20:51 Bakuwda şeýle bir ýadygärlik kän | |
BAKUWDA ŞEÝLE BIR ÝADYGÄRLIK KÄN
Goşgular
Bakuwda şeýle bir ýadygärlik kän, Ýadygärlik kän. Ýa Baku heýkeller mekanymykan? Sagyña ýöreseñ, ýadygärlik bar, Soluña ýöreseñ, ýadygärlik bar, Garaz, nirä gitseñ bir ýadygärlik Señ geljek ýoluña bakýar hyrydar. Mermerden ýasalan ýadygärlikleñ Hersi bir döwürden galan ýadygär Ýöne olañ hut şu günki nesile Hem geljekki nesile Aýdylmaly sargydy bar, pendi bar. Onsoñ olañ her haýsy bir tär bilen - Biri aýdym bilen, Biri tar bilen, Birisi baýdakdyr şygarlar bilen, Birisi dessandyr şygyrlar bilen Öz döwründen gür berip dur, gür berip, Bakuwlylar bolsa ol merdanlara Alkyş aýdyp, gül berip ýör, gül berip. Şeýdibem şu günki bagtly nesiller Özüniñ geçmişi, Taryhy bilen, Ata-babasynyñ tarypy bilen Her ýerde, Her demde duşuşyp ýörler. Olañ kalbynda-da bar beýik ynam: "Şular ýaly baky ýaşajak bolsañ, Halkyñ bähbidini arap gez senem!.." Bakuwda şeýle bir ýadygärlik kän, Ýadygärlik kän, Oñ sebäbi nämekän?.. Bakuwlylar pagta hanalaryny, Ýüpegiñ, nebitiñ tonnalaryny Matalañ metrini... sanamaklygy Başarýar kemsiz... Ýene-de bir zady, Mukaddes zady, - Halkyñ aladasyn gerdene ýükläp, Tupanlary böwsüp, otlardan ätläp, Gezen gerçekleri sylamaklygy Başarýar kemsiz. Şundan gözel Asylly iş barmykan? Bakuwda şeýle bir ýadygärlik kän! Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |