07:56 Özbek, türkmen, uýgur, tatar... | |
ÖZBEK, TÜRKMEN, UÝGUR, TATAR...
Aýdym-saz sungaty
Geçen asyryñ ýetmişinji ýyllarynyñ soñraklarynda: ýa 1977-nji ýyl, ýa-da 1978-nji ýyl bolmaly. Owganystanyñ Andhoý şäherinden gelen ak ýüzli bir özbegiñ aýdýan aýdymlaryna hiñlenerdik: Özbek, türkmen, uýgur, tatar, azer bir boýdur, Garagalpak, gyrgyz, gazak - bular bir soýdur. Sabir Karger Hajettepe uniwersitetiniñ dermanhanaçylyk fakultetine giripdi. Kän-kän gezek bir ýere üýşüp, onuñ sesinden we dutaryndan Türküstanyñ nagmalaryny diñläpdik: Anaýurtum Türkistanny bölip koýgenler; Inanmangler, aldanmangler eý Türk igitler, Kyrk asyrlyk tarihge sahip bolgen Türkler! Sözleri we sazy Sabir Kârgeriñki bolan bu aýdym indi juda meşhurlyga eýe. Türküstany we Turany bilýän uly-kişi aýal-erkek barsy bir ýere üýşen wagtymyz "Eneýurt marşy" adyny beren bu aýdymymyzy dilimizden düşüremzok. Özbekçeden biraz üýtgedibrägem aýdyp ýörüs. "Koýgenler" ýerine "goýmuşlar", "tarihge" ýerine "taryha", "bolgen" ýerine "bolan" diýýäs. Biziñ "aldanmañ" diýen sözümize özbek gardaşlarymyzyñ "aldanmangler" diýýänlerini bilýäris. Owganystanyñ demirgazyk raýonlaryna Sabir "Ýok, Owganystan däl, Günorta Türküstan" diýerdi. Dogrudy şol aýdýany. Onuñ dogduk depesi Andhoýda özbekler we türkmenler ýaşaýardy. Türkmenleriñ, ýagny oguzlaryñ owşar boýundan uly jemagat şol ýerlerde oturýardy. Hem Teýmirleñiñ paýtagty nirede? Taryh goruñyzy saldarlap görüñ hany! Samarkantmy? Ýok, Hyrat. Galyberse-de, ortalyk milli buýsanjymyz beýik Alyşir Nowaýy Hyratda ýaşap geçmänmi näme? Teýmirleñiñ ogly Şahruh paýtagt Hyratda hökümdar bolup otyrka, onuñ ogly Ulugbek Samarkantda häkimlik edýärdi. XV asyryñ iñ uly syýasy we medeni merkezlerinden biri bolan Hyrat indi Owganystanyñ çäklerinde galdy. Sabir Karger dogry aýdýardy: Hyrat, Andhoý, Mazary-Şerif şäherleriniñ ýerleşýän sebitleri Günorta Türküstandy. Gojaman teýmiriler nesilşalygynyñ şol ýerde oturyşy ýaly, hut şol şejereden gaýdýan Babyr hem özüniñ beýik imperiýasyny häzirki Owganystanyñ topraklarynda gurup başlapdy. Sabir Karger dermanhanaçylyk fakulletini tamamlady we öz ugrundan işledi. Türkiýe respublikasynyñ raýatlygyna girdi. Ysmaýyl Gaspyralynyñ ýolundan gitdi: "Dilde, pikirde, işde birlik!" Türki ýurtlaryñ arasynda derman söwdasyny alyp barýardy, bu hem işde birlik prinsipine laýykdy. Türk, türkmen, özbek şiwelerini biri-birine garyşdyryp goşgular ýazýardy, ýazan goşgularyna saz düzýärdi - bu hem dilde birlikdi. Goşgularynda "Türk birligi" düşünjesini wagyz edýärdi, bu-da pikirde birlikdi. Onuñ aýdymlaryny ýatdan bilýärdik, bu hem sungatda birlikdi. Hoja Ahmet Ýasawynyñ sözlerine saz düzýärdi, Nowaýynyñ gazallaryny okaýardy, bu bolsa medeniýetde birlikdi. Sabir Karger, Andhoýuñ ylymly-bilimli maşgalasynda doglupdy. Buharada mugallymlyk eden atasy Andhoýda ilkinji häzirkizaman mekdebi gurupdyr. Kakasy-da Andhoýyñ merkezi orta mekdebini guran we dolandyran adam. Şular ýaly intelligent maşgalada ýetişen Sabir Karger "Eneýurt marşynyñ" sözlerini we sazyny ýanyna alyp, 1976-njy ýylda Türkiýä gelipdi. Şol ýyllaryñ türkçi-ülküji ýaşlary "Gözel Türküstan, saña näme boldy?" diýen aýdymy uly gynanç bilen aýdýardylar. Türküstan we Turan aýdymlarynyñ giñden ýaýramagy üçin amatly şertler döräpdi. Oruç Güwenç Stambulda, Aly Özaýdynly we Irfan Gürdal Ankarada türki dünýäniñ aýdym-sazlaryny giñden propogandirleýärdiler. Mämmet Sabir Karger bolsa özboluşly sesi we stili bilen türki dünýäniñ aýdym-sazlRyna täze bir öwüşgin çaýdy. Indi birentek ýokary okuw jaýlarynda türki dünýäniñ aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýän ansambllar bar. 16-18-nji oktýabrda-da On dokuzynjy maý uniwersitetinde geçirilen XI Halkara Dünýä dili türkçe simpoziumynyñ açylyş dabarasynda uniwersitetiniñ ansamblynyñ ýerine ýetirmeginde türkmen, krym, gazak halk aýdymlaryny diñledik we hemmämiz birlikde "Eneýurt marşyny" ýerine ýetirdik. Sabir Karger, "Ahmed Ýesewi" albomyndan soñ "Atatürk'e Şükran" albomynyñ-da üstünde işläp ýör. Han Atam, Tengrimni lütfy, gahryman Hakan Atam, Bizge Türk jumhuriýeti armagan kylgan Atam. Men uzakda, öz ilimde kimsesiz kalgan idim, Bagry kan ewlatlaryngge eşiking açgen Atam. Tengrimni "Tañrym" diýmek, eşiking - işigini, gapysyny manysynda. "Bizge", "kalgan", "açgen" ýaly sözleri-de eýýäm öwrenen bolsak gerek. Mämmet Sabir Kargeriñ täze albomyna uly höwes bilen garaşýarys. Ahmet Bijan ERJILASUN, bercilasun@hotmail.com "Yeniçağ" gazeti, 27.10.2019 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |