00:35 Türkçüler turançydyr | |
TÜRKÇÜLER TURANÇYDYR
Edebi makalalar
Türkçüler Türk diýlende, diñe Türkiýe respublikasynyñ raýatlaryny göz öñüne tutanok. Dünýäniñ haýsy künjegibde bolsa bolsun, tapawudy ýok, türki gany bolan ýa-da türki dilleriñ birinde gepleýän ähli ynsanlary TÜRK hasaplaýar. Bu düşünje terzi islese-islemesi türkçüleri turançy edýär. Türkçüler özleri bilen bir kowumdan bolan, özleri bilen bir dilde gepleýän barça türkleriñ gowulygyny isleýär. Dünýäniñ niresinde bolsa-da, hiç bir türküñ zyýan çekmegini, dert-alada uçramagyny islemeýärler. Türmede oturan, watanyndan alysda galan, zorluk-sütem astynda horluk çekýän türkler üçin aladalanýarlar. Türkçüler tussag astyndaky türkleriñ garaşsyz we öñdebaryjy bolmagyny isleýärler. Bu isleg turançylygyñ birinji tapgyrydyr. Ähli türki halklaryñ bileleşmegi we agzybir bolmagy-da türkçüleriñ iñ uly arzuwlarynyñ biridir. Agzybirlikden güýç-kuwwat dogýandygyna ynanýarlar. Dünýäde goñşy ýurtlar we beýleki ýurtlar türki döwletleriñ öz mümkinçiliklerine görä bileleşmäge sary neneñsi ymtylýandygyna gowy düşünýärler. Ykdysady gatnaşyklar, medeni gatnaşyklar, ylym-bilim gatnaşyklary... Mümkinçiliklerine görä haýsy ýoluñ has howpsuz, has ynamly we has netijelidigini göz öñüne tutýarlar we ädimlerine şoña görä ädýärler. Iñ soñky maksat - ähli türkleriñ bitewi syýasy bileleşigini gurmakdyr. Bu bolsa turançylygyñ ikinji etabydyr. Turan berkarar bolany bilenem iş gutarmaýar. Syýasy bileleşigiñ gapdaly bilen Turanyñ ebediligini hem üpjün etmek gerek. Munuñ üçin ähli türkleriñ güýçli bolmagy zerur. Hemme zatdan ötri gerek zat - ruhy güýç, ruhubelentlik. Her bir türk Turan diýlen bagtly geljege we munuñ ebedilik boljakdygyna jany-teni bilen ynanmalydyr. Bu ynanjy ruhlarynda duýmaly we mizemez iman bilen işläp, belentliklere galmaly. Atatürküñ "Türk! Oka, buýsan, işle, ynan!" sözüniñ manysy-da şudur. Türkler ýarasylyşy we taryhlary bilen öwünmäge haklydyrlar, we bu buýsanjyñ güýji bilen zähmet çekmelidirler. Ruhy güýç, ynha, hut şu azm we ynançdyr. Ruhlardaky ruhy güýçden soñ kämilleşme bar. Her bir türk ylym-bilim we medeniýet bilen özüni kämilleşdirmäge borçludyr. Ylym-bilim we maglumat bolmazdan hiç zat etmek mümkin däl. Adamlar diñe ylym-bilim we medeniýet bilen ruhy taýdan şahs derejesine ýetýärler, sözüñ doly manysyndaky ynsana öwrülýärler. Sowatly we medeniýetli türk näçe köp bolsa, ylyma bolan talap hem şonça çuññur duýulmaga başlar. Garaşsyz türki döwletleriñ ösmegi üçinem, bileleşik gurmagy üçinem türk bileleşigiñ dowamlylygyny gazanmak üçinem ylym-bilim hökmany şert. Ylymda iñ öñde barýan ýurt dünýäni dolandyrma hukugyna eýe bolýandyr. Her bir türküñ ylym-bilimden we medeniýetden ýüküni tutmagy Turan ýurdunyñam ylymda öñdebaryjy bolmagy, munuñ netijesinde Turanyñ dowamly berkararlygynyñ gazanylmagy-da turançylygyñ üçünji etabydyr. Ylym-bilimde beýgelmegiñ soñy ýokdur. Ylymdaky üýtgeşmeler kyýamata çenli dowam etjekdir. Türkçüleriñ maksady - ylymdaky üýtgeşmeleriñ lokomotiwi bolmak, şeýlelikde Turanyñ galkynan we öñdebaryjy ýurt bolmagyny gazanmakdyr. Turan behişdi ýurt bolmalydyr. Turanda ýaşaýan hiç bir raýat garyp bolmaly däldir. Turanyñ garyp-gasary bolmadyk barjamly türkleri iñ gowy we iñ oñaýly durmuş şertlerinde ýaşamalydyrlar. Turanyñ sümme tokaýlary, ýaýlalary, daglarynyñ garly gerişleri, dereleri, kölleri, gök deñizleriniñ kenarlary jennet mysaly bolmalydyr. Türkler şular ýaly jenneti ýerlerde kämil medeni we sungat eserlerini döredip ýaşamaly, wagtlaryny hoş geçirmeli, birlikde aýdymlaryny aýtmaly, nagmalaryny ýañlandyrmaly. Turanyñ muzeýleri, Turanyñ üç ölçegli (3D) kinofilmleri we teleseriallary, Turanyñ suratlary we heýkelleri, Turanyñ opera we simfoniýalary, Turanyñ şygryýeti, prozasy we dessanlary diñe türkleriñ däl, bütun adamzadyñ ruhuny joşa getirmeli. Bu bir Gyzyl almadyr we taryhyñ ähli döwründe türkler gyzyl almany özlerine öñdäki ýetilmeli indiki sepgit edip goýdular. Turanyñ üçünji etabyna türküñ gyzyl almasy diýsegem bolýar. Ählu adamlaryñ bagtyýarlykda agaýana döwran sürüp ýaşamaly jenneti. Käbir okyjylaryñ Türkiýe şular ýaly galagoply ýagdaýdaka bular ýaly badyhowa arzuwlafy nädip akyl-oýuñyza getirip bilýärsiñiz diýip soraýandyklaryny duýman duramok. Dünýäniñ hiç wagt bir durşuna durmaýandygyny, 1989-njy ýylda Berlin diwarynyñ ýykylandygyny, Gündogar bloguna (Warşawa paktyna) girýän ýurtlaryñ Moskwadan uzaklaşandygyny, SSSR-den ýigrimi, Ýugoslawiýadan sekiz, Çehoslowakiýadan iki döwletiñ çykandygyny, SSSR-den çykan bäş döwletiñ türki respublikalardygyny, iki aýry Germaniýanyñ birigendigini we bütin bularyñ soñky otuz ýylyñ içinde bolup geçendigini ýatdan çykarmalyñ. Dünýä özgerip dur, biz näme üçin özgermeli däl? Özgerişi oñyn tarapa gönükdirmek biziñ öz elimizde. Özgermek üçinem ynanmak we arzuw etmek gerek. Ahmet B. ERCİLASUN bercilasun@hotmail.com "YENIÇAĞ" gazeti, 16.02.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||