23:25 Müsemmet - merwerit düzmek ekeni | |
MÜSEMMET – MERWERIT DÜZMEK EKENI
Edebiýaty öwreniş
Türkmen klassyk edebiýatynda döredijiliginiň žanr köpdürlüligi boýunça Andalyp bilen bäsleşip biljek şahyr ýok diýsek ýalňyş däl. Ol diýseň kämil hem çeper ýazylan dört sany dessany, dört sany poemany miras goýan, klassyky edebiýatymyza ýazuwly prozany («Melike-Mährinigär» powesti) girizen ussat, Şahyryň lirikasy hem özüniň žanr köpdürlüligi bilen köpleri haýran edip biljek. ■ Eýsem şahyr nähili diriki žanrlary öz galamyna gulluk etdiripdir? Bu soraga jogap bermek üçin öňi bilen Andalyba çenli bolan ýazuwly edebiýatyň liriki žanrlaryna ser salmagymyz gerek. Gadymy arap poeziýasynda her beýdi iki setirden düzülýän gazal žanry ýüze çykypdyr. Soň bu žanr pars hem türki dilli poeziýa aralaşypdyr. Baryp X-XI asyrlarda şu gazalyň formasynyň esasynda täze bir liriki žanr –müsemmet peýda bolupdyr. Kem-kemden müsemmet forma tarapdan kämilleşdirilipdir, ösdürilipdir. Onuň täze-täze žanr formalary döredilipdir. Kabul Muhammediň «Heft gulzum» atly traktatynda müsemmediň sekiz sany formasynyň bardygy aýdylýar. Olar –müselles, murabba, muhammes, müseddes, müsebbe, müsemmen, mütesse, muaşşar – formalary. Professor R.Arzybekowyň ýazmagy boýunça müsemmediň asyl manysy merwerit dänelerini bir ýüpe düzmek diýmek ekeni. Hakykatdan hem müsemmediň döredilişi monjuk düzülişine çalym edýär. Geçmiş şahyrlar gazalyň her bir beýdiniň üstüne täze setir goşup müselles, onuň üstüne ýene bir setir goşup murabba emele getirilidir. Şeýdip, her formanyň bentleriniň üstüne bir setir goşulyp, bentleri on setire barabar bolan muaşşara çenli ýetilipdir. Şu hem bent gurmagyň soňky çägi hasap edilipdir. Görşümiz ýaly, Andalyp özüniň liriki pikir-duýgularyny beýan etmek üçin forma tarapdan kyn hem çylşyrymly žanrlary miras alypdyr. Bu žanrlar şahyryň döwrüne çenli bolan türki dilli liriki poeziýanyň baş žanry bolupdyr. Andalybyň liriki mirasy möçber taýyndan onçakly uly däl. Häzirlikçe bize şahyryň ýedi gazaly, bir murabbasy, üç muhammesi, bir müseddesi, Nowaýynyň, Fizulynyň, Wepaýynyň, Habybyň, Ubaýynyň, Jamynyň (Abdyrahman Jamy bilen gatyşdyrmaly däl. A.Meredowyň ýazmagyna görä bu şahyr türki dilde ýazan hem XVII asyrda ýaşan şahs bolupdyr – A.B.) gazallaryna baglan ýigrimi üç tahmysy hem Nowaýynyň bir gazalyna ýazan müsemmeni belli. Eger dessanlaryndaky hem poemalaryndaky şygyrlary hem hasaba alsaň, Andalyp müsemmediň ähli formalarynda öz çeperçilik güýjüni synap görüpdir. Bellemeli tarapy. Şahyr özünden öňki ýazuwly poeziýanyň bu formalaryňda forma maşkyny geçirmändir. Şol kyn hem çylşyrymly formalarda hem diýjegini diýip bilipdir. Bu ýerde bir ýagdaýa ünsi çekesimiz gelýär. Nowaýynyň edebi töweregine degişli bolup, 1513-nji ýylda ýogalan alym Ataulla Hüseýni şygryň şahyranalygy hakynda «Söz sungatynyň çeperçilik serişdeleri» diýen tutumly teoretiki iş ýazypdyr. Onda gazaldyr müsemmediň ähli çeperçilik däpleri çuň teoretiki esasda umumylaşdyrylypdyr. Hut şonuň üçin hem Myralynyň özi Hüseýne «Ondan artyk bolmak mümkin däl» diýip baha beripdir. Eger Hüseýniniň teoretiki netijelerinden misil tutsaň, gazalyň, onuň esasynda dörän müsemmediň ozalky däplerinden ugur alsaň, onda Andalybyň şeýle az sanly eserlerinde hem bu liriki žanrlaryň tebigatyna ençeme täzelikler girizendigini, iň bolmanda bu formalar boýunça özünden ozalkylardan kem oturmandygyny görse bolýar. Edebiýatyň stili hakynda saldamly kitap ýazan A.Sokolow «Görnüşleriň hem žanrlaryň öňden gelýän berk kanunlarynyň batyrgaý bozulmagy şol görnüşlerde hem žanrlarda täze özboluşly alamatlaryň ýüze çykmagyna alyp barýar» diýip ýazypdy. Ol diňe şeýle ýagdaýdan soň ol ýa-da beýleki söz ussadynyň žanr-stil özboluşlylygynyň emele gelýändigini nygtapdy. Edil şonuň ýaly, Andalyp hem öz zehinine hyzmat etdiren gazaldyr müsemmet žanrlarynyň öňden gelýän kanunlaryny «batyrgaý bozmaga» çalşypdyr. Aýdaly, geçmişde gazal žanry diňe forma tarapdan däl, eýsem ideýa-tematiki taýdan berk kanuna eýe bolupdyr. Ynha, Hüseýni bu žanr hakynda şeýle ýazypdyr: «Gazal sözde aýallar bilen söhbetleşmegi söýmek, döredijilikde bolsa magşuk jemalyny hem yşky-muhabbet ahwalyny beýan etmek diýmekdir». Edil gazal ýaly müsemmet hem yşky tema tabyn edilipdir. Şonuň üçin hem haýsydyr bir şahyr gazalda ýa-da müsemmetde başga temany işlese, bu onuň täzeçilligi hasap edilipdir. Andalyba çenli türki gazalçylykda şahyrana duýgulary tebigat hem onuň gözellik dünýäsi bilen baglamak däbi bar eken. Emma bu poeziýada bütewi peýzaž gazallary gabat gelmeýär. Bellemeli tarapy, Andalybyň barmak basyp sanan maly gazallarynyň biri tutuşlygyna peýzaža bagyşlanyp, onda bahar paslynyň bir pursaty diýseň şahyranalyk bilen teswirlenip görkezilýär. Bahar eýýamy gözden gunçalar gülşende hap açdy. Saba meşşatasy sünbülniň zülpün ýaýdy, tap açdy. Görüp serkeşte ahwalyny bezmi-bostan içre, Tebessümler birlen bilbilge lagly-nap açdy. Diýmäň, gül gunçasy dema-dem bililni çarlap, Harymy-gülşen içre sebz hanydan kitap açdy. Sunarga bilbilge zerrin pyýala birle gülşende. Diýmäňler, nesteren leba-leb gül-şerap içdi. Halylasa özüni ataşy-yşk içre urgan çün, Biliň, hak rowzaýy-gülzarydan bilbilge bap açdy. Debistany-çemende tifl ýaňlyg Andalyby-zar, Ki bismilla okyban elde hamradan kitap açdy. Ozaly bilen şahyryň bahary liriki göz öňüne getirişine ser salalyň: Baharyň bir säheri. Gülşende gunçalar gözüni açyp, ukudan oýanyp başlaýar. Saba gyzlaryň saçyny darap berýän aýallar ýaly sünbüliň saçyny ýaýyp, darap otyr. Bilbiliň saba bilen pelesaň urup ýörşüne gül eda bilen ýylgyryp jogap berýär. Öz ýylgyryşyny oňa peşgeş edýär. Şeýdip şahyr bu ýerde iki sany liriki obrazy orta çykarýar. Bu ýerde gül-magşuk, bilbil bolsa-aşyk, ýagny, şahyryň liriki gahrymany. Gülüň bilbile ýüz bermegi – bu bilbiliň bagtly pursaty. Sebäbi şahyr okyjysyna ýüzlenip, gül hemişe bilbili çagyryp, köňül kitabyny açyp, onuň bilen yşk şerabyny içip ýörenok, ol tekepbir, aşyga biperwaý diýýär. Şygryň ahyrynda bolsa şahyr çemenzarlygy mekdebe deňeýär. Çaga ýaly Andalybyň onda gyzyl kitabyny, ýagny şygyrlar kitabyny açyp, gülüň zaryny çekip şygyr ýazandygyny aýdýar. Şygyr sap yşky häsiýetli. Onuň esasy aýratynlygy yşky duýgularyň tutuşlygyna tebigat bilen bagly ýüze çykarylýanlygynda. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde şahyryň ussatlygy çyk görünýär. Birinjiden, onuň ruhy ahwalaty anyk pursatda açylýar. Ikinjiden, şahyr aşyk bilbili. Öz adynyň manysy bilen (Andalyp arapça bilbil diýmek) baglanyşdyryp şygra özboluşly kompozision bitewilik beripdir. Daş era eýläp watan, daşwakga boldy Andalyp, Toprakra bagryn basyp, gurbakga boldy Andalyp. Bolmasa ol gurbakga, daşwakga ol nebsi ýaman, Ne üçin bir öýde daýym ýekge boldy Andalyp Bikanagatlyk tutup agzasyndan balu-perin, Bu ukubet birle tikge-tikge boldy Andalyp. Dost bolganlar eşitseler sowukdan ölgenin, Gülüşip aýturlar, ölse, hekge boldy Andalyp. Bolsa gyş, urmuş gowakga, ýaz bolsa ýazylur, Gähi baýguş boldy, gähi çekge boldy Andalyp. Arap poeziýasynyň şahyranalygy barada birnäçe kitap ýazan A.B.Kudelin gazala «Arap klassyky lirikasynyň iň abstrakt žanrlarynyň, biri» diýip häsiýetlendirme beripdi. Bu hakykatdan hem şeýle bolupdyr. Emma munuň tersine, biz Andalybyň mundan öňki gazalynda ruhy ahwalatyň anyk pursatda açylýandygyny aýtdyk. Anyklyk, durmuşylyk, reallyk şahyryň bu gazalynda has-da açyk duýulýar. Şeýle bir ýagdaýy göz öňüne getirip görüň: Nähilidir sebäbe görä şahyr bir gün ýeke özi bir öýde ýaşamaly bolupdyr. Odun diýen zadyň düşnügem ýok bolara çemeli. Janyňy alyp barýan sowukdan ýaňa titräp oturan şahyr özüni sowuk daşyň üstünde galan pyşbaga-da, bagryny sowuk ýere berip ýatan gurbaga-da deňäp çykýar. Meniň sowukdan ölenimi eşitseler dostlarym-a gülüşse gerek diýip, kinaýa edýär. Ahyrynda jany ýanyp bu ahwalaty şygra salypdyr. Elbetde, biz käbir edebiýatçylarymyz ýaly bu şygyr-şahyryň garyplykda ýaşandygyna şaýatlyk-edýär diýip tassyklamakçy däl. Ýöne şeýle ahwalat şahyryň başyndan geçen bolmaly. Ýogsam ol bu barada ýörite şygyr ýazmazdy. Şygyr barada has jikme-jik gürrüň etmegimiziň öz sebäbi bar. Görşümiz ýaly, Andalyp «iň bir abstrakt žanra» anyklyk, reallyk ruhuny girizmegi başarypdyr. Bu onuň täzeçilliginiň nyşany. Şahyr gazalda boýdan-başa öz adyny redif hökmünde getirýär. Bu-da gazalçylykda özboluşly çeperçilik täri hasaplanypdyr. Oňa «husny tahallus», ýagny, edebi lakamyň gözel, owadan görnüşde getirilmegi diýip ýörite at berlipdir. «Köňlümi berdim bir biwepaga Köýdi ýüregim jebri-jepaga Eý, näzeninim, maňa rehim kyl, Galdym sen diýip, sansyz belaga. Bimar-yşkyň boldum, neter men, Ne çäre eýleý jebri-jepaga». Peýkanyň oky degdi ýürege, Barmy dowalar uşbu ýaraga. Dünýäde çekdim men ahy-hasrat, Sabyr kylawer uşbu jepaga. Zalym rakyplar bigäne kyldy, Eýle tarahhum men binowaga. Andalyp sen diýip, geçer janyndan, Kylgyl anaýat müflis gedaga. Daşyndan göräýmäge suw ýaly akyp duran gazal setirleri. Onda obrazlylygam, şahyryň ruhy ahwalatam bar. Garaz, gazal kemi ýok. Ýönemeseläniň gyzykly tarapy bar. Gazalyň başky üç beýdi Andalybyňky däl. Olar şahyryň döwürdeşi Babarahym Meşrebiň (1640-1711) galamyna degişli. Eýsem bu nähili bolýar? Göçürijiler hata goýberipmi? Ýok, şahyr bu ýerde hem öz ussatlygyny görkezipdir. Geçmiş poeziýada şahyrlar öz pikir-duýgularyna bat bermek üçin başga bir şahyryň bir, iki ýa-da birnäçe setirini şygryň başynda getirmek tärini ulanypdyr. Bu forma «tezmin» diýlip at berlipdir. Hüseýni halk arasynda has meşhur, çeperçilik taýdan has kämil eserleriň tezmin alynýandygyny ýazýar. Soň başga şahyryň setirlerini tezmin alýan şahyryň ugruny tapyp, özüniň tezmin alýandygyny aňlatmalydygyny, ýogsam munuň ogurlyk hasap edilýändigini belleýär. Ozaly bilen Andalybyň hem bu gazalynda tezmin alýandygyny ugruny tapypaňladandygyny aýtmagymyz gerek. Şahyr başda Meşrebiň öz göwnüne ýaran üç beýdini alyp, soň onuň yzyny dowam etdirip gidibermändir. Şol üç beýtden soň gazaly täzeden başlapdyr. Muňa «ýürege», «ýaraga» rifmalary doly şaýatlyk edýär. Hüseýni tezmin almagy hem şygyr bäsleşiginiň özboluşly bir görnüşi hasaplaýar. Öňräk gazetleriň birinden şeýle habary okadyk. Zehinli ýaş täjik suratkeşleriniň biri W.I.Leniniň suratyny çekip, ony «muwaşşah» diýip atlandyrypdyr. Arap dilinde «muwaşşah» sözi bezelen, zynatlanan diýen manylaryny beripdir. Şeýle bolsa, suratkeşiň öz çeken suratyna beýle at bermegi nämedenkä? Görüp otursak, suratkeş geçmiş poeziýanyň öňden gelýän özboluşly däbine daýanyp, özüniň aňrybaş ussatlygyny görkezipdir. Ol suraty arap elipbiýiniň esasynda çekipdir. Şeýdip şol elipbiýiň harplarynyň üsti bilen suratda hem-ä serdaryň keşbini, hemem onuň adyny şekillendirmegi başarypdyr. Onuň öz eserine ýokarky ýaly at goýmagy ýöne ýere däl ekeni. Sebäbi geçmiş poeziýada şygyr setirleriniň başky harplarynyň üsti bilen belli bir adamyň adyny aňlatmak däbi bolupdyr. Bu juda kyn hem uly ussatlyk talap edýän forma hem «muwaşşah» diýlip at berlipdir. Ýeri gelende aýtsak, belli özbek şahyry Maksut Şeýhzada hem muwaşşah formasynda bir şygyr ýazypdyr. Onuň bu şygrynyň setirleriniň baş harplarynyň jeminden beýik serdaryň ady gelip çykýar. Bellemeli tarapy, Andalyp az sanly gazallarynda hatda bu formany-da sypdyrmandyr. Onuň Reşki-perizady» atly gazalynyň beýtleriniň her ilkinji setiriniň baş harpyny yzygiderli okap gaýtsaň, onda «Hojanyýaz jan» diýen adam ady gelip çykýar. Ne hoş gündür musahyplar, Kişi jananyga ýetse. Görüp dürli melamatlar, Ahyr dildaryga ýetse. Çekip renju-muşakgatlar, Ki yşk ýolunda apatlar, Görüp ýüz-müň alamatlar» Köňül armanyga ýetse. Pelek ursa aňa şebhun, Ýykylsa başyga gerdun. Görüp ýüz derdu-efzun, Ýene dermanyga ýetse. Dilu-janym harap olsa, Ýolunda müň azap olsa, Ýanyp, bagrym kebap olsa, Ne arman janyga ýetse. Melik seme, kaddy zyba, Gözi ahu, ýüzi hamra, Bolup çün Andalyp şeýda, Güli-handanyga ýetse. Şahyryň bu şygryny başbitin almagymyzyň öz sebäbi bar. Göräýmäge bu ýerde şahyrana mazmun türkmen şygrynyň milli formasy goşukda beýan edilen ýaly bolup dur. Dogrudan hem şygyr şu durşuna alsaň, goşuk formasynda. Aslynda welin ol goşuk däl. Ol aruz ölçeginde ýazylan, setirleri on alty bogunly gazal. Bu şygyr şahyryň ýygyndylarynda gazal görnüşinde berilýär. Dogry hem edilýär.Biz öňde şertli häsiýetde gazalyň setirlerini bölüp, ýokarky ýaly görnüşe getirdik. Şeýle etmek bilen göz öňünde tutulýan maksat näme? Öňde-de belleýşimiz ýaly, goşuk türkmen şygrynyň öz çeperçilik gazanany. Aýratyn-da onuň setirleri ýedi-sekiz bogunly formasy özüniň akgynlylygy, ýeňil hem şüweleňli okalýanlygy bilem häsiýetlenýär. Andalyp şu ýagdaýy nazara alan bolara çemeli. Ezberlik bilen gazalyň içinde goşuk döretmegi başarypdyr. Şeýdip öz şygryna täze bir intonasion sazlaşyk beripdir. Iň esasysy bolsa şahyr ýazuwly poeziýanyň iň kyn formasyny millileşdirmäge çalşypdyr. Andalybyň gazalçylygynyň ýene-de ençeme özboluşly taraplaryny bellemek mümkin. Geçmiş gazalçy şahyrlar gazalyň matlagyna – başky giriş beýdine aýratyn üns beripdir. Eger R.Arzybekowyň sözleribilen aýtsaň, «Gazal ýazmakda baş bent–matlagyň, roly uly bolupdyr. Gazalyň originallygy ondaky matlag beýdi bilen kesgitlenipdir». Edil şonuň ýaly Andalybyň gazallarynyň matlaglary hem özüniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Munuň üçin şahyryň öňde gürrüňi edilen peýzaž gazalynyň matlagyny ýatlalyň. Özüniň köp asyrly ösüş tejribesinde gazal ençeme kompozision görnüşlerine eýe bolupdyr. Şol görnüşleriň iň özboluşlysy «ýekpara» diýlip atlandyrylypdyr. Bu bolsa ýeke-täk temany öz içine alýan gazal diýmegi aňladypdyr. Anyk bir temanyň işlenmegi şahyryň ruhy ahwalatynyň hem anyk açylmagyna mümkinçilik berýär. Bellemeli ýeri, Andalybyň gazallarynyň hemmesi diýen ýaly «ýekpara» görnüşinde. Bu-da şahyryň gazallarynyň bir özboluşly tarapy. Biz şahyryň ýedi sanjak gazaly bar diýdik. Onuň şojagaz gazallaryň ikisiniň tahmys baglamaga mynasyp görülmegi juda täsin zat. Andadybyň «Çendan çendan» gazalyna Muhlis, «Ne bela hup» gazalyna hem Munis tahmys baglapdyr. Aslynda, şahyr her gören gazalyna tahmys baglamandyr. Aşyrpur Meredowyň dogry aýdyşy ýaly, «tahmys ýazýan şahyr adatça özünden güýçli awtora ýüzlenýär, onuň iň çeper, iň saýlantgy gazalyna tahmys ýazýar». «Istäp ýörür men Şamu-Yragy, Tapmadym asla ýardan soragy, Ýandyrdy janym, çoh-iştiýagy, Müşgül ekendir ýaryň pyragy». Daýym säherler ahy-pyganym, Ýakdy pelekni, çykmady janym, Kany meniň ol Sahypkyranym? Köýdürdi, dostlar, ýaryň pyragy. Bular şahyryň «Ýaryň pyragy» diýen murabbasynyň başky bentleri. Öňi bilen şahyryň bu şygrynyň hem başky bendiniň onuň özüniňki däldigini aýtmagymyz gerek. Ol Meşrebiň galamyndan çykypdyr. Muny ilki bolup Kakajan Ataýew duýmagy başarypdy. Andalyp bu ýerde-de tezmin almak medeniýetini saklapdyr. Ilki Meşrebiň rubaýy formasyndaky bendini giriş hökmünde alyp, soň şygry murabba formasynda dowam etdiripdir. Murabbanyň galan sekiz bendinde hem «Köýdürdi, dostlar, ýaryň pyragy» diýen setir refren hökmünde gaýtalanyp gelýär. Şu ýerde refren hakynda käbir zatlary aýtmagymyz gerek. Refren ozaly bilen aýdym bilen bagly. Has anygy ol aýdymyň gaýtalamasy. Aýdymyň refreni iň owazly, iň akgynly setirler bolmaly. Akademik W.M.Jirmunskiniň refrene «şygryň many merkezi» diýip baha bermegi hem şonuň üçin. Hut şu sebäbe görä Andalyp hem öz müsemmetlerinde refrene has köp üns beripdir. Meşrebiň bir müsebbesinde «Wah-wah, ne gözel sen, ne ajaýyp, ne kyýamat» diýen diýseň owazly bir setir refren bolup gelýär. Andalyp hem bu setiri tezmin hökmünde kabul edip, ony bir müseddesiniň refreni hökmünde «Bäh-bäh, ne gözel sen, ne ajaýyp, ne kyýamat» görnüşinde işledipdir. Şahyr bu ýerde-de täzelik tapypdyr. Ol Meşrebiň «wah-wah» sözlerini olara äheňdeş, ýöne türkmen dilinde has ýörgünli, özboluşly many öwüşginli «bäh-bäh» sözleri bilen çalşypdyr. Oňa birhili milli äheň beripdir. Şahyr şygryň refrenine dürli tarapdan çemeleşip görüpdir. Bu täre-de täzeçillik girizmäge çalşypdyr. Ynha, onuň «Örgüleý» atly muhammesi. Şahyr şygryň bentlerini şeýle akgynly, şeýle sazlaşykly, şeýle özboluşly refrenler bilen jemlemegi başarypdyr. Ine, olar: Hem ýüzüňden, hem gözüňden, hem özüňden örgüleý, Hem başyňdan, hem daşyňdan, hem gaşyňdan örgüleý. Hem biliňden, hem eliňden, hem diliňden örgüleý, Hem diliňden, hem lebiňden, hem balyňdan örgüleý. Hem boýuňdan, hem oýuňdan, hem hoýuňdan örgüleý. Edil gazal ýaly müsemmet žanrynyň hem yşky mazmuna mynasyp görlendigini öňde belläpdik. Emma Andalyp bu däbe kökerlip oturmandyr. Ol bu žanryň tematiki älemine uly täzelik girizmegiň hötdesinden gelindir. Biz bu ýerde onuň meşhur «Jykyr» muhammesini göz öňünde tutýarys. Şahyryň bu şygry onuň ýaşan zamanasynyň syýasy-ykdysady durmuşynyň öz boluşly çeper beýany diýsek ýalňyş däl. Belli bir derejede ol awtobiografiki häsiýetli. Muhammesi okap biz durmuş hakykatyny çeper özleşdirmegiň täze tipi bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Başgaça aýtsak, şygyr real beýan edişi bilen häsiýetlenýär. Onda Andalybyň ýaşan döwrüniň, türkmen durmuşy, onda-da Daşhowuz töwereklerindäki türkmenleriň, ýaşaýyş durmuşy anyk hem janly häsiýetde göz öňüne gelýär. Şu ýagdaý hem ýene bir gezek şahyryň žanr-stil ussatlygyna şaýatlyk edýär. Andalybyň lirikasyna arkalanyp, şahyryň döredijilik şahsyýetiniň iki sany aýratynlygyny belläsimiz gelýär. Şahyr tahmys baglasa-da, tezmin alsa-da, esasan, türkmen halky, türkmen edebiýaty bilen berk baglanyşygy bolam şahyrlara ýüzlenýär. Biz öňde şahyryň üç şygrynyň Meşrebiň döredijiligi bilen baglydygyny belledik. Özbek edebiýatçylary Babarahim Meşrebi özbek şahyry hasaplaýar. Biziň bu ýerde millet dawamyz ýok. Ýöne Meşrebiň mertebesiniň türkmenleriň arasynda hem juda meşhur bolandygyny welin aýtmagymyz gerek. Halkymyzyň arasynda bu şahyr hakynda özboluşly dessan döredilipdir. Türkmen sazynyň uly bir sikli bolsa, «Meşrep» diýlip atlandyrylypdyr. Bu birinji aýratynlyk. Ikinjiden bolsa, geçmiş Gündogar edebiýatynda öz erkin pikirleri, dini dogmalara garşy göreşleri bilen meşhur bolan şahyrlaryň birnäçesi bar. Din hadymlary olara «topalaňçy şahyr» diýip at beripdir. Täsin tarapy, Andalyp şeýle topalaňçy şahyrlary gowy görýär. Ol «Rysalaýy-Nesimi» poemasynda özüniň erkin pikirleri bilen din hadymlarynyň süňňüni sarsdyran hem olaryň pitwa bermegi bilen ilki erbet gynalyp dardan asylan, soň meýdi ýakylan Mansur Hallajyň, depesinden dabanyna çenli soýlup öldürilen Seýit Nesiminiň çeper-taryhy obrazlaryny döredipdir. Edil şonuň ýaly Andalybyň setirlerini söýüp tezmin alan şahyry Meşrep hem şeýle «topalançy şahyrlaryň» biri bolupdyr. Ol hem dine garşy gelýän panteistik pikirleri üçin Balhda Mansur Hallaç ýaly dardan asyp öldürilipdir. Müsemmet-merwerit dänelerini düzmek diýmegi aňladypdyr. Munuň üsti bilen hem şygryň gözelligi, kämilligi beýan edilipdir. Görşümiz ýaly, ussat Andalyp hem öz müsemmetlerini merwerit ýaly düzüp bilipdir. Onda-da olary özüçe, täzeçe düzmäge çalşypdyr. Şahyryň sne bir aýratynlygy bar. Ol ula erjeşýär. Onuň gazallaryna tahmys baglan şahyrlarynyň arasynda Nowaýy, Fizuly ýaly ägirt läheňler bar. Aýratyn hem onuň Myrala hormat-hatyrasy artyk bolupdyr. Şahyryň şygyrlarynyň on sekizisi bu ussadyň gazallarynyň esasynda dünýä inipdir. Dogrusyny aýtsak, diňe türki poeziýada däl, eýsem arap-pars poeziýasynyň taryhynda hem tahmys ýazmak babatda Andalyp bilen bäsleşip biljek şahyr az bolsa gerek. Biz bu ýerde şahyryň tahmyslaryna deg medik. Onuň tahmysçylyk ussatlygy töwerekleýin barlagy, ýörite söhbeti talap edýär. Şonuň üçin hem şahyryň tahmyslary barada indiki gezek... 1989 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |