22:29 Nikolaý Tihonow | |
NIKOLAÝ TIHONOW
Goşgular
![]() 1930-njy ýylda Türkmenistana gelen rus ýazyjylarynyñ arasynda N.Tihonow hem bardy. Ol Magtymgulynyñ mekanyna - Garrygala syýahat edip, ülkämiziñ bu gözel künjegi we onuñ adamlary hakynda ajaýyp eserler döretdi. Gürrüñ berýär, ine, içginden-içgin, Başy garly Köpetdag deý bir goja. Dürdäne sözler akyl-paýhasdy, Söhbet etdi meniñ bilen bu gije. Otuzynjy ýyllar Sumbar boýuny, Agam Nury bilen bile syrypdyr. Soraýar ol meniñ bälçik agamy, (Dymýan, ýyllar ömür gülün tiripdir). Egýär goja çal başyny birsellem... Soñra ony jadylaýar Aýdere. Salam getiripdir Puşkin ilinden, Pyragy, Zelili gezen ýerlere. Durna gözli Aýderäniñ suwundan Gana-gana kök çaý içipdir derläp. Pyragyñ nesliniñ ahwaly niçik? Ýola düşüpdir ol atyn eýerläp. Mahal-mahal dag ýodasyn külterläp, Eññitlerden aşak inen çaglarym; Oñ atynyñ dükürdisi eşdilýär, (Owazyny saklan eken daglarym). Ýel bozmandyr ýarym asyr geçse-de; Arpaklende gördüm onuñ yzyny. Bu gün neberesi sanardan has kän Gulpagyny sypalanja gyzynyñ... Saçlary al jahankeşde gojany, Aýt, niçik ýüregiñden söýmejek?! Ojagyña tagzym eden kişiniñ Aýt, niçik sözlerine uýmajak?! Gürrüñ berýär ine, içginden-içgin, Başy garly Köpetdag deý bir goja. Dürdäne sözleri akyl-paýhasly, Söhbet etdi meniñ bilen bu gije... 2.VIII.80 Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |