18:35 Oguz han kelamy | |
Oguz han kelamy
Goşgular
Oguz han Şam ýurtlarynda bir ili uruşsyz-gowgasyz özüne birleşdirýär. Uly toý tutulýar, ol il Oguz atamyza kasam edýär. Ol mahal Oguz hanyñ ýaşy ýüze golaýlan eken. Il bolup Oguz hany ugratjak bolanlarynda iki agtygy baryp, garry atasyny atyna mündürýär. Ony synlap duran içi kitüwli bir kişi: ''Oguz han diýilse, adyndan gorkup ýörüpdiris. Asyl ony atyna mündürmek üçinem iki adam gerek eken-ä, haýp'' diýip ahmyr çekipdir. Oguz han onuñ ýaramaz sözüni eşidipdir. Oguz han ol kişä bakyp şeýle diýipdir. Atyma atarsa iki agtygym, Agdarmaga lek-lek ýygyn gerekdir. Lek-lek leşger, lek-lek çerik gerekdir. Ýagty jahan Ýaradanyñ saçagy, Bir saçak başyna sygan gerekdir, Oguz hana dost-ýar, dogan gerekdir. Hakyñ sözün ýaýyp çykdym jahana, Bir Tañryñ sözüne uýan gerekdir, Ýaýyp çykdym saçagym hem töwellam. Maña tawuşymy Tañrym beripdir, Oguz han ㅡ permany Allatagalañ. Alnymda gurdum bar, gutdur 1 gözlegi, Arkamda halkym bar, Asmanda Tañrym. Gije-gündiz tagzym kyldym asmana, Jahan halky kylýar Oguza tagzym! Oguz han hindi ýurtlaryna aralaşyp, bir uly galanyñ ýanynda düşleýär. Oguz hanyñ ilçileri Oguz hanyñ namasyny alyp gala gidýär. Ertesi söweşden boýun gaçyran patyşa birnäçe wezir-wekili bilen il bolmaga gelýär. Oguz han olara ýeke-täk Tañry barada köp-köp gürrüñ beripdir, söwüş edipdir. Gitjek mahaly ol patyşa: ㅡ Oguz han, señ güýjüñ zor, men seniñ bilen il bolýan. Ýöne men ol uç-gyraksyz asmandaky görünmeýän Tañryña weli iman getirip biljek däl ㅡ diýip, atyna münýär, nämedir bir zatdan tebil tapan aty patyşany bijaý ýykypdyr. Patyşa küpür geplänini bilipdir. Oguz han şonda şeýle wesýet edipdir: Ümürsin baglara seýrana çykyñ, Dumanly daglara seýrana çykyñ, Gül-gülzar düzlere çykyñ seýrana. Tañry göwnüñizi hoş etjek bolup, Rehmet nurun ýazandyr ol meýdana. Derýalarda, çasly çeşme-çaýlarda Asmandaky Tañryñ didary bardyr. Tañryny ýat bilseñ, Tañry-da ýatdyr, Tañryny ýar bilseñ, Tañry-da ýardyr, Tañryny daş bilseñ, daşdadyr Tañry, Ýakyn bilseñ mydam ýanyñdadyr ol! Kalpdadyr, döwletment başdadyr Tañry, Gaşyñda, huşuñda ýadyñdadyr oç! Uruş bolsa, döwüş bolsa, ýow bolsa, Hudaýym terk eýlär beýle ülkäni. Hudaýyñ gargyşy ㅡ uruş, açlykdyr, Ýagşylykdyr, Ýagşy işdir ýalkany! Ynha, Ýaradanyñ jümle-jahany, Rysgally güýz, tomsy, gülgün bahary. Malyñy bak, ekiniñ ek, ýeriñ dep, Yhlas bilen gulluk kyl-da ýeriñe, Rysgal-döwlet berýän haýyr işi et. Ýagşy päl, ýagşy işe goýsañ sen gadyr, Sen Tañrynyñ ýanyndasyñ, Tañry seniñ ýanyñdadyr! Saparmyrat TÜRKMENBAŞY | |
|
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |