11:35 Oba feldşeri | |
OBA FELDŞERI
Edebi makalalar
Akga dugtary, özümizi bilip, agy-garany saýlap başlanymyzdan bäri tanaýarys. Bezzatlyk edýän çagalara “haý-küş” etmek üçin: “ Ynha, ataň gelsin, aýdaryn!” diýip, olary ýuwaşatjak bolýan ejeleri agşama çenli çagalaň kakalary işden gelýänçä, olar üznüksiz kakabaşlygyny ýadyndan çykarýar. Günüň paýawlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan garagol oglanjyklar, ho-ol ilerden kakalarynyň garasy göründi şo tarapa at salýarlar. Kakasyndan temmi aljak çagalar öýe ýetýänçäler dostlaşýarlar. Döwden, “babaýdan” gorkmaýan çagalar “Hana, Akga dogtar gelýär” diýseň, üýşenişip, seslerine suw sepilen ýaly bolýarlar. Ýeri uly adamlara näme diýjek diýsene, “Aý, dugtorjan sanjym diýmesene, näçe derman iç, diýseň içeýin welin...” diýişip, çagalykdan galan ten agyrsynyň gorkusy galawlaýar. Enesinden doglaly bäri, Akga dogtaryň mähirli ýüzüne, mylaýym sesine öwrenişen çagalar, onuň özünden birjik-de howatyrlanman, dogtaryň elindäki iňňeden eýmenýärdiler. Ýogsam, oýnap ýörkäler aýaklaryna tiken hem çümýändir , ary hem çakýandyr welin, şprisiň awusy güýçliräk gelýändir-dä, elbetde. Onuň yzaly “neşderiniň” sanjymlarynyň ençeme çaga ýokanç keselleriniň öňüni alandygyny, niçeme agyr keselli näsaglary aýagyna galdyranyny, ýüzlerçe adamlara şypa berendigini biz uly ýaşymyz ulalansoň düşünipdik. Akga dogtar Mary welaýat lukmançylyk mekdebiniň feldşerçilik bölümini tamamlap, 1957-nji ýyldan başlap, ilki Wekilbazar etrabynyň Bükri obasynda feldşer bolup işledi, soň 1963-nji ýyldan başlap, dogduk mekany bolan Gökje geňeşliginiň oba feldşer-akuşer nokadynyň müdiri wezipesinde tä nepaga çykýança näsaglara şypa berdi. Işlän döwründe ýowuz göz keseli bolan trahoma garşy göreşdi we oba ilatynyň göz almasynyň içki basyşyny ölçäp garasuw keselini öňünden anyklap, ýüzlerçe adamlaryň körlük belasyndan halas bolmagyna goşant goşdy. Onuň iş otagy obaň çaga dogrulýan öýüne ýanaşyk bolansoň, göbegene, Asýa daýza bilen, soň onuň gelni Sweta bilen egin-egne berip, kän ýyllap egin egne berip zähmey çekdi. “Işlän döwrümde biziň obamyza ýekeje erkek feldşer hem ugratmadylar. Ýaňy bir işiň tabyny alan şepagat uýalary, sähelçe işleýärler-de, dekrete çykýarlar, lukmançylyk mekdebini ýaňy tamamlap gelen gyzlara öz iş tejribämi täzeden gaýtalamaly bolýaryn, olaram sähel wagtdan durmuşa çykýarlar... Şeýdip ýene ýeke özüm galýan, tä täze hünärmen ugradýançalar”. Akga aga kärdeşi Asýa daýza barada: “ Örän tejribeli we mylaktly göbegene. Onuň mähirli ýüzünden, hoşamaý sözlerinden aram tapan göwreli gelinler ýeňil ýeňlärdiler. Ol obamyzyň çagalarynyň köpüsiniň göbegenesi. Onuň kömekçileri-şepagat uýalary: Musýa-da, Marusýa-da örän gowy işgärdiler. O ýyllar ýeke-täk ulagmyz, arabamyz bardy. Arabaň üstiniň boş wagty ýokdur— Asýa daýza eli bäbeklije gelni öýüne äkidip, gaýdyşynam arabaň üsti boş däldir—ýa bir göwreli gelni çaga dogrulýan öýe eltip baýandyr, ýa-da iki-üç sany bäbekli gelni çekime getirýändir. Onuň gelni Sweta-da örän janypkeş göbegenedi. Obada aýdym-sazyň sesi eşidilse, işden çykyp barýarka, hökman toý ýere sowulyp, “Aýagy düşümlisi bolsun, ýaşlar bagtly bolsun!” diýer-de, toý pişmesinden dadyp bir käse çaý içer-de, birki aýdan ýene-de ýüz ugruna degip geçer. Ýaş gelniň gaýyn enesi bilen çaý başynda usullyk bilen: “Gelniňiz aş saýlaýan däldir-ä!?” diýip, gyzyklanar. Obaň gelinlerini atma-at bilýän Sweta depderine täze göwreli gelni bellige alar we tä ýeňleýänçä gözegçilikde saklar” diýip, işdeş ýoldaşlaryny hoşallyk bilen ýatlaýar. Dugtar hususy ulagy—welosipedi bilen etrap hassahanasyna hasabat tabşyransoň, dermanhana sowular, gaýdyşyn, ýolugra lukmanyň görkezmesi boýunça näsaglarynyň sanjymlaryny edip, oba saglyk nokadyna gelen çagalaryň agramyny çeker, ýazuw işlerini dynyp, agşamara öçüne dolaanr. Oba dugtaryna gijelerine rahat uky bardyr öýdýäňizmi!? “Bölek-büçek uka öwrenişip gidýän ekeniň” diýip, dugtar ýylgyrýar. “Keseli bejemek kyn däl-de, esasy mesele –her bir keseliň öňüni almakda we gijikmän lukmana ýüz tutup, wagtynda bejermekde. Hormatly Arkadagymyzyň ündeýşi ýaly, her bir adam sagdyn durmuşyň ýörelgesi ilen ýöremelidir, zyýanly endiklerden saplanmalydyr, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp taplanmalydyr. Ana, şonda adam kesellemez, sagdyn adamyň ruhy belent bolýar, ruhybelendiň tutan işi ugryna bolýar” diýip, sözüni tamamlaýar. Segsene ser salan Akga aga, indi çagalaynyň, agtyklarynyň arasynda garrylygyň hözirini görýär. Obaň saglyk nokadynda ençeme päkýürekli lukmanlar we şepagat uýalary işläp geçdiler, şolardan halkyň hakydasynda Akga dogtaryň aýratyn orny bar. Kakajan BALKANOW. Mary welaýat Gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkeziniň lukmany. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |