17:54 Oguz hanyñ oýlanmasy | |
Oguz hanyñ oýlanmasy
Goşgular
Tamgalar hakda halaýyknyñ aýtgany (Şeýdaýynyñ ''Oguz han'' poemasyndan) Atasy ㅡ akyl, Enesi ㅡ nakyl, Bir gyz dogulmyş, Ýigrim tört şekil. Şu ýañlyg gözel milletiñ ýary, Bul, bizden awwal bolsa-da zary. Iliñ gözüne görülgen imes, Türkmen dünýä ingenden bäri. Kim alsa ony, Bütin ömürin, Şat bolup geçirgeý, Tut bul emirin. Indi öser siz, Ýowny basar siz, Siz dolup-daşyp, Ornun gysar siz. Çykyñ jahana, nobat siziñki, Uçraşsa duşman, başyn keser siz Köñlümge getirdim, Kolumdan ötürdim, Bir-birden gaçdy, Tirkeşip uçdy, Ýerli-ýerinde tüzüp bitirdim, Ki ýürek syrymgy ilime açdy... Oguz han ogullaryna, agtyklaryna serenjam berşi ýaly, goşunyna hem serenjam beripdir. On nökeriñ baştutanyna Beg, ýüz nökeriñ serdaryna Agabeg, müñ nökeriñ serdaryna Beglerbegi diýlipdir. Beg adyny göteren özüni ýurduna, Watanyna lükgeligi bilen bagyş edipdir. Däliler ㅡ ýörite duşmanyñ tuguna depýän, tugy ýykýan, duçman goşunynyñ serdarynyñ üstüne çozýan aýratyn topar eken. Olara duşman tuguny ýykyp bilmän gelmek ölüm bilen barabar bolupdyr. Beýik hanyñ ýanynda wezirleri bolýar, emma esasy akyldar weziri Ulug Töre eken. Soñky esasy wezire hem Ulug Töre diýlip, soñra töre diýen söz birneme manysyny üýtgedip, ygtyýarly han manysyna hem eýe bolupdyr. Tör sözi hem Töre sözünden gelip çykýandyr. Öýüñ, köşgüñ töri Töräniñki eken. Oguz han ýörişlerini tamamlap, ulus-ilini çagyryp, kyrk gije gündiz toý berýär. Şol toýa hem gurulmak toýy,ýagny gurultoý diýip at beripdir. Ýadyñyzda bolsa 1040-njy ýylda Seljuklar uly ýeñişden soñ Dañdanakanda gurultoý geçirip, Togrul bilen Çagry begi patyşa diýip yglan edýärler. Nedir şa bolsa 1736-njy ýylda Mugan çölünde gurultoý geçirip, iki ýüz müñ myhman çagyryp, şol myhmanlaryñ islegi netijesinde şa bolýandyr. Gümmür-gümmür nagaralar urulýar, Düññür-düññür tagaralar urulýar, Tebil kakyp dabaralar gurulýar, Toý tutulýar ili jemläp ýörite. Ilçileriñ yzy bilen Oguz han Çykýar ýörişe. Leşgerleri sap-sap ㅡ öñde serdary, Çerikleri sap-sap süýşýär ýer ýaly. Sanjaklar parlaýar, atlar arlaýar, Oguz alyp barýar ygtykadyny, Zemin onuñ mülki, Asman çadyry. Baýlyk däldi Oguz hanyñ matlaby, Basyp almak däldi onuñ maksady. Zemin jemendesi bir pikre uýsa, Zemin jemendesi bir dine uýsa, Jahanyñ halklary bir haka uýsa, Jümle-jahan abadanlyk boljakdy, Ulus-iller ekip-tikip biljekdi. Uruş bolsa ýaşamaga dünýe dar, Uruş bolsa iller tötek nana zar. Ol söweşe däl-de, Arşyñ paýhasyn Saçak deý öñünde göterip barýar. Onuñ Arşdan inen taglymaty bar, Onuñ bir Hudaýy, Ýeke Haky bar, Onuñ arşdan inen Hakykaty bar. Ol ygtykat şugla saçýar Gün ýaly Oguz hanyñ bar matlaby, maksady Bir Hudaýa uýdurmaly jahany! Bir Tañry bar! Bir tañry bar pelekde! Ol älemiñ hökmürowan eýesi Bir Tañry aýlap dur çarhypelegi. Goý bir bolsun adamzadyñ dini-de, Çünki birdir adamzadyñ atasy, Çünki birdir adamzadyñ enesi, Birdir onuñ gany-da! Golunda ygtykat, Arşyñ kelamy, Leşger tartyp Beýik Oguz han barýar. Bir Haka uýana berýär baýlygy, Ýogsa duşman bolup ol söweş gurýar. Zabt edýär ol Ruma, Şama, Yraga, Zabt edýär ol Eýran bilen Turana, Zabt edýär Şarka, Garpa, Şemala, 1 Müsür, hindä, baky buzluk Zulmada. 2 Il eýläp, dost eýläp şäher kendi ol, Berdi dünýä pygamberlik paýhasyn. Pygamberlik parasadyn berdi ol, Pasyrdadyp adalatyñ baýdagyn. Ýeke-täkdir Tañry, Ýekedir ynsan, Bir atanyñ, bir enäniñ ogludyr. Jümle-jahan jemendesi, illeri Bir atanyñ, bir enäniñ kowmudyr. Zemindäki barça halklar dogandyr, Uruş bolsa ýeke jahan dar bolar, Dogan bolsa... bir saçaga sygýandyr. Il boljakmy? Geç saçagyñ başyna, Tañryny tanaman ýaşap bolmaýar. Müñ dinli, müñ dilli, müñ uruş-ýowly, Jahanda abadan ýaşap bolmaýar! Saparmyrat TÜRKMENBAŞY | |
|
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |