SÖZ AGTARMA
Hiç bir adam gepleýän ene diliniñ hemme sözüni bilip bilmez. Dilçi alymlaryñ-da bilmeýän sözleri bar. Meniñ özüm-ä wagtymy türk dili bilen gyzyklanyp geçiýärin. Ýygy-ýygydan sözlüklere seredip, söz gözleýärin. Käte manysyny bilýändirin öýdýän sözümiñ başga many berýändigini görýärin. Sözüñ düýp manysyny bilmän ýa-da ýadyma düşmän galýanlary-da az däl.
Dürli kärler bilen baglanyşykly adalgalary birnäçe diñe şol kärde işleýänler bilýär. Pudaklaýyn adalgalaryñ käbirleri-de hemmeleriñ bilýän sözüne öwrülibem bilýär. Her näme-de bolsa, sözlüge ser salmagy ýatdan çykarmaly däl. Indi-hä internet ulgamy diýen bir zat bar. Internet ulgamyndan islän sözlügiñi we ensiklopediýañy tapyp bolýar. Ýörite hünärmenleriñ ýa-da şol ugur boýunça gyzyklanýanlaryñ ýazýan makalalary-da azlyk edenok. Ünsli çemeleşmek şerti bilen olara-da seredip geçmek zyýan etmez.
Öz-özümizi öýe gaban şu günlerimizde meniñem bir söze jynym düşdi. Eýse kimdir biriniñ öz aýypdyr kemçiliklerini başga biriniñ üstüne atmasyna näme diýilýärkä? Meselem, bir adam zyrrajym ýalançy, emma özünde ýalançylykdan nam-nyşan bardyr öýdenok, mydama özgeleri ýalançylykda aýyplaýar. Ýa bolmasa bir adam öte öçli, emma özüni öçlüdir öýdenok, mydama garşydaşlarynyñ öçlüdigini delillendirjek bolup garabaşyna gaý. Aýdaly, bir adam barypýatan züwwetdin, emma hemişe özgeleri gorkaklykda aýyplaýar. Başga mysal bermegiñ hajaty barmy? Düşünen bolsañyz gerek.
Psihiatriýada ýa-da psihologiýada munuñ hökman bir kesgitlemesi bolmaly. Ine tapdymam: bu psihologik näsazlyk ekeni, adyna-da “psihologik proýeksiýa” diýilýar. Munuñ üçin türkçe gowy sözem tapypdyrlar: Yansıtma ("Ýansytma" sözi türkmen dilindäki "ýañzytma" sözi bilen bir sözden gelip çykan, ýöne türk dilindäki manysy: serpikdirme /отражать/, ýollama -t.b.). Erbet däl gerek? Sizde psihologik näsazlyk bar, ýöne muny garşyñyzdakylara serpikdirýärsiñiz. Öjüñ we ýigrenjiñ birkemsiz nusgasyna öwrülipsiñiz, emma garşydaşlaryñyzyñ öçden we ýigrençden dolup durandygyny öñe sürýärsiñiz. “Ýansytma” sözi hakykatdanam gowy many añladypdyr. Kim tapan bolsa berekellasyny bermek gerek.
Adalgany gözlänimde ýene bir maglumat edindim. Ýansytma narsisizme mahsus aýratynlykmyş, narsist kişilerde şeýle bozulmalar gabat gelýärmiş. Muny bilenimden soñ daş-töweregime bir göz aýlaýyn diýdim. Hudaý saklasyn, nirde öz-özünden göwnühoş bar bolsa hemmesi ýañsytmaçy bolsa näme. Bir adam "men beýik hiç kim ýok" gygyrýar, hemem garşysyndakyny men-menlikde aýyplaýar. "Bäýbä-ä..." diýdim-de, başga sözleri gözlemäge durdum.
Haýsy sözleri gözlesemkä diýip pikirlenip durkam, şindi gulagyma köp ýañlanýan birnäçe söz duşdy öñümden: Utanmaz, arsyz, haýasyz, ýüzsüz…
Öýlere çykyp bilmän ýatan günlerimizde bu sözler nireden gelip gulagyma ilteşýärkä? Sosial medýa diýlen bir zat bar-a, anha, şol ýerden gulaklara we gözlere birikýän ýol bar. Käbir ýollar diñe geliş, käbirleri gidiş-geliş. Meniñ sosial medýa bilen kän aram-a ýok, ýöne internede welin ýygy-ýygydan girýärin. Ol ýerdenem meniñ gulaklaryma bir zatlar ilýär. Birem telefonlar bar.
Utanmaz we ýüzsüz sözleri türkçe kökenli. Beýleki ikisi arap dilinden biziñ dilimize aralaşypdyr. Arsyzyñ hemmesi däl-de, birinji bognundaky ar sözi arapça. Bu söz häzir ýygjam ulanylmasa-da, ondan türkçe goşulmalar bilen ýasalan arsyz, arlanmak, arlanmaz sözleri köp ulanylýar. Birem "ar damary çatlamak" bar.
Utanmak işligi iññän köne. Mahmyt Kaşgarlynyñ 1072-nji ýylda başlap, 1077-nji ýylda ýazyp gutaran "Diwanu Lugati’t-Türk" kitabynda "utanmak", "utanç" sözleriniñ oguz şiwesiniñ sözleridigini aýdýar. Şol wagtyñ ülñüli (standart) türki dilinde utanç üçin uwut, utanmak için uwutlanmak, uýadmak we uýalmak işlikleri bar eken. Bularyñ hemmesi şol bir sözden dörän. Ýöne nädip? Elbetde, bu sowalyñ jogaby bujagaz çaklañja makalamyñ çägine sygmaz. Hökmanam däl. Emma häzir işjeñ ulanylýan türk şiweleriniñ köpüsinde utanç sözüne manydaş uýat kelimesiniñ ulanylýandygyny, bu sözüñ Anadola gelen oguz türkmenlerinde-de ilki-ilkiler bolandygyny, soñ-soñlar undulandygyny aýtmak isleýärin.
Işjeñ türk şiweleriniñ köpüsinde utanç sözi bilen deñ derejede uýat sözü-de ulanylýandygy üçin utanmaz sözüne manydaş uýatsyz sözi ulanylýar. Ýüzsüz, betsiz diýýänlerem bar. Hany, "beti benzi atdy" diýýäs-ä, ynha, şol ýerdäki bet sözi “ýüz” manysynda beýleki türk şiwelerinde ulanylýar (betnyşan, betlagam, bedroý -t.b.) Hatda “sahypa” üçinem bet diýýärler. Elbetde, betsiz ýa-da tatarlaryñ ulanýan bitsiz sözü-de utanmaz diýmekdir. Tatarlaryñ, özbekleriñ, gazaklaryñ we beýleki türkleriñ gulaklarynda şumat uýatsyz, ýüzsüz, betsiz sözleri köp ýañlanýarmy, ony weli bilmedim.
Ýöne näme üçindir meniñ gulagymda ähli şaññyr-şuññurlygy bilen şu sözler ýañlanýar: utanmaz, arlanmaz, ýüzsüz, haýasyz. Yzysüre beýleki türkleriñ sözleri-de çykyberýär: Uýatsyz, betsiz. Başgyrtlaryñky biraz geñsiräk eşdilýär: bithiz. Birem Aşgabat, Türkmensähra, Merw gözümiñ öñüne geldi. Onsoñ türkmen gardaşlarymyzyñ ulanýan sözü-de dahanymdan paýraberdi: utançsyz!
Ýazgymyñ soñuna bir bellik etmesem bolmaz: Üns beriñ, bu ýöne bir dil ugrundan ýazylan makaladyr!
Ahmet B. ERCİLASUN
bercilasun@hotmail.com
"Yeniçağ" gazeti, 02.05.2020 ý.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwerstitetiniñ talyby.
Türkmen dili