22:52 Obadaşlarym | |
OBADAŞLARYM
Goşgular
Daglylar biz, Ýaşaýarys beýikde. Mekan tutan jülgelerde Gaplaň, ýolbars, keýik-de... Baryňyzyň aňyrysy bir kökden, Bir ene, bir atadan. Taryhyňyz Nuhdandyr, Şahyryňyz ruhdandyr. Obada men, Geçenleri ýatlaýan. Obaly men, Göçenleri ýatlaýan. Onlap, ýüzläp, müňläp-müňläp, Geçilen ýoly ýatlaýan. Böwrümi diňläp, Eý-ho, Otyryn geňläp... Elli, altmyş ýyl mundan öň Gözümizden birçak gaýyp bolanlar Ýadymda. Olary men ýatlaýan her ädimde Diýsem borun ýalançy. Ýöne olar mahal-mahal Göz öňümden gitmeýär. Hakydamdan ýitmeýär. Mähriban obadaşlarym, Siz meniň gardaşlarym, Garyndaşlarym. Biriňiz agam, biriňiz daýym, Biriňiz derde ulaşsam, Janyňyz bermäge taýyn. Biriňiz atam, biriňiz babam, Biriňiz käbäm, Biriňiz dostum, Biriňiz dogandan golaý, Ynanyň rastym. Biliňizde oragyňyz, Pil iň uly ýaragyňyz. Çopan taýagyňyz – hümmet hasasy. Siziň üçin bu zatlar Suw, howa deý esasy. Soňky ýoly müň ädimdir, Müň adamyň egni deger tabyda. Muny synlap duran bir eziz dostum: -gördüm-diýip – şeýle ahwal Käbede. Toýuňyz toý şekillidir, Dutaryňyz çeküwlidir. Köpiňiziň dili zyban şerbetdir, Erbediňiz erbetdir. Dilleri şerebeli. Biriňizi diňläp-diňläp, Buzam bolsaň eremeli. Daglaryňyz keremli, Baglaryňyz erenli. Eý, eziz obadaşlarym, Gardaşlarym, Garyndaşlarym. Az däldir azabyňyz, Az däldir azaryňyz. Şonda-da “Sabyr – ömürden!” Diýip, ýaşaýarsyňyz. Açykdyr gapyňyz gelen myhmana, Myhman sorar ogluňyzy. Diýersiňiz: - Mekan tutdy şäherde. Myhman weli düşünmez Munyňyza sähel-de. Başyn ýaýkap diýer myhman: - Jenneti mekany taşlap, Tapdykan nä şäherde!? Daglylar, eziz daglylar, Siz meniň obadaşlarym. Ýaşym geçdi pygamberiň ýaşyndan, Razy men dünýäniň göwün hoşundan. Ýöne geçen ýola nazar aýlamda, Bir agyr zat basýan ýaly başymdan. Göz öňüme gelýär geçen ýaşlygym, Assyrynlyk bilen göçen ýaşlygym. Gün düşmeýen baga bürenen obam, Öňküden ýaýrawly, gürelen obam. Misli erem bagy dereleň obam. Gordumyň dört künjünde-de Eziz görülen obam. Ömrüňde bir gezek gadamyň uran Görsem diýip arzuw eder ýene-de. Goýnuňda ýatyr niçeme ärler, Niçeme pirler, Niçeme şirler, Ýatyr goýnuň ýassanyp, Nişapur pälwany Beýik dana Şyhattar. Taryhyň gatbar-gatbar. Gündogar Jemşidi – Alyşir Nowaýy Gelip saňa kyldy TAGZYM! Hem Seýit Nejedi – ol dana tagsyr! Sözüm däldir howaýy. Eziz obam, eziz Könekesirim, Sen meniň entek-entek Ýazylmadyk eserim. Şygra göwün berişim deý, Soňky deme çenli Sen bolarsyň heserim. Hem-de gutulmajak şanly keselim Eziz Könekesirim. Her dem eme zar bolşy deý hassanyň. Sensiň howandarym, sensiň hossarym, Eziz obadaşlarym, Siz meniň gardaşlarym, Garyndaşlarym... • Parhaý Gudrat görseň daglara bar... Senem şolaň biri Parhaý. Dadan diýer bal suwuňdan - Seň suwlaryň piri, Parhaý. Demi bardyr Beýik Hojaň, Emi bardyr sende gojaň. Ýeňil gopar başda sojaň, Açdyň keri, köri, Parhaý. Daş-töwerek gara daglar, Saňa gelen göwün çaglar. Senden göwnühoş näsaglar, Aýyrýaň azary, Parhaý. Em isteýip gelen çagy, Şipa tapandyr Pyragy. Sen bir misli jennet bagy, Bardyr jennet bary, Parhaý. Pyragynyň sözi melhem, Çeşme suwy jana melhem, Goşa melhem, goşa ylham, Iliň şypakäri, Parhaý. Tebigatyň keramaty – Tebigatyň sahawaty. Aman – esen, salamaty, Öz ilimiň nury, Parhaý. | |
|
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||