14:38 Ýap-ýañydy... | |
ÝAP-ÝAÑYDY...
Goşgular
Ýap-ýañydy mahmal howañdan sorup, "Salam, Baky, salam!" diýip duranym. Ýap-ýañydy köçelerñe ser salyp, Meñ ilkinji gezek gadam uranym. "Salam, Baku, salam!" diýip duranym. Eýýäm myhmanlygym çykypdyr ýatdan, Seniñ bilen kemsiz öwrenşipdirin. Ýakynlyk syzýaryn her duşan zatdan, Öñden tanyş ýaly her baran ýerim, Seniñ bilen kemsiz öwrenşipdirin. Bu gün señ göwsüñde toýdur-şagalañ, Şahyrlarna alkyş aýdýar halaýyk. Okalan, okalýan täsin şygyrlañ, Pel-pelläp asmanda gaýyp ýör, gaýyp. Şahyrlarna alkyş aýdýar halaýyk. Guwanyp toýuña hem-de kesbiñe Aýaklarym degmese-de ýere meñ. Bir seredýän señ ajaýyp keşbiñe, Bir-de uçup ýören goşgulara men. Aýaklarym degmese-de ýere meñ. Sizi bir-birekden seljermek çetin, Ýa sen şygra meñzeş, ýa şygyr saña. Aýdym bilen beslenipsiñ büs-bütin, Heý-de bir buýsanman bolarmy muña. Ýa sen şygra meñzeş, ýa şygyr saña. Şol meñzeşlik bilen galýañ serimde, Belki, şoñ üçinem ezizsiñ, eziz. Çünki, şygryñ şalyk sürýän ýerinde Men özümi myhman duýamok heniz. Belki, şoñ üçinem ezizsiñ, eziz. Dostluk sözün eşidýän her duş gelenden Köne dost dek mährem her bir görenim. Ýogsam ýap-ýañydy señ köçeleñden Meñ ilkinji gezek gadam uranym, "Salam, Baku, salam!" diýip duranym. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |