23:18 Pent | |
PENT
Goşgular
Iki gezek gelinmeýär bu dünýä, Iki gezek gelmek derkar däl, derkar. Bir gezegem ýeterlikdir, başarsaň, Maksatlarňy etmek üçin berkarar. Iki gezek gelmek derkar däl, derkar. Geçen günleriňi ýatlap oturma, Aladaň köpdügin nygtap ýörme sen. Hol köçeden aglap barýar bir zenan, «Tiz kömege» öwrül, beýdip durma sen. Aladaň köpdügin nygtap ýörme sen. Çöküp barýar kem-kem ullakan köpri, Bar-da, bir sütüniň ornun eýele. Goý, adamlar öňküsi dek gatnasyn Hemem sebäp tapsyn «sagbol» diýere. Bar-da, bir sütüniň ornun eýele. Bägül ek, aýdym aýt, garaz, il-güne Gerek adam bolup ýaşa dünýäde. Şonda maksadyňa ýetdigiň bolar, Bu ýagdaýy duýaňokmy sen ýa-da, Gerek adam bolup ýaşa dünýäde. Başarmasaň, ömrüň pul deý şowursaň, Tozga deý tozadyp goýberseň herýan, Iki däl, üç gezek gelseň-de dünýä, Gözüň ýaşly bolar, bagryňam birýan. Ömrüňi tozga dek sowursaň herýan. Beý diýsem, ejizläp düwlüp oturma, Zerur bolsa, ömri paýlap gezginiň. Şeýdip, iň belent zat ynsançylygyň Berjaý edip öňden gelýän düzgünin, Bir ömrüňde söýüp, söýlüp gezginiň. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||