19:34 Göwün binasy | |
GÖWÜN BINASY
Goşgular
![]() Seniň göwnüň üçin göreşdim ýördüm, Raýyňy ýykmadym, goýmadym ünjä. Ähli arzuwlarmy göwnüňde gurdum, Seni mydam öwürmäge begenje. Seniň göwnüň üçin ýaşadym ýördüm, Durmuşyň özi diýp düşündim göwne. Ähli dolulylygy göwünde gördüm, Ol bolmasa haňlap ýatar bu göwre. Seniň göwnüň üçin aýryp gaýgyny, Şatlyk dänesini ýüregňe sepdim. Bu dünýäde beýik, tämiz söýgini Ine, şu mähriban göwünden tapdym. Seniň göwnüň üçin ýeňişli boldum, Seniň göwnüň üçin geçdim menzili. Göwnüň üçin göwne siňişli boldum, Öz göwnümde gördüm göwnüň meňzini. Seniň göwnüň üçin açyk dünýäde, Açdym ýapyk göwünleri birme-bir. Göwnüň göwünlere baglady bada: Asman-Zemin diýýär: «Arkaýynja gir!». Seniň göwnüň dünýä belli matlaby: Gahar, öýke-kine, ynjy ýok asla. Seniň göwnüň jennet eken gatlary, Şol ýaşap ýörmeli asyrma-asyr. Seniň göwnüň: oňatlygy döretmek, Döretmek sözleriň şirin-nektaryn. Pikirleriň doňaklygny eretmek, Hak işleri göwnüň bilen haklaryn. Göwne ýollar çekmek — ömrüň senasy, Ajap, göwün hakda pikirde ýörmek. Bagt, mydam göwne goragda durmak, Bu dünýäniň ilkibaşky binasy — Göwünleň içinde päk göwün gurmak! Süleýman ILAMANOW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |