18:45 Nusgawy eseriñ täze ömri | |
NUSGAWY ESERIŇ TÄZE ÖMRI
Teatr we kino sungaty
Ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlygynda sahnalaşdyrylan dünýä belli rus ýazyjysy hem dramaturgy Anton Pawlowiç Çehowyň «Aýy» atly pýesasyna tomaşa edeniňden soň, şeýle pursaty başdan geçirýärsiň: durmuşyň jümmüşinde ýaşap, ony öz ybratly ykbalyň bilen bezeseň we ynsan diýen belent adyňy haklap, ýagşylykda yz galdyrsaň, ana, şol bütin ömrüňe degýän möhüm zat. Baş drama teatrynyň sahnasynda goýlan «Aýynyň» sahna bezegini Güljemal Saparowa bilen Merjen Çaryýewa ýerine ýetiripdirler. Dogrusy, bezegçiler XIX asyryň rus dworýan maşgala durmuşyny ýürege ýakyn ýagşylykly görnüşde şöhlelendiripdirler. Abdylazym Rejepowyň bu pýesa üçin saýlan sazlary-da tüýs jüpüne düşüpdir. Ol waka hem ahwala, gahrymanlaryň ruhy dünýäsine laýyk ýaňlanýar. Bu sahna eserini yşyk bilen bezemek işi hem döwrebaplyga eýe, ýagny ol özboluşly röwüşde şöhlelenýär. Täze spektakla tomaşa edip, ýurdumyzyň Baş drama teatrynda işlemek bilen dünýä belli drama eserini teatryň sahnasyna çykaryp, özüni ilkinji zehinli zenan režissýor hökmünde görkezip, ajaýyp bir pýesany milli teatr sungatyna getiren, ony daşary ýurt dramaturgiýasy bilen baýlaşdyran Gülälek Akmyradowany bize diňe gutlaýmak galýar. Şu ýerde režissýoryň asistenti Şemşat Kasymowa, kömekçisi Mekan Şyhyýewe hem öz hoşallygymyzy bildirýäris. Çünki rus halkynyň wekilleriniň sahnadaky keşbinde özüne muwapyklygy ýüze çykarmakda olaryň hem döredijilikli zähmeti bar. «Aýynyň» aýdyňlygyny şadyýanlyga öwürýän wals tansynyň ýerine ýetirilmegi ilkibaşda gussaly maşgala durmuşyny alaýazlykdan başlamaga bolan ynamy hem ymtylyşy berýär. Režissýoryň oýlap tapan bu çeperçilik sahna çözgüdi durmuşy diňe şadyýanlyga beslemekden ybarat. Şonuň üçinem pýesanyň başynda ýerine ýetirilen saz hem wals tansy eseriň soňunda öz ykrarlygyny gazanýar. Tansy goýujy Taisiýa Alyýewanyň tansa mylaýymlyk, ýumşaklyk äheňini çaýmagy tüýs jüpüne düşüpdir. «Aýy» atly sahna eserinde Ýelena Popowanyň keşbini ýerine ýetirýän artist Şemşat Kasymowa bu keşbiň dünýäsini örän inçelik bilen açýar. Zenan kalbynyň näzikligi bilen birlikde onda öz ýaryna we maşgala ojagyna bolan ömürlik wepa bar. Ol dünýäde näzikligiň, mähremligiň, asyllylygyň, salyhatlylygyň dabaralanmagyny isleýär. Şonuň üçinem ol gödeklige, gödek sözlere we hereketlere düýbünden garşy. Onuň bu ajaýyp häsiýeti artilleriýanyň ätiýaçdaky poruçigi, mülkdar Grigoriý Stepanowiç Smirnowyň (artist Azat Didarow) öz iş dolandyryjysy hakda gödek sözleri aýdanda, şeýle aýdyň ýüze çykýar. Gödek häsiýetli Grigoriý Smirnow algydarlygynyň üstüne sallah hem. Onuň mülkdarlygy ony eljiredipdir, gödekleşdiripdir, ulumsylaşdyrypdyr. Adamlar bilen gatnaşykda salyhatlylygy, asyllylygy unudypdyr. Tomaşaçylar turuwbaşdan onuň bu häsiýetini halaman seredýärler hem şol pursatda özleriniň ynsanlykly häsiýetine bolan dünýägaraýşyny kalbynda berkidýärler. Ýelena Popowa gödekligiň garşysyna gödeklik bilen çykmaly bolýar. Sebäbi ol ynsan ahlagyny iň bir belentde goýýar we ony ýaşaýşyň mizemez binýady hasaplaýar. Bu bolsa oňa zenan batyrlygyny, gaýduwsyzlygyny, dogumlylygyny berýär. Onuň bu otlukly häsiýeti Grigoriý Smirnowy haýran galdyrýar. Bu zenan häsiýeti onuň kalbynda rehimdarlyk duýgusyny, soňra-da yşk oduny alawladýar. Hatda oňa algysyny hem geçirdýär. Režissýoryň özüniň oýlap tapan görnüşi: Smirnow algydarlyk hatyny öýdeniçer Luka bilen ýyrtyp taşlaýar. Grigoriý Smirnow Ýelena Popowa öz yşkyny mälim edende, öý bikesi ony «ýigrenýänligini» aýdyp kowýar. Gitse bolsa, ony yzyna çagyrýar. Diýmek, Ýelena Popowa hem ony söýüpdir. Näme üçin? Sebäbi Grigoriý Smirnow öz gödekliginden el çekip, sypaýy, salyhatly häsiýete eýe bolýar. Häsiýetiň şeýle çalt özgermegi ynsanyň ruhy dünýäsinde bolup geçýän hadysa. Ol indi bir zenan üçin, ony söýdüren yşk üçin janyndan geçmäge taýýar. Zenan kalbynyň gözelligine we näzikligine düşünip, oňa ömürboýy tagzym edip ýaşamak isleýär. Ol özünde hakyky söýginiň güýjüni duýýar. Şu ýerde Ýelena Popowanyň düşen ruhy ahwaly tomaşaçylarda hem-ä gülki döredýär, hem-de zenan kalbynyň örän inçe duýgusyny, onuň bir pursatda psihologik taýdan özgerişini açyp görkezýär. Ýalňyzlykdan, sussupeslikden halas bolmak durmuşyň düýbündäki dünýäni — ruhubelent, şadyýan, jebislikli, bagtyýarlykly ýaşaýşy we halal, ynsanperwer, adamkärçilikli ykbaly saýlap almak, şeýdibem ynsan ýaşaýşyny ýagtylandyrmak A.P.Çehowyň «Aýy» atly sahna eseriniň baş many-mazmunydyr. Bu bolsa pýesada öz hakyky çözgüdini tapypdyr. Şu ýerde öýdeniçer goja Lukanyň (artist Hezretmyrat Öwezow) keşbi hakda aýdyp geçsek ýerlikli bolar. Luka — pespäl, sada, durmuş halar goja. Ol Ýelena Popowa durmuşda ruhubelent, şadyýan ýaşamagy maslahat berýär. Hatda atda gezelenç etmegide ündeýär. Luka bu dünýä gelen her bir ynsanyň asylly, salyhatly, mylaýym, adamlara ýürekdeş bolmagynyň tarapdary. Onuň ýüň ýaly ýumşak häsiýeti tomaşaçylarda ýaşaýşyň erk-islegini şeýle adamlaryň eline bermek islegini oýarýar. Luka dünýäde ynsan göwnüni, onuň mertebesini belent tutýar. Özüne aýdylýan gödek sözlere biperwaýlyk duýgusy onuň keşbini has-da beýgeldýär. — Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda medeniýeti, edebiýaty, sungaty parahatçylygy dörediji güýç hökmünde tekrarlaýar. Rus nusgawy edebiýatynyň belli wekili A.P.Çehowyň «Aýy» atly drama eseriniň ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň sahnasynda goýulmagy iki doganlyk halkyň edebi gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda ynsanperwerlikli gatnaşyklara öwrülýänligini alamatlandyrýar. Munuň üçin biz — teatr sungatynyň işgärleri Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys — diýip, režissýor Gülälek Akmyradowa söhbetdeş bolanymyzda aýtdy. Süleýman ILAMANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |