PURSAT
Bir uly ykbaly alan deý ele,
Ogluny göterip otyrdy ene.
Atanyñ elinde şeraply käse,
Erninde çilimi, tüsseläp käte
Halka-halka bolup gidýärdi göge,
Göge däl, belki-de, siñýär ýürege.
Atanyñ gözüne seredýär çaga,
"Eý, mäzleşýän gözler, ägä bol, ägä!".
Ol gözler durudyr, çeşmeden, dürden,
Ol - Tañryñ Päkligi, çykmaýar serden.
Atañ bedenine inýär sowuk der.
Bu neneñ bakyşdyr, niçik howpdur?!
Ýüregine dolýar näbelli dowul,
Seredýär, seredýär, seredýär ogul.
Ol gözlerden ýanmalydyr şum hata,
Ol gözlere bakyp okaýar ata
Özüne çenelen sözleri doly.
Ol gözler howpludyr hem otluklydyr
Jelaleddin şanyñ oguljygynyñ
Çingiz hana bakan gözleri ýaly!
* * *
Törüñde halyñ bolsa,
Günüñ dogdugy, köşek.
Teblede atyñ bolsa,
Rysgyñ çogdugy, köşek.
Şol iki zat bolanda
"Giñ" diýýän bu Älemiñ
Öýñe sygdygy köşek!
* * *
Ýolbarsyñ gözünden mertligin alsañ,
Saklygyny alsañ itiñ gözünden.
Busup ýatan ähli "äjit-mäjitler"
Kyýamat gopdurar Ýeriñ ýüzünde.
Süleýman ILAMANOW.
Goşgular