09:52 Nämüçin?!. | |
NÄMÜÇIN?!.
Goşgular
![]() Set müň, set müň, set müň leşgeri bilen, Ýurtbasarlar uruşýarlar nämüçin? Asuda oturan iliň, Üstüne abanýarlar. Gyrýarlar, Gyrylýarlar. Bir-birekden bu dünýäni, Nämüçin gabanýarlar? Ýöne weli üstün çykýar ýaragdan, Halkyň gahar-gazaby. Ýitýär şonda ýurtbasaryň Leşger hasaby. Napoleon bilenem şeýle bolupdy, Şeýle bolup-da Gitler bilenem. Gara toprak gyzyl gana dönüpdi, Milýon, milýon şirin janlar sönüpdi. Şeýle boljagyny bilse-de duşman, Nämüçin, nämüçin etmeýär puşman?! Adamzat döräli bäri dünýäde, Ýurtbasarlar oňuşmaýar nämüçin?! Nämüçin?! Nämüçin?! Nämüçin?! Belki, bu-da Ýaradanyň emridir, Tükenýänçe munda adam tohumy, Adamlary adam gelip gemredir. Niçe “akylly men” diýse-de ynsan, Barybir ol iýip ýör öz pohuny... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |