17:00 Adam Watany bilen beýik | |
ADAM WATANY BILEN BEÝIK
Oýlanmalar
● Watan hakda kiçijik kyssa Könelerimiz öz dogduk depesini dünýäniñ gupbasy, ýeriñ maýasy, älemiñ parhy hasaplapdyrlar. "Zeliliniñ Watan çykmaz serinden" diýip, Gurbandurdy Zeliliniñ ýazyşy ýaly, adam öz Watany bilen adam, Watany bilen beýik, Watany bilen baý hem jomart. Watanyndan alysda ýaşaýan tüçjaryñ hem öz ömrüniñ gönezligini, many-mañzyny gazanan genji-käni bilen däl-de, Watanyna bolan söýgüsi, yssy mähri bilen ölçeýändigini hergiz-hergiz unutmalyñ! Goý, ol her näçe elpe-şelpelige ýykgyn edibersin, barybir Watan zary onuñ ýüreginiñ agzyndan agram daşy ýaly asylyp durandyr. Gözleseñ, iliñ - Watan! Ýöreseñ, ýoluñ - Watan! Garañky gijeler gözüñi ýumsañam, Aý ýaly aýdyñ, Gün ýaly mälim Watan! Dünýäde iñ ýaman zat - Watan terkilikdir. Watandan geçmek - iliñden geçmek. Iliñden geçmek - din-imandan geçmek. Onsoñ sen bu dünýäde sergezdan peşmeksiñ, gury salgymsyñ, Bedeniñde güýç-gaýratyñ çyrpynyp duran duran bolsa-da, sen hiç zatsyñ, ejizsiñ, egbarsyñ. Watan - Adalatdyr, Kanagatdyr, Wysaldyr. Sen öz Watanyñda tapmadyk adalatyñy gaýry ýerlerden neneñsi taparsyñ? Kanagatly, sabyrly kişiniñ arzuw-niýetiniñ, adyllyk isleginiñ öz ýurdunda wysal bolýandygyny göre-göre gelýäris. Şeýle adamlar öz ýurdundan, il-gününden hoşaldyr, ondan müñ keren razydyr. Çünki olar özleriniñ kiçijik halal işlerinoñ Watan beýikligine, il mertebesine goşulýandygyna berk ynanýarlar. Şonuñ üçinem olaryñ aýagy Watan topragynda, başy Watan asmanynda sarsman, buýsançlydyr. Päkizd ruhy bolsa Arşy-aglada ine-gana, azat-erkana ýaýylyp, ýaýnap, perişdeler bilen şol uçup ýör, uçup ýör... Süleýman ILAMANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |