10:38 Nowella näme? | |
NOWELLA NÄME?
Edebiýaty öwreniş
Häzirki döwrüň edebiýatynyň kyssa (proza) žanrynda, aglaba köp ýagdaýlarda, okyjylaryň köpüsi tarapyndan kiçi göwrümli kyssanyň “nowella” diýen görnüşi “hekaýa” diýen aňlatma bilen manydaş hasaplanýanam bolsa, munuň beýle däldigini, bu ugurdan hünärmenler we edebiýatşynaslyk bilen çynlakaý gyzyklanýanlar bilýändirler. Eýsem, nowella näme? Edebiýaty öwreniş ylmyndan belli bolşy ýaly, edebiýatda “nowella” diýen adalga “novella - täzelik” diýen italýan sözünden gelip çykyp, kyssa žanrynyň kiçi göwrümli görnüşleriniň biri bolup durýar. Beýik nemes şahyry Gýote: “Nowella – bu bolup geçen görlüp-eşidilmedik hadysanyň beýanydyr” diýipdir. Nowellanyň esasy häsiýetli alamatlary şu aşakdakylardyr: 1. Gysgalyk; 2. Ýiti sýužet ýordumy (gyzykly waka); 3. Beýan etmegiň tarapgöýsüz usuly (awtoryň suratlandyrýan wakasyna öz gatnaşygyny açyp görkezmezligi); 4. Çeper keşpleriň (personažlaryň) azlygy (iki-üçden köp bolmazlygy); 5. Çeper keşpleriň içki dünýäsine beýlebir çuň aralaşylmazlygy (psihologizmiň minimallygy ýa-da ýoklugy); 6. Garaşylmadyk netije. Edebiýat ylmynda nowellanyň emele gelmeginiň gözbaşyny ertekilerden, basnýalardan, heneklerden alyp gaýdandygy bellenilýär. Ýöne, şonuň bilen birlikde-de nowella öz “atasy hem enesi” bolan edebi döredijiligiň agzalan görnüşlerinden birnäçe häsiýetli alamatlary bilen tapawutlanýar. Mysal üçin: 1. Nowella – henekden (anekdotdan) diňe bir gülkünç ýa-da köpmanyly-teýeneli wakany beýan etmän, eýsem gynançly, hasratly ýa-da mähirli wakalary beýan etmek mümkinçiliginiň bardygy bilen tapawutlanýar; 2. Nowella – basnýadan köplenç ýagdaýlarda öwüt-nesihat häsiýetiniň ýa-da göçme manyly (allegoriýa) beýan etmek häsiýetiniň ýokdugy bilen tapawutlanýar; 3. Nowella – ertekiden adatça, jadyly sýužet ýordumynyň ýoklugy bilen tapawutlanýar. Eger-de nowellada (mysal üçin gündogar nowellasynda) jadyly wakalar suratlandyrylýanam bolsa, ol waka hakykatda bolmadyk erteki hökmünde däl-de, durmuşda bolup geçen geň-enaýy hadysa hökmünde şekillendirilýär. Nusgawy nowella Ýewropanyň Renessans (Galkynyş) döwründe ýüze çykypdyr. Esasanam, Jiowanni Bokkaççionyň “Dekamerony” nusgawy nowellanyň ilkinjisi hasaplanýar. Soňra adamzadyň her bir edebiýat eýýamy nowellanyň düzüm gurluşyna öz täsirini ýetirýär. Mysal üçin, romantizm zamanasynda nowellalarda mistiki häsiýetli sýužetleri beýan etmäge ýykgyn edilip, hakyky durmuşylyk bilen olaryň nowellanyň gahrymanynyň aňyndaky özgermeleriniň arasyndaky serhet tas ýitip gitmek derejesine ýetýär. Mysal üçin, Gofmanyň “Çäge adamy” atly nowellasy. Ýöne, soňra, edebiýatyň realizm döwründe nowella ýene-de özgerip, onuň sýužet ýordumynda daşky wakalary şekillendirmeklige we çeper keşpleriň içki dünýäsine has çuň aralaşmaklyga (psihologizme) ýykgyn edilip başlanýar. Şol bir wagtda-da kiçi göwrümli kyssanyň beýleki görnüşleriniň has ýörgünli bolmagy bilen nowella görnüşinde hekaýa ýazmak seýrekleşip başlaýar. Edebiýatyň taryhynda J.Bokkaççio, Ernst Gofman, Gi de Mopassan, Prosper Merime, Stefan Sweýg, Edgar Po, A.Puşkin, A.Çehow, I.Bunin, O.Genri, Artur Konan Doýl we beýlekiler, nowellanyň ussatlary diýlip hasap edilýärler. Çeşmesi: https://www.bukinistu.ru/novella. https://www.culture.ru/s/slovo-dnya/novella/. Terjimesi biraz üýtgedilip edildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |