16:49 Oligarh demokratiýasy | |
OLIGARH DEMOKRATIÝASY
Publisistika
Baýdeniñ nyşanasynda "olar" bar. Global maliýeçileriñ nyşanasynda "olar" bar. Global mediýanyñ nyşanasynda "olar" bar. Ýagny, rus oligarhlar... Günbatar düýn bile işleşen rus oligarhlarynyñ mal-mülklerine bugünki gün bikanun el urmaga başlady. (Işe ganam bulaşdy, düýn rus oligarhy Mihail Uotford Angliýadaky jaýynyñ garažynda öli tapyldy.) Ýeri, ukrainaly oligarhlar näme? Ukraina "oligarhlar respublikasy" dälmi? Ýazaýyn: 1991-nji ýyl. Ukraina garaşsyz boldy. Döwletiñ eýeçiligine degişli zatlaryñ haýdan-haý hususylaşdyrylmagy bilen Ukrainanyñ syýasy-ykdysady sahnasyna nirden çykandygy näbelli işewürler-oligarhlar çykdy. Noldan diýen ýaly başlan oligarhlar döwletiñ erkin bazara esaslanýan ykdysadyýete geçişi bilen syýasat we hökümet gatnaşyklaryndan peýdalanyp çalt baýady. Özem: iñ baý elli oligarhyñ jemi baýlygy ýurtdaky ähli önümleriñ 85%-ne deñ boldy! Syýasatda güýç eýesi bolmazdan, döwletiñ emlägini talamagyñ mümkin däldigi global "bazar düzgüni" dälmi näme? Ukraunada-da oligarhlar syýasy partiýalaryñ gözegçiligini doly ele aldy. (Pikir etmäñ, diñe sagçy-konserwatiw partiýalarda güýçli bolandyr öýdüp. Çepçi görnüşli Ukrain Ýaşyllar partiýasy, Ukrainanyñ Işçiler partiýasy, Ukrainanyñ Sosial-Demokrat partisy we beýlekiler güýç gazandylar.) Aslynda ortada partiýa diýilýän zadam ýokdy! Ukrain syýasatynda oligarhlaryñ daşynda toparlanşan birküç "klan"-fraksiýa bardy: - “Donesk klany” (Rinat Ahmetow, Wiktor Ýanukowiç, Nikolaý Azarow…) - "Dnepropetrowsk klany" (Ýuliýa Timoşenko, Leonid Kuçma, Wiktor Pinçuk, Sergeý Tigipko, Pawel Lazarenko…) – “Kiýew klany” (Wiktor Medwedçuk, doganlar Surkisler, bu klan aýratynam Zakarpatýe oblasty bilen baglanşykly.) - Hem olara garanda has kiçisi bolan “Harkow klany”… Häzir Ukrainada oligarhlar syýasaty, aýratynam Верховная Рада-ny (Ukrainanyñ mejlisini), munisipialet başlyklaryny, hökümeti ele geçirdi... • 349 PARTIÝA BAR Ukrain halky syýasy güýjüñ birküç adamyñ-toparyñ elinde bolan oligarhiýa düzgüninde ýaşaýandygyny bilenokmy? Ukrainada halkyñ syýasy partiýalara bolan ynamy diýseñ pes: 14.7%. Ukrainada partiýa agzalygy ses bermäge degişli ilatyñ 1%-denem aşakda! Ukrainada halk köpçüligi syýasat bilen işi ýok, emma Adalat ministrliginde 349 partiýa hasaba alynan. Diñe geçen ýyl birleşmeleriñ we bölünmeleriñ netijesinde elli partiýa adyny üýtgetdi! Bulara yzyna köpçüligi düşürip bilýän partiýa diýmegem nädogry bolar, Ukrainada syýasat ideologiýalara görä däl-de, gönüden-göni klanlara goldanýar. Şol sebäpli teleýaýlymda gülkünç sahnalar bilen çykyş eden şow gepleşigi bilen adybir "Halkyñ hyzmatkäri" atly partiýa guran Zelenskiniñ prezident bolmagyna geñ galyp oturasy iş ýok! Reýting bilen ses bermegiñ biri-birine garyşdyrylýaj ykdysady-syýasy gurluş şu... Özem metbugat serişdeleriniñ bu gurluşdan täsirlenmezligi mümkin däl. Mysal üçin, Zelenskiniñ telegepleşiklerde çykyş eden "Inter" teleýaýlymynyñ hojaýyny-da oligarhlardan biri: Dmitriý Firtaş… Galyberse-de, dünýäniñ 214 müñ off-shore guramanyñ bikanun işlerini Panama resminamalarynda Zelenskiniñ adynyñ geçmegi geñ galdyrýarmy? Ýagny: Demokratiýa - saýlaw uçastogyna gidip ses bilen çäklenmeýär. Eger bir ýurduñ, döwletiñ syýasatyna halk eýelik edýän bolsa, diñe şonda demokratiýadan söz açsa bolar, oligarh klanlaryñ häkimlik sürýän ýurdunda demokratiýa bolup bilmez... • SİSTEMANYÑ GURUJYSY Biziñ metbugat serişdelerimiz Ukrainanyñ Prezidenti Zelenskini alaga-da, "gahrymanlyk" mertebesine çykardy-da goýaýdy! ABŞ-na bil baglap, negözel ýurdy urşa sokjak kararlary kabul eden... Ýurdunyñ basylyp alynmagyna sebäp bolan... Ýurdunyñ bombalanmagyna, ýakylyp-ýykylmagyna we raýatlarynyñ ölmegine sebäp bolan birine "ýigitlik" çini ne beýle añsat berilýär? Biziñ mediýamyz harby eşikli Zelenskini öwüp area çykarýar. Emma: Käşgä, dartgynlylyk döretmezden, ýurduny urşa sokmazdan konflikti çözüp bilme başarnygynam görkezen bolsady... Käşgä, NATO-nyñ gepine gidip, munça gaýgy-hasratlaryñ bolmagyna sebäp bolmasady... Käşgä, urşy teleýaýlymlarda görkezilýän şowhunly gepleşikler ýalydyr öýtmesedi... Nämüçin edibilmedi? Putin häzir ýetmiş ýaşynda, onuñ ömri döwlet edaralarynda, syýasy arenada geçdi. Baýden häzir segsen ýaşynda, onuñ ömri döwlet edaralarynda, syýasy arenada geçdi. Zelenskiý häzir kyrk dört ýaşynda, ol ömrüni düýnki güne çenli artistlik edip geçirdi. Üç ýyllyk syýasatçy, döwlet işgäri... "Ýöne..." diýip, käbiriñiziñ ardynjyrap duranyñyzy bilýänem, "kyrk dört ýaşly biri döwlet ýolbaşçysy bolubilmezmi" diýýänsiñiz. Ýöne şuny magat bilýärin, hemme ýurduñ şertleri birmeñzeş däl! Reýting rekordsmeni Zelenskini ýokarda agzalan - pul gazanmagy uruş hasaplaýan ykdysady-syýasy proses orta çykardy: Oligarh demokratiýasy! Häzirki uruş şol oligarh demokratiýasynyñ miwesi... Bu sistemadan gahryman däl-de oligarh ketde çykýar! Bu sistemanyñ gurujysy Günbatar häzir şeýle diýýär: Ukrain oligarhlary ak jüýje... Rus oligarhlary erbet... Hem siziñ öñüñizde meseläni keserdip goýýarlar: "tarapyñyzy saýlañ!" Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |