy Usame bin Ladin ABŞ-nyñ harby-deñiz güýçleriniñ ýörite birliklerinden (спецназ) "Navy SEALs" tarapyndan gurnalan “Neptun naýzasy operasiýasynda öldürülip Umman deñizine zyñyldy. Operasiýanyñ dowamynda bin Ladiniñ ýaşajyk ogly Halit ýaly öýde galanlaryñ barsy öldürildi. Abbottabat şäherinde galyñ diwarlar bilen gurşalan öýi MRU bin Ladiniñ kurýeri Ebu Ahmet el-Kuweýtini yzarlap anyklapdy. Emma: MRU öýdäki adamyñ bin Ladindigine doly kepil geçip bilenokdy. Näme edendiklerine düşünen bolsañyz gerek: ■ ÝIGRIMI BÄŞ GEZEK DUŞUŞDY MRU-nyñ Yslamabatdaky şahamçasynyñ şefi Jonatan Banks. Ol uçarmansyz uçarlary bikanun ulanyp terakt gurnamakda ýakasyny tanadan adam. Şakil Afridä çeññek atanam Banksfy. Ol musulman taýpa we uruş ketdesi "Lashkar-e-İslam-yñ lideri Mangal Baghyñ Afridi bilen gatnaşygyndan peýdalandy. Tüýsi üýtgedilen Afridi Yslamabatda “akýagyz bir zenan” bilen ýigrimi bäş gezek duşuşdy. Her gezegem onuñ elinde waksinasiýa kampaniýasynda ulanylan sowadyjy guty bardy. Hawa, "Gepatit-B sanjym kampaniýasy" MRU-nyñ pyrryldagydy, maksat - bin Ladiniñ ölendigini doly anyklamakdy! Toplanan DNK maddy subutnamalary Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyndan alynan sowadyjy gutulara salnyp MRU-ne ugradyldy. Usame bin Ladiniñ öldürilmeginden soñ Päkistan derñew komissiýasyny düzdi, ýurduñ içine birugsat gurnalan operasiýany ýazgardy. Komissiýanyñ 2012-nji ýylyñ iýul aýyndaky habarnamasy Afridiniñ “daşary ýurtly gizlin agentler bilen duşuşandygyny, olardan görkezme alandygyny we olara möhüm maglumatlar berendigini” aýtdy. Afridi ýurdundan gaçjak bolanda Torkham gümrük postunda saklandy. Otuz üç ýyl azatlykdan mahrum edildi. Sanjym kampaniýasynda işlän on bäş adam işden kowuldy... ABŞ-MRU Afridiniñ özlerine berilmegi üçin Päkistana maddy we ruhy taýdan zorluk çärelerini ulandy. Mysal üçin Afridä kesilen her ýyla garşylyk bir million ýurda berilýän kömekden 33 million dollar kesdi we ş.m. Afridi bugün Amerikada gahryman, emma beýleki bir tarapda "Taliban" ýaly radikal yslamçy terror guramalaryñ didiwanynda duran adamlaryñ ilkinjileriniñ biri. Hut şonuñ üçinem 2015-nji ýylda Afridiniñ aklawjysy Samiullah Khan Afridini Peşawarda atyp öldürdiler. Geleliñ, bu uzyn girişi ýazmagymyñ sebäbine: ■ YNAMSYZLYGYÑ SEBÄBI MRU-nyñ saglygy goraýyş ulgamynyñ işgärlerini ulanyp ýalan waksinasiýa kampaniýasyny geçirmegi howply-agyr netijelere getirdi. Şondan soñ Päkistan başlyklaýyn, oña goñşy bolup oturan ýurtlaryñ ilaty waksinasiýa kampaniýalaryny MRU-nyñ operasiýasydyr öýdýär. Mesele diñe terrorçy guramanyñ militanlarynyñ ele salynmagynda däl, olar MRU-nyñ adamlary önelgesizlige iterýändigine ynanýarlar. Sanjyma ynamsyzlygy diñe “jahyllyk” bilen düşündirip bilmersiñiz. "Médecins Sans Frontières" (Çäk tanamaýan lukmanlar" guramasy) şol sebäpli jansyzlyk maksady bilen saglygy goraýyş guramalarynyñ we edaralarynyñ hyzmatyndan peýdalanmagyñ gelejekde ymgyr uly şübheleriñ döremegine sebäp boljagyny we bular ýaly meýilnamalarda işlän saglygy goraýyş işgärleriniñ jan saglygyny howp astyna saljakdyny nygtamak bilen MRU-nyñ galp waksinasiýa kampaniýasyna nägilelik bildirdi. Päkistan we Owganystan halkynyñ 2015-nji ýyldan başlap çaga ysmazy bilen birlikde sanjymlara garşy edýän çykyşlaryny, ynamsyzlyklaryny, ikirjiñlenmelerini diñe “dini garşylyklar” bilen baglanyşdyryp düşündirmek ýeterlik däl. Meseläniñ diñe saglyk-medisina tarapy ýok… Klawiaturanyñ başyna geçip “komplimasiýa teoriýasy” diýägeden işiñ içinden çykan bolmak - añsatçylyk-ýaltalyk! Ýurdumyzda näçe adam Usame bin Ladini ele salmak üçin galp waksinasiýa kampaniýasynyñ geçirilendiginden habarly? A eýse entegem bilmeýän zatlarymyz näme? Köpbilmişsireýän hondanbärsilik bilen adamlary saýrylaşdyrmañ, adamlara düşünjek boluñ! Zorluk ulanma awtoritarizmi barypýatan faşizmdir… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.12.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |