13:05 Nämeden söz açsamka? | |
NÄMEDEN SÖZ AÇSAMKA?
Taryhy makalalar
Hemmeleriñ söz açýan temalarynda ýazmagy kän bir halap duramok. Ýazsamam, iñ bolmanda stili başgaça bolmaly diýip pikir edýärin. Emma, içiñi ýakaýyn diýen ýaly wirus bizi öýe gabap goýdy. Öýlere gabamak bilenem oñmady, temalarymyzy-da çäklendirdi. Şindi menem koronawirus hakynda ýazsammyka? Okyjylar ýeterlik derejede korona hekaýatlaryny diñleýärler. Men biraz başgarak zatlardan söz açmaga synanşaýyn. Baýan Çor barada eşdipmidiñiz? Moýun Çor hem diýýärler. Ýagny ol, göktürk(men)leri ýykyp, Orhonda täze hanedanlygyñ başyny başlan uýgurlaryñ ikinji kagany. Baýan Çor Külteginiñ we Bilge kaganyñ daş ýazgylaryny görüpdir. Geñ galdyñyzmy? Şol wagtlar koronawirus diýen zat ýokmuş. Adamlaryñ ömri at üstünde sähralyklarda geçipdir. Uýgurlar göktürkleri ýykansoñ, bütin Orhon sebitlerine-de agalyk edipdirler. Aradan gaty bir kän wagtam geçmändir. Ýazgyly daşlar 732-735-nji ýyllarda dikilipdir. Baýan Çor hem 747-759-njy ýyllarda kaganlyk sürüpdir. Ýagny, arasy bary-ýogy 15-20 ýyl. Ýewropalylar 1889-njy ýylda tapanmyş diýip, gymmatly ýazgylar şol ýerleriñ ýerli halkyna nämälim daşlar bolup galaýmalymyka? Kim bilýär, nijeme asyrlap ýene kimler ol daşlary gördüler. Baýan Çor bolsa olary diñe bir göreni bilen oñmady, okady hem. Nädip bilýäñ diýýärsiñizmi? Biraz ünsüñizi koronadan sowup, ýazgylarymy üns bilen okasañyz, muña anyk jogaby taparsyñyz. Baýan Çoryñ beýik hökümdar bolandygyny, onuñ An Lu-şan topalañyny basyp ýatyryp, Hytaýy halas edendigini belläp geçmek isleýärin. "Ýagny, koronawirusyñ ýaýramagyna onuñam goşandy bolupdyr-da?" diýjek bolýañyzmy? Ýok, ýok, gadyrdanlarym, sabyr ediñ biraz. Näme diýipdim ýañy, "Ünsüñizi koronadan sowmak lazym". Bilge kaganyñ aýdyşy ýaly: "Sabymyn tüketi eşidgil!" Hawa, Baýan Çor hem Mongoliýanyñ Tes, Tarýat we Şine-Us sebitlerinde öz adyna üç sany ýazgyly daş dikdiripdir. Bular hem geçen asyrda tapylypdyr. Olaryñ birinde Baýan Çor Göktürk hanedanyny üç kaganyñ gurandygyny we iki ýüz ýyllap dowam edendiklerini gürrüñ berýär. Kaganlaryñ atlaryny-da ýazypdyr, emma biri zaýalanypdyr, okamak mümkin däl. Iki kaganyñ ady - Ýollug we Bumin. Adyny okap bolmaýanam Istemi bolmaly. Ýeri, ol nireden bilýärkä Bumin kagany? Külteginiñ ýazgyly daşyny görüp-okapdyr, şondan bilýär. Şindi geleliñ meseläniñ tommaýly ýerine. Ýok-la, gadyrdan, Baýan Çor koronawirus barada aýdanok. Häzire çenli hiç kimiñ soramandygyna görä, ynsyñ-jynsyñ ünsüni çekmedik bolarly. Hany, onda men soraýyn: Ýollug kagan diýýänleri kim bolupdyr? Hawa-la, Bilge kagan we onuñ iki atasyndan söz açyp durkak, üçünjisi nirden çykdy? Şeýle-de, taryhçylaryñ biri öz-özüne sorag berip, "Göktürk hanedanyndan biri bolmaly" diýip ýazypdyr. Hernäme-de bolanda, muña çynlakaý ýapyşan bardyr öýdemok. Häzir bu wirus bizi öýmüze gabap goýan wagty şu soraga jogap tapyp bilermikäm diýip oýlandym. Sol tarapymdaky stolyñ üsti kitaplardan doly. Tema bilen baglanşykly bar bolan kitaplarymyñ üstüne abandym. Käbirleri küti-küti kitap. Sahaby haşamlanan owadan kümüş waraklysy-da bar. Agzalýan ýere gidipdirler, reñkli fotosuratlaryny alyp, kitaba ýerleşdiripdirler. Walla, ellämde "Bissimilla" diýenimi bilmän galýaryn. Kim aýtsa ýalan aýdypdyr, türkler ylmy-barlag işlerini geçirip bilenok diýip. Başga bir uýgur gardaşymyz on müñlerçe sahypalyk hytaý çeşmeleriniñ içine giripdir. Hacettepe uniwersitetinde… "Hajettepe hassahanasyna dolupdyrmy? Ah, bu korona hemmämizi öldürjek öýdýän!.." Ýene sabyrsyzlandyñyz. "Sabymyn tüketi eşidgil!" Hajettepe uniwersitetinde "Türkiýat ylmy-barlaglar instituty" diýen bir gurama bar. Insitutda birküç ýyl öñ oguzlar we olaryñ taryhy boýunça simpozium geçirlipdir. Simpoziuma gatnaşanlaryñ ylmy işleri-de çap edilipdir. Ynha, şol işleriñ birinde bir uýgur gardaşymyz (Baýan Çoryñ däl, biziñ döwrümiziñ uýgury) hytaý çeşmelerinden "dokuz oguzy" gözläpdir. Uýgurlara-da "dokuz oguz" diýilýär ahwetin. Gardaşym, okap-okap gutarar ýaly däl. Inçelik bilen ýazylan küti ylmy iş. Birem hytaý ýazgylaryndan toplanan birtopar çeşme. Elbetde, uýgur gardaşymyzyñ ylmy işi bu meseläniñ iñ gowy nusgalarynyñ biri. Uýgur atalarymyzyñ tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, gaýraty onda-da bar. Bäý-bää, hytaý çeşmeleri uýgurlardan diýseñ köp söz açypdyr-a! Boýlaryny (tire-taýpalaryny), boýlaryñ kethudalaryny, serdarlaryny, Hytaýa girip-çykanlary, ilçileri, boý serdarlaryna berilen zyýapatlary... Ehh, taryhçylyk añsat iş däl. Adamlar iş edinip, on müñlerçe sahypa ýazypdyrlar, taryhçy dostlarymyzyñ paýyna-da olary seljermek, öwrenmek düşýär. Kim bu Ýollug kagan? Soragymyz şu däldimi? Bolsa-da, bir zatlar-a tapdym. Ýöne bu başga makalanyñ gürrüñi. Ýene biraz sabyr edeli we gürrüñimiziñ soñuny bilesiñiz gelse "Hamza Zülfikar Armağanı"-nyñ çapdan çykaryna garaşyñ. Tengrim, bu kiçiggine kurtçyklardan kamagymyzyn korygyl!** Ahmet B.ERJILASUN, bercilasun@hotmail.com "YENIÇAĞ" gazeti, 29.03.2020 ý. * Sabymyn tüketi eşidgil! - ýagny, "Sözümi sonuña çenli diñläñ!" ** Tengrim, bu kiçiggine kurtçyklardan kamagymyzyn korygyl! - ýagny, "Tañrym, bu kiçijik gurtjagazlardan (mör-möjeklerden) hemmämizi gorawer!" Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |