21:58 Ol ikisine açyk hat | |
OL IKISINE AÇYK HAT
Publisistika
“Gadyrdan gardaşlarym, Baýden we Tramp, size bu haty örän alyslardan, baryp-ha, Türkiýeden ýazýaryn. Ikiñizem akyly-huşy ýerindäki adama meñzeýärsiñiz. Emma prezidentlik ýaryşyna girdiñiz, bir çuwal injiri berbat etdiñiz. Saýlaw sistemañyzyñ neneñ-niçik dökülşini bütin dünýä gördi. Sesler berildi, poçtadan gelen ses gutulary açylmaga başlandy we Tramp şobada syrtyndan suw goýbermäge durdy. Ýokary suda gidip, garşydaşyna berilen sesleri güýçsüz hasap etdirjekmiş. O nämäñ sudy, gardaşym, sen ilki git-de, saýlaw sistemañyzy bir düzet ahwetin... Bular ýalam bir saýlaw sistemasy bolarmy! Hemme zat bulam-bujar, çatak... Eýýäm dört günden geçdi, ikiñiz bilen bile bu işiñ nirä baryp direjegini, kimiñ prezidentlige saýlanjagyny hiç kim bilenok. Aýdyşlaryna görä, siziñ her welaýatda belli-belli delegatlaryñyz barmyş. Jemi 538 delegatyñ sesini alan prezident bolýarmyş. Baýden muña ýakynlaşypmyş. Serediñ, gardaşlarym, delegatlaryñ sesini gapmak onçakly kyn däl. Siz entek ýaş bolýañyz! Delegatlary öñünden taýýarlañ. Bu işiñ belli-başly düzgünleri bar... Saýlanan ýagdaýyñyzda delegatlaryñ garyndaş-doganlaryny işe aljakdygyñyzy wada bermeli. Olara we ýakynlaryna iş paýlajakdygyñyzy aýdyñ. Diñe şeýdenden soñ ýetmeli sanyñyz 538!.. Çuññur hormatlanýan we gadyrdan Baýden we Tramp, siziñ bu delegat taýýarlama işlerinde juda howlukmaç, juda bärden gaýtmalaryñyzyñ bardygy belli. Aýtdym-a size, ilki delegat taýýarlamagy öwreniñ, gardaşlarym! Türkiýede bu işiñ mekdebi bar, biz bu mekdepde nijeme uçurymlary çykardyk! Biziñ ile gelen bolsañyz, ikiñize-de öwrederdik... Delegat taýýarlama, deputat taýýarlap partiýasyndan öz islegi bilen gider ýaly etme... bularyñ barsy bizde bar. Geçmişimiz şular ýaly zatlardan doly. Ýöne käsäniñ agzyny açyp, näme etmelidigini biliñ! Gadyrdan gardaşlarym, eýýäm näçe gün geçdi, siz bolsa entägem prezidentiñizi saýlap bileñzok. Bu nähili bolýaraý! Ýene-de siz özüñizi dünýäniñ hojaýynydyr öýdýärsiñiz. Dünýäni dolandyrýarsyñyz, dünýäniñ žandarmalygyny edýärsiñiz, hemme meselä burnuñyzy sokýarsyñyz, iş prezident saýlawlaryna gelýärem welin, hiç hili netije ýok! Ne biçüw saýlaw sistemasy bu? Şindi bir oýlanyñ, gojaman ABŞ-da prezidentlik saýlawy sudda tamamlanmaly! Ilki wagtlaýyn gabawhana düşersiñiz, soñra sud kelläñizi agyrdar! Eý Hudaýjan, beterinden beteri bar, özüñ goraweri. Dumly-duşa masgara bolarsyñyz, soñ aýtmady diýmäñ! ‘Siz taraplardan, Türkiýeden näme habar bar?" diýip, sorar bolsañyz, bizde ýagdaýlar gülala-güllük. Bizi alada etmäñ. Bahalar galmasyny goýdy, olar indi geçmişde galdy. Ýaşaýyşyñ gymmatyny ýeriñ teýine sokduk. Mälim edilen resmi görkezijiler şeýle diýýär! Korrupsiýa, talañçylyk, adam ogurlama, partizanlyk diýseñiz, olary-da, tüweleme, nolladyk. Walýutany sorar bolsañyz, içerki we daşarky terrorçy toparlaryñ täsiri bilen biraz uçýar, emma onu-da ökjämiziñ aşagyna salyp, silindir ýaly ezjek günlerimiz daşda däl. Ýagny, bizde hemme zat - ykdysadyýet hem öz akymyna barýar. Biziñ 83 million halaýygymyz hoşal we bagtly. Eý Tramp, hatymyñ şu bölegi sañadyr... Biziñ dünýä liderimize resmi hat ugradyp, mertebesini peseltdiñ, haýbat atdyñ, utanman-etmän "Akmak bolma!" diýdiñ. Düýnem ýazypdym, enşalla, şu saýlawda ýeñil-de, mundan beter bol! Hak ýerini tapsyn. Gadyrdan gardaşlaryn Baýden we Tramp... Ikiñizem biziñ üçin juda gymmatlysyñyz. Işi süýndürip oturmañ, sudlaşyp görene göz bolup ýörmäñ. Bu sagatdan soñ taýýarlap boljak delegat galan bolsañ, şolary sypdyrmañ. Bir pikirim bar… Boş işlere güýmenip wagtyñyzy ýitirmäñ. Gerek bolsa bije atyñ, kimiñki çüwse şolam prezident bolsun. Meñ pikirimçe, iñ praktiki we iñ çalt çözgüt şu bolsa gerek. ABŞ-nyñ geldi-geçer prezidentligi diýip, biri-biriñizi mundan artyk ynjytmañ, dünýäni ketdesiz goýmañ, oglanlar… Meniñki aýtmak, galanynam özüñiz biliñ... Ikiñiziñem alnyñyzdan öpýärin.” Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||||
| |||||||