05:50 "Oguznama" - milli mirasymyzyñ gözbaşy | |
«OGUZNAMA»– MILLI MIRASYMYZYŇ GÖZBAŞY
Taryhy makalalar
Gündogaryň belli alymy Fazlallah Reşideddiniň 1300-1310-njy ýyllarda ýazyp gutaran, nusaýly türkmen Salar Baba Gulaly ogly Hyrydary tarapyndan 1555-1556-njy ýyllarda terjime edilen «Taryhyň ýygyndysy» atly eseriniň «Oguz han we onuň nesliniň taryhy» bölümi 1990-njy ýylda «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan «Oguznama» ady bilen neşir edilipdir. Göräýmäge çaklaňja kitap. Emma onuň örän giň we täsin dünýäsi bar. Baý we biserhet dünýäsi bar. Mahlasy «Oguznama» – milli mirasymyzyň gözbaşy. TÜRKMENLERIŇ HARBY SUNGATY Oguz hanyň döwründen başlanýar SÖZLERIŇ SYRLY DÜNÝÄSINE SYÝAHAT Bäş müň ýyla çenli ýitmejek harby mirasy goýup bilen beýik nesilbaşymyzyň döwründen söhbet açýan bu çaklaňja kitap, harby dile baý, hatda eserde ulanylýan käbir sözler biziň günlerimizde-de işjeň ulanylýar. Dilimizdäki aglaba sözleriň asyl nusgasy nesilbaşymyz Oguz hanyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Geli[, şol sözleriň käbiri dogrusynda söhbet açalyň: Oguz han atamyz agyr goşuny diňe öz kellesine gelen hyýallara görä peýdalanmandyr, ili bilen «geňeş edipdir», «ýygnak geçiripdir», «maslahat edipdir». Biziň häzirki zaman dilimizde ulanylýan «uruşmak» sözüniň düýp manysy «harb kylmak» sözleri bilen aňladylypdyr. Ýurtlardan alynýan salgyda «paç» diýlipdir. Mynasyp mertebesini sarpalaman gödek jogap berenlere, kalbyny erbede düwenlere (belli-külli boýun egdirmek maksady bilen) «kast görkezipdir». Bile bolan dosty-ýaranlaryndan tapawutlylykda hemişe harby taýýarlykda, tälimde gezýän wepadar ýigitleri «nöker» ýygnapdyr. Goşuny we harby goşlary daşamak üçin şo döwre çenli bolmadyk tigirli ulag ýasap, ony owazyna görä, «kaňly» (häzirki araba) diýip atlandyrmak, söweşde ulanylýan gurallary «ýarag», duşmana garşy durmak maksady bilen bir ýere jem edilen nökerleri jemläp, kesgitlenen düzgünlere görä hereket etmeklerini gazanyp, olary leşger diýip atlandyrmak bize nesilbaşymyzyň döwründen miras galypdyr.Ýeňilen tarapyň goşunlaryna degişli bolan emläkler «olja» diýlip atlandyrylypdyr. «Oguznama» biziň şu günlerki ulanýan Watan sözümiz bilen manydaş – «ýurt», «memleket», «welaýat», «diýar», «etrap», «bent», «mekan» sözleri gabat gelýär. Bu sözleriň käbiri dilimizde işjeň ulanylýan sözleriň hataryndan düşüp galsa-da, köpüsi Watanyň belli bir giňişligini aňladýan eýe bolan görnüşde häzirem ulanylýar. Duşmanlara degişli bolan harby güýji, ýerleri, mal-mülki öz hasabyna geçirmek düşünjesi «eýelemek», duşman goşunynyň arasyna hiç zat diýilmesiz şerti bilen Oguz hanyň il bilen il bolmak teklibini alyp gidýän nökere «ilçi», harby maksadyna ýetmek üçin öz-özüne ýa-da harby serkerdesine berilýän söze «äht» diýlipdir. Goranmak üçin döwleti dolandyryş merkeziniň daşyna, ilatly ýeriň daşyna aýlanýan haýata «gala», duşman ýurduna derýalardan geçmek üçin ýasalan suw ulagyna «sal» (häzirki gämi), göni söweşde boýun egdirmesi kyn bolan goşuna garşy ulanylýan harby herekete, tilsime — «hile», boýun egdirilen ýurduň Oguz goşunlaryna garşy içki topalaňyna «pitne» diýlipdir. Patyşa sözi ýurt dolandyryjynyň ady hökmünde oguz-türkmen diline «han» sözüniň yzysüre giripdir. Patyşanyň dolandyrýan ýurdunyň bir künjegini dolandyrýan hökümdara «emir» diýlipdir. «Häkim» sözi hem ýurt dolandyryjynyň ady hökmünde ulanylypdyr. Söweşlerde üstün çykmak düşünjelerini söweşiň we garşydaşlarynyň hereketiniň häsiýetine görä — «ýeňmek», «üstün çykmak», «boýun egdirmek», «boýun sundurmak», «eýe bolmak», «harab kylmak», «taht kylmak», «basyldylar» sözleri bilen aňladypdyrlar. Dilimizdäki «ejizlik», «endişe», «bednam (adyýanam) bolmak», «möhlet diläp», «hatyrjem», «azar kylmas», «taladylarmy», «merhemet kylmak», «gepleşik geçirmek», «eglişik ýoly», «meýletin mal bermegi», «amana gelip», «tabyn geçirip», «amandadylar», «ägä edipdi», «buýurupdyrlar», «talap etdi», «zabty», «kuwwatyňyz» ýaly sözler hem Oguz hanyň harby syýasaty netijesinde emele gelipdir. «ÝAGY» SÖZI HAÇAN ÝÜZE ÇYKYPDYR «Oguznamada» Oguz hanyň bir ýörişiniň taryhy şeýle beýan edilýär: «Ondan soň demirgazykda ýerleşen ýurtlara azm edip, Başgurda baryp ýetdiler. Ol berk we belent gala erdi. Onuň häkimine Karaşit Ýagydiýr erdiler. Ol Oguz bilen söweş etdi weli Oguz üstün çykdy we ol töwerekni eýeledi». Bir ýörişiň gysgaça beýany bolan bu oýnam söz bize bir hakykaty habar berýär. «Ýagy» sözi aslynda adam ady eken. Oguz-türkmen goşuny bilen söweşe giren goşunyň (duşman goşunynyň) ýolbaşçysy. Çaknyşmak, söweşmek islegi bilen gelen goşuna «ýagy» diýmek dilimize Oguz han döwründen aralaşypdyr. Ýöne, ilki bilen, bir hakykaty bellemeli. Oguz handan ýeňilen bu serkerdäniň adyny çaknyşmak isleýän islendik goşuna, ýygyna dakmak bilen halkymyz ony ýeňip bolýan goşun hökmünde kabul edipdirler. Bu bir tarapy. Ikinji bir tarapy Karaşit «Ýagy» atly bu serkerdäniň durnuksyzlyga beslenen harby hereketidir. Ol Oguz handan basylandygyny boýun alyp, gaýdyp oňa baş galdyrmajakdygyna äht edýär. Emma ýeňiş dabarasynyň şatlykly pursatlarynda Karaşit Ýagy ähdini bozup, hüjüm edýär. Oguz han ýene-de ony tabyn edýär. Ol ýene-de ant içip, awy ýalaýar. Emma ýene-de maý tapan pursaty ähdini bozupdyr we tä aýgytly ýok edilýänçä bu ýagdaý dowam edipdir. Mahlasy, Karaşit Ýagy Oguz goşunyndan hemişe ätiýaçly bolmagy talap edipdir. Şonuň üçinem, gaty howlukmaç ýa-da gaty eserdeň adama häli-häzirem: «Näme, yzyňdan ýagy gelýärmi?!» diýläýmesi bardyr. OGUZ HANYŇ ÝEŇILMEZEK KYLBARAKLYLARY ÝEŇŞI HAKYNDAKY HEKAÝAT Är kişileri garameňiz we betgelşik, emma aýallary päkize we hub suratly bu ýurda golaý baran Oguz han olaryň üstüne dokuz kişini ilçi iberýär. Özlerine göwni ýetýän kylbaraklylar «Dokuz bolup ikimizden rüstem gelseňiz mal bereris» diýýärler. Emma Oguz esgerleri beýle ýagdaýy namys edýärler. Kylbaragyň iki nökeriniň garşysyna iki bolup çykan, başa-baş söweşen oguz esgerleri olardan asgyn gelýärler. Bu ýagdaýy eşiden Oguz han Kylbaraklylara garşy güýçli hüjüm edýär. Emma syrly tilsimler bilen ok ötmezlikleri gazanan kylbaraklylary welin ýeňip bilmeýär. Emma söweş wagtynda oguz esgerleriniň biri kylbaraklylaryň arasynda düşýär. Ol kylbaraklylaryň hatynlarynyň arasyna siňýär. Onuň nurly jemalyna haýran bolan hatynlar, ol nökeri Itbarak hatynynyň gaşyna eltýärler. «Nökeri şeýle nurana keşp bolsa, hany dagy nähilikä?!» diýip, ol Oguza gaýybana aşyk bolýar. Netije-de, kylbaraklylaryň söweşleriniň syry açylýar. Seredilip oturylsa, kylbaraklylaryň aýaklarynyň aşagyndan we ýüzünden başga ýerinde ok ötmeýän eken. Leşgeriniň söweş atlarynyň aýaklaryny nallamagy tabşyran Oguz han uruş wagtynda kylbaraklylaryň garşysyna demir tikenekleri sepdirýär. Mahlasy, tutanýerlilik bilen eden hüjümleriniň netijesinde Oguz gan 17 ýyldan soň kylbaraklylaryň üstünden ýeňiş gazanýar. «Nal» Oguz han döwründen gelýän söz eken. OGUZ HANYŇ HARBY TÄRLERI Oguz han atamyzyň Şama azm edişi suratlandyrylanynda «Oglanlaryny ileri (öňe) iberip, özi ardyndan (yzyndan) gider erdi» diýilýär. Söweşde goşuny ikä bölüp, duşmanyň äsgermezlik bilen urşa girmegi üçin gerekli pursatynda esasy zarbany urjak güýji yzda saklamak Oguz han nesilbaşymyzyň söweş usullarynyň biri bolupdyr. *** Oguz han Tekfur diýlen duşman hanyny söweşde boýun egdirýär. Ony özüne gulluk etmäge borçly edýär. Oguz hanyň teklibi esasynda il bilen il bolan Tekfur han Oguz hanyň Ruma we Franka ýörişine öz maslahatlaryny berýär. Netijede, Oguz han derýa kenaryndaky yssy ýerde gyşlaýan rumlylaryň gyşlakda wagty olaryň ýazlagyny eýeleýär. Rumlylar ýazlaga çykyp bilmänsoň gyşlaklarynda ejizleýärler we boýun bolýarlar. Maldarçylyk we daýhançylyk bilen gün görýän halkyň öri we ekin meýdanlaryny ele salmak arkaly gabaw täri Oguz hanyň wagşylykdan sowa geçip, ýeňmek maksadyna eýlenen ýene-de bir ajaýyp söweş tilsimleriniň biridir. *** Duşman kalbyna dowul salmak Oguz hanyň şowly ulanan harby syýasatydyr. Ol Franka ýörişini özüne gulluk edýän Tekfur hanyň Franka ýollan dowul hatyndan başlaýar. Tekfur Oguz-türkmen kowmunyň juda güýçlidigi, olaryň ýurdundan Gün dogýandygy, hiç kimiň olara garşy durup bilmeýändigi barada yzly-yzyna hatlar ýazyp, uruş turup Frank halky we ýurdy heläk bolmanka, boýun bolmagy hem her ýyl mal jemläp, hazyna iberip durmagy maslahat berýär. Soňra Oguz hanyň özi müň-müň çerik (goşun) bilen baryp «Takyk biliň, biziň çerikimiz siziň hyýal we pikir edişiňizden artykdyr...» diýýär. *** Müsüre azm edenlerinde-de, Oguz han leşgerlerine her müň adamyň gijelerine iki üç ýola yza gaýdyp, gaýtadan Müsür deňesinden göç etmegi tabşyrýar. Bu usul netijesinde gijelikde ähli hereketi seljermeýän müsürlileriň gözüne goşun iki-üç esse köp görünýär. Ondan soňra üç ogluny dokuz müň goşuna baş edip ugradýar. Yzyndan ýene bir ogluny dokuz müň goşuna baş edip ugradýar. Olaryň yzyndan özi uly goşun bilen ýola rowana bolýar. Şeýlelikde, Oguz hanyň bu harby syýasaty hem uruşsyz tamam bolýar. *** Yspyhana azm etmek üç ýyla çekýär. Yspyhan goşunlary ikä bölünip, her gün bir bölegi urşup, beýleki bir bölegi dynç alardy. Gaýym galalary beýdip boýun egdirip bolmajagyna gözi ýeten Oguz han oglanlaryna kyrk müň goşun bilen galanyň töweregindäki binalara hüjüm etmegi tabşyrýar. Galanyň içindäki Yspyhan goşuny oguz leşgerlerini az görüp, derwezäni açyp hüjüme geçýär. Ogullary duşman goşunyndan gaçan bolup, ony Oguz hanyň baştutanlyk edýän elli müň goşunynyň deňesine getirýär. Oguz han Yspyhany şeýle tär bilen eýeleýär. BENDELIK KEMERI Aslynda «Oguznamany» okap, Oguz hanyň töweregindäkilere ýowuz daramandygyny duýmak bolýar. Oguz han diňe bir töweregindäkilere däl, meýletin boýun boýun bolanlara-da, tabyn eden ýurtlarynyň ilatyna-da ýowuz bolmandyr, gaty-gaýrym azar bermändir. Diňe öz ýurdunyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin paç salýar. Boýun bolman söweş edenleri hem ol güýç bilen boýun egdirýär. Olar üçin Oguz hanyň haýran galmaly harby täri bar eken. Şäherini weýran etmezden ele salnan garşydaş hanynyň biline ýörite «bendelik kemeri» dakylýar we ol birnäçe menzil ýerde mesgen tutan Oguz hanyň huzuryna ugradylýar. Bilinde «bendelik kemeri» bolmadyk del adamlar onuň huzuryna barýan ýoldaky wepadar sakçylaryndan geçip bilmändir. «Oguznamada» bu jümle «boýun sunmak kemeri» sözleri arkaly hem aňladylypdyr. AZATLYK HALKASY Oguz han söweşip ýeňilen, ejizligini boýun alyp, biline bendelik kemerini baglap gelen Tekfur hana ilki özüne garşy söweş edenem bolsa, mundan buýana wepaly bolup, ýyldan-ýyla paç tölejekdigini boýun alsa, ony öňki tagtynda oturtmak meýliniň bardygyny duýdurýar. Oguzyň bu sözlerine Tekfur han: «Eger Oguz merhemet kylyp, azatlyk halkasyny gulagyma salsa, men hem bendeler hataryna girip, her ýyl maly-hazyna ibergeýmen!» diýip jogap berýär. Bendelik kemeri we azatlyk halkasy aňyrsy boş söz, owadan jümle bolmaly däl. Sebäbi il içinde owal howalasy ýokary biri ýuwaşasa, oňa: «Pylanynyň-a, soňky günler gulagy deşilen ýaly» diýilmesi bardyr. Çünki, gulagyna azatlyk halkasy ötürilen han hanam bolsa, öňküsi ýaly göwnüne gelenini edip bilmeýär. Sebäp diýseň, indi onuňam hany bar, hökümdary bar. Oguz han bar. Ynha arasy gabarasy çelpek ýaýjygam bolsa «Oguznamadan» alnan maglumatlar baradaky makalamyzy şunuň bilen jemläli. Galanyny indiki makalalarda. Bu ajaýyp eseriň süňňünde edere gürrüň kän. Öwrenere, özleşdirere maglumat kän. Sebäbi makalanyň adynda belleýşimiz ýaly, «Oguznama» – milli mirasymyzyň gözbaşy. Çeşmäniň gözbaşy kiçijigem bolsa, ullakan deňizleri emele getirmäge ukyplydygyna düşünen okyjy «Oguznamanyň» milli mirasymyzyň gözbaşydygy bilen hem gürrüňsiz ylalaşsa gerek. 2016-njy ýyly Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýip yglan eden Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Aşyrmät GARLYÝEW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |