08:26 Täç we tagt / poemadan bölek | |
ALP ARSLAN TÜRKMENIÑ REÝDE TÄÇ GEÝIŞ DABARASY
Poemalar
Başa täç geýmekden süýji wagt barmy?! Tagtda oturmakdan gözel bagt barmy?! Tylla täje Güniñ gözi gamaşar, Tylla tagtyñ ýalkymyna Aý ýaşar. Täç hem tagt bolsa - döwlet berkarar, Millet saýasynda tapýandyr karar. Tagtdan uzap gider jahana eýwan, Ýanynda hak perman hem adyl diwan. Täje mynasypdyr gaýduwsyz dogum, Duşmanyñ janyna salýandyr dowul. Şalyk täjin geýse, şazada - merdi, Gözi nemli dünýäñ egsiler derdi. Şalyk täjin geýse şalaryñ nesli, Deñiz owsun urar göge höwesli. Merjen ýüze çykar deñziñ düýbünden, Derýa göwher seçer läbik-lüýgünden. Täjiñ her göwheri, ýakudy, lagly, Körüñ gözün açar, saýradar laly. Tyllanyñ mährinden süýji näme bar?! Oñ ýanynda bolmaz wyždan, namys-ar. Tylla dymyp kabul eder seždäni, Dymyp iýer ynsap bilen wyždany. Nebsiñ enesi - pul, atasy tylla, Kime şöhrat gerek dünýälik ylla. Guludyr oñ akmak, nebsewür, nadan, Ana, şondan dünýä bulanýar, adam! Bu dünýäñ baýlygy janyña dertlik, Adam, saña şunda gerekdir mertlik. Kölüñ ýaraşygy bormy, heý, guwsyz, Öz köñül baýlygñy gazan gaýduwsyz. Täje gözi düşse asmanda bürgüt, Şuglasyna ýanyp, görýändir görgüt. Täç sesin eşitse, baý düşer lagar, Garyp jyzzyk bolup, örtener jiger. Şa köşgünde totuguşa äñediñ, "Tylla" diýip, guş başyny sämeden. Täje bakyp, gözün açar uludan, Tawus guş öz gözelligni unudar. Kuranyñ süresi ýazylan diwar, Söz balyn damdyrýar Hak beren miwäñ: "Allanyñ wekili - adyl hökümdar", Geý, täjiñi, türkmen, seniñ hakyñ bar! Tylla şahly täç geýinen Oguz han, Dünýäñ hökümdary ol Şahy - jahan! Ýer göteren öküz - oguz milleti, Öküziñ gaşynda duran ol - Mäti. Ol - jahanyñ Adyl Pähimdar Şasy, Ýagşa - toý, ýamana çekdiren ýasy. Ýeke Tañra gulluk etdi Oguz han, Täje däl-de, Tañra tagzym şirin jan. Gelse Allañ puryjasy, mütdeti, Ýer ujuna uçurýandyr hüthüti. Ata-babasyna çeken Alp Arslan, Täç geýýär, jahana salyp ýañ-sarsgyn. Täç geýmäge Alla beren güýç gerek, Akmaga-da, akylla-da täç gerek. Gitdi şa Togrul beg, galdy tylla täç, Täç saña mätäçmi, sen täje mätäç?! Elde täç - nyşany şalygyñ-mülküñ, Amidul-Mülk wezir - alnynda halkyñ. Silkme telpek düşüp süýri kelleden, Ak tahýa asman deý özün belli eden. Jygaly täç gonýar tahýañ üstüne, Dünýä dolýar belent sözler dessine: "Şa Alp Arslan, seni Alla gorasyn! Ýurduñ sora, seni Alla sorasyn! Hak seni aýasyn, sen halkyñ aýa, Ile arkadag bol, ýurduña - gaýa! Bu türkmeniñ geldi bolgaý döwleti, Çawuñ arşa düşsün, Seljuk döwleti!" Süleýman ILAMANOW. | |
|
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |