08:19 Nazarbaýewiñ ýaşlara ýüzlenmesi | |
NAZARBAÝEWIÑ ÝAŞLARA ÝÜZLENMESI
Taryhy makalalar
"Yeniçağ" gazetimiziñ habar bermegine görä, doganlyk Gazagystan respublikasynyñ öñki Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiñ, birnäçe ýyl mundan öñ eden çykyşynda sözlän sözi sosial medýada gyzgyn seslenme döretdi. Ýaşlaryñ öñünde eden çykyşynda N.Nazarbaýew şeýle diýýär: "Meselem, häzir sizden "Bu gazak diýilýän halk nirden çykdy, biziñ nähili taryhymyz bar?" diýseler, "1991-nji ýylda garaşsyzlygymyzy alypdyk..." diýip jogap berjekmisiñiz? Biz asmandan pat edip ýere düşemzog-a. Biziñ iññän beýik taryhymyz bar. Biziñ taryhymyz saklar beýlede dursun, 2.500 mundan öñ hunlardan başlanýar. Ondan soñky (onan keýingi) ata-babalarymyz gadymy türklerdir. Biz şolaryñ neslidiris. Gadymy türkler Altaý bilen Garadeñiziñ aralygynda ýaşan halkdyr. Günbatara giden gypjak Atilla biziñ añrymyzdyr. Bizem şol bahadyr atanyñ neslidiris". Mydama koronawirus gürrüñi bilen uklap, koronawirus gürrüñi bilen oýanmaly däldiris-ä! Dünýä taryhynda mundan öñem köp sanly uly epidemiýalar bolup geçipdi. Hemmesi-de bolmadyk ýaly geçip gitdi. Koronawirusyñ olardan bir tapawutlanýan tarapy bar - olam her bir öýüñ töründe gygyryp duran telewizorlaryñ arkaly epidemiýanyñ netijelerinden gyzgyny bilen habarly bolup durmagymyz. Bu bela hem geçip gider; her döwlet, her millet, her gurama, her bähbit öz işi, öz ýoly bilen bolar. Bizem öz türklügimiz bilen başa-baş galarys. Sosial medýadan peýdalanyjylar, hususanam ýaşlar şoña añryýany bilen düşünýän bolmaly, sebäbi N.Nazarbaýewiñ gör haçanky eden çykyşyndan sitata alyp halkyñ ünsüni çekipdirler. Özem aşagynda Türkiýe türkçesinde subtitr ýazgysyny-da goýupdyrlar. Nähili ajap iş edipdirler! Meniñ hut özüm olaryñ hemmesine şahsy minnetdarlygymy bildirýärin! Ýöne bir ýalñyşlyk gözümden sypmady. Ýokardaky sitatada üns berip görüñ şoña. N.Nazarbaýew çykyşynda "onan keýingi" (gazakça) diýýär, ýagny, "ondan soñky". Subtitrde "ondan öñki" ("ondan önceki") diýip ýalñyş ýazylypdyr. Gazet hem ony şol durşuna alypdyr. Sebäbi N.Nazarbaýewiñ "köne (gadymy) türkler" diýýäni - göktürk(men)lerdir we olaryñam añyrsynyñ hunlardan gelip çykandygy hemmelere mälimdir. Zyýa Gökalp "Turan" goşgusynda şeýle diýýär: "Sahypalarda däldir Atilla, Çingiz, Ýeñiş bilen halka şan beren şahslar!" Men bu setirleri erkin jümlelerde şeýle beýan etmäge synanşaýyn: "Attila bilen Çingiz han taryhyñ çañly sahypalarynda galan şahslardyr öýtmäñ. Bular şanly ýeñişler bilen halkymyzy şöhratlandyran gahrymanlardyr". Gökalpyñ "Turan" goşgusyny ýazan 1910-njy ýylyndan 2020-nji ýyla çenli tegelek 110 ýyl geçipdir. Biz häzirem şol bir duýgy, şol bir joşgun bilen: "Atilla biziñ añrymyzdyr. Bizem şol bahadyr atanyñ neslidiris" diýip gaýtalaýarys! N.Nazarbaýew gypjaklaryñ türkleriñ bir şahasydygyny, gazaklaryñam gypjaklardandygyny gowy bilýär. Şonuñ üçin onuñ öz gazaklygyna, aslynyñ gypjaklygyna buýsanýandygy şek-şübhesiz hakykat. Elbetde, ol öz añyrsynyñ türklerden, hunlardan we saklardan gelip çykandygyny gowy bilýär, iki müñ bäş ýüz ýyllyk taryhyna bolan buýsanç duýgusyny dile getirýär. Dünýäniñ ähli türki halklary öz taryhlaryny içgin öwrendigiçe, özleriniñ bir kökden, bir atadan gaýdýandyklaryna göz ýetirerler. Hunlar we göktürk(men)ler biziñ ata-babalarymyzdyr. Olar oguz-türkmenleriñ, gazaklaryñ, özbekleriñ, uýgurlaryñ, tatarlaryñ we başga-da bütin türki kowumlaryñ ata-babalarydyr. Olar hemmämiziñ ata-babasydyr. Aziýa hunlarynyñ serdary Motun (Mete han) legendarlaşyp, ady Oguz hana öwrülip gidipdir. Aslynda Oguz han biziñ hemmämiziñ atasydyr, "Oguznama" eposy ähli türkleriñ eposydyr. Niçiksi bagtly siz eý türkler, siziñ nähili beýik taryhyñyz bar! Emma şol bir wagtyñ özünde nähili gynançly, nebsiagyryjylykly ýagdaýyñyz bar! Bu günki gün siz bölek-bölek bolup çar tarapa dagapsyñyz. Üstesine doganlarymyzyñ bir bölegi keseki penjeleriñ, zorluk-sütemleriñ astynda soñky demini sanaýar. Bir bölegi öz añyrsyny, türklügini ýatdan çykarypdyr. Ýene bir bölegi ymmatçylyk derdine düşüpdir, ýene bir bölegi beşeriýetiñ derdine. Äl-eýt size, eýt-size! ("Esiz-e, esizim-e!") Soñky sözler Ýeniseý ýazgylarynda geçen haýpygelijilik duýgusyny añladýan sözlerdir. Muny häzirki türk diline "Eýwah, eýwah!" (türkmençe "Dat günümize!") diýen manyda terjime edip bolar. Mundan 1200-1300 ýyl mundan öñ Ýeniseý derýasynyñ boýlarynda ýaşan türk(men)leriñ mazar daşlarynda şu jümlelere köp duş gelinýär: "Ýanýoldaşyma, çagalaryma, ene-atama, doganlaryma, halkyma, ýurduma doýmazdan bu dünýäden aýryldym. Esiz-e, esizim-e!" Bizem aramyzdaky bir topar kinedarlar we dinbazlar sebäpli "Esiz-e, esizim-e!" diýip ýas tutup, gara baglamaly bolmasyn-da, hernä! N.Nazarbaýewiñ sözleri türklügimize, birligimize gaýtadan gowuşjak günlerimiziñ buşlugyny berýär. Biz hökman gaýtadan bir bitewi we hemmeleden güýçli bolarys, enşalla! Altaýlardan Dunaýa çenli! Ahmet Bijan ERJILASUN, bercilasun@hotmail.com 20.04.2020 ý, "YENIÇAĞ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||