23:18 Hoşlaşyk | |
HOŞLAŞYK
Goşgular
Ýaşlyk bilen hoşlaşara çen boldy, Arman, oň üçinem boş wagt gerek. Seret, öňde gol bulap dur menziller, «Tizräk ýet» diýip, owsunýar ýürek. Ýolumda keserip ýatan daşlary Golumdaky kerkim kül-owram edýär. Oň sesinden gorkup, elheder alan Gojalyk gizlenýär, Syr bermän gidýär. «Hoş gal, ýaşlyk, hoş gal, irdim men senden» Diýip, ondan ara açjak boldum men. Soňra öz sözüme geň galdym özüm: – Walla, muny nädip aýdyp bildimkäm?! Ýaşlyk welin gülüp bakýar şonda-da: – Eý, akmak, özüňi kemsitme beýdip. Mensiz bu durmuşyň ýokdur gyzygy, Göwnüňe gelmesin galdyryn öýdüp. Seň arzuwlaň – lowurdaýan ýyldyzlar, Meň bilen ömürlik baglady seni. Menem bahar bilen, Bahary bolsa Mukaddes topraga daňdy gös-göni. Toprakda birigen kökler aýrylmaz, Wah, muny mensizem bilýänsiň ahyr. Ýok gowsy ýaýdanyp durma sen beýdip, Hany öňe tarap gadam ur, şahyr... Oňde bolsa garaşyp dur menziller, «Tizräk ýet» diýip, owsunýar ýürek. ...Ýaşlyk bilen hoşlaşara çen boldy, Arman, oň üçinem boş wagt gerek. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |