MARKO POLONYÑ ÝAZGYSY ~ DÜNÝÄNIÑ ÝAGŞY ÝAZGYDY
Marko Polo kerwen ýola ser çekip,
Ýewropañ ädimin Aziýa sary.
Alyp gitdi mähir güllerin ekip,
Dünýäñ ilki ýaradylan ýerine ~
Şoldur dünýäñ ilkibaşky didary.
Ýazgysy ýazgydyn açdy dünýäniñ,
Beýik Ýüpek ýoluñ menzili bilen.
Öñ ýazgysyn okan kalby päk ynsan,
Ýaşaýşyñ nurana meñzini biler.
Marko Polo uzak ýola ser çekip,
Baryp ýetdi ýüregne Çyn-Maçynyñ.
Ol öz paýhasyna güýjün siñdirdi,
Ýerde ~ şiriñ, gökde ~ algyr laçynyñ.
Türkmen sährasyny,
Türkmen durmuşyn,
Dana merdem pederleriñ ruhuny
Dünýäñ ykbaly deý ýaýdy jahana,
Belent tutup ynsanlygyñ tuguny.
Hemem külli adamzadyñ ahyny,
Öwürmäge baky şatlyga, bagta.
Bu dünýäniñ ýöräp Ýüpek ýolundan,
Ýetmekligi üçin ýüpek deý bagta.
Arzuwa,
Umyda,
Ynama dolap,
Bagş etdi ýazgyda oñat ýazgydy.
Bu miras ýazgylar ~ gadym türkmeniñ
Dünýä üçin ilkibaşky çözgüdi.
Marko Polo.
Kitap!
1298 ý.
Ýugrimi birinji bölümde, ine,
Türkmenleriñ gyr atlary, halysy,
Geñlik bolup siñýär dünýäñ ýüregne.
Türkmen kämilligi ýazgydan çykyp,
Meşhur haly bolup, doldy Ýewropa.
Ýer ýüzüne türkmen ýazgydyn çekip,
Dünýäñ ýazgydyna eýledi şypa.
Beýik Ýüpek ýoly ädimläp geçip,
Bu ýazgylar aýtdy görenlerini.
Marko Polo äşgär etdi giñ dünýä
Türkmen ýüreginiñ gözelligini.
Goşgular