13:51 Obýektleri döretmek we olar bilen işlemek | |
OBÝEKTLERI DÖRETMEK we OLAR BILEN IŞLEMEK
Ylym we tehnologiýa
• Täze papkanyň döredilişi: 1. Penjiräniň iş meýdanynda syçanyň sag gulagyna basmaly (iş stolynda ýa-da papkanyň içinde). 2. Создать - Папку yzygiderligi saýlamaly (1.8-nji surat). 3. Täze papkanyň adyny klawiaturanyň kömegi bilen girizmeli. Papkanyň adyny girizmek Enter klawişe ýa-da açyk ýerde syçanyň çep gulagyna basmak bilen tamamlanýar. Papkanyň adyny üýtgetmek üçin, papkanyň üstünde syçanyň sag gulagyna basmaly we gapdal menýudan Переименовать buýrugy saýlamaly ýa-da papkanyň adynyň üstünde syçanyň çep gulagyna basmaly. Papkanyň adyny üýtgetmegiň iň çalt usuly – papkanyň belläp F2 klawişe basmaly. • Obýektiň ýarlygynyň döredilişi: I. Obýekti belläp onuň üstünde syçanyň sag gulagyna basyp saklap tutup çekmek bilen döretmek (1.9-njy surat). II. Ýarlygy awtomatik döretmek üçin, iş stolynda ýa-da penjiräniň iş meýdanynda açyk ýerde syçanyň sag gulagyna basmaly we gapdal menýudan Создать ярлык buýrugy saýlamaly. Soňra: 1. Обзорь düwmejigine basmaly (Обзор gepleşik penjiresi açylýar (1.10-njy a surat)). 2. Papkada sanawy açýan düwmejige basmak arkaly gerekli disk saýlanýar. 3. Gerekli faýly tapyp, ony belläp, Открыт düwmejige basmaly. 4. Далее düwmejige basmaly. 5. Programmalaryň ady saýlanýan penjire açylandan soň, özüňize gerekli ýarlygyň adyny girizmeli. 6. Готово düwmejige basmaly(1.10-njy b surat). Obýektiň nusgasyny döretmegiň (göçürmek, kopiýa etmek)tärleri: (Nusgasy döredilýän obýekt ilki bilen bellenýär (syçanyň ýa-da klawiaturanyň kömegi bilen)) 1. Syçanyň sag gulagyna basyp tutup çekmek arkaly (bir diskiň çäginde). 2. Syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýunyň kömegi bilen. 3. Klawiaturanyň klawişleriniň (Ctrl+C) kömegi bilen. Obýektiň nusgasy döredilenden soň ony goýluşy (ýerleşdirmek): Obýektiň nusgasy döredilenden soň ony goýuljak ýerinde (papkasynda) aşakdaky ýaly usullarda goýmak bolýar: 1. Syçanyň sag gulagyna basyp tutup çekmek arkaly nusgany döretmek we goýmak (bir diskiň çäginde). 3. Syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýudan peýdalanmak. 4. Klawiaturanyň klawişleriniň (Ctrl+V) kömegi bilen. • Obýektleri kesip geçirmegiň usullary: Obýektleri kesip geçirmek üçin obýekt ilki bellenýär(syçanyň ýa-da klawiaturanyň kömegi bilen), soňra aşakdaky usullaryň biri ulanylýar: 1. Syçanyň sag gulagyna basyp tutup çekmek arkaly kesmek we goýmak (bir diskiň çäginde). 2. Menýular setirindäki buýruklar (Вырезать) bilen. 3. Syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýudan peýdalanmak bilen. 4. Klawiaturanyň klawişleriniň (Ctrl+X) kömegi bilen. Obýektleri öçürmegiň (ýok etmek) usullary: 1.Tutup çekmek arkaly (sebede oklamak). 2. Syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýunyň kömegi bilen. 3. Klawiaturanyň (Delete klawişiň) kömegi bilen. Annamuhammet ALLAGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |