"NOHUR TÄSIRLERI"
Atdaşym A.Seýuitnurowa
■ Nohurda
Daglar göge galtaşýar
Nohur atly obada.
Bulaklar gaýnap joşýar
Nohur atly obada.
Ýatladyp dur çynarlar,
Ýaşap geçdi çyn ärler,
Niýetiñden tanarlar,
Nohur atly obada.
Hasaply her daban ýer,
Gara daşdan önýär zer,
Mañlaýyñdan damsa der,
Nohur atly obada.
Myhmana hezik eder,
Dar jülge giñär gider,
Gelenem göwnär gider,
Nohur atly obada.
Kalba girer bada-bat,
Oba bolmaz gowa ýat,
Her daşy bir rowaýat,
Nohur atly obada.
Daglar daglara bakar,
Suwam belende akar,
Gowy gowyny tapar,
Nohur atly obada.
■ Ypaýgala
Jennet diýseñ kemsinersiñ,
Jennetdenem zyýada.
Tarypyñ kem gelse birden,
Bagyşlarmyñ sen ýa-da?!
Yhlasym-a däldir kemter,
Zehindedir bar bela.
Gürrüñ açsak niçik bolar,
Geçmişden Ypaýgala,!
Bütewi gala ekeniñ,
Bölüpdirler oñuşman,
Bolañsoñ Iki paý gala,
Heşelle kakan duşman.
Ulaldyp öýke-kinäni,
Ikä bölüp bir synany,
Daglañ daşyn daglapdyrlar,
Soñra köýüp aglapdyrlar...
Ýeñil düşen iki bölek
Galalara zabt eýlemek.
Häzirem türkmen ilimde
Bar bir-biriñi çeýnemek.
Gözlerim bu daglar bilen,
Syr alyşdy, köp gürleşdi.
Iki gala ýüregimde
Öñküsi deýin birleşdi.
■ Degirmenli dere
Eger gelseñ bu derä,
Degirmenler garşylar.
Geljek galar yzyñda,
Geçmiş durar garşyñda.
Degirmenler monjuk deý
Düzülipdir bu derä.
Aý-günleri aýlapdyr
Harazlar ýöräp-ýöräp.
Aý-günler ýöräp-ýöräp,
Harazlary aýlapdyr.
Degirmenler derede
Ile ömür paýlapdyr.
Il-gün üýşüp bulagy
Sowup barýan ýolundan.
Akdyrypdyr gaýanyñ
Edil orta bilinden.
Belentden inen suwlar
Degirmeni işleden.
Ömür uzak bor eken
Deriñ döküp, işleseñ.
Daşy oýup, münderläp,
Edipdirler akaba.
Neneñ ömür bermejek,
Şunuñ ýaly azaba.
Bil-baldyryñ güýjünden
Çekipdirler minneti.
Ýagşy güne ýetiren
Degirmenler milleti.
Ýürek urgusy deýin
Togtamandyr hereket.
Bu ýerden urba alan,
Şu günlerki bereket.
Dagyñ süññünden döräp,
Siñip otyrlar daga.
Bikärlige gynanyp,
Guwanyp ajap çaga.
Gojalar bilýär gadryn,
Degirmeni taryplar.
Ýaş-ýeleñe gara daş,
Bolup bilse taryhdyr.
Eger gelseñ bu derä,
Degirmenler garşylar.
Geljek galar yzyñda,
Geçmiş durar garşyñda.
■ Nyýazbikeuçan gaýasynda
- Dur dogan, dur dogan,
Uçma gaýadan.
Diñe göreş bilen
Söýgi aýalar.
Dur dogan, dur dogan,
Etme ejizlik.
Ýeñmesin ýene-de
Nejis nejislik.
Dur dogan, dur dogan,
Ýokdur ganatyñ.
Ýatla, ýar kalbyna
Gonan halatyñ.
Dur dogan, dur dogan,
Ýokdur etmişiñ.
Ýarasy bolma sen,
Geljek, geçmişiñ.
Dur dogan, dur dogan,
Bäs gel matlaba.
Ýaryña ýetmersiñ
Özüñ oklab-a.
Dur dogan, dur dogan,
Ölüm aşakda.
Ýar söýgüsi bilen
Päliñ duşakla.
Dur dogan, dur dogan,
Daglar aglaýar.
Gara ýüñ bulutlar
Güni baglaýar.
Dur dogan, dur dogan,
Zarlaýar çeşme.
Geçme sen dünýäden,
Söýgüden geçme.
Dur dogan, dur dogan,
Güýçlüdir yşkyñ.
Gaýadan uçup däl,
Uz ýöräp düşgün.
Dur dogan, dur dogan,
Gülmesin duşman
Söýgiñ ejizlänin
Bilmesin duşman.
Dur dogan, dur dogan,
Gum bor gülbeden.
Garyplar garap dur
Garyp külbeden.
Dur dogan, dur dogan,
Olar köýmesin.
Gaýadan goýberme
Ýaryñ söýgüsin.
Dur dogan, dur dogan,
Ömüriñ nusga.
Nusgalyk ömüriñ
Bolmasyn gysga.
Dur dogan, dur dogan,
Otlanma otsuz.
Gara gaýa galsyn
Öñki deý atsyz.
Dur dogan, dur dogan,
Ýar bilen tapyş.
Gitme sen dünýäden,
Kalbymdan ýapyş!
■ Şaglawuk
Gaýanyñ saçy tözlenip,
Dökülipdir gerdeniñden.
Topugyna düşýär gelip,
Galdyrasyñ ger zeminden.
Gaýa - aýna, şemal darar,
Darar, älemgoşar dörär,
Gözelligi kalba sanjar,
Gudrat çabraýar deminden.
Bolar eken munça hyjuw,
Şaglawuk bir dem salnan suw,
Gel-de argyn kalbyñy ýuw,
Paýhas durlanar eminden.
Daglaryñ zemine yşky,
Göçürmäge taýýar goşgy,
Ýada düşýär söýgim - başky,
Ötsem şaglawuk deñinden.
Şaglawukly gözel dere,
Müñ hyýal getirip sere,
Özlerin oklap şähere,
Ogullar zarlar soñundan.
Seçer durar hünjülerin,
Hünjä öwrer ünjüleriñ,
Bir ajaýyp künji ýeriñ,
Aýrylmak kyndyr öñünden.
Daşyp durup kalbyñ diñlär,
Ýürekdeşleñ başyn jemlär,
Wagtyñ azdyr, küýseg kem däl,
Ýylda bir gelseñ keminden.
Göwün syryñy paýlaşsañ,
Dostlaryñ bilen çaýlaşsañ,
Dünýäde jaýdar jaýlaşsañ,
Bakylyk alyp elinden.
Sypap-sypap zülpleriñi,
Synlap-synlap dik seriñi,
Jady suwuñ köp ýerini,
Çykaryp bolmaz añyñdan.
Gaýtalap şygryn atdaşyñ,
Eren baga öwrüp daşyn,
Sypap-sypap gaýañ döşün,
Çykýar dünýäniñ keýpinden.
Ir-iýmişli degre ýany,
Oba sary salar ýoly,
Çelgi alan tapar ýaly,
Hiç sowulmaz öz ýolundan.
Ýigrim bäşiñ dälisimi,
Şahyr ýürek ýalysymy,
Bu daglaryñ namysymy,
Dörän ahmyryñ müñünden?
■ Muhammetguly Atabaýewiñ mekdebinde
Atabaý aganyñ iñ uly ogly
Biçak okumyşdy, çyn sowatlydy
Kemsidip çetine kän degseler-de;
Kalbyny işinden hiç sowatmady.
Göterjekdi il-gününiñ ykbalyn,
Ylym köşgün gurup çynar astynda.
Gojaman çynarlar
juwan çynaryñ
Boldumy ölmüne sebäp aslynda?..
Bäşinjin aldyryp otyr dört çynar,
Ak mekdebi basyp gara bagryna.
Tarypyny etseñ Muhammetgulyñ
Her şahasy setir boljak şygryña.
Çynar bolup al-asmana dyzap dur
Muhammetgulynyñ beýik höwesi.
Köpden bäri munda kakylmaýar jañ,
Sapaga çagyrýar taryhyñ sesi.
Goh ýok, galmagal ýok, diýseñ ümsümlik,
Artykmaç bu ýerde özgäniñ sözi.
Indi mugallymsyz taryh sapagyn
Gelene geçip dur mekdebiñ özi.
* * *
Dostlaryñ gallap dursa,
Bu daglarda daşyñy,
Goşga öwresiñ geler,
Nohuryñ her daşyny.
Dodaklaryñ kepemez,
Gözellige teşnesiñ.
Goşga öwresiñ geler,
Nohuryñ her çeşmesin.
Bäş barmak deý bäş dere,
Oba getir ýöreseñ.
Goşga öwresiñ geler,
Nohuryñ her deresin.
Saklaýarlar sarpasyn,
Gojalaryñ öwdüniñ.
Dosty bolasyñ geler,
Nohuryñ her ýigdiniñ.
Daga düşünip bolmaz,
Her gerşinden aşmasañ.
Nä körüñ bar Nohurda,
Eger gelip joşmasañ?!
Aşyrguly BAÝRYÝEW.
Goşgular