MÜDIMILIK
Leýli-Mežnun ýazylypdyr añyma,
Obadaşym ýaly, ildeşim ýaly.
Şondan bäri ýigrenjime öwrüldi,
Aýyrjak bolýanlar ýar bilen ýary.
Gudratyndan beýik daglar elenen,
Baýnamaz çyn söýgä togap etmedik.
Ony doga kimin göterip ýörler,
Myradyba ýeten,
Oña ýetmedik.
Müdimi zatlary üýtgedip bolmaz,
Üzülip gitmezler gysga ömür deý.
Ýyldyzyñdyr, dogry ýoly görkezer,
Ýörän ýaly bolmarsyñ sen ümürde.
■ Söýgi
Mähirsiz, söýgüsiz oñmaýar adam,
Hemmäniñ umydy söýgä ýetmekdir.
Ol bolsa täze bir menzil geçensoñ,
Hyruçlanyp ondan añry gitmekdir.
Ynha, bir ümsümje ojak-maşgala,
Özüniñ alada-işine gümra.
Men bu öýe beýik söýgi diýýärin,
Ýagşylyklar ýaran, ak niýet hemra.
Onuñ ýönekeýje bosagasyndan,
Şeýtan daşda gezer, belalar depdir.
Gözmonjugy ýaly perzentler bolsa,
Söýgä gurlan ajap ýadygärlikdir.
Sygyn oña, Hak gursagña salandyr,
Sygyn, bir ýerlerde atyñ büdrese.
Başym gurban bolsun, söýgi diýilen,
Ýürek bolup urup duran gudrata.
Tirkeş GARLYÝEW.
Goşgular