00:02 Noeliñ taryhy kökleri | |
NOELIÑ TARYHY KÖKLERI
Lord Raglan diýen alymyñ "Dinleriñ asly" ("The Origins of Religions") diýen kitaby Rim imperiýasy döwründe dini jemagatlaryñ däp-dessurlary barada gymmatly maglumatlary berýär. Kitapda şeýle diýilýär: "Iññän gadymy döwürlerde ýaş ýetginjegi hudaýlara gurban etmek we ediljek gurbany bir ýyllap aýratyn saklap onuñ her bir islegini berjaý etmek, ýylyñ aýagyna-da ony gurbanlyk edip etini iýmek we ganyny içmek adaty dinden habary bolmadyk käbir taýpalarda bardy. Gurban edileniñ etinden we ganyndan ekin meýdanlaryna sepeläp ýeriñ bereketli boljagyna ynanýarlardy. Gurban edilmek üçin saýlanan kişiniñ taýpanyñ dini kethudasy bilen ylalaşyp, ýerine başga biriniñ gurban edilmeginiñ hem bolýan wagty bardy. Ýerine başga biri gurban edilen kişi bolsa ýene bir ýylyñ dowamynda mukaddes hasaplanyp, her bir islegi ýerine ýetirilýärdi. Netijede dowamly mukaddes saýylan we her islegi berjaý edilen şahsyýetler döräpdir. Bu "mukaddes" kişilere taýpalary tarapyndan "patyşa" ýa-da "diri hudaý" hökmünde garalyp başlanypdyr. Şeýdibem bu "mukaddes" kişileriñ adamlyklarynyñ, ýagny bedenleriniñ aýry bir şahsyýet, hudaýlyklarynyñ aýry bir şahsyýet bolandyklary baradaky ynanç döreýär. Hudaýyñ bu adamlara aralaşyp, bedenlerine ýerleşendigi baradaky ynanç bu nadan taýpalaryñ arasynda döräpdir. Belli bir wagtdan soñra ol taýpalaryñ mukaddes hasap eden adamlaryna hudaý ýa-da "hudaýyñ ogly" diýip çokunmaga başlaýarlar". Gadymy döwürdäki butparazlarda ýa-da dürli milletlerde hudaýlaryñ, ýarym hudaýlaryñ we gahrymanlaryñ legendar hekaýatlary mifologiýada aýdyñ şöhlelenipdir. Olarda ilki dini däp bar, soñra bu däbi ornaşdyrmak üçin mifologik hekaýatlar toslanyp tapylypdyr. Adamlar toslama hudaýlaryñ ölmegi ýa-da direlmegi bilen özleriniñ halas boljagyna ynanypdyrlar. Halas ediji hudaýa ynanan taýpalaryñ iñ bellemeli tarapy olar adamyñ hudaý bilen birleşjegine, bitewileşjegine ynanýanlygynda we simwolik et iýmek, içgi içmek adatlarynyñ barlygyndadyr. "Halas ediji hudaý" ynanjy soñra "Gün hudaýy" bilen birleşdirilýär. Her bir halas ediji hudaýyñ gyş paslynyñ başynda dogulýandygyna ynanylýardy. Gyşyń başy bolsa Grigorian kalendaryna görä 25-nji dekabrdyr. Hristianlar bolsa Isa pygamberi "Halas ediji hudaý" hökmünde kabul edip, bu gijäni başlangyç we "Noel gijesi" hökmünde her ýyl baýram edip bellemäge başladylar. Edward Karpenter dürli dinleriñ "Halasgär hudaý" baradaky hekaýatlaryñ, meselem grekleriń Dionisi, rimlileriñ Gerkulesi, persleriñ Mitrasy, müsürlileriñ Amon Rasy, Osirisi, Izisi, demirgazyk samileriñ Baaly, assiriýalylaryñ we wawilonlylaryñ Tammuzy bilen Isa pygamber baradaky soñ döredilen hekaýatlaryñ birmeñzeşligine ünsi çekýär. Onuñ aýtmagyna görä: 1. Bu agzalan hudaýlaryñ hemmesi 25-nji dekabrda ýa-da şol güne golaý günlerde dogulýar; 2. Hemmesi-de ärsiz zenandan dogulýar; 3. Hemmesi-de gowakda ýa-da ýerasty köweklerde dogulýar; 4. Hemmesi-de adamlar üçin dürli muşakgatlara döz gelýärler; 5. Hemmesi-de "nurlandyryjy", "gowulaşdyryjy" we "şepagat ediji" atlaryny göteripdir. 6. Hemmesi-de şer güýçler tarapyndan ýeñlişe uçraýar; 7. Hemmesi-de dowzaha ýa-da arş togalagynyñ beýleki tarapyna inipdirler; 8. Hemmesi-de gaýtadan direlipdirler we adamlaryñ jennete girmegine öñbaşçylyk edýärler; 9. Hemmesi-de adamlar bilen ýakyn gatnaşykda bolan keramatlylar hasaplanypdyrlar we çokundyryş dabarasy bilen jemagat kabul edýän dinleri berkarar edipdirler; Hemmesi-de gurbanlyk berilen iýmitleri iýip ýatlanypdyrlar. (Maglumat üçin seret: Lord Raglan "The Origins of Religions"). Nýu-Ýork uniwersitetiniñ taryh professory Waelanse Ferguson hem "hristiýan edim-gylymlarynyñ, belli günleriniñ butparaz edim-gylymlary we belli günleri bilen meñzeşligine, wagtynyñ birligine" ünsi çekýär. Meselem Noeliñ taryhy Eýranda we Rimde Gün hudaýy Mitranyñ doglan günüdi. Bu belli gün iññän gadymy döwürlerden bäri butparaz dünýäsinde möhüm baýramçylyk günleriñ biridi. Harputly Yshak Efendi "Diýa-ül Kulub" Terjime eden: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |