14:54 Italmaz Nuryýew | |
ITALMAZ NURYÝEW (1938-1985)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, ussat şahyr Italmaz Nuryýew 1938-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çöňür obasynda eneden dogulýar. Ol orta mekdebi tapawutlanan bahalar bilen tamamlaýar. Obada işleýär. Soňra 1964-nji ýylda Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny üstünlikli tamamlaýar. Şahyr goşgy düzmeklige mekdep ýyllaryndan başlaýar. Onuň ilkinji goşgular ýygyndysy «Bahar güli» ady bilen 1963-nji ýylda Aşgabatda neşir edilýär. Italmaz Nuryýew Watan, il-gün, toprak, tebigat, sährä hakda türkmen topragynyň geçmişi, şu güni, ertiri, onuň zähmetsöýer gahrymanlary hakda, umuman, durmuş hakda öz pikirlerini, gaýgy-aladalaryny, şatlyk-buýsançlaryny okyjylar bilen deň paýlaşýar. Ine, şu hem Italmaz Nuryýewiň döredijiliginiň esasy aýratynlygydyr. Şahyr, maşgalasy Amangül Nuryýewa bilen bäş çagany Enegarry, Güljahan, Maýsa atly gyzlaryny, Agadurdy, Wepa atly ogullaryny terbiýeläp ýetişdirýärler. Ol döredijilik ýoluna 1956-njy ýyldan başlady. Şahyryň ilkinji kitaby «Bahar güli» ady bilen 1963-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap edildi. Garaşsyzlyga garaşan Italmaz Nuryýewiň bize galdyryp giden edebi mirasy az däl. Onuň ýazan edebi makalalary, goşgulary dünýä edebiýatyndan eden çeper terjimeleri nusga alarlykdyr. Mundan başga-da, «Men gündogarly» (1969 ý.), «Ýyldyzlaryň jogaby» (1970 ý.), «Ýyllar meniň basgançagym» (1971 ý.), «Halasgär» (1975 ý.), «Goşgy okap bereýinmi?!» (1977 ý.) atly goşgular kitaplary neşir edildi. Italmaz Nuryýewiň «Ответ звезды» (1970 ý.) hem-de «Спасибо за соль» (1976 ý.) atly kitaplary Moskwanyň «Советский писатель» neşirýatynda «Стихи» atly kitaby bolsa (1980 ý.) Moskwanyň «Художественный литературы» neşirýatynda rus dilinde neşir edildi. 1977-nji ýylda şahyr Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolýar. Şahyr 1964-1975-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde, öňki «Türkmenfilm» kinostudiýasynda (häzirki «Oguzhan» adyndaky Türkmenfilm birleşiginde) «Magaryf» neşirýatynda dürli wezipelerde zähmet çekýär. Döredijilik işinde bolup, birnäçe eserleri döredýär. Şahyr çeper terjimäniň ussady hökmünde hem meşhurdyr. Onuň «Polistinanyň şahyrlary» atly (1974 ý.) hem-de şahyr Asen Basowyň goşgularyndan eden terjime kitaplary (1978 ý.) neşir edildi. Ol körpe okyjylara «Ertekiler dünýäsine syýahat» atly goşgular kitabyny (1976 ý.) sowgat etdi. Italmaz Nuryýew Sergeý Ýesenin, Resul Gamzatow, Nazym Hikmet, Pablo Neruda ýaly şahyrlaryň eserlerini hem ussatlyk bilen türkmen diline terjime etdi. Şahyr Italmaz Nuryýewa 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakyldy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Italmaz Nuryýew «Ýollar bizi duşurmazmy», «Saýawanyň astyndaky aýdym», «Gitme sen», «Türkmenistan-baharystan» ýaly diňleýjileriň göwnüni awlan onlarça aýdymlaryň sözlerini döretdi. Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/129. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |