22:59 Ölen aty üçin mazar daşyny diken patyşa | |
ÖLEN ATY ÜÇIN MAZAR DAŞYNY DIKEN PATYŞA
Taryhy makalalar
Geçen ýyl doganlyk Türkmenistanyñ Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyñ ýurduñ paýtagty Aşgabat şäheriniñ merkezinde altyn çaýylan alty metrlik türkmen alabaýynyñ heýkelini dikdirdi. Bu heýkel gyzgyn seslenme döretdi. Biz bu heýkeliñ türkmen alabaýyny diñe ölenden soñ däl, entek dirikä şöhratlandyrmak üçin asylly işdigini bilýäris. Türkmen iti häzir halkara jemgyýetçiliginde giñden tanalýar we Türkmenistanyñ milli gymmatlyklarynyñ biri hasaplanýar. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduna gelen döwlet ýolbaşçylaryna türkmen alabaýyny sowgat edýär. Umuman alanda, doganlyk türki halklaryñ hemmesinde-de haýwanlara bolan aýratyn mähir, aýratyn ýakynlyk bar. Taryhda osmanly soltany Osman II hem ölen aty üçin mazar daşy we ýadygärlik dikdiripdi. "Öwlüýä at" hökmünde tanalan bu haýwan asyrlar boýy halkymyzyñ arasynda sylaglanyp gelipdi. • Osman II we onuñ aty "Sisli Kyr" Ýaş Osman Döwleti-Aliýäniñ (ýagny "Beýik döwlet" - Osmanly döwletiniñ -t.b.) iñ mazlum patyşalarynyñ biri bolsa gerek. Döwletiñ düýbüni tutujy Osman Gazynyñ ady goýlan Osman II-niñ käbir çeşmelerde garry atalaryndan Fatih Soltan Mämmet ýaly arap-pars dilleri bilen birlikde, latyn, grek dillerini-de suwara bilendigi aýdylýar. Ýañy on dört ýaşanda tagta çykan Osman II agalygyny berkitmek üçin ýanyçarlary tertipleşdirmäge synanyşypdyr. Taryha bolsa adyny "Lehistan fatihi" (Polşany eýeleýji) hökmünde girizipdir, emma ýörişlerden soñ Stambula gaýdyp gelende dabaraly çäreler geçirilip durka säwlik bilen çawup gelen okuñ patyşanyñ ogluna degip, ölümine sebäp bolmagy Osman II-niñ başdan geçiren ilkinji trawmasy bolupdy. Osman II Ýewropa ýörişlerinden soñ mundan owal hiç bir Osmanly patyşasynyn etmesik işini etmegi müwessa bilipdir: Mekge-Medinä haja gidip-gelmek... Bu karar ýanyçarlar gwardiýasynyñ we käbir ýokary düzümli döwlet ýolbaşçylarynyñ arasynda ynjalyksyzlyk döremegine sebäp bolupdyr. Şuña görä, Osman II-niñ haja gitme bahanasy bilen Anadolydan (ýagny türkmenlerden -t.b.) uly goşun toplap, ýanyçarlar gwardiýasyny ýatyrjakdygy baradaky myş-myşlar paýtagty dowula düşüripdir. Ýanyçarlar duýdansyz herekete geçip, patyşany tagtdan agdaran hunta ony agyr kemsitmeler we gynamalar bilen alaşa mündürip, "Ýedikule" zyndanyna salypdyr. Bu ýerde aýdylyşyndan soltana juda kowum-kowahata sygmajak gabahat hereketleri edenden soñ öldürmekleri osmanly taryhyna gara tegmil bolup girdi. Bu aýylganç hadysany bahana edip aýaga galan Abaza Mämmet paşanyñ başlan gozgalañy hem tas Stambuly basyp alypdy. Hernä döwlet dargamanka bu gozgalañ basylyp ýatyrylypdyr we Osman II-ni öldürmäge gatnaşanlaryñ köpüsi jezalandyrylypdyr. Ýaş Osman at münmegi we atlary halaýan patyşa bolupdyr. Onuñ "Sisli Kyr" ("Dumanly Gyr") atly bedew aty dillerden düşenokdy. Tagta geçenden soñ bir ýyl geçip-geçmänkä bu at ölüpdir. Muña juda gynanan patyşa atyny Üsküdardaky "Kawak Saraý" baglygyna jaýladypdyr we başyna mazar daşy dikdiripdir. Halik Edhem beýiñ ýazan "Bedew atyñ mazar daşy ýazgysy" ("Bir Atın Mezar Taşı Kitabesi") makalasy bu mazar daşy hakda giñişleýin maglumat edinmegimizi üpjün etdi. Häzir "Topgapy" köşgüniñ "Raht" hazynasynyñ kolleksiýasynda saklanýan daş ýazgy biziñ günlerimize çenli gelip ýetipdir. Meşhur ýazgyda şeýle setirler bar: "Hakyñ saýasy Hezreti Osman hanyñ, "Dumanly Gyr" atly aty ýat edilmiş. Allanyñ emri bilen ajal gelende, Ol şu makam içre gömülmiş". Orginalda: "Zyll-y Hak Hazret-i Osman Han'un, Sisli Kyr nam aty anylmılyşdur. Emr-i Ýezdaniýle mewt irişecek, Bu makam içre o gömilmişdür". Bu atyñ gubury we ýazgysy bolsa halk köpçüliginiñ arasynda san-sajaksyz rowaýatlaryñ döremegine getiripdir, stambullylar tarapyndan asyrlar uly hormat goýlup gelnipdir. Belki-de, munuñ iñ uly sebäbi hökmünde atyñ özünden zyýat halkyñ Osman II-niñ pajygaly ölmüne bildiren gynanjy bilen düşündirip bileris. Elbetde, döwlet ýolbaşçysynyñ haýwanlara bolan söýgüsi wagtal-wagtal duşmanlary tarapyndan ters garşylyklaryñ berilmegine-de sebäp bolupdyr. Mysal üçin, Abdylhamyt II-niñ itlere bildiren söýgüsi onuñ garşydaşlarynyñ haýwanlara bolan barlyşyksyz we manysyz ýigrenje sebäp bolmagy taryhyñ täsin öwrümi bolsa gerek. Soltan Abdylhamyt II-ni tagtdan agdaran huntanyñ kabul eden kararlarynyñ başynda Stambuldaky eýesiz itleriñ adamkärçilige sygmaýan görnüşde üýşürilip soñ-soñlar "Haýyrsyz ada" diýlip ýatlanjak Siwri adasyna ugradylmagy bolupdy. Elbetde, biz bu mysaly häzirki eýesiz köçe itleriniñ üýşürilmegine garşydaşlyk edeli diýip getiremzok. Ýöne adamkärçilige sygyşmaýan her bir işiñ wyždan taýdan alanda agyr netijeleri bolýar. (Taryhyñ öwrümine seretseñizläñ: öñ Abdylhamydy ýigrenenler itleri gyran bolsa, indi Abdylhamydy mifleşdirýänler itleriñ ganym duşmany boldy -t.b.) Elbetde, biziñ günlerimizde käbir guramalaryñ we it-pişik iýmlerini öndürýän firmalaryñ gözegçiliksiz önümçiligi we çendenaşa ulalmagy netijesinde garşyma-garşy bolup galynan ýagdaýda asyl kösençlik çekýänleriñ kiçijik çagalardygyny we garrylardygyny hem aýratyn nygtap geçmegimiz gerek. Uzyn gepiñ gysgasy, halk arasyndaky "Öwlüýä at" diýip wagtal-wagtal eşidýän gürrüñimiziñ añyrsynda Osman II-niñ "Sisli Kyr" üçin diken daş ýazgysy we halkyñ Osman II-ä bildiren söýgüsi ýatyr. Biziñ taryhymyzda-da döwlet ýolbaşçylarynyz Türkmenistanda bolşy ýaly haýwanlara şeýlekin mähir-muhabbet bildirip, olaryñ adyny hemişelik ýaşadaslary gelipdir. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Sişenbe, 27.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |