22:19 Türkmen dili | |
TÜRKMEN DILI
Goşgular
Dilim - ýüregimiñ müşk ysly güli, Janymyñ - jan guşy, añymyñ - Güni. Şiweleri - çeşmim nury-röwşeni, Saçýar şygyrlarma many-öwüşgini. Biri çemçe diýýär, birisi - kaşyk, Biri gapy diýýär, birisi - işik, Bir tarda ýerleşen owaz-sazlaşyk. Owaza-mukama hemmeler aşyk! Gyzyl halyñ göllerini sypalap, Enem bir söz diýse, sarsar bedenim Raketa hökman däl, çawuş çakaýsam, Marsa uçar ýel ganatly bedewim, Şu dil bilen dünýä geldim, dil açdym, Şu dil bilen ynsanlyga ulaşdym. Şu dil bilen gussa çekdim, gülüşdim. Şu dil bilen ýanyp özgäñ derdine, Ýürek boldy dilim-dilim. Kyn günümde tekge berdi, goldady, Lukmanym, tebibim öz türkmen dilim Şu dil bilen neslim, dowamatdyr, dowamdyr. Başda täjim, tumarymdyr-dogamdyr, Dilim, seniñ kän bolsa-da dost-ýaryñ, Men seniñ hossaryñ, seniñ hossaryñ Seniñ beýikligiñ - buýsanjym meniñ, Seniñ erkinligiñ - durmuş aýdymy. Seniñ köküñ gadymydyr gadymy. Dostluk çeşmesinden nem alyp, galkyp, Gol ýaýradyp, ösüber sen müdimi! Dilim ýaman päle ýagşy gylykdyr Dilini ýitiren ilin ýitirýär, Iliñ ýitirmeklik betbagtlykdyr. Ajaýyp däl: sahawat bar dilimde, Mähir duýgym damarymda-elimde. Myhmana orun bar köñülden-törden, "Salawmaleýkimler" ýañlanýar irden. Çelgi saýýan ýaşulynyñ kelamyn, Gaýyn alar täze gelniñ salamyn, Garagum deý sahylyk bar dilimde: Eý, ötegçi, sowuldajyk ýoluñdan Duz dadyp git, bereketli tamdyrdan! Ahy-nala siñip ýaýla-goluny, Al gan akdy Garagumuñ teýinden. - Şu dil saýrak bolsun: bolsun zyýada - Diýip, Seýdi gylyç aldy eline Gola salyp, güýçli duşman, o duşman, Dilini sogurdy gömelteýinden Halkym, bagty uly, nurana halkym, Señ baryñda bagtly saýýan özümi. Uzak ýaş dilediñ dünýä gelemde, Dikdiñ ak umytdan doly gözüñi. Pähmi böwsen asyrlaryñ diwaryn, Ýüze sylýan Magtymgulyñ diwanyn. Bir gün dünýäñ zer-ziwerin, baýlygyn Ýeke gara şaýa sanman giderin, Ýöne Garagumuñ gözelliginden, Hem saýrak dilimden ganman giderin. Süleýman ILANANOW. "Edebiýat we sungat", 1987 ý. | |
|
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |