13:38 Ömrümiñ bir ýyly | |
ÖMRÜMIŇ BIR ÝYLY
Goşgular
Hoşlaşdym, Ömrümiň ýene bir ýylyn Ugratdym, geçmişe ýolladym bu gün. O menden hoşalmy ýa-da närazy? Bilmedim, biljegem bolmadym bu gün. Gitdi, Ne ýylgyrdy, ne gaşyn bürdi, Ne-de bir gaňrylyp seretdi maňa. Ýa menden sypanna begendi juda, Ýa-da agraslygyn göz etdi maňa. Hawa, ol dil ýarman, Syr bermän gitdi... Men bolsam penjiräň geçip öňüne, Oň yzyndan garap galdym, tisgindim, Ýeten wagty adamlaryň deňine. Oýlandym: «Gör, olar näme diýerkän? Çekindim: «Oň ýüzün dalarlar hökman». Bir gowy zat, salamyny aldylar Hemem ýol berdiler gaşlaryn çytman. Diýdiler: «Başarsaň, ýagşylyk etdiň, Şükür, ýamanlyg-a görmedik senden. Hasyly azyrak berdiň sen oňa, Nätjekd-ä, goý, onam görsün özünden». Soňam edep bilen saldylar ýola, O bolsa ýene-de howlukdy, gitdi. Kem-kemden giňişlik gerdi perdesin, Gözýetime siňdi, gözümden ýitdi. O gitdi... «Nätjek-dä, görsün özünden» Wah, şu jümle welin gulagmy gazap, Beýnimi, ýüregmi mynçgap başlady, Sähelçe pursatda çekdim kän azap. Alaç ýok, Geçeni geçdi bilmeli, Öz eden günäňi çekmeli özüň. Pursat bar, belki-de, geljekki günler Hasylsyz ýylyňam dolar öwezin. Ýöne bir kişini ynjaldan bolsam, Ýa nähak iteklän bolsam men oda, Şoň öwezin welin dolup bolmazdy, Bejerip bolmazdy ömürylla-da. Penjiräň öňünden aýryldym ahyr, Azajyk teselli berdi şo pikir. ...Ýamanlyk etmedim özümden özgä, Ah, şuňa-da şükür, Şuňa-da şükür. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |