08:33 Daýhan dünýäsiniñ şahyry | |
DAÝHAN DÜNÝÄSINIÑ ŞAHYRY
• Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasowyň şygyrlarynyň ruhy şekilleri Daýhan dünýäsini türkmen şygryýetinde ilkinji bolup, özboluşly ruhy şekillerde, duýgulaýyn keşpde giňden açan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasowdyr. K.Ylýasow bu açyşyny 1966-njy ýylda neşir edilen «Daýhan häsiýeti» atly şygyrlar ýygyndysynda äşgär edipdi. Şahyr türkmen daýhanynyň ruhy keşbini: daýhan dünýäsini, daýhan zähmetini, daýhan durmuşyny, daýhan dessuryny diňe bir halkymyza däl-de, eýsem, adamzat ähline açmagy başardy. Topragy «tylla jama» deňän şahyryň pelsepe çuňlugy bagtyýarlyk döwrümiziň çuňňur many-mazmunly daýhan dünýäsinde — häsiýetinde, hereketinde jemlenipdir. Keremli baýlygyny tutuş adamzada eçilýän türkmen topragyna — «tylla jama» «dilleri aýdymly» «adam sili» akyp gelýär. Şahyr şu ýerde täsin bir pelsepeli garaýşy öňe sürýär: eger-de pederleriň işleýşi ýaly, halal, agzybir, parahat zähmet çekilse, onda dünýäde rysgal-bereket artyp, bolçulyk bolup, «tylla jamyň» baýlygy hiç haçan egsilmez, gaýtam köpeler, nesilden-nesle dowam eder. Bu bolsa adamzat nesliniň bir maksada gulluk etmeginde amala aşjak global meseledir. Durnukly ösüş maksatlaryndan ugur alýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan ynsanperwer syýasaty hem dünýäni we adamzady bolçulyga besläp, bolelinlikde ýaşatmakdan ybaratdyr. Ussat şahyryň daýhan dünýäsinden tapan zady: türkmen daýhanynyň açyk ýüregi we saçagy. Eýsem, türkmen daýhany bu belent myhmansöýerligi, sahawat-keremi kimden, nämeden, nireden aldyka?! Onuň jogaby nagt: toprakdan. «Daýhan häsiýeti» şygry muny şeýle tekrarlaýar: Daýhanyň ýanynda batmarsyň gama, Dünýä güler, ol bälçiräp güldügi. Ýüreginde hormat goýmak adama, Daýhanyň toprakdan alan endigi. Türkmen topragyny — giden hasylly meýdanlary «Bagt saçagy» atlandyran şahyr daýhanyň sözüni meýdany dolduran iň bir mukaddes söz saýýar. Çünki daýhanyň sözi: hasyl, rysgal-bereket, bolçulyk, bolelinlik. Topragyň doklugy — il-halkyň doklugy. Bol hasylly toprak — dünýäniň iň parahat, asuda, abadan ýeri. Şonuň üçinem şahyr daýhana buýsanyp, oňa şeýle ajaýyp setirleri bagyşlaýar: Bar ýerde gürrüldi, bar ýerde şowhun, Bark urýar bugdaýly, pagtaly düzüň... Eýsem-de, daýhan dünýäde näme üçin we kim üçin ýaşaýar? Ine, bu sowala oba şahyry «Daýhan sözi» goşgusynda daýhanyň öz sözi bilen şeýle jogap berýär: Beýik halkym, bolsun bagtyň zyýada, Seniňki geçilen, geçiljek menzil. Baglydygňy duýup bir uly zada, Ýaşamak jahanda nähili hezil. Şahyr sähraýy ýigide şu toprakdan, sähradan alan bagtyny bütin dünýä paýlamagy sargyt edýär. Näme üçin? Çünki dünýäde bir özüň bagtly bolanyň ýeterlik däl, ähli adamzat kowumy bagtly bolanda, şonda sen doly bagtyýarsyň. Şahyryň şeýle pelsepesi bolsa, «göwnüň çyrasy» kimin gülli ýaýladan «gursagyň Günli» dünýä hem-de äleme nur saçmakdan ybarat. Gün, gül, nur, sähra — kalbyň mähri, söýgüsi bolup, olary adamzat ähline ýetireniňde, şonda bagt özüni görkezýär we ol hakyky bagta öwrülýär. Şahyryň kalbynda atyzdyr keşler bilen birlikde, ýanbaşyny beren çöpem juda bagtly, özem pälwan ýatan ýaly ägirt. Ýüregi topraga, ykbaly oba adamlaryna çeken şahyr «Munda...» şygrynda bu hakda şeýle ýazýar: Enemiň pürepür gursagy kimin, Bagt bilen çyrpynýar bu atyz, bu keş. Çilde ýanbaşlanan ýönekeý çöpem, Tirsegine ýatan pälwana meňzeş. Şahyr daýhanyň häsiýetini toprakdan alandygyny tekrarlamak bilen birlikde, onuň toprakdaky pagta hasylyny-da ynsan durmuşy, ykbaly, gözelligi bilen birleşdirýär. Daýhan zähmetinden dörän gözellik ynsan gözelligine öwrülýär. Muny şahyryň «Pagta» atly goşgusy aýdyň subut edýär: Seni görsem tolgunybir ýüregim, Sen şeýle görmegeý, şeýle görmegeý. Säherler ýylgyrşyň hanaňy serpip, Bir bagtly işigi açan gözel deý. Şahyryň şygyrlarynda obanyň tebigy keşbi täze bir öwüşgine eýe bolýar. Zähmet bilen derçigen ýapylardan, gollardan döwlet hem bereket tapan ynsan üçin oba ýollary dünýäde dogry, dürs ýol bolup görünýär. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Çünki oba ýollary halal zähmetli we onuň miwesi bolan bol hasylly meýdanlara eltýär. Şahyr ony «arzyly ýere» — dünýäde iň bir hormatlanylýan, mertebelenilýän ýere alyp barýan ömür ýolunyň iň bir manyly we şatlykly menzili hökmünde kabul edýär. Şeýle bereketli ýol bilen ömrüň sapaly dowamatyna ýene-de dowamat goşulýar. Daýhan pederiň daýhan perzendine berýän pendi-de daýhan dünýäsindäki ömürlik zatlaryň, onda-da zerur, mukaddes zatlaryň tymsalynda getirilýär: ...Ýagşylyk et, her zat göwnüňe alma, Derýalar sag bolsa, akar oksalma... Şahyryň oba durmuşy, tebigaty bilen baglanyşykly bagyň täze hasyla durşy ýaly, täzeliklere ýugrulan setirleri örän kän. Şolardan ýekejesine ýüzleneliň: «Saçak — sähraň öýdäki bir bölegi». Şahyr gadymy halkymyzyň topraga keramatlyk derejesindäki garaýşyny beýan etmek bilen, topragy ene hökmünde sylamagy ündäp, şeýle täzeçillikli setirleri ýazypdyr: Rysgal beren synasyny basalap, Äwmezlikden ýere ýaman suw serpseň: Enäniň emdiren süýdün hapalap, Gaýtaryp ýüzüne serpen bilen deň. Şahyr oba durmuşyny, zähmet meýdanyny hertaraplaýyn şöhlelendirmekde aýratyn tapawutlanýar we bu ugurda şahyrana gözýetimi has-da giňeldýär: Ak ýalynda gaýnap, lowurdap duran, Meniň ýüregimdir altyn tüňçe deý. * * * Diýilse geline: — Açarňy getir — Şol öý, bir çukura tüýküren öýdür. * * * Ýöne şol tikenler hut dabanymdan Bir haýyr iş üçin batan ekeni. Erişin soguryp damarlarymdan, Meni ene ýere çatan ekeni. Oba adamlaryna, durmuşyna ömürlik ykbalyny badaşdyran şahyr üçin daýhan ýüreginiň mähri, söýgüsi, zähmeti, yhlasy, kalbynyň owazy giň ekinzarlyga, gür baglyga siňip, hut barlygyň özüne öwrülipdir. Muny şahyryň şeýle ajaýyp setirleri-de aýdyň görkezýär: Topragyň üstünde ýaşap göreşýän... Gül bezeýär dabanlarmyň aýtymyn. Aýdýar baglyk şol şemala yranyp, Atalaryň-eneleriň aýdymyn. * * * ...Adamlaryň, Bulutlaryň, Gülleriň Birigen görkünden dünýä döreýär. Şahyr oba adamlarynyň — zähmetkeş daýhanlaryň dünýäsinde zähmetiň we zähmet meýdanynyň bitewi keşbini döredýär. Ussat şahyr «Suwçynyň sözi» atly goşgusynda daýhanyň, topragyň, suwuň, asmanyň hem-de Günüň Zemindäki güýji bilen birleşen gudratynyň Ýerde beýik ýaşaýşy döredýändigini şeýle setirlerdäki täsin duýgularda açýar: Ne ajap topragyň, suwuň howasy, Ýüzüme çaýylýar suwdaky güneş. Asmanym ýanymda, Günüm ýanymda, Däldir güýç-kuwwatym hiç zada meňzeş. Diýmek, suwçy ýigidiň güýç-kuwwaty hiç zada meňzemeýän bolsa, onda ol gudrata ýakynlykdyr. Şahyryň şygryýet dünýäsi oba durmuşyny dünýäniň durmuş belentligine çykarýar. Ol ata bakyp, ýer görýär, enä bakyp, der görýär, ile bakyp, ser görýär. Deri söýüp, sil alýar, ýeri söýüp, gül alýar, seri söýüp, Gün alýar. Soňra-da sil bilen gaýnaýar, gül bilen baýnaýar, Gün bilen ýaýnaýar. Görşümiz ýaly, bu eşretiň, bagtyýarlygyň sakasynda ynsan dur, onuň belent söýgüsi, zähmeti dur. «Ynsan, zähmet, söýgi — şu üçüsi bilen dünýäni-de, älemi-de gülledip bolar» diýen beýik pelsepe biygtyýar kalbyňa dolýar we ol seniň ruhy dünýäňi kanagatlandyrýar hem-de gül-gülzarlyga besleýär. Şahyr ýeri, topragy, asmany, Arşy birleşdirýän güýç hökmünde daýhan gyzyny, onuň päkize, arassa söýgüsini örän belentde goýýar: Söýenligim üçin diýseň hoşwagt men, Bu ýeri hem seniň kimin jenany. * * * Ýog-a seniň yşkyň hiç serhet çägi, Men saňa meňzedip goýdum ýer-gögi. Şahyr tebigatyň, topragyň, suwuň, howanyň zaýalanmagyny ynsanyň biparhlygyndan, geleňsizliginden görýär. Çünki bu dünýäniň ýaşaýjysy bolan paýhasly ynsan tebigata hossar bolmaly, oňa aýawly çemeleşmeli, gorap saklamaly. Bu hakdaky hakykaty şahyr şeýle beýan edýär: Sadyr suwuň bolmaklygy, Adam, diňe seniň günäň. Şahyryň mukaddes, keramatly topraga badaşan ýüregi onuň üstündäki her bir zada örän mähremlik, eserdeňlik, jogapkärçilik bilen garaýar, olary janly zat hökmünde ykrar edýär we goragynda berk durup, olaryň hiç haçan ynjadylmazlygyny isleýär: Ak säherde Adamlardan haýyşym, Agaçlary silterlemäň gudurap. Ýatda saklaň, Ýapraklaryň gözi bar, Atdanlykda Gaçaýmasyn buldurap. Iki-ýeke topbak-topbak ak bulut, Ýigitleriň telpegi deý agarýar. Ýaşyl murty ýaňy taban tebigat Daýhanlary giň meýdana çagyrýar. Şahyr oba adamlarynyň, daýhan dünýäsiniň däp-dessur tutumyna — asyldan-aňyrdan gaýdýan, ata-babalarymyzyň halallygyna, ene-mamalarymyzyň päkligine ýugrulan ýörelgäni örän inçelik bilen açyp görkezýär: Eneleriň süýdi bilen garylyp, Berkidipdir ýigitleriň ýüregin. Şo sebäpli, biri bilen bölüşmän, Türkmen iýip bilmez döwüm çöregin. Bu setirlerde, elbetde, halkymyzyň belent adamkärçiligi, ynsanperwerligi, dostluk-doganlygynyň çuňňur kökleri jemlenendir. Şeýle adamzat ähmiýetli milli häsiýetimiziň dünýä çykanyny biz bagtyýarlyk döwrümizde öz gözümiz bilen görüp, oňa hut özümiz gatnaşyp ýörüs. Mähriban halkyna baky bagtyýarlygy bagyş eden hormatly Prezidentimizi bu günki günde ähli daýhanlar-da, tutuş halkymyz-da çäksiz alkyşlaýar. Daýhan dünýäsiniň belent ynsanperwerliginiň dünýä ykraryýeti şu setirlerden-de äşgär duýulýar: Onuň kalby meňzeş gandyrlan ýere, Sürülen toprak deý mahmaldyr eli. * * * Bu gün ýene polat ata atlanyp, Çekýärin düzlere çilleň täzesin. Ertir ile bagt paýlap derlerim, Ýaryp çykar gowaçanyň gozasyn. Daýhan zähmetinden hasyl bolan gowaçanyň pälwanlyk keşbi, bagtlylyk görnüşi täze çeperçilik çözgüdine eýe bolmak bilen, ol kalbyňa merdemlik ruhuny çaýýar: Ýükli çiginlere bir durup bakyň, Süýüm-süýüm bolup dökülip dur nur. Ol meniň gowaçam — bu beýik halkyň Bagtyny göterýän ýigit deý ör dur. Şahyr «Görnüş» atly şygrynda täze bir şahyrana çeperçiligi açýar: «ak hanalar uçjak guş ýaly, höwürtge deý gozalarda pelpelleýär», «sonalaryň guş ýygnaýan bukjasy olary ýygyp gabarylýar». Soňra bolsa olar biri-birine goşulyşyp, asman taýa sütün bolup düzülýär. Ine, muňa täze, şahyrana meňzetme, özem tüýs jüpüne düşen çeperçilik täri diýerler. Şonuň bilen birlikde bu ýerde poetiki sazlaşyk çeperçilik tärleriniň täsinligi bilen täze çeper many-mazmuna ulaşýar. Many-mazmun çuňlugy şygryň ömürlik ýaşamak hukugyny gaýtaryp berýär. Şahyr «Sekizlemelerinde» şeýle ajaýyp setirleri ýazypdyr: Ýagşylary gözläp ýörün, Açylmadyk ýyldyz ýaly. Hawa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasow oba adamlarynyň her biriniň kalbyny, ruhuny, dünýäsini ýyldyz ýaly açyp gidipdir. Şeýle bolansoň, şahyryň ajaýyp şygyrlaryndaky türkmen topragynyň tagamyny, gülleriň hoşboý ysyny alyp, ynsanlyk mertebäňi düýpli seljerip hem-de beýgeldip bolýar. Süleýman ILAMANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |