08:53 Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda Putiniñ kölegesi | |
MÝUNHEN HOWPSUZLYK KONFERENSIÝASYNDA PUTINIÑ KÖLEGESI
Publisistika
Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşanda, adamsy Alekseý Nawalnynyñ aradan çykandygyny eşiden Ýuliýa Nawalnaýa "Putiniñ jezalandyryljak güni ýakynda" diýdi / Fotosurat: Kai Pfaffenbach-Reuters Mýunhende 16-njy fewralda başlan üç günlük Howpsuzlyk konferensiýasynyñ juda tukat geçendigini aýtsak, öte geçdigimiz bolmaz. Mýunheniñ merkezindäki taryhy "Bayerischer Hof" otelinde geçirilen konferensiýa şeýle bir tukat, şeýle bir öli ruhly geçdi welin, şäherde elli ýurtdan döwlet ýolbaşçysynyñ we daşary işler ministrleriniñ gatnaşan möhüm konferensiýanyñ geçenliginiñ mýunhenlileriñ köpüsiniñ habary-da ýok. Hiç kimsäñ gyzyklanmaýan konferensiýasyny görmek üçin öýümden turup, "Bayerischer Hof" oteliniñ ýakynyna gitdim we ony daş aralykdan birnäçe gezek surata düşürdim. Fotosurat: Esedulla Oguz / Independent Türkçe / kitapcy.ru Oteliñ töweregi o diýen bek bolmasa-da, howpsuzlyk taýýarlygy görlüpdir we oteliñ öñündäki esasy köçe bilen birküç sany gapdal köçede ýol hereketi ýatyrylypdyr. Emma üýtgeşmeleri synlamaga gelen daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniñ işgärleri welin, ýok diýerlik derejede az. Rus oppozision lideri Alekseý Nawalnynyñ ölümi bütin dünýäde uly gowur turuzyşy ýaly, Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasyna-da ýiti täsirini ýetirdi / Fotosurat: AFP Konferensiýanyñ gün tertibinde Ukraina uruşynyñ we Gazadaky çaknyşyklaryñ bolmagyna garaşylanam bolsa, esasy gürrüñ Alekseý Nawalnynyñ ölümi boldy. Konferensiýa gatnaşan Günbatarly liderler Nawalnynyñ ölümi üçin Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putini günäkärleseler-de, bu boýunça edip biljek zatlary ýok. Şonuñ üçin olaryñ birem Putini çüñke gabap biljek anyk işiñ gürrüñini edip bilenok. Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda Putin ýok, ýöne onuñ gara kölegesi hemme ýerde gaýmalaýar. Putin yzly-yzyna äden iki ädimi bilen Günbataryñ derwezesine goşa-goşadan gol atana meñzeýär. Bularyñ birinjisi, Ukrainanyñ Awdiwka posýologyndan çekilmegi we rus goşun bölümleriniñ posýologyñ merkezine rus baýdagyny dikmegi. Ikinjisi bolsa, Günbataryñ umyt bildiren Nawalnysynyñ duýdansyz ölümi. Putiniñ dürbüsinden başga bir üstünlik bolsa, iki ýyllyk Ukraina uruşyndan soñ Günbataryñ Kiýewe berýän goldawynyñ gutaryp soñky pellä gelmegi we Ýewropadaky birnäçe ýurduñ goranmak meselesinde öz aladalary bilen garabaşyna gaý bolmagy. Putini begendiren ýene bir üýtgeşme bolsa, öñki amerikan prezidenti we prezidentlige täzeden kandidat Trampyñ soñky çykyşlarynyñ yzyndan ABŞ bilen Ýewropanyñ arasyndaky gatnaşyklarda aladalandyrýan sorag alamatlarynyñ peýda bolmagy. ABŞ-nyñ Prezidentiniñ orunbasary Kamala Harris konferensiýanyñ dowamynda bu aladalary gidermek üçin hernäçe şelaýynsyrasa-da, ýewropaly liderleriñ ýüzünde görnüp duran gaýgyly nazarlaryñ ýerini rahat gülümsiremeler eýeläp bilmedi. Noýabr aýynda geçiriljek amerikan prezident saýlawlarynyñ netijesi nähili bolanda-da, Ýewrobileleşigiñ liderleri indiden beýläk howpsuzlyk meselesinde ABŞ-na öñküsi ýaly bil baglap bilmejekdiklerine we öz başlaryny çaramaly boljakdyklaryna düşünene meñzeýär. Trampyñ beren beýanatlary ähli liderleriñ içine gurçuk düşürendigi üçin NATO-nyñ hatarlary-da indi öñküsi ýaly mäkäm däl. NATO-nyñ düzümindäki birnäçe ýurt haýsydyr bir hüjüm bolan ýagdaýynda ABŞ-nyñ ýa-da bir bitewilikde harby bileleşigiñ özlerini goramajagyny pikir edýär. Putin bolsa, ABŞ bilen ÝB-niñ arasyndaky ynamsyzlyga we munuñ netijesinde ýüze çykan Ýewropadaky howatyrlanmalara ellerini owkalap keýpihon tomaşa edýär. Ukraina uruşy uzadygysaýy Günbataryñ egnindäki ýük şonça agralýar. Günbataryñ ýüki agralsa-da, Russiýanyñ bähbidine. Gymmatlap barýan energetika nyrhlary we ykdysady taýdan kiçelme ýaly problemalaryñ garşysynda ÝB ýurtlarynyñ has uzak wagtlap öz jemgyýetçilikleriniñ basyşyna-da döz gelip biljegi gümana. Şonsuzam demonstrasiýalara o diýen öwrenişikli däl Germaniýa eýýäm birnäçe aý bäri iş taşlaýyşlary we daýhan demonstrasiýalary bilen kyn günleri başdan geçirýär. Ukrainanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda frontdaky ýagdaýyñ eýmençligini düşündirjek bolup hernäçe şelaýyn dil dökse-de, Günbatarly liderleriñ biri-de: "Alada etme, seni ýeke goýmarys" diýen ýaly göwünlik beriji sözlerden başga Kiýewi ynjaldyp biljek anyk zat aýdanok. Ukraina Ýewropanyñ arkasynda götermesi kyn ýüke öwrüldi. Bu ýüki Ýewropanyñ arkasyna uran Ak Tam hem Ýewropany ýarpy ýolda taşlajaga meñzeýär. Uruşyñ dowam etmegi ÝB-ni ykdysady we syýasy taýdan gowşatjakdygy üçin hem-ä Russiýanyñ, hemem ABŞ-nyñ bähbidine. Rus howpy dowam etse, Ýewropa özüni goramak üçin ABŞ-dan "F-35" bilen birlikde milliardlarça dollarlyk iñ soñky ýaraglary we ok-däri serişdelerini almaga mejbur bolar. Uruşyñ dowam etmegi Ýewropany ykdysady taýdan pese düşürjekdigi üçin Russiýanyñam, ABŞ-nyñam peýdasyna bolar. Şeýdibem iki at (ABŞ bilen Russiýa) depişende, arasynda ölen eşek (ÝB) bolar. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, geçen gezekki makalamda-da aýdyşym ýaly, Ukrainanyñ Günbatar bilen Russiýamyñ arasynda bitarap sebit bolup galmagy babatda ylalaşyga gelmeli. Putiniñ amerikan žurnalisti Taker Karlsona beren soñky reportažynda-da aýdyşy ýaly, Russiýa şeýle ylalaşygy baglaşmaga taýýara meñzeýär. Diýmek, "Zyýanyñ ýarpysyndan gaýtmagam peýda" sözüne eýerip, haýdan-haý Putin bilen el gysyşjak bolmaly. Esedullah OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Ýekşenbe, 18.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |