10:05 Obadaşlaryň dilinden | |
OBADAŞLAŇ DILINDEN
Goşgular
-Goňşy, goýunlarňy boşatmaweri, Torç edipdir sübseligmi, darymy. -Bolýar, ýöne indi gelse bagyma Gyraryn dermanlap ähli aryňy. *** -Bazarda sataşdym dellal goňşyňa, Ýa ol ähli dellalaryň pirimi ? -Ahmal bolsaň, görüşende bildirmän, Alyp galar bäş barmagyň birini. *** -Seňki ýaly maşyn goý, Nesip etsin her öýe. -Beý diýmäwer sen meni Zar edersiň kireýe. *** -Bol-ow , gardaş, “Kepderini” çalyp ber, Düşünemok “Dilberiňe” , “Geline”. -Üç gezeg-ä çaldym, ýa indi ony Pysyrdadyp bereýinmi eliňe ?! *** -Gazanjyňy ýerliklije sowarlar, Pul diýen zat hazzyklyga ýaranok. -Onyň dogry goňşy, ýöne men senden Karz pul soraýan, akyl soramok. *** -Gar ýagýar , sen şindem içip otyrsyň, Hernä muny gelnejem bir bilmez-dä ?! -Päheý sen-ä Gelnejeňden kim gorkýar, Ýaman etse ýene öýe salmaz-da. *** -Eşegiň-ä ýorga eken ,bir nas al, Gökläli gök ýere gaçýanam bolsa. -Wah, sakgaldaş kädim öýde galypdyr, Nas-a ýok şu eşek uçýanam bolsa. *** -Goňşy ,gutly bolsun alan maşynyň, Tekerleri tigirlensin ýer bilen. -Sag bol, gelibergin unaş içmäge Tä çykýançak aşagyndan bergileň. *** -Ýitiren zynjyrňy soraýan weli, Gözüň-ä seň agyl bilen dölede. -Wah , şol ýiten zynjyrmyň ujunda Bolmaly bakylan, semiz göle-de. *** -Ketekden ýumurtga almasyn ogluň, Tabşyr goňşy , çal dulugna bolmasa. -Habarym bar, gaty betdir Berdilim, Kaýyl bolaý towuklaňňy almasa. *** -Gawunma giripdir eşegiň goňşy, Awundyryn, daňjak bolsaň daň indi. -A how , giren bolsa kowup göýbärler, Boljakmy sen eşek bilen deň indi. *** -Keselhana adam bary üýşüpdir, Känmidi oň garyndaşy , ýeňňesi ? -Ondan dosty , garyndaşy bizar-la, Algydarlar bu duranlaň hemmesi. *** Zol ýoluna janly aýdyp bu daýy, Para bilen yrjak bolýar Hudaýy. Atajan ANNABERDIÝEW | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |