06:37 Muny düzen uly ussat, ady Aly | |
MUNY DÜZEN ULY USSAT, ADY ALY
Edebiýaty öwreniş
Soňky wagtlarda iş-alada köpelip, wagty bilen kazanly dostum hem kärdeşim Nurmuhammet Hisamowyň kitap sowgatlaryny ele alyp bilmedim. Golaýda onuň ýollan kitaplaryny okap çykdym. Olary okap, öz ýanymdan Nurmuhammede berekella berdim. Onuň mundan ýedi asyr öň ýaşap geçen özboluşly bir şahyr barada eden uly işlerine guwandym. Geliň, onuň iberen kitaplary hakynda gysgaça gürrüň edeliň. Kitaplaryň ilkinjisi «Gul Alynyň «Kyssaýy-Ýusup» poemasy» diýlip atlandyrylypdyr. Özi-de ol 1979-njy ýylda Moskwanyň «Nauka» neşirýatynda çap edilipdir. Soň bu iş Kazanda tatar dilinde özbaşdak kitap edilip çykarylypdyr. Üçünji kitap Gul Alynyň «Kyssaýy-Ýusup» poemasynyň Kazanda çykan rusça neşiri. Poemany Gündogaryň Ýusup Has Hajyp, Nesimi, Nowaýy ýaly söz senetkärleriniň eserlerini bütinsoýuz okyjylaryna öz şiresi, öz lezzeti bilen ýetirmegi başaran, özi-de terjimelerini asyl nusgadan edýän belli edebiýatçy Sergeý Iwanow rus diline geçiripdir. Juda ykjam hem owadan edilip çykarylan kitaba Nurmuhammediň özi sözbaşy ýazypdyr. Ol Gul Alyny orta asyr tatar şahyry hökmünde öwrenipdir. Ýöne köplenç ylmy hakykatçyllygy, jürlügi hem elden bermändir. Kitabyň girişinde poemanyň diliniň orta asyr oguz sredasyna degişlidigini ýörite belläpdir. Eseriň beýan ediş prinsiplerini oguz gahrymançylyk eposy «Gorkut Atanyň kitaby» bilen utgaşykly öwrenip, köp sanly gyzykly pikirleri orta atypdyr. Edebiýatçy kitabynyň esli ýerini Alynyň «Kyssaýy-Ýusubynyň» soňky döwür tatar, ylaýta-da sowet döwründäki tatar edebiýatyna ýetiren täsirlerine bagyşlapdyr. Awtor şeýle täsirler dogrusyndaky mysallaryny aşa uzaldyp, juda jikme-jik beýan edýär diýmeseň, onuň barlaglary, umuman, ýerine düşüpdir. Bizi begendiren zat, edebiýatçynyň poemanyň ideýa-çeperçilik derejesini açmaga şeýle yhlasly çemeleşenligi. Iň esasy bolsa, ol köplenç esere orta asyr türki halklaryň umumy çeperçilik gazanany hökmünde garaýar. Eýsem şeýle yhlasa hem hormata mynasyp bolan Aly kim? Nurmuhammet, umuman tatar edebiýatçylary onuň adyny Gul Aly diýip alýar. Ýöne biziň pikirimizçe, şahyryň adynyň öňünden «gul» sözüniň gelmegi onuň edebi töweregi bilen bagly bolup, bu sözüň ada dahyly ýok. Alynyň döredijiligini öwrenýän alymlaryň köpüsi onuň öz poemasyny XII asyrda ýaşan Hoja Ahmet Ýasawynyň, biziň öňde gürrüňini eden Hekim Atamyzyň eserleriniň däpleri boýunça döredendigini belleýär. Munuň özi hakykatdan hem şeýle. Atlary agzalan bu şahyrlaryň şygyrlarynda adyň ýa-da lakamyň öňünden «gul», «bende», «misgin» ýaly sypatlandyrmalary getirmek däp bolupdyr. Öz döredijiliginde Aly hem şu däbe eýeripdir. Şahyryň ömür ýoly dogrusynda ýekeje-de maglumat ýok. Diňe bir zat belli. Ol öz poemasyny 633-nji hijri ýa-da biziň häzirki hasabymyz boýunça 1233-nji ýylda tamamlapdyr. Biziň aňlaýşymyza görä, şahyr poemanyň ilkinji nusgasyny ýigrimi sekiz harply arap elipbiýi bilen däl-de, eýsem ýigrimi dört harply gadymy oguz elipbiýinde ýazan bolsa gerek. Ol eseriň ahyrynda «Buny goşgan zagyf bende, ady Aly» diýip, özüni ýatlaýar. Şonuň yz ýanyndan «ýigrimi dört rakam içre saldy buny» diýen setiri getirýär. Arap dilinde «rakam» sözi san aňlatmakdan başga-da, ýazgy ýazmak, döretmek manylaryny-da berýär. Häzirki wagta çenli ylym dünýäsine Alynyň şu «Kyssaýy-Ýusup» poemasyndan başga eseri belli däl. Awtor bu poemasynda türki şahyrlaryň arasynda ilkinji bolup Gündogaryň meşhur «Ýusup hem Züleýha» hakyndaky sýužetini uly ussatlyk bilen işlemegi başarypdyr. Bu däpleşen sýužete özüniň köp sanly çeperçilik tapyndylaryny girizipdir. Oňa özüçe çemeleşipdir. Şunuň özi hem Alynyň örän özboluşly çeperçilik zehininiň bolandygyna güwä geçýär. Poema dogrusyndaky ilkinji töwerekleýin barlag akademik A.N.Samoýlowiçe degişli. 1927-nji ýylda oňa türkmen edebiýatynyň taryhyny ýazmak tabşyrylýar. Alym şondan iki ýyl geçip, «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň oçerkleri» atly belli işini neşir etdirýär. Işiň uly bölegi Alynyň, ine, şu «Kyssaýy-Ýusup» poemasyna bagyşlanypdyr. Edebiýatçy şahyr hakyndaky pikirlerini jemläp, «Kyssaýy-Ýusup»poemasy XIII asyrda-da oguz-türkmenleriň ýazuwly edebiýatynyň bolandygyny görkezýär» diýen netijä gelipdi. Has soňrak professor Ýe.E.Bertels «Ahmet Ýasawynyň döredijiliginiň özboluşly dowam etdirilmesini biz ömri hakynda hiç zat bilinmeýän Aly diýen bir adam tarapyndan ýazylan, XIII asyra degişli «Kyssaýy-Ýusup» diýen poemada görýäris. Bu poema has soňrakky wagtlarda Powolžede juda köp ýaýran hem bolsa, onuň dili oguzça beýan edilipdir. Şonuň üçin hem ol, jedelsiz, türkmen edebiýatyna degişli diýip hasaplanyp bilner» diýip ýazypdyr. Görşümiz ýaly, mundan elli-altmyş ýyl öň A.N.Samoýlowiç, Ýe.E.Bertels ýaly görnükli gündogarşynaslar geljekki türkmen edebiýatçylaryna nämäni öwrenmelidigini, nähili eseri neşir etmelidigini salgy berip gidipdir. Emma biziň edebiýatçylarymyz bu poema gezek gelende biagyrlyk etdiler. Oňa yhlasly ýapyşan adam tapylmady. Dogry, «Türkmen edebiýatynyň taryhyna» Aly hem onuň poemasy dogrusynda kiçijik makala girizilipdir. Makalanyňawtory sýužetiň «Kurana» girizilendigini göz öňünde tutan bolarly. Ol poema dini häsiýetli diýip baha berip, eseriň ideýa-çeperçilik gymmatyny diýseň peseldip görkezipdir. Bir söz bilen aýtsaň, ony püçege çykarypdyr. Şeýdip, bu özboluşly poema giň okyjylar köpçüligine belli bolman gelýär. Arzyly zat ýerde ýatmaýar. Tatar doganlarymyz poemany garbap aldylar. Ol hakda kän-kän makalalar ýazdylar. Poemany ençeme gezek neşir etdiler. Alynyň bu poemasy indi onlarça ýyl bäri tatar mekdeplerinde öwrenilip gelinýär. Hatda Alyny tatar edebiýatynyň esasyny goýujy edip görkezmäge çenli ýetenler boldy. Her hal meselä çynlakaý hem adalatly çemeleşen alymlar-da ýok däl. Filologiýa ylymlarynyň doktory E.N.Najyp 1976-njy ýylda «Sowetskaýa týurkologiýa» žurnalynda «Kyssaýy-Ýusup» poemasyna bagyşlanan tutumly makalasyny çap etdirdi. Ol bu makalasynda poemanyň tatar edebiýatyna dahyly ýok diýen netijä geldi. «Kyssaýy-Ýusubyň» dilini içgin öwrenip, ony häzirki zaman türkmen dili bilen deňeşdirip, «Poemanyň awtorynyň şol döwürde günorta Horezmde ýaşan oguz kabylalarynyň birinden çykanlygy gürrüňsiz» diýip ýazdy. Eger şu aýdylanlardançen tutsaň, Aly häzirki Daşhowuz etraplarynda ýaşan şahyr bolup çykýar. Ýöne meseläniň çylşyrymly tarapy bar. Näme üçin Alynyň bu poemasy soňraky döwürlerde ala-böle Powolžede juda köp ýaýradyka? Munuň sebäbi nämedenkä? Bu soraglar köpden bäri poemany öwrenijileri iňkise goýýardy. Şeýle çylşyrymly soraglaryň jogaby golaýda teý ahyr tapyldy. Özi-de ony türkmen kitabynyň taryhyny öwreniji alymymyz Almaz Ýazberdiýewnň gözlegleri aýan etdi. Görüp otursak, geçen asyryň başlarynda Alynyň poemasynyň bir golýazmasy Kazana düşýär. Bu döwürde Kazanda türki dildäki edebiýatlary neşir etmek giň rowaçlyk gazanypdyr. Ol bu işiň merkezi bolupdyr. 1814-nji ýylda Alynyň poemasy hem bu ýerde uly tiraž bilen neşir edilýär. Şondan soň Kazanda «Kyssaýy-Ýusuby» neşir etmek däbe öwrülipdir. Hatda onuň bir ýylda iki gezek neşir edilen gezegi-de bolupdyr. A.Ýazberdiýewiň hasaplamalaryna görä, Beýik Oktýabr rewolýusiýasyna çenli poema Kazanda kyrk gezek gaýtalanyp neşir edilipdir. Şunuň özi hem eseriň şu etraplarda köp ýaýramagyna sebäp bolupdyr. Tatar edebiýatçylary öz ylmy barlag işlerini şol neşirleriň esasynda alyp barýar. Dostum Nurmuhammet hem öz kitaplaryny ýazanda, esasan, poemanyň 1839-nji ýyldaky Kazan neşirinden peýdalanypdyr. Öňde aýdyşymyz ýaly, Aly bu poemasynda öňden edebiýatda işlenilip gelnen sýužete ýüzlenipdir. Şahyryň bu sýužetiň ideýa-tematik dünýäsine nähili täzelikler girizendigi giň ýeriň gürrüňi. Ýöne onuň çeper beýan ediş formasy barada käbir zatlary aýtmagymyz gerek. Professor Ýe.E.Bertels poema rubagy formasynda ýazylypdyr diýen pikiri öňe sürdi. Soň poemanyň ýazylan formasy barada pikir ýöreden edebiýatçylar hem şu pikirden uzaklaşyp bilmediler. Ýe.E.Bertelsiň şeýle netijä gelmegine şahyryň «Rubagyýe tüzgen içre tursun imdi» diýen setiri sebäp bolan bolsa gerek. Aslynda poema rubagy formasynda däl-de eýsem goşuk formasynda ýazylypdyr. Sözümiziň gury bolmazlygy üçin poemadan şeýle bentlerň okap göreliň: Ulug-kiçig has-u-aam häzir keldi, Ol Ýusupnyň jemalyga nazar kyldy, Iýmek, içmek gaýgusy jümle kaldy, Bakgan hergiz jemalydan toýmaz imdi. * * * Ýakup aýtur, ýüz ýigrimi ýaşym turur, Peýwestege tagat kylmak işim turur, Mydam arpa epmegi bu aşym turur, Peýgamberler mundag tagam iýmez imdi. Setir sany 4280-e barabar bolan tutuş poema şeýle formada ýazylypdyr. Poemanyň ýazylan formasynyň türkmen poeziýasynda tutýan orny barada biz öňde atdyk. Ine, şu forma hem XI asyrdan bäri türkmen çygrynyň milli formasy bolup gelýär. Tutuş türkmen klassyk şygrynyň ýüzi şu formada göründi. Hakykatda goşuk köp asyrlyk çeperçilik tejribesi bolan, ýöne heniz ösüş ýoly asla diýen ýaly öwrenilmedik liriki žanr. Biziň Magtymguly Atamyz öz döredijiliginde bu žanryň ähli çeperçilik gazananlaryny umumylaşdyrdy, onuň köp asyrlyk däplerini zehin ussahanasynda has-da ösdürdi, baýlaşdyrdy. Şeýdip özüniň GOŞUKÇYLYK MEKDEBINI emele getirdi. Elbetde, uly ussadyň şeýle hyzmaty amal etmek üçin goşugyň özünden öňki ähli gazananlaryny doly özleşdirendigine şübhe ýok. Şondan ötri, professor S.A.Garryýew «Öz döwrüniň ylymly hem sowatly adamy Magtymgulynyň Alynyň bu eseri bilen tanyş bolanlygy, biziň pikirimizçe, şübhesizdir» diýen wagty hakykatdan daş düşmändi. Eger şeýle bolsa, şu ýerde Magtymguly ussadyň döredijiliginden Aly şahyryň yzlaryny gözlesek, munuň özi söhbetimiziň anyk hem ynandyryjy bolmagyny kepillendirerdi. Biz Magtymgulynyň döredijiliginde «Ýusup-Züleýha» sýužetiniň uly söýgi bilen işlenendigini, bilýäris. Şahyryň «Atly ýaranlar», «Çekem Ýusup diýe-diýe», «Arap tilli söwdügim» şygyrlary şu sýužetiň esasynda döredilipdir. Elbetde, şahyryň bu däpleşen sýužete ýüzlenmegine gop beren çeperçilik çeşmesi bolandyr ahyryn. Biziň pikirimizçe, Magtymguly üçin şeýle çeşmeleriň iň esasy Alynyň «Kyssaýy-Ýusup» poemasy bolupdyr. Şu ýerde Nurmuhammet Hisamowyň barlaglarynyň biziňýükümizi has ýeňledýändigini ýörite bellemegimiz gerek. Edebiýatçy poemany beýleki şahyrlaryň sýužet boýunça ýazan eserleri bilen deňeşdirip, Alynyň täzeçillik tapyndylaryny ýüze çykarmagyň hötdesinden gelipdir. Aýdaly, ol Alynyň Ýusubyň obrazy arkaly adalatly, rehimli, geçirimli hökümdaryň obrazyny döretmek isländigini esasy täzelik hökmünde belleýär. Başga hili sözler bilen aýtsak, şahyr poemada ideal hökümdaryň obrazyny döretmegi maksat edinipdir. Ýusubyň obrazyna şeýle çemeleşmek Magtymgula-da häsiýetli. Ol Ýusubyň Müsüre şa bolan dan soňky ahwalyny şeýle beýan edýär. Ýusup tagta münüp, patyşa boldular, Tamam Müsür halkyn satyn aldylar, ...Agalary gelip, tagzym kyldylar Külli günälerin ötdi, ýaranlar! Şahyr bu ýerde Müsüre açlyk belasy inende Ýusubyň galla ekdirip, halka satyşy, şeýdip, ilaty uly apatdan halas edişi, özüni böri iýdi diýip, guýa taşlap, öldürmek islän agalarynyň günäsini geçişi ýaly epizodlary şeýle ýygjam häsiýetde ýüze çykarýar, Magtymguly sýužetiň esasynda iri göwrümli eser ýazmandyr. Ol öňde ady tutulan şygyrlarynda sýužetiň esasy özenini zehin eleginden geçiripdir. Şeýle bolsa-da, şahyryň şol şygyrlarynda Alynyň sýužete girizen täzelikleriniň ençemesiniň dowam etdirilişini görse bolýar. Nurmuhammet Hisamow Alynyň Ýusubyň obrazyny döredişi barada pikir ýöredip, «Täsin ýeri, türki şahyryň nusgasynda Ýusuba aýal sypaty berlipdir» diýip ýazýar. Hakykatdan hem şahyr ençeme ýerde Ýusubyň daş keşbini suratlandyranda gadymy türki poeziýada aýallara berilýän meňzetmeleri, deňeşdirmeleri ulanypdyr. Munuň özi şahyryň özünden öňki nusgalarda owadanlykda taýsyz diýlip häsiýetlendirilen söýgüli gahrymanyny has gözel görnüşde okyjynyň göz öňünde janlandyrmak islegi bilen bagly bolsa gerek. Bellenmeli ýeri, Magtymguly hem Alynyň bu däbini dowam etdiripdir. Şahyr bir şygrynda Ýusuba «söwdügim», «jananym» diýip ýüzlenýär. Ylaýta-da, onuň «Çekem Ýusup diýe-diýe» diýen şygrynda Alynyň öňde ýatlanan täzeliginiň özboluşly häsiýetde ösdürilişini görýäris. Ýeri gelende aýtsak, Nyzamy diýen bir şahyr şygryň çeperçilik güýjüne jadylanyp, oňa tahmas baglapdyr. Ozaly bilen şol şygryň başky hem ahyrky bentlerini okap göreliň: Men Ýakubam, ahy-zary, Çekem Ýusup diýe-diýe. Gözlerimden ganly ýaşym, Dökem Ýusup diýe-diýe. Magtymguly, dost ýüzüden, Durmaz, ýaş akar gözüden, Bilbil olup, ýar sözüden, Okam Ýusup diýe-diýe. Şahyryň liriki gahrymany başda özüni Ýusup oglundan jyda düşen Ýakubyň ornunda goýýar. Soň Ýusup diýe-diýe çölleri sökýär, daglary gezýär, şäherleri, illeri aýlanýar. Emma Alynyň poemasynda-da, sýužetiň beýleki şahyrlar tarapyndan işlenen nusgalarynda-da Ýakup ogluny gözläp uzak ýola çykanok. Ol öz ýurdunda bialaç hem çäresiz halda aglap-aglap, gözleri gapylyp galýar. Magtymgulynyň şygrynda welin, Ýakubyň obrazy beýle däl. Eýsem şahyr Ýakuby uzak ýola çykaryp nähili çeperçilik maksady öz öňünde goýýarka? Biziň pikirimizçe, ol Ýusubyň obrazyny özüniň sufistik nazarýetini ýüze çykarmagyň fony hökmünde peýdalanypdyr. Belli bolşy ýaly, Magtymguly hudaýy adamlaşdyrýan progressiw häsiýetli panteistik sufizme uýan şahyr. Feýerbah panteizme «Idealizmiň içindäki materializm» diýip häsiýetlendirme beripdir. Sufizmiň bu akymynyň wekilleri hudaýy gözel gyzyň keşbinde göz öňüne getirip, oňa aşyk bolýar. Haka ýetmek, oňa gowuşmak üçin uzak ýola çykýar. Bu ýerde-de, şeýle ýagdaý bar. Magtymguly haky Gündogarda owadanlygyň hem gözelligiň simwolyna öwrülen Ýusubyň obrazynda göz öňüne getirýär. Onuň mertebesini has belende göterýär. Pygamberlikden hudaýyň derejesine çenli ýetirýär. Biziň pikirimizçe, Magtymguly Ýusubyň obrazyna Aly tarapyndan täzeçe çemeleşmeden göz alyp, şol çemeleşmäni şeýle özboluşly derejä ýetiripdir. Has ýönekeýleşdirip aýtsak, Aly Ýusubyň obrazyny aýal sypatynda suratlandyrypdyr. Onuň bu tapyndysy hem Magtymgula öňden gelýän çeper-sufistik predmeti täzelemäge mümkinçilik beripdir. Ol özünden öňki sufist şahyrlar ýaly haky gözel hem owadan gyzyň däl-de, eýsem gözelligiň simwolyna öwrülen Ýusubyň obrazynda göz öňüne getiripdir. Alynyň poemasynyň içinden sabyrly bolmak, sabyrly hereket etmek ideýasy gyzyl eriş bolup geçýär. Ýusubyň obrazy hem köp ýerde şu ideýa tabyn edilýär. Şahyr başda bu ideýany «Sabyr birle myrat hasyl bolur imdi» diýip, Ýakubyň agzyna salyp berýär. Has takygy, ata ogluna şeýle pent berýär, Ýusup şu esasda hem hereket edýär. Sabyrlylygyň netijesinde gullukdan şalyga ýetýär. Biziň pikirimizçe, Magtymgulynyň «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýen pähimi öz köküni Alynyň poemasyndaky sabyrlylyk hakyndaky ideýa urýar. Aly Ýusuba ýetmiş iki dile düşünýärdi diýip häsiýetlendirme beripdir. N.Hisamow muny şahyryň täzeçillik tapyndysy hökmünde belleýär. Şeýle häsiýetlendirmäniň beýleki nusgalarda duşmaýandygyny ýazýar. Soň türki halklaryň edebiýatyndan ýetmiş iki dile düşünýän gahrymany gözläp, ahyry şeýle-gahrymany türkmen «Göroglusyndan» tapýar. Hakykatdan hem eposda Görogly ýetmiş iki dile düşünýär diýilýär. Edebiýatçy şeýle düşünjäni Magtymgulynyň döredijiliginden hem tapyp biljek ekeni. Şahyrda «Ýetmiş iki tüýsli dildir bu dünýä» diýen setir bar. N.Hisamow Alynyň öz poemasynda Ýusubyň keşbini arap adamynyň däl, eýsem türki adamynyň sypatynda suratlandyrandygyny duýmagy başarypdyr. Beýleki nusgalardan parhlylykda şahyr poemada Ýusuby käkilli edip görkezýär. Dogrudan-da, edebiýatçynyň aýdyşy ýaly, gadymy türki halklarda erkek adamlarda käkil goýbermek özboluşly kada bolupdyr. Bellemeli tarapy, Magtymguly hem Ýusuby edil Alynyň göz öňüne getirişi ýaly göz öňüne getiripdir. Ýakup ogly Ýusupnyň käkilinden tutdular, Urdular, aglatdylar, eltip Müsürde satdylar. Çeperçilik döredijilikde şeýle bir ýagdaý bar. Bir uly ussat özboluşly bir meňzetmäni, deňeşdirmäni edebiýata girizýär. Soň şol meňzetme ýa-da deňeşdirme uly çeperçilik güýjüne eýe bolýar. Ol köp şahyrlaryň döredijiligine aralaşyp, däpleşip gidýär. N.Hisamow Alynyň çeper pikirlenişi barada gürrüň edip, «Ilkinji ýola Alynyň döredijiliginde adamyň ruhy guşa deňelýär» diýip ýazýar. Şeýle deňeşdirme Magtymgulyda-da bar. Ol bir şygrynda «Ruhum guşun besläp nebsimiň awun, Pikir bişesinde awlamaýynmy?» diýýär. Alynyň poemasynda oglundan aýra düşen Ýakubyň agysy beýan edilip, yzyndan «Ýusup diýip tag-u-taşlar aglar imdi» diýen setir getirilýär. Bu ýerde özboluşly çeper simwolika bar. Şahyr dag-daşlary adamyň derdine şärik edýär. N.Hisamow muny Alynyň türki dilli ýazuwly poeziýa getiren täzeligi hökmünde belleýär. Hakykatdan hem täzelik kemi ýok. Ýöne esasy mesele munda däl. Eger oý edip görseňiz, Magtymgulynyň liriki gahrymany aglaýan dag-daşlary köp pursatda, köp öwüşginde ýada salýandyr. Ýekeje mysal: «Gurşun deý eridir Kap dek daglary, Daş hem gelse ýyglap geçer halymga». Umuman, Magtymgulynyň döredijiliginde bu obrazly aňladyş serişdesi özboluşly çeperçilik sistemasyna öwrülipdir. Aly söze gadyr goýan senetkär bolupdyr. Ol oguz-türkmen diliniň ähli ajaýyplyklaryny bäş barmagy ýaly bilipdir. Muny ýekeje mysalyň üsti bilen subut etmek mümkin. Poemanyň her dört setirlik bendi «imdi» redifi bilen tamamlanýar. Şahyr şol sözüň üstüne uly çeperçilik ýüküni ýükläpdir. Şeýdip, müň ýetmiş bendi şol sözüň üsti bilen bir ýüpe düzüpdir, poema özboluşly kompozision bitewilik beripdir. Şahyryň poemasynda şunuň ýaly çeperçilik güýjüne eýe bolan «imdi» sözi biziň «indi» sözümiziň gadymky aýdylyşy. Bu söze Magtymguly hem aýratyn gadyr goýupdyr. Ol şygyrlarynyň ikisini Alynyň formasynda, «indi» redifi bilen ýazypdyr. Şeýle redifli şygyrlara Pyragy bilen döwürdeş bolan beýleki şahyrlaryň döredijiliginde gabat gelip bilmedik. Meger bu Magtymgula Alydan ýeten çeperçilik görüm-göreldesidir. Her bir daşdyr, welekin göwher olmaz, Tükel kimse göwher daşga gadyr kylmaz. Uşbu nazym gymmatyny akmak bilmez Akyl buny diňlär, aňlar, biler imdi. Bu Alynyň, «Kyssaýy-Ýusubynyň» soňky bentleriniň biri. Şahyr bu ýerde özboluşly logiki öwrüm edýär. Her bir daşdan göwher bolanok, göwher bolanda-da, hemme kişi onuň gadyryny bilip baranok. Magtymguly diýmişleýin, «mähek zer tanar». Edil şonuň ýaly-da, «uşbu nazymyň» – bu poemanyň gymmatyny akmak däl-de, akylly biler. Diýmek, şahyr öz sözüniň gadyr-gymmatyny bilýär, özüniň çeperçilik güýjüne ynanýar. Şonuň üçin hem özüniň şahyrana sözüniňgymmat bahaly daşa–göwher-düre deňemekden hem çekinmeýär. Özüne şeýle baha bermek Magtymgulyda-da bar. Ol Alynyň ýokarky bendindäki pikiri «Her sözüm bir dürdür kämil bolana» diýip, ýeke setirde berip goýberipdir. Biz türkmen poeziýasynda öz çeper sözüni gymmat bahaly daşa – düre-göwhere deňemekden çekinmedik iki şahyry bilýäris. Olar Aly bilen Magtymguly. Elbetde, sözden dür, göwher ýasamak üçin uly ussatlyk gerek. Magtymguly ýöne ýere «Dür ýasalmaz ussatsyz» diýenok. XIII asyrda ýaşan Aly şahyr hem şeýle ussatlaryň hilinden bolupdyr. Uly ussatlaryň bolsa, yzy ýitmeýär. Alynyň döredijilik hyzmaty, Magtymgulyny özüne imrindiripdir. Diňe Magtymguly däl. Professor H.Görogly Alynyň «Kyssaýy-Ýusup» poemasy barada pikir öwrüp, «Bu poema Andalybyň «Ýusup-Züleýha» dessanyna az täsir etmändir» diýen wagty çuň ylmy degşirmelere esaslanypdy. Söhbetimizi jemlesek, Alynyň türkmen edebiýatynyň taryhynda tutýan ornuny aýan etmäge, onuň soňky döwür türkmen şygrynyň ösüşine ýetiren täsirini töwerekleýin ýüze çykarmaga wagt ýetdi. Giň okyjylar köpçüliginiň onuň poemasynyň ideýa-çeperçilik hözirini görmegi barada hem alada edilse ýagşy. Bu ýerde biziň tatar kärdeşlerimizi-de nägile etmek niýetimiz ýok. Goý, olar hem Alyny öz şahyrlary hasaplasynlar. Bir şahyr birnäçe halkyň çeperçilik küýsegini gandyryp bilse, bu onuň beýikliginiň nyşany. Aslynda uly söz senetkärleriniň ykbaly şeýle-de bolýar. 1988 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |