ÝETİK OZAN
Ýetik Ozan juwan ýaşda ýitiren zehinli türkologymyz we şahyrymyz. 1942-1978-nji ýyllar aralygynda bary-ýogy otuz alty ýyllyk gysga, ýöne manyly geçen ömründe diñe dostlary bolan biziñ däl, eýsem geçen asyryñ 70-nji ýyllarynyñ ülküjileriniñ (idealistler) we milliýetçileriniñ arasynda-da ýiti yzlary galdyrandygyna şek-şübhe bolup bilmez.
Hakyky ady Turgut Günaý bolan Ýetik Ozany ilki türk dilçisi hökmünde tanadyk. 1967-nji ýylyñ güýzünde Atatürk uniwersitetinde assistent bolup işe başlan wagtymda uly höwes bilen leksiýalara girerdik. Türk diline, göktürk diline. Höweslidik, çünki alymlyga talaşgärdik. Höweslidik, çünki türkçüdik we ülküjidik. Höweslidik, çünki leksiýalarda gürrüñ berýän zatlarymyz hutma-hut ülküji pikirlerimize uýgun meselelerdi.
Erzurumyñ özboluşly howasy bardy. Talyplaram ülküjidi we derrew dostlaşyp-doganlaşyp gidýärdik. Ýylma Durak, Ýawuz Akpynar, Sedat Ýurtsewen, Nihat Çetinkaýa, Erbug Gülsoý, Mahmut Aktaş ýaly zehinli talyplarymyz bardy. Emma meni haýran galdyran başga bir zat - şol wagta çenli diñe kitaplarda okan aşyklyk (bagşyçylygyñ bir ugry) däbiniñ Erzurumda dowam etdirilýändigidi. Çaýhanalarda aşyklar aýdyşardylar. Ýaşar Reýhani, Ilhami Demir, Mewlüt Ihsani, Şeref Taşlıowa, Myrat Çobanogly…
Turgut Günaýyñ şahyrlygy şol şertlerde ýüze çykypdy, kämilleşipdi. Ol aşyklar bilen deñ gidişip bilýärdi. Üstesine sazam çalýardy. Ussat şahyr goruny halk şygyryndan alýardy. Öýme-öý gezibem aýdyşyk gurnaýardyk. Men-ä näme şowagtlar bolubilsem höwesjeñ şahyr diýiljek derejedäki höwesjeñ ýigitdim. Turgut ýüzüniñ ugruna bir dörtleme aýdýardy menem pikirlene-pikirlene ol dörtlemä ýazmaça jogap berýärdim. Şeýdip nijeme gijelerimizi geçirdik. Birimiz Tutkun, birimiz Wurgun bolduk. Soñra ol aşyklyk stilinde ýazýan goşgularynda Fyrkaty tahallusyny ulandy.
Turgut Günaýyñ kämil şahyr bolup "Töre" žurnalynyñ üsti bilen orta çykdy. 1971-nji ýylyñ tomsunda ussat ýazyjymyz Emine Yşynsunyñ tagallasy bilen çykmaga başlan "Töre" žurnaly geçen asyryñ 70-nji ýyllarynda ülküji ýaşlaryñ ruhy hemrasyna öwrüldi. Şol wagtyñ ýaşlary pikire, sungata, poeziýa, romanlara janköýerdiler. "Töre-de" törejanmy! Nejmetdin Hajyeminogullary, Mehmet Erözler, Erol Güngörler, Mustafa Kafalylar… Aýhan Tugjugil dagylar türk milliýetçiliginiñ pikir sistemasyny "Törede" ýazmaga başlapdylar. Joşkun Karakaýa, Mehmet Başbug, Garipkafkasly ýaly suratkeşlerimiz bardy. Ynha, şu toparyñ poeziýadaky wekili Ýetik Ozandy. Hytaý zulmy şowagtlaram bardy. Häzirem ähli aýylgançlygy bilen dowam edýän Hytaýyñ zalymlygy Ýetik Ozanyñ goşgularynda şeýle kagyza dökülýärdi:
Täk güwäsi dilsiz gijedir günüñ,
Gurşun ýüreklerde poslanan kiniñ,
Ganly hakykatyn örtende Çiniñ,
Tirýekli düýşüne iner-de galar.
Adamzada ýumuk çapakly gözler,
Gara maýaklarda şeýtany yzlar,
Ölüm toýun toýlar maskaly ýüzler,
Çirkin gülüşlerde doñar-da galar.
Ýetik Ozan ýat elleriñ astyna düşen türkleriñ agysyny aglap goşgular ýazdy, Anadolynyñ kilimini ýazdy, nagmasyny ýazdy. Daşy gara-ýaşyl reñk boýalan sahaply "Hüwi uçurumy" ("Atmaca Uçurumu") onuñ ilkinji goşgular ýygyndysydy. 1973-nji ýylda "Töre Devlet Yayınları" neşirýatyndan çykan bu kitap şol wagtyñ ülküjüleriniñ elinden düşmän okalýardy.
Nida Tüfekçä bagyşlan "Baglama" goşgusynda saz misli nobatçylyk çekýän merdana ýigit deýin göz öñüñde janlanýar:
Genjede topraksyz läle mysaly,
Töwrizde baýdaksyz gala mysaly,
Kerkukda jeýlansyz bala mysaly,
Ýetim tary, bendi jorasy bardyr.
Nije ki ölüm bar ir-giç takdyrda,
Bir içli agyda dymýandyr perde,
Garajaoglanyñ ýatdygy ýerde,
Soñsuza çen nobat tutasy bardyr.
2019-njy ýylyñ 14-nji dekabrynda Türk medeniýeti boýunça ylmy-barlaglar institutynda Ýetik Ozany ýatladyk. Ýaşlardan we halypalyga ýetişenlerden üýşen ýokary añ-düşünjeli diñleýjilere Ýetik Ozany gürrüñ berdik. Dursun Ýyldyrym, Iskender Öksüz we men. Konýaly aşyk Ýagyz Ozan hem saz çalyp, nagma söýledi. Fyrkatynyñ (Ýetik Ozanyñ) aşyklar tarapyndan aýdym edip aýdylýan ep-esli goşgusy bar. "Baglama", "Kilim" ýaly goşgularyna düzülen aýdymlar TRT-niñ aýdym-saz gaznasyna girdi.
1978-nji ýylyñ sowuk gyş günleriniñ birinde "Men bilbil ölüsi, sen gül gurusy, Boluberdik gaş bilen göz arasy" diýdi-de, gaş bilen gözümiziñ arasynda gidiberdi. Şindi onuñ "Rize İli Ağızları" kitaby dilçilere, "Atmaca Uçurumu" , "Ülkü Bağı" goşgular ýygyndysy ülküjülere hemişelik ýadygär galdy. Turgut Günaý - türkologiýa taryhynyñ, Ýetik Ozan - edebiýat taryhynyñ ýyldyzy bolup aramyzda ýaşamagyna dowam edýär.
Ahmet B. ERJILASUN,
bercilasun@hotmail.com
"Yeniçağ" gazeti, 22.12.2019 ý.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly