02:13 Nazym Hikmete | |
NAZYM HIKMETE
Goşgular
![]() Säher bilen ýene göwün galkyndy, Ýene "bolsadylar" çekdi elimden. Bu belent daglaryñ saýasyna men Ýöräp geldim şol beletje ýolumdan. Synlap dagyñ suratyny, durkuny, Ýylgyrdym, şatlandym misli bir çaga. Synlap dagyñ baýlygyny, görküni, Onlap "bolsadynam" uçurdym göge. "Bir zad-a bolmaly, näme bolsamkam!! Dagyñ buludymy, kümüş garymy. Magdanymy, ümürimi, gaýasy Ýa-da onuñ injirimi, narymy?!" Men jogap gözledim şeýle sowala, Men jogap gözledim, çar ýana bakdym. Şol mahal bir ýerden "Gulak sal, bala..." Diýip, dagyñ göwsün ýardyñ-da, çykdyñ. Gaýalardan gaýalara dyrmaşyp, Diýdiñ: "Ne gar, ne-de bag... bolgun, oglum. Başarsañ şolary özünde jemlän, Synlaýan dagyñ dek dag bolgun, oglum... Säher bilen ýene göwün galkynar, Ýene "bolsadylar" çeker elimden. Şu belent daglaryñ saýasyna men Ýöräp gerin şol belentje ýolumdan. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |