09:24 Ol çaga Putini ýatlatdy | |
OL ÇAGA PUTINI ÝATLATDY
Publisistika
Adam - taryh hakydasyna eýe jandar. Geçmişi kabul etme (воприятие) görnüşimiz şu güne we geljege nähili düşünjekdigimizi görkezýär. Soñky günlerde Atatürküñ ýagty ýadygärligine edilen hüjümler Putini ýadyma düşürdi! Şeýle: Putin Sowet Soýuzynyñ döwlet gimnini gaýtadan Russiýanyñ döwlet gimnine öwürdi. Hem şeýle diýdi: - Eger sowet döwri bilen birlikde öñki döwürlere degişli hiç bir simwoly ulanmaly däldigini aýdýan bolsak, onda ata-babalarymyzyñ ýaşap geçen ömrüniñ peýdasyz we manysyz bolandygyny kabul etmeli bolarys. Muña pikir-oýum bilenem, ýüregim bilen goşulmagym mümkin däl. Putin sowet döwri bilen birlikde taryhy mirasyñ rus kimliginiñ üstündäki roluna arka çykdy. Sowet häkimiýetiniñ özem 30-njy ýyllardan başlap "milli bolşewizmi" ganatlarynyñ astyna alypdy. Hiç kim öz taryhyna biziñ ýurtlarymyzda bolşy ýaly duşman däldir. Ýogsam bolmasa, Atatürksiz türk kimligi bolup bilermi? Bir ýurdy ýok etmegiñ birinji ädimi milli buýsanjy öldürmekdir! * * * Kimligiñ (identiçnost) gaýragoýulmasyz şerti taryhyñ dogry bilinmegudir. Tersine bolanda, taryh hakydasy az ýa-da hiç bolmadyk jemgyýeti islän ugruña sürübermek añsat bolýar... Käbir gatlaklar soñky ýyllarda "türk" diýlende, "faşist" jogabyny bermegi öwrenşikli gylyga öwürdiler! Jemgyýeti taryhyna duşmançylyk eder ýaly ýagdaýa getirip, öz ýurduna kesekileşdirildi. Maksatlary türki "tökleşdirmekdi. Başarmanam durmadylar! Köp kişi indi "men türk!" diýmäge utanyp duran boldy! Kimligi ýok etmek jemgyýetçilik çagşamanyñ, çüýremäniñ sebäbidir. Gynançly mysal beresim gelýär: Türk goşuny derbi-dagyn edildi. FETÖ-nyñ wezipesi şudy - türk ruhuny biçmek... Üns beriñ: ruslar, nemesler, hytaýlylar, türkler söweşjeñ halklardyr. (Dr. Hikmet Kywyljymlynyñ sözi bilen ýazsam, "harbyçyllygymyz"!). Bu kimligini ýok etseñiz, jemgyýeti "süpük tirýekä" öwrersiñiz. Gep diñe Ýaragly Güýçleriñ guramaçylykly strukturasynda däl, jemgyýetiñ süññündäki "harby ruhuny" öldürmekdedir. Şuny aýtjak bolýaryn: Syrgynyñ agasy (ýa-da hekemi diýiñ) iearhiýa düzgüni bilen syrgyny asuda saklardy. Ol "harbylygyñ" syrgyndaky wekilidi. ("Möjekler mekany" ("Kurtlar Vadisi") teleserialyndaky hekem (kabadayı) Duran Emminiñ obrazyny şol nukdaýnazardan döredipdik. Onuñ öldürilmegi degredasiýanyñ öñüni açdy!) Gara güýje baýrynmak, edeniñi edip ýörmek barada aýdamok. Esasynda idealy, prinsipi - goç ýigitlik bolan enformel-kanunylaşdyrylmadyk düzgüniniñ gürrüñini edýärin. Wagtyñ geçmegi bilen hekemleri-de bozdular. Şeýdibem: Syrgyndaky çagalaryñ neşekeş ýa-da aýal-gyzlaryñ jelep bolmagyna päsgel berjek namysjañ güýç galmady! Häzir nowça çagalar ogurlanýar, aýal-gyzlar öldürilýär. Ýogsam bolmasa, düýnki tradision düzgünde aýal-ebtada, çagalara, garry-gurta el degrilmeýärdi, çünki döwüşmäge gelen diñe garşydaşy bilen dikleşerdi... Häzir syrgynlarda bu zatlara garşy göreşjek güýç ýok, "baş" ýok... Okuw jaýlarymyzam şeýle. Harby gulluga taýýarlyk sapagynyñ düzgün-tertibe salýandygyny näçe kişi ýadyna salýar? "Militarizm ündelýär" diýip, nämeleri diýmediler. Indi ne syrgynlarymyz, ne okuw jaýlarymyz adam ýetişdirip bilýäris. Taryhy derejämizi ýitirdik, kimliksiz goýuldyk! 17 ýaşly "ymam hatyply" ýigdekçäniñ Atatürke diýýän zady, edýän hereketi aslyýetinde jemgyýetçilik düzgüniniñ doly çüýränligini görkezýär... * * * Nazym Hikmetiñ ýazyşy ýaly, "dõrt nal bilen gelip Aziýadan Ortaýer deñzine gysragyñ boýny ýaly uzaýan" türk biz... Biziñ genetikamyzda jemgyýetçilik-halk eýeçiligi bardy, ýok etdirdiler. Taryh hakydamyzda milleti kemala getiren döwlet eýeçiligi bardy, ýok etdirdiler. Sylag-sarpa bardy, manera bardy, tradision gymmatlyklar bardy. Genetikamyzy üýtgetdiler, gormony kiçijik Amerika ýasadylar bizden. "Harby diktatura" diýip, türk kimligi hazynasyny derbi-dagyn etdiler. Türk baýdagy bizde bir bölek mata däl, mukaddesdir. Pelsepesiz ideologiýa pikirlenmegi, derñemegi, añ etmegi ýok etdi. Bizde "harby sosiologiýa" boýunça edilen ýeke iş ýok! Medeniýetsizligimizi iñlis ýa-da fransuz ýaly bolmazlygymyza baglanyşdyrýanlar bu ýurda we taryhyna paýyş sögdürip, kimliksiz goýdy. "Harbyçy" diýip Atatürke ençeme ýyllap kesek zyñyp gelenler indi "çüýrük miwelerini" ýygýar. Soner ÝALÇYN. "Sözcü" gazeti, 27.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |