TÜRKI HALKLARYÑ ILKINJI ŞAHYRY:
▶ARPIN ÇOR TEKIN
Arpin Çor Tekin, türki kowumlaryñ umumy edebiýat taryhynda maniheizm dininiñ täsirinde goşgular ýazan ilkinji türki şahyrdyr. Arpin Çor türkmen edebiýatyna hem gönüden-göni degişlidir.
Arpin Çor Tekiniñ haçan we nirede ýaşap geçendigi barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýokdur. Ýöne onuñ adyndaky "Tekin" goşulmasy Arpin Çoryñ begzada gatlakdan bolandygyny görkezýär.
Turfan gazuw-agtaryş işlerinde 1919-njy ýylda Albert won Le Kouk tarapyndan ýüze çykarylyp, awtory anyklanan ilkinji goşgular Arpin Çor Tekine degişlidir. Mälim bolan iki goşgusyndan ilkinjisi üç kupletden ybarat bolup, goşgynyñ birinji küpledi zaýalanypdyr. Goşgy dini temada ýazylypdyr.
Ikinji goşgusy söýgi temasynda ýazylan we ýedi bentden ybarat. Goşgynyñ birinji bendi okap bolmaz ýaly derejede zaýalanypdyr. "Söýgülim" ady berilen bu goşgy umumy türki edebiýatymyzyñ iñ gadymy we ilkinji nusgalarynyñ biri hökmünde garamak mümkin.
Türkmen edebiýatyny gaýtadan we köpgyrañly öwrenmegiñ, edebiýat meýdanynda käbir üýtgewsiz hakykat ýaly añymyza guýulan käbir düşünjeleri üýtgedip gurmagyñ wagty gelip ýeten bolsa gerek.
◆ ◆ ◆
"SÖÝGÜLIM"
(Orginal nusgasy)
Sewgili kasynjygymyn öýü kadgurar men
Kadgurdukça
Kaşi körtlem
Kawyşyksaýur men.
Öz amrakymyn öýür men
Öýü ewirür men edü
Öz amrakymyn öpügseýür men
Braýyn tisem
Baç amrakyn
Baru ýeme umaz men
Bagyrsakym.
Kireýin tiser
Kiçigkiýem
Kiru ýime umaz men
Kin ýypar ýydlygym
Küçlüg priştiler
Küç birzün
Közi karam birle
Külüşepen külüşügin oluralym
Ýaruk tenriler
Ýarlykazun
Ýawaşym birle
Ýakyşypan adrymalym.
◆ ◆ ◆
Terjimesi:
Söýgülimi ýat edip hasrat çekýärin
Hasrat çekdigimçe
Gaşy gözelim
Gowuşmak isleýärin
Söýgülimi ýatlaýan men
Ýatladykça göçýärin
Öz söýgülimi öpmek isleýän
Gideýin diýsem
Gözel söýgülim
Gidibem bilemok men
Janym
Gireýin diýsem
Kiçijegim
Giribem bilemok men
Müşki-anbar yslym.
Güýçli perişdeler
Güýç bersin
Gözi garam bilen
Gülüp-gülüşip oturaýyn
Nurly tañrylar
Bagyşlasyn
Ýuwaşjam bilen
Birleşip aýrylmaýyn.
# Makala Ahmet Bijan ERJILASUNyñ "Başlangyçdan XX asyra çenli türki diller taryhy" kitaby esasynda taýýarlandy.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly