09:23 Bagtyñ suraty | |
BAGTYŇ SURATY
Goşgular
20-nji fewral: Şu gün şahyr Italmaz Nuryýewiñ doglan güni. Bu dert maňa çagalykdan ýolukdy... Bolsa meniň sähelçejik boş wagtym, Ähli aladadan özümi gizläp, Suratyn çekmäge başlardym Bagtyň. Ilki-ilkiler ejem janyň pul düşse, Maňa alyp berjek bir bölek gandy Hem orakdan soňra bişirjek nany Meniň üçin Bagt bolup göründi. Soňra-da girdi ol topuň keşbine Gezdim menem oň yzynda at salyp. Bir günem alnymdan ýalbyrap çykdy Güler ýüzli gözel gyza öwrülip. Şeýdip, aý geçdikçe ulaldy Bagt Hem ýylsaýyn üýtgetdi öz syratyn. Her halam şu wagta, Şu wagta çenli Kyn düşse-de çekipdim oň suratyn. Indi welin juda, Juda ulaldy... Şu gülli sähranyň, açyk asmanyň Hem öz bagtyn azabyndan agtarýan, Päk ýürekli müňläp-müňläp ynsanyň Bagty meniň Bagtym bolup görünýär... Bu suraty çekäýmeklik juda kyn. Belki-de meň uzak ömri sarp edip, Oňy soňlap bilmän galmagym mümkin. Her halam begenýän, Ýaşadygymça Batyňam ulalyp, barýandygyna. Hem onuň suratyn çeksemdim diýip Umyt bilen gadam urýandygyma. Begenýän ýürekden, Jandan begenýän, Sebäbi men düşünýärin bir zada. Uly Bagta aşyk bolup gezmäniň Özi-de bir bagt ahyryn dünýäde. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |