01:42 Ömrüzaýa -2/ romanyñ dowamy | |
3. SÜMSÜLE
Romanlar
― Kiçiräk etrap merkezi. Altmyşynjy ýyllaryň aýaklary. Ähli sowet ýaşlary bilen bilelikde biziňem adamzadyň röwşen gelejegi bolan kommunizme tarap barýan, şol zamanada ýaşajakdygymyza ynanýan döwrümiz ― diýip, Mähti aga gürrüňiniň täze tapgyryna başlady. ― Etrap bilim bölüminiň müdiri, garaýagyz, goturakyrak, agsaýandygy gaty bir bildirmese-de, bir eli hümmet hasaly, çilimi zabun çekýändigi üçin agzyndan temmäkiniň agyr ysy kükäp duran, uruş weterany Pürli aga meniň bilen gysga, emma kesgitli gürleşdi. Etrap merkezindäki birinji orta mekdebe barmagymy, şol ýerde aýdym-sazdan okatmagymy, gurnak gurnap, şol wagtlar ýoň bolan ýyllyk festiwallarynda öňdäki orunlary eýelemegimi, aýdym-saz meselesinde ýeke bir birinji mekdebe däl, etrabyň ähli mekdeplerine-de goltgy berip durmagymy, mümkin bolsa bütin etraba ortalyk aýdym-saz mekdebini açyp bermegimi, iki ýyllyk iş tejribäm tamam bolandan soňam şol ýerde galyp, işimi dowam etdirmegimi, kök urup, ýerli halk bilen gatyşyp-garyşmagymy arzuw etdi. Kä üsgürip, kä asgyryp, bokurdagyny arçap oturyşyna: ― Häzirlikçe mekdebiň sport zalynyň gapdalynda bir kiçijik jaý bardyr, şony bererler, soňy bilen işlejegiň, şu ýerde galjagyň çynyň bolsa, mellek ýerem bereris, täze jaý galdyrmaga-da kömekleşeris, isleseň döwlet jaýlaryndan täzelerini, taýynjasynam bereris... — diýdi. Soň ol aşak eglip ýüzüme jüýjerildi-de, ujy göm-gök bolup duran topazlaç burnunyň tommaýyny ýygryp: «hoňňul-hoňňul» etdi. ― Gerek bolsa öýlendirerisem... Kakam, Pürli aga ýaly ençeme ýyl uruşda bolup gelen mekdep direktory Ýazly Gylyjowam meni diýseň gowy garşylady. Begendi. Telim ýyl bäri aýdym-saz, sport ugrundan hünärmensiz kösenýändiklerini aýtdy. ― Sagatlarynam kimiň ýüki az bolsa, şoňa beräýýäs ― diýdi. Pürli aganyň aýdan jaýyny, mekdebiň iç-daşyny görkezdi. Mugallymlar bilen tanyşdyrdy. Men ol ýere awgustyň aýaklaryna, okuw başlamazynyň öň ýanlary barypdym. Sentýabryň biri güni bolan ertirki üýşmeleňde ýörite aýdym-saz mugallymynyň gelendigini görüp okuwçylaryň, esasanam ýokary synpdakylaryň begenişleri ýolbaşçylaryňkynyň dagy çenem bolmady. Aýdym sapagy esasan kiçi synplarda geçilýär. Ýöne, olar bilen göze ilerlik iş edip bolanok. Pürli aganyň haýyş edişi ýaly sazçylyk mekdebini açjak bolsaňam uzaga çekjek. Bir aýagyň Aşgabatda, Medeniýet ministrliginde bolmaly. Ahyrsoňam boljakmy ýa bolmajakmy, o-da belli däl. Şonuň üçinem, men ur-tut ýokary synp okuwçylarynyň höwesjeňräklerinden, sesi çawuraklaryndan saýlap, aýdym-saz gurnagyny açdym. Ine, meniň ömürboýy çeken jebri-jepalarymyň joşgunly çeşmesem hut, şol gurnagyň işinden gözbaş alyp gaýdýar. Özümiň heniz-henizlerem unudyp bilmeýän, Sümsüle atly ilkinji söýgime hem men şol ýerde sataşdym... ― diýende, Mähti aganyň gözlerine çyg çaýyldy. — Gabaklaryndan mähir dökülip, ýaňaklary gül öwsüp duran syratly, inçebil, gyýalap bakanda gözleri janyňy alyp barýan şeýle uz gyzy men Azat jan şondan öň-de görmändim, soň-da göremok. Daş gulakdan eşdişime görä, ol gyz ata-enesinden ir galypdyr-da, ýumrugy bilen maňlaýyna bir ýelmände men diýen daýaw öküzi ýykybilýän, ştangaçy, wagtynda respublika boýunça görnükli orunlary eýeläp «sport ussady» diýen ada mynasyp bolan, şol wagt etrabyň sport jemgyýetiniň başlygy bolup işleýän Aman atly agasynyň elinde terbiýelenipdir. Däp-dessury sylaýan, terbiýesi berk adam bolsa-da, Aman käbirleri ýaly «pukara girriklik» edip: «Okuwa gitme, aýdym aýtma, kino barma, sporta gatnaşma» diýip, uýasyna azar berib-ä ýörenok ekeni. Şonuň üçinem, Sümsüle eljiräp, göze-başa düşüp ýörmese-de, özüni örän erkin duýýardy. Şadyýan, degişgen gyzdy. Aýdym-saz gurnagyna-da ol ilkinjileriň biri bolup ýazyldy. Diňläp gördüm welin, sesi özündenem owadan. Şol wagt ol dokuzynjy synp okuwçysydy. «Näme üçin sekizinjini gutaryp sazçylyk uçilişşesine gitmediň?» diýip beren soragyma: «Meniň aýdymçy bolasym gelenok, matematika mugallymy bolasym gelýä» diýip, jogap berdi. Heniz mugallymçylyk edip görmändigim üçin ýygralygymam ýok däldi, şonuň üçinem aýdym sapagy bolsun ýa gurnakda bolaly, gyzlaryň käbir ýoknasyzraklary üstümden gülmek üçin, her hili heneklerem oklaýýardylar. Şolar ýaly-da Sümsüle meni goraýardy. Bir gezek bir gyz ― ýalňyşmaýan bolsam şonuň dilem peltegräkdi ― sapak wagty maňa: «Ýoldas mugallym, gaty ýas görünýäňiz welin siz öýlenenmi ýa öýlenmedik?» diýip sorady. Birki sanysam «hikir-de-hikir» gülüşdiler. Men birhili boldum. Näme diýjegimi bilmän, aljyradym. Şol wagtam Sümsüläniň: «A gyz, näme, sallah bolsa baraýjakmydyň? Entek diliňem-ä düzelmändir» diýen sesi eşidildi. «Hikir-hikirler-ä» bir galdy, görsem ýaňky gyzyň özem boz-ýaz bolup otyr. Derrewem «kelläm agyrýa» diýen bahana bilen, rugsat sorap çykyp gitdi. Gülek gyzlaram onuň yzyna düşäýenlerini kem görmediler. Bu ýagdaý beýlekilere-de sapak boldy. Şondan soň ne gyzlardan, ne oglanlardan, ne sapakda, ne gurnakda hiç kim maňa ýerliksiz söz aýtmady. Pes synplaryň aýdym sapaklaryny men raspisaniýe boýunça öz synp otaglarynda geçýärdim. Gurnagy bolsa ähli sapaklardan soň, ulurak synp otaglarynyň birinde alyp barýardym. Öýlerine gijä galyp barmazlary ýaly, esasanam gyş aýlary, şeýle-de, bäsleşik döwürleri taýýarlygy güýçlendirmek üçin, men gurnaklary soňky sagatlardan diläp alyp bilýärdim. Şeýle görkezme dildenem bolsa, direktor tarapyndan mugallymlara berilýärdi, duýdurylýardy. Şonuň üçinem, janlaryna ýakmasa-da, olar şol görkezmä gep-gürrüňsiz boýun egmeli bolýardylar. Bu bolsa, umuman, etrabyň bilim müdirligi tarapyndan aýdym-saza uly üns berilýändigini aňladýardy. Sümsüle gurnagyňam iň işjeň agzalarynyň biri bolup çykdy. Netijede men esasan şonuň bilen işleşmeli, şoňa daýanmaly boldum. Şol zatlaram bizi her gün bir sere ýaly ýakynlaşdyrdy, gep-sözlerimizem kem-kemden ýürekden-ýürege tarap ugur alyp, ýakynlaşdy gitdi oturdy. Soňabaka ikimizem daşymyzyň çolaraýanyny, ikiçäk galaýanymyzy kem görmedik. Gurnak agzalaryny biri-birimizden gysganyp ugradyk. Biri-birimizi görmesek bikarar bolduk. Bu zatlaryň barysy başda ikimiz üçinem bilniksiz halda geçdi. Ikimizem duýgularymyzy daşymyza çykarmazlyga, hyjuwlarymyzy içimizde saklamaklyga çalyşdyk. Birini gowy görmek bilen söýmekligiň, garyndaşlyk gatnaşygy bilen söýginiň tapawudynam men şonda bilip galdym. Aýbahara men özümi hossar saýýardym, ony her hili bela-beterlerden gorasym, halas edesim gelýärdi. Ony gowy görýändigimiň sebäplerinem men esasan şol zatlarda görýärdim, ýöne, Sümsülä welin, düýbünden başgaça garaýardym. Gözüne gözüm, ýüzüne ýüzüm düşenden ony garbap alyp bagryma basasym, ogşasym, mähriniň ýylysyny bütin durkum bilen duýasym gelýärdi. Aýbahara bolan duýgularymy şonça ýyllap pynhan saklap gezmekligi başaran bolsam, Sümsülä bar zady bir günde aýdasym geldi durdy. Soňabaka uzakly gijäni şony ýatlap, gorsanyplar geçirdim. Ertesi irden okuwçylar gelişenlerinden soň başgasy bilen işim ýok, gözlerim bilen diňe şony gözläp başladym. Görmesem, salamlaşmasam, iki agyz söz alyşmasam kararym ýetmedi. Göwnüm ynjalmady. Ýygralygymyň dagy nirä gidenini özümem bilmän galdym. Bir gowy zat ― aýdymy hemmelerden gowy aýdýandygy üçin ol gurnagyň sütüni bolup durýardy we gowy netije gazanmak üçin meniň ala-böle şoňa üns bermegim, köplenç şonuň bilen işlemegim hiç kimi geň galdyrmaýardy. Onsoňam ol-a meniň okuwçymdy, men bolsam onuň mugallymydym. Mugallym bilen okuwça göwnügaraçylyk etmek bolsa, hebes hasaplanýardy. Hernäçe syr bildirmejek bolsa-da, Sümsüläniňem özüm hakda köp pikir edýändigini aňýardym. Ýöne, meniň dymyşym ýaly o-da dymýardy. Şol dymyşlygyň uly bir apy-tupanyň öňündäki ümsümlikdigini welin, ikimizem aňmaýardyk. Ýene bir ýadymda galan zat ― aýdym aýdyşyna nähili baha berýändigimi aýdym gutarmazdan ozal ýüzümden aňmakçy bolýan ýaly, ol aýdyp duran mahaly garaluw gözjagazlarynyň gyýgyny hemişe maňa tarap gyýakladyp aýdardy. *** Mekdep howlusynyň bir burçunda, ýaşamak üçin maňa berlen kiçijik jaýyň günorta gapdalynda çaklaňrajyk jaý bar. Aýdyşlaryna görä, bir wagt mekdebe sport ugrundan bir ýaş mugallym gelipdir-de, işine yhlasly bolandygy üçin, ony-muny görüp, şojagaz jaýy gurdurypdyr. Ol ony esasanam, gyş aýlary sowuk, ýaz-güýz aýlary ezginçilik bolanda içinde sapak geçmek üçin ulanypdyr. Gijelerine bolsa, sportyň dürli görnüşleri boýunça höwesjeňleri türgenleşdiripdir. Birdenem goşun gullugyna gitmeli bolupdyr-da, soňam gaýdyp gelmändir. Eýesiz galan zalyň özem, içindäki sport enjamlaram şondan soň dargap, çagşamak bilen bolupdyr. Bir gün mekdep direktory Ýazly aga meni ýanyna çagyrdy-da: ― Pürli bilenem gürleşdik. Şo jaýy saňa beräýsek diýýäs. Gurnagyň üçin. Remontynyň aladasynam özümiz ederis... Ýöne, sen bir orta ýolda taşlap gidäýme! ― diýdi. ― Başga-da näme kömek gerek bolsa ederis, aýdyber, gürrüňi bolmaz... Frontçy adam-da, aýtdy gutardy! Pulam tapdy, işçem tapdy, on güne ýetirmän zalyň içinde sykylyk çalybermeli etdi. Görüp otursam zalyň tör tarapynda kiçiräjik sahnajygam, gerek wagty içinde adamlary oturdyp konsertjagaz görkezer ýaly tagtadan uzyn-uzyn oturgyçjagazlaram ýasadypdyr. Işiklerini, penjirelerini täzeledip ýörenin-ä, işläp ýörkäler özümem gördüm. Soň «promkombinatdan» owadan mata alyp, penjirelerine tutam tutdurdy. Zaly maňa «tabşyryp» bolandan soň, Ýazly aga elini egnime goýdy-da: ― Edil, täzeje-hä däl welin, ispolkomyň jaýynda atam eýýamden bäri çaň basyp ýatan, ýöne gurat pianino ba, onam gürleşdim, seň üçin. Bu gün-erte getirerler... ― diýdi. O diýenem boldy. Ýaşulylaryň ikisiniňem maňa bolan ynamlarynyň gaty uludygyna şondan soň men hasam gowy göz ýetirdim. Egerde, iş şoňa baryp ýetse, özümem haýyş etsem, etrapda hemişelik galaýmagymyň ahmaldygynyň hatyrasyna şu ýaşulularyň ikisem meniň üçin Sümsülelere söz aýdyjy gitmäge-de razy bolsalar gerek, diýen pikiriňem şol döwür kellämde käte bir köwsarlap gidýänini bilýän. Şonuň üçinem, men şondan soň işime hasam yhlasly ýapyşdym. Sümsüle ýaly aýdyma ezber oglan-gyzlar üçin, öňde duran bäsleşiklere niýetläp täze-täze aýdymlar taýýarladym. Hersi bilen aýratynlykda-da işledim. Öň ýekeje akkordionyň ýanynda aýdyp ýören gurnakçylaryň höwesleri pianino peýda bolandan soň hasam artdy. Käbirleriniň-ä asla wagty bilen öýlerine gideslerem gelmedi. Sümsüle-de şolaryň biri. Has gijä galan wagtlary meniň ony tä öýlerine çenli ugradyp gaýdýan wagtlarymam bolýardy. Bu ýagdaý onuň bilen içgin öwrenişmegim üçin maňa hasam amatly boldy. Içgin-içgin gürleşere, degişere-gülüşere, oýun edişere, birek-birege düşünişere mümkinçilik döretdi. Bir gezek gaýtalamakdan soň ikiçäk galdyk. Ýörite däl-de, özünden-özi şeýle boldy. Meniň bu pursatdan peýdalanasym geldi. ― Sümsüle, seň özüňem-ä owadan welin, adyňam üýtgeşik. Onuň manysy näme? ― diýdim. ― Wiý, şonam bileňokmy ― diýip, ol «jak-jak» güldi. ― Ol-a alyn şaýy. Gyz-gelinleriň maňlaýlaryna dakýan şelpeli şaýlary. Oňa «maňlaýlyk» diýýänlerem bar. — Şondan soň ol boýnuny burup maňa tarap syrly seretdi. ― Seňňem-ä adyň düzüwli däl... ― diýibem, öňküsinden-de çasly güldi. Meniň gyzaryp ugranymy görübem «tapba» sesini kesdi. ― Oýun etdim, oýun etdim. Seňňem adyň üýtgeşik, türkmen adyna meňzänok diýjek boldum. Sen ýene kürt-sürt bolaýma... Şondan soň men oňa kakamyň frontda Mähti diýen azeri dostunyň bolandygyny, uruş gutarandan soňam ýyl ýarym dagy gatnaşandyklaryny, ýöne, kyrk altynjy ýylyň güýzünde kebzesinde galan okuň derdinden ýogalandygyny, yz ýanyndanam meniň doglup, kakamyň maňa şol dostunyň adyny dakandygyny gürrüň berdim. ― Şeýle-de bolsa bu at türkmenlerde-de ýog-a däl, ýöne bizde Mähti däl-de, Mäti görnüşinde ulanylýar. Isleseň senem maňa şeý diýiber, men garşy däl ― diýdim. ― Ýok, ýok, şu durşam gowy. Gowy at. ― Ol ýerinden turup bökjekläp başlady. ― Mähti-i... Mähti-i... Mäh-mäh, mäh-mäh Mähti-i... Meh-meh, meh-meh Mehti-i... Menem oturgyjyň üstünde oturan ýerimde aýaklarym bilen ýer «tapyrdatdym». ― Sümsüle-e... Sümsüle-e... Süm-süm, süm-süm Sümsüle-e... Sümsüle birdenkä bökjeklemesini goýdy-da, meniň ýanymda ozaldan duran oturgyja geçip oturdy. Bolup ýörşüne utanan ýaly süýem barmagynyň ujuny dişläp çuňňur oýa batdy. ― Öňki döwrüň adamlary gör, nähili gadyrly ekenler, Mähti... ― Sen kim barada aýdýaň? ― Kakaň bilen dosty barada. ― Hm-m... Olar ýaly adamlar her döwürde-de bolýandyr, Sümsüle, ýöne, ol her kimiň öz gadyr-gymmatyna-da bagly. Sümsüle makullaýjylyk bilen baş atdy. ― Dogry. ― Şeý diýibem ýerinden turdy. Akja köwüşli aýajygy bilen ýer depip, hökümli gepledi. ― Indi bolsa gideli. Uzak eglenmäli. Rakyplar duýsalar gep ederler. ...Şol gezek oňa şeýle bir mährim gitdi welin, baryp emaý bilen gujaklanymam bilmän galypdyryn. Meýdanly döşüniň üstündäki gaba göwüsleri bagryma basyp durşuma, ömrümde ilkinji gezek gyzyň gyzgyn dodaklaryndan ogşadym. Mekgäniň gulpagy deý öwşün atyp duran ýüpek ýaly ýumşak, melemtil saçlaryna çözläp arasynda azaşdym, ysyndan ine-gana dem aldym. Humar boldum. Gandym. Galanyny özüne goýdum. Bir gowy zat şol gezek ol meniň ýüzümi almady. Gatyrganmady. Şarpygam çalmady. Özünden uludygymy üstesine-de mugallymdygymy aýdyp, utandyrjagam bolmady. Oňa-muňa şikaýat ederin diýip, haýbatam atmady. «Senden beýle zada garaşamokdym» diýip, nägileligem bildirmedi. Dodajygyny dişläp başynam ahmyrly ýaýkamady. Gaýtam, owsunjyma-owsunç, yşkyma-yşk, mährime-mähir bilen jogap berdi. Göwünleşdi. Göwüsleşdi. Lebi-lebe goýup, datly-damak soruşdy. Şol zatlaryň aňyrsynda bolsa, gomlarynyň oýunlary entek ikimizde-de mälim bolmadyk, söýgi atly ullakan ummanyň däli tolkunlary möwç urýardy. Ol bize garaşýardy. Bizi çagyrýardy. Howwa, biz şol gezek yşkyň humaryndan meý-mest bolup, arşa çykdyk, goşa ganatlyja, elleri peýkam-ýaýlyja amurjyklar bilen her dürli oýunlar edişdik. Dolanyp gelip, ýere gonanymyzdan soň, meniň çaşgyn pikirlerimdenem has bulaşyk tellerini sülük deý barmaklary bilen timarlap durşuna Sümsüle ýüzüme süýjümtik garady-da, tebrenen ýuka dodaklaryny çalaja gymyldatdy. ― Ahyrsoňy şeýle boljagyn-a bilýädimem-le welin... Şonda onuň ozaldanam al ýaňaklary biliner-bilinmez gülgün öwüsdi. Bu biziň ikimiziňem yşk ýoluna ilkinji gezek gadam basyşymyzdy. Sümsüläniň şol wagt ýaňy bir on alty ýaşy dolup on ýedisine gidipdi. Men bolsam ylaýyk ýigrimi ýaşymdadym. Ýöne, «Hudaý berende iki eli bilen berýä» diýlişi ýaly, Sümsülä-de ýeke bir görk-görmek, ses, gowy at däl, ýaş başyndan göze doly boý-syrat babatda menden birjigem kiçi görünmeýärdi. Esasy zadam ol akyllydy, düşbüjedi. *** Käbir göwnigara adamlaryň ýalan-ýaşryk gürrüňleri ýaýratmazlyklary üçin, Sümsüle bilen ikiçäk galan pursatlarymyz gurnak zalynyň içinde ümsümlik höküm sürmeli däldi. Ýa pianinonyň, ýa Sümsüläniň ýa-da meniň oňa aýdym öwredýän ýadawrak sesim golaýdan geçýänlere, bilip bolmaz, ýörite durup diň salýanlara eşidilip durmalydy. Gapy açyk bolmalydy. Umuman, ähli zat biziň şol ýerde aýdym-sazdan başga hiç zat bilen meşgul bolmaýandygymyzy aňlatmalydy. Biziň söýgimizi goramalydy. Şeýle-de bolsa biz barybir öz ýürek howurlarymyzy köşeşdirmek üçin maý tapmaly bolýardyk. Şonsuz oňup bilmeýärdik. Ýüreklerimiz bizi biri-birimize tarap edil magnit ýaly çekýärdi. Iýmän, içmän oňup bilýärdik, emma görüşmän ýekeje günem oňup bilmeýärdik. Esli wagtlap gujaklaşyp oturýardyk, ogşaşýardyk, gelejek hakda arzuwlar edişýärdik. Biz ikimizem özümize bagtly günleriň garaşýandygyna, gülşenli çaglara bakan barýandygymyza ynanýardyk. Men hatda bir ýerde Aýbahar atly bir gyzyň özüme intizarlyk bilen garaşýandygynam, atam-enemiň ol ikimizi baryp-ha çagalyk döwürlerimizden bäri jübütleşdirmegiň arzuwynda gezip ýörendiklerinem, özümiň olardan bary-ýogy iki ýyljyk puryja alyp gaýdandygymam unudypdym. Ýöne... «Aý dogsa älem görer» diýleni. Hiý, söýginem bir pynhan saklap bolarmy? Biziňkem şeýle boldy. Duýgularymyza hernäçe erk edip, özümizi şunça seresaply alyp barýandyrys öýtsegem, il-günüň arasyna biz hakda eýýäm «hyşy-wyşy» gürrüňler ýaýrap ugrapdyr. Men muny Ýazly aganyň tötänden diýen ýaly uly-uly öwrümler, atalyk aladalary bilen, aýlap-aýlap aýdan gözlerinden aňdym. Ogul agtygy boldumy ýa tam toýuny tutdumy, günlerde bir gün mekdebiň okuw müdiri üýşmeleň etdi-de, özlerinden kän kiçidigime garamazdan, iň bolmanda bolşuna görä aýdym-saz-a edip berer-dä diýen tama bilen menem çagyrdylar. Oturdyk. Hakykatdan-da aýdym-sazam etdik. Gaýdyşyn Ýazly aga ikimiz bile gaýtmaly bolduk. Kiçijik şäherçe. Awtobusa münjek aladaň ýok. Bu wagtky ýaly her hojalygyň gapysynda telim maşynyň keserip duran döwrem däl, üstesine şol wagt paslyň ýüzem ýaza bakandy-da howada sergin. Birneme ýelmenensoň keýpimizem gowuja. Çep elini sag tirsegimiň içinden geçirip, ýantaklap gelýän Ýazly aga birdenkä edip gelýän mesaýy gürrüňleriniň arasyny kesdi-de, maňa tarap eglip, agzyny gulagyma golaýlatdy. ― Ýaşlyk bir Mähti jan, ümmülmez baýlykdyr. Söýgem şoň içindedir. Baýlyk diýlen zadyň bolsa adamy erkine goýmazlyk häsiýeti bardyr. Şol baýlyk şumat seňňem eliňde. Sowasyň gelip içiňi it ýyrtyp barýandyr. Daş-töweregiň bolsa hyrydardan doly. Hemmesem ýanar ot. Ýanaşsaň ýakaýmagy ahmal. Iň ýamany bir tarapyňdan dürtgüläp şeýtanam günüňe goýmaz. Üstüňe nebsi küşgürer. Ine, şunda sen nebse däl-de, ynsaba eýermelisiň. Nebis bir burny gara eşekdir, öňüňe geçjek bolup dyzar durar. Häli-şindi tirsegiň bilen burnuna kakyp durmasaň geçäýmegem ahmal. Sebäbi ol şeýtan bilen birdir. Şärikdeşdir. Ugruna gitdigiň senem şolaryň biri borsuň. Teniňde-de ömürlik gara tegmil galar. Soň ony hiç zat bilenem ýuwup, aýryp bilmersiň. Söýgem bir garamata ýakyn zatdyr. Onuň kördügini, hiç hili kada-kanuna boýun egmeýändigini, seniňem oňa mahsus bolan zatlardan sowa geçmejekdigiňi bilýän. Herhal o zatlardan arassaçylyk bilen baş alyp çykjakdygyňa-da ynanýan. Biziň gyzlarymyzyň biri bilen halaşyp, şu ýerde galybilseň-ä oňa ýetesi zat ýok. Muny biz saňa başda-da aýtdyk, häzirem şol pikirde. Hiç hili garşylyk ýok. Ýöne, pedagogikanyň kadalaryna laýyklykda, mugallymyň öz okuwçysy bilen bulaşmagy ýa oňa öýlenmegi hakda-ha gürrüňem ýok, hatda oňa tarap gyýa göz bilen garamaga-da, haky ýok. Şonuň üçinem, şolaryň biri bilen sulhuň alşaýanda-da, mekdebi gutarýança syr bildirmejek bolgun. Esasanam şeýtany islegleriňe erk etjek bolgun. Ýogsam, gönüläp aýdýandygym üçin bagyşla, birdenkä bolmasy iş bolaýsa masgaraçylygyň ýeke bir seni däl, bütin mekdebi, tutuş etraby abraýdan düşüräýmegem ahmal... Oňa çenlem Ýazly aganyň öýüne ýetdik. Ol meniň bilen gadyrly hoşlaşdy. Artykmaç kellämi agyrdany üçin, uly göwresini kiçeldip ötünç sorady. Menem oňa atalyk aladalary üçin minnetdarlyk bildirdim. Beren maslahatlarynyň üstünde oýlanjakdygyma söz berdim. Elbetde, Sümsüle bilen entek ile-güne ysnat getirerlik üýtgeşik hereketler edip, göze-başa düşüp ýören dälem bolsak, ýaşulynyň ata ornunda durup beren öwüt-ündewlerine pitiwa etmezlige hakym ýokdy. *** Etrap Bilim bölüminiň müdiri Pürli aganyň menden turuwbaşdan haýyş edişi ýaly, men ýöne bir şäher mekdebine däl, eýsem oba mekdepleriniň aýdym-saz ýaryşlaryna görýän taýýarlyklaryna hem gözegçilik edip durýardym. Haýsy gün haýsy oba gitmeli, haçan gitmeli, muny ýörite ugrukdyryp oturan adam bardy. Şol gün belli bir wagtyň içinde gidip gelerim ýaly, ol meni ulag bilenem üpjün edýärdi. Aňyrkylar bolsa men kimler bilen işleşmeli bolsam, şolary ýygnap, garaşyp oturýardylar. «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, biziň irginsiz taýýarlyklarymyz hut şol ýylyň özünde öz netijesini görkezdi. Edil birinji ýer almasagam, etrap boýunça birleşen toparymyz welaýatda öňdäki orunlaryň birini eýeledi. Telim ýyl bäri şol ugurdan ady-sory çykman ýören etrap üçin bu uly üstünlikdi. Depginimizi sähelçe güýçlendirsek, indiki ýyl has öňdäki hatarlaram eýeläp biljekdigimiziň alamatydy. Ondan aňyrda bolsa ýurt boýunça, Aşgabatda geçirilýän ýyllyk bäsleşikler garaşýardy. Bu ýagdaý hemmedenem beter Ýazly aga bilen Pürli agany begendirdi. «Ýa he-eý, şüý-ä bolaýdy-aý, maldis-aý sen...» diýşip, gezek-gezegine arkama kakdylar... Mekdebiň umumy ýygnaklarynda, Bilim bölüminiň etrap boýunça geçirilýän seminarlarynda, etrap ýolbaşçylarynyň üýşmeleňlerinde adymy tutup, öz atlaryndan sag bolsun aýtdylar. Sümsüle ýaly gurnagyň işjeň agzalaryna bolsa hormat hatlaryny, gymmat bahaly sowgatlar gowşurdylar. *** Hernäçe gidesim gelmese-de, tomus dynç alyş döwründe men Aşgabada gaýtmaly boldum. Elbetde, işiň arasynda-da gidip-gelip, kakamdan-ejemden habar tutar durardym. Aýbaharam görýädim. Ýöne, onuň özüme bolan şol bir mähirli bakyşlaryna mähir bilen jogap berip bilmeýärdim. Öň aramyzda garyndaşlyk gatnaşyklary keserip duran bolsa, indi nerkes gözlerini süzgekledip Sümsüle durdy. Şeýle ýagdaýyň dörändigini bolsa aýdyp bilmeýärdim. Ýöne, müýnem edemokdym. Sebäbi, men oňa söz bermändim, söýýänem diýmändim, bile durmuş gurmak barada gürrüňem etmändim. Emma, bir gowşaklyk eden, belki-de, esasy ýalňyşan ýerim — hossarlarymyz her gezek şol gürrüňi gozganlarynda çürt-kesik ýogam diýmändim. Kakamyň meseläni kesgin goýan wagtam garşylyk görkezmändim. Onuňam sebäbi, ol wagt meniň durmuşymda Sümsüle ýokdy. Egerde täze baran ýerimde şoňa duşmadyk bolsam, onda, Aýbaharly mesele beýdip, sorag astyna-da düşmezdi. Hemme zat Mürzemmediň aýdyşy ýaly bolardam. Men öýe baranymdan soň köp wagt geçmänkä, Aýbaharam tomus kanikulyna çykdy-da, öýlerine gitdi. Özem ýa-ha şol iki aýy menden aýrylyşasy gelmedi, ýa-da mendäki üýtgeşiklikleri ýüregi syzdy, birhili gyýala-gyýala gitdi. Ugratjak bolsamam: «Aý, nämä gerek. Özüm gelipdirin, özümem gideýin» diýdi. Şol çytylyşam çytylyşy boldy. Şondan soň men onuň ýüzüniň açylan wagtyny görmedim. Toýly gürrüňi gozgaryndan gorkup, men kakam bilen ýüzbe-ýüz bolmazlyga çalyşýardym, ikiçäk galmajak bolýardym. Her hili bahanalar bilen öýden ir çykyp gidýärdim, gijem gelýärdim. Gelşim ýalam öz otagyma geçip ýatmak bilen bolýardym. Ähli zat çözlen hasap edip ýörensoň, o-da meniň beýdip, agdarylyp-düňderilip ýörşüme gaty bir ünsem berenokdy. Göwnüm welin, etraba tarap telwas edýädi. Sümsüläni göresim gelýädi. Dynç alşyň çaltrak geçerini dileýädim. Hat ýazmaga, telegramma bermäge ýa poçta çagyrdyp gepleşmäge bolsa özümiziňkilerdenem, olaryňkylardanam çekinýädim. Aýbaharyň bir zatlar aňaryndan bolsa öler ýaly gorkýadym. Şeýle-de bolsa meniň bir zatlara biynjalyk bolup ýörenimi barybir kakamam aňdy, ejemem. Ýöne, maňa soň-soňlar aýan bolşuna görä, onuň sebäbine hersi özüçe düşünipdir. Ýagny, ejem-ä men Aýbaharyň zaryny çekip özümi bisereşgen duýýandyryn öýdüpdir, kakam welin... bir zatlar aňypdyr. *** Ömür gutarmajak ýaly bolup görünýän dynç alyş ahyry tamam boldy. O wagtlar häzirki ýaly wagtly-wagtynda Aşgabatdan etraplara, welaýatlara gönümel gatnap duran awtobuslar, duralgasyna baryp-barmankaň öňüňden çykyp daşyňda pelesaň urşup duran şahsy ulag eýelerem ýokdy. Meniň barjak etrabyma-da ýoluň köp bölegini otly bilen, galan böleginem kä ýerine daş düşelen, köp ýeri gumak ýol bilen, duş gelen ulaga münüp geçmelidi. Seýrek halatlarda — megerem poçta daşaýan bolsa gerek — iki ganatly, il içinde «Kukuruznik» diýlip atlandyrylýan, on iki adamlyk, AN-2 kysymly aeroplan bilen uçup bolýardy. Ýöne oňa gabat gelmek kyndy. Şol gezek men uçup bardymmy, ýolagçy gitdimmi, ulaglaryň biri bilen ýa beýikde ylgaýyp, peslikde ýortup şonça ýoly paýu-pyýada, geçdimmi, bilemok, ýöne, okuwyň başlanmagyna bäş-alty gün galanda mekdebiň çat maňlaýynda häzir bolanym-a bilýän. Barşym ýalam golaýda ýaşaýan okuwçylaryň birini iberip, gurnak agzalarynyň barysyny zala ýygnadym. Sümsüle-de geldi. Näme hakyndadygy ýadyma düşenok, öňde duran çäreler barada gürrüňçilik geçiren boldum. Soňam solistlerden öňňesini goýberip, olaryňam hersine bir tabşyryk berdim-de, öýli-öýlerine ugratdym. Sümsüleden birazrak saklanmagyny haýyş etdim. Şeýdibem, onuň bilen ikiçäk galdym. Ýüregim welin agzymdan çykyp barýa. Süňňümi tutup bilemok. Bir görsem Sümsüläniňem ýagdaýy meniňkiden gowy däl. Maňa tarap owsun atýa-da, ýerinden gozganyp bilenok. Men öň etmeýänimi etmeli boldum. Ylgap baryp gapyny ýapdym. «Şark-şurk» içinden temmeledim. Gujagymy gerip yzyma döndüm. Oňa çenli Sümsüläniň özem ör turup, maňa tarap okduryldy. Gelip, gujagyma doldy. Lap edip aýtdygym däl, biri-birimizi bagrymyza basyp bir sagad-a durandyrys. Hijimizden ses çykanok. Diňe dem alşymyz we ýüreklerimiziň «gürsüldisi» eşidilýä. Melesöw gara saçlardan kokýan ýakymly ys meni beýhuş edip, ygtyýarymy elimden alyp barýar. Ellerimi gyzyň barmasyz ýerlerine baryp, ellemesiz ýerlerini sermeläp ýör. Ýazly aganyň sözleri şol wagt ýyldyrym çaltlygynda beýnime garbap gitdi. Derrew akylyma aýlandym. Toba kyldym. Agyr kapasadan sowandygy üçin Barhudaýa şükranalyk bildirdim. Sümsüläniň özem ukudan açylan ýaly boldy. Gözüni «ýalpa» açyp ýüzüme seretdi. Tisgine-tisgine uludan demini aldy. Derçirän ýüzüni goltugyma sokdy. — Nädip geläýdiň?.. Ahyry menem dil açdym. — Şon-a özümem bilemok. Bir gowy zat şonça wagtyň içinde gurnakçylardan bir iş ýa sorag bilen öwrülip gelip gapyny kakany, adymyzy tutup gygyrany, bimaza edeni bolmady. Hamala bizi ýaman gözden goramakçy bolýan ýaly, tylla tasam şol gün esli wagtlap hiç hili hereketsiz al-asmanda gülbüredi durdy. Mährinden mazaly ganyp, gujagymdan goýberenimden soňam men belli bir sözüň başyny çatybilmän, ýuwduna-ýuwduna, gultuna-gultuna Sümsüläniň daşyndan aýlandym ýördüm. Alnymda uýaljyrap duran owadan gyzyň hakykatdanam şoldugyna ynanmaýan ýaly, telim gezek dagy oňa barmagymyň ujuny degrip gördüm. Aljyrap ýörşümi görüp ol ýylgyrdy. — Häý, Mähtiman geçesin, Mähti... Birdenem, aýdym-sazyň eşidilmeýän, gapysy ýapyk zalyň içinde uzak eglenendigimiz ýadyma düşdi-de, ylgap baryp gapyny açdym. Bir bökende, arly tomus sessiz-üýnsüz duran pianinonyň ýanyna bardym, gapagyny zarp bilen galdyryp, hyjuwdan ýaňa taýzarylyşyp duran barmaklarym bilen klawişlere batly-batly kakmaga başladym. Eýýämhaçan bökjekläp gapdalymda häzir bolan Sümsele bolsa, uly joşgun bilen, özüniň iň bir erk edýän hem eý görýän aýdymyny aýtmaga başlady: — Tahyr jan, bu ýolda merdana bolgul, Bu gün yşgyň söwdasyna düşmüşem... *** ...Şondan soňam biziň söýgimiz şol terzde dowam etdi. Gelejek üçin göz öňüne tutýan arzuw isleglerimiz bolsa şulardan ybaratdy: Üstümizdäki okuw ýyly tamamlanandan soň, ikimizem Ýazly agadan resminamalarymyzy alyp, bileje Aşgabada gitmeli. Ol-a öz gowy görýän ugry boýunça Uniwersitetiň matematika bölümine, menem şol döwürler Politehniki institutda açylan «Binagärçilik» bölümine synanyşmaly. Giribilsek, men özümiňkileri Sümsülelere gudaçylyga ibermeli. Gyz tarapynyň razyçylygy hakda gürrüň ýok. Sümsüle agasy bilen gürleşdi. Ol razy. «Barýançaň göze-başa düşüp ýörmeseň bolýa, men seň öz göwnän ýigidiňe garşy bolman», diýipdir. Ejemdenem arkaýyn. Aýbaharyň-a bu ikiorta goşulmaga asla haky ýok. Çünki, biz bile durmuş gurmak barada şertleşmändik. Söýüşmändigem. Ýöne, bu meselede ine, kakamyň özüni nähili alyp barjakdygy welin belli däl. Şonuň üçin men onuňam aladasyny edip goýdum. Ýagny, kakamam razy bolan ýagdaýynda-ha täze okuw ýylynyň başlanmagyna çenli galan iki aýyň içinde toý edýäs-de, biziňkide bolup okaberýäs. Kakamyň Mürzemmetligini edip, razylyk bermedik ýagdaýynda bolsa, ur-tut nikalaşýas-da, kireýine jaý alyp ýaşaberýäs. Okuwymyzy gutaranymyzdan soň nirä iberýäler, oňa çenli kakam nähili netijä gelýä, onçasyny görüberýäs. Egerde okuwa birimiziň girip, beýlekimiziň girip bilmedik halatymyzda-da ýaňky ikinji diýenimiz saýlap alýas. Ýöne onda birimiz-ä okaýas, birimizem hem-ä işläp, okaýanymyza kömek edýäs, hemem indiki ýyl okuwa täzeden synanyşmaklyga taýýarlanýas. Hiç birimiziňem girip bilmedik ýagdaýymyzda welin, Pürli aga bilen Ýazly aganyň aýdany ýaly, etraba gidýäs-de, ikimizem şol ýerde işläberýäs. Men-ä öňki işimde, Sümsüle-de Ýazly aganyň eçilen işinde. Mekdepde bolaýmagam ahmal. Tä girýänçäk, her ýyl Aşgabada gaýdyp, okuwa synanyşmak baradaky pikirimizi welin biz islendik ýagdaýda-da aradan aýyrmaýarys. ...Howwa, biz şolar ýaly arzuw-hyýallar edýärdik. Özümizem özümizi Leýlidir — Mežnun, Zöhredir — Tahyr kimin hak aşyklardyrys öýdýärdik. Öňde uly-uly synaglaryň, päsgelçilikleriň, aýraçylyklaryň ýatandygyndan welin bütinleý bihabardyk. *** ...Şol ýylyň aýdym-saz festiwalynda biz welaýat boýunça birinji orny eýeledik. Bu biziň abraýymyzy hasam artdyrdy. Meniň gurnakçylar bilen gije-gündiz, zalyň içinde geçýän gaýtalamaklarymyň hälki bir göz üçin edilýän zatlar däldigini subut etdi. Ýene-de gutlaglar... Ýene-de sylaglar... Sag bolsunlar... Alkyşlar... Indi biz ýurt boýunça geçirilýän festiwallara dalaş etmelidik. Aşgabatdaky jemleýji konsertlere gatnaşmalydyk we ol ýerden ýeňijileriň biri, belki-de iň öňdäkisi bolup yzymyza dolanmalydyk. Biziň muny başarjakdygymyza özümizem ynanýardyk, ýaşulylarymyzam, etrap ýolbaşçylaram ynanýardylar. Ýöne, indi oňa wagt ýokdy. Çünki, meniň iki ýyllyk iş möhletim-ä gutardy. Sümsüle-de onunjy synpy tamamlap barýa. Ýene-de birki sany synagy galdy. Şondan soň özümiziň köpden bäri ýüreklerimizde besläp ýören arzuw-isleglerimize amal etmek üçin, biz özbaşdak durmuş ýoluna gadam basmalydyk. Öňi bilenem resminamalarymyz taýýar bolýança, men Aşgabada gidip öňden meýilleşdirip goýşumyz ýaly, hossarlarym bilen toý maslahatyny etmelidim we olary Sümsülelere sawçylyga ibermelidim. «Ýa, Allah...» diýip, basdym «Kukuruznigiň» biline. Bir sagada galyp-galmanam Aşgabadyň uçargähinde düşdüm. Ol ýerdenem taksi tutup göni öýe gitdim. Bardym. Kakamyň öýde ýoklugy kemem bolmady. Aýbaharam kanikula çykyp öýlerine giden ekeni. Ýüregimi bire baglap, göwün matlabymy ejeme duýdurdym. «Şular ýaly ýagdaý, siz tizden-tiz sawçylyga gitmeli» diýdim. Özümiň welin salym suw üstünde. Gowy zat eşitmejegimem bilýän. Aýdyşym ýalam boldy. ― Wah, jan oglum, oňarmadyň... ― diýdi-de, ejem ilk-ä aýalary bilen «tap-tap» etdirip kükregine, soňam iki dyzyna urdy. Yzyndanam içini tutdy-da, iki büklem bolup aşak çökdi. ― Beýle zada senden garaşamokdym. Ýeri, indi men Bibijemala näme diýeýin? Aýbaharyň ýüzüne nädip seredeýin?.. garyş ýaşlygyndan bäri «gelnim-gelnim» diýip gulagyny gapdyryp... indem... ― Ol indi kükregine ýumruklary bilen urdy. ― Wah-wah-e-eý... Waý-waý-e-eý... Men indi näderkäm-eý... Nä alaç ederkäm ― e-eý... Bar zatdan habaryň barka, göre-bile beýtmeli däl ekeniň-dä, jan oglum... Hälem bolsa päliňden gaýt... Gaýtmyşym et, jan balam... Bizi oda atma... Başga-da bir aýdara söz tapman: ― Men Aýbahara söz beremok, eje. Ol ikimiziň aramyzda olar ýaly gürrüňem bolanok... Men ony diňe jigim hökmünde gowy görýädim. Onsoňam... Bar gep şonda bolsa, men onuň bilen gürleşibem, düşünişibem bilerin... ― diýdim welin, ejem görgüli öňküsindenem beter nalap başlady. ― Wah, ýene-de içimi ýakýaň-da jan balam. Aýbaharam düşüner diýeli, bar, menem düşünjekmişim, ýöne, Mürzemmede kim düşündirjekmişin? Gep ana, şonda! «Barysy sendendir» diýip, ol öňi bilen meň başymdan iner... Sen-ä taýagyň astyna alaýmagam ahmal... ― Aý, men-ä öldürse-de şo gyzdan dänibiljekgä, eje... ― Bujagaz gahrymansyramaň-a han ogul, samanhana çenli bor seň, gör-de dur entek... Şol adam gepini gögertmän goýsa meňňem zat bilmedigim. Ýa sen özüň näbeletmi oňa? Ejem ýerinden turdy-da, ellerini ýaýdy. ― Aý, diledüşmez! Kim seni halamaýan gyzyňa öýlendirjek bolýa? Haçandan bäri sen Aýbahary halamaýan bolduň? Haçan, kime öýlendirjegini kakaň saňa mundan bäş ýyl ozal aýtd-a. «Şu gyz seň adaglyň» diýlip, haçandan bäri aýdylyp gelinýä saňa? Hiý, «ýok» diýen ýeriň ýa garşylyk görkezen gezegiň boldumy? Kakamyň meň bilen şo-ol, hem okuw, hem toý barada çynlakaý gepleşenine seredip otursam ine, dogrudanam bäş ýyl geçipdir. Diýende-hä ol asyl üç ýyl diýipdi welin, soň men iki ýyl puryja alypdym. Dogry. Ejem dogry aýdýa. Ýöne ol wagt meniň durmuşymda Sümsüle ýokdy ahyry. Ejemiň biraz soňrak, birneme köşeşensoň aýtmagyna görä, geçen tomus kanikula gelenimde näme üçin özümi beýle ynjalyksyz alyp baranymyň düýp sebäbini ejem duýmasa-da, kakam duýan ekeni-de, toý meselesini baryp-ha şondan bäri çynyrgadyp ýör ekeni. Ejeme-de: «Oglumyz-a bir küýe düşüpdir, ony halas etmek gerek. Ýöne, demiň içiňde bolsun, birdenkä dözümsizlik eden bolup bulaşdyraýma» diýipdir. Kanikul başlanandan, «Bar, göçe taýynlanyp otur» diýip, Aýbaharam öýlerine iberipdir. Kakamdan gorkusyna dogrusyny aýdybilmedimi ýa dogrudanam entek bellemändirlermi, ejem toýuň takyk wagtyny aýtmady. Ýöne: ― Şoň üçin jan oglum, sen bu meseläňi kakaň ýanynda-ha gozgabam oturma... ― diýip, sözüniň soňunda çürt-kesig-ä aýtdy. ― Agzadygyň däliredersiň. Agşamlyk işden geleninde men barybir oňa öz ýagdaýlarymy aýtmaly boldum. Aýtmazlyk bolsa mümkin däldi. Çünki, ýagdaý şony talap edýärdi. Wagt gyssagdy. Bir tomsuň içinde biz köp zatlara ýetişmelidik. Men gürrüňe başlanymdan ejem galpyldap ugrady. Öz ýagdaýymam onuňkydan gowy däl. Mürzemmet bolsa sesini çykarman çaý süzüp otyr. Ahyram ejem ikimizem geňler galdyryp: ― Çaýymy içýänçäm bir howlukmaýsaň bolmadymy... ― diýdi. Derrewem ejeme nahar getirmekligi buýurdy. Ýöne, ol naharyny iýip bolansoňam habarymy almady. Töwir galdyrdy-da, turdy gidiberdi. Öz jaýyna barybam ýatdy. Bu maňa onuň uranyndan, sögenindenem beter täsir etdi. Çünki, ol wagt biziň her bir günümiz-ä däl, sagadymyzam hasaplydy. Ýöne, Mürzemmediň öz hasaby bardy. Onuň hasaby hiç kimiň hasaby bilen deň gelmeýärdi. ...Ertir irden gapynyň «jygyldysyna» oýandym. Görsem kakam üstüme abanyp dur. Onuň sesi azmly, ýöne, pessaý çykdy. ― O ýerden haçan ymykly dynyp gelýäň? ― O ýerden men dyndym. Dokumentlerimi alyp gaýdybermeli. ― Haýsy gün, haýsy sagatda gutarnykly gelýäň, şony aýt sen maňa!.. Aýtdym. ― Belli bil: Şol gün, şol sagat, şu howlynyň orruk ortasynda dikilgazyk bolmasaň, men-ä Mürzemuhammet däl, senem meň oglum däl... Düşdüňmi? ― Kaka... Men... Siz... O gyz... ― Düşdüňmi diýýän men saňa? ― Düşdüm... ― Düşen bolsaň gep gutardy!.. Şeý diýibem çykyp gitdi. Mesele aýdyň. Diýmek, bir tarapdan-a Sümsüle ikimiziň üstümize birek-birekden aýra düşmek howpy abanýar, beýleki tarapdan bolsa maňa atam-enem bilen boljak aýylganç garpyşma garaşýar. Çünki, Mürzemmediň ýaňky sözleriniň aňyrsynda: «Meň sözümi ýyksaň, meniň garyndaşlarymyň ýanynda ýüzügara etseň men senden geçýän, hamala senem döremedik ekeniň-dä...» diýdigidi. Şonda men ilkinji gezek Sümsüle ikimiziň özümizi hak aşyklara meňzedendigimize puşman etdim. Çünki, olaryň tas, hemmesi diýen ýaly bu dünýeden maksatlaryna ýetibilmän ötdüler ahyry. ...Men säginmän Sümsüläniň ýanyna gitmelidim. Onuň bilen maslahatlaşmalydym. Çykalga agtarmalydym. Şol döwürde «komsomol» diýibem bir zat bardy, partiýanyň «inisi» hasap edilýädi. Şonuň agzasy bolup, şolar ýaly hadysalaryň öňünde ejizlemeklik, kommunistik ruhda terbiýelenip ýören biz ýaly leninçi ýaşlara gaty gelşiksiz, has takygy bigaýratlyk hasap edilýädi. Şol ýörelgä eýerip, Sümsüle ikimizem derhal aýaga galmalydyk we köne pikirli bir yňdarma garra öz bagtymyzy basgylatdyrmaly däldik. Göreşmelidik. Şol göreşde garşydaşymyz atamyzam bolsa ýykaýmalydyk. Ýeňijiler bolup çykmalydyk. Ýöne, faşistleri sürenine dykyp gaýdan, Gitlerden çekinmedik kakamyň ýanynda seniň agzy sary komsomollaryň dagy nämejik? Witjik!... Her gün «Kukuruznik» tapdyryp duranok, şol gün-ä asyl otlam gabat gelmedi, baram bolsa ondan gijä galan bolmagym mümkin, wagt bolsa gyssagly, garaz gitdim şol gezek ýol bilen ýykyla-sürşe. Barsam, şol gün Sümsüläniň öz halaýan dersi ― matematikadan synag güni ekeni. Synp otagynyň gapysynda garaşyp oturdym. Bäşlik alandyr-da, bir haýukdan soň ýyljyraklap çykdy. Meni görüp hasam begendi. Däliziň ugrunda gaýmalaşyp ýören synpdaşlaryndan çekinip, agras salamlaşdy. Ýüzümi salyk görüp halymy sorady. Ýuwaşlyk bilen: ― Nätdiň? Gürleşdiňmi? Näme diýdiler? Gelýälermi? Haçan gelýäler? ― diýip, yzly-yzyna sorag berdi. Men ýerimden turdum: ― Ýör, zala baraly, gürrüň bar... Bardyk. Ýöne, biri-birimizi görübem, görşübem, hal-ahwal soraşybam ugrumyz bolmady. Dommarylyp oturyşymdan Sümsüläniň ýüregi bir zatlar syzdy. Owsun atyp, dolup-daşyp durşuna: ― Bar zady bolşy ýaly aýt, Mähti, gizleme... ― diýdi. Aýtdym. Aýbahar barada-da aýtdym. Özem birinji gezek aýtdym. ― Ol hakda öň aýtmadygymyň sebäbi, aýdar ýaly, aramyzda hiç zat ýokdy. Men ony diňe daýzamyň gyzy hökmünde gowy görýädim ― diýdim. ― Indi bolsa bileje gaçaýmasak ikimizde başga alaç ýok. Ýör, özüňem tiz bol. Gideli. Ýurtdan çykaly. SSSR giň. Başymyz ýaş. Haýsy respublika barsagam günümizi göreris. Okarysam, işlärisem... Sümsüle esli mahal elleri bilen ýüzüni tutup, başyny aşak salyp oturdy. Şol oturyşyna-da: ― Aý, ýok, Mähti. Onyň-a bolmaz. Biziňkilerem elbetde, guda bolmazdan-a «me, saňa» diýäge-de, meni seniň öňüňe salyp goýberibermezler... Onda-da nirä gitjegimiz, nirede gonjagymyz näbelli bolup durka. Ata-enesiniň duluny depip, gaçyp gidýän gyzlar bolsa agamyň ýek ýigrendigi... Men syçrap ýerimden turdum. ― Wiý, men onda Aman bilen gürleşip göräýeýin? Razy bolsa şu ýerde toý tutaly, nikalaşaly. Haýyş etsek Ýazly mugallym, Pürli aga dagam kömek ederler. ― Siziňkiler gudaçylyga gelmeseler, Aman akgam onam etmez. ― Eder! Gürleşip bir göreýin!.. Galyň sorasa-da, iki-üç ýylyň içinde üzlüşjekdigimi aýdaryn. Sümsüle ak esgä dönen ýüzüni iki ýana ýaýkady. ― Ol meň üçin senden galyňam soramaz, ýaňky düýeniňem etmez. Hemme zat düzgün boýunça bolmasa, hiç zada razyçylyk bermez... Aýdyşy ýalam boldy. Başymy etegime salyp barşyma görä ol meniň ýüzümi aldy, üstüme gygyrdy diýib-ä biljäk däl. «Özüň üçin gudaçylyga özüň geldiňmi? Hossaryň ýokmy» diýip, üstüme «düblemedigem» çyn. Mert durdy, mertlerçe-de gürleşdi. Sözümi başdanaýak diňledi. «Ýagdaýlaňňa düşünýän. Garşy däldigimem bilýäň. Zadyňa-da zar däl. Maňa jigimiň bagtly bolany gerek. Ýöne, hossarlaryň gelsin. Hemme zat düzgün boýunça bolsun. Iki tarapam ylalaşsyn. O ýerde seni şu güne ýetiren adamlar eden yhlaslaryny, beren süýtlerini orta atyşyp, närza bolşup otyrkalar, menem bu ýerde toý tutup, uýamy saňa güjeňlän bolup otursam il-gün näme diýer? Bizde bar göwün siziňkilerde-de bardyr-a... Gaňryşlaryna gaýdyp, zor bilen elten gelniňi bolsa olar hiç haçanam ýürekleri bilen kabul etmezler. Ömürboýy biri-birlerine ýat borlar. Gowusy oňňaly iş etmäli. Ugurlaryny tapjak bol... Ýöne, birdenkä uýamyň ýanynda gaçmak, tezmek gürrüňini gozgaýsaň welin... ― Ol bir uranda öküz ýykýan ýumruklaryny goşalandyryp, gözlerimiň öňünde galgatdy. ― Ine...» Ýene-de gurnak zalynda Sümsüle bilen duşuşdym. Agasy bilen bolan gürrüňçiligi aýtdym. «Hiç hili nägileçiligim ýok, aýdan zatlarynyň hemmesi dogry» diýdim. Soňam ýüzüne çiňerildim-de: ― Indi näderis, Sümsüle... ― diýdim. Elbetde, sesim ejizräk çykandyr-da, tutuş durkum bilen ejiz görnen bolmagymam mümkin, ol muny ýokuş gördi. Ýüzüme gazap bilen seretdi-de, gatnaşyp ugralymyz bäri birinji gezek gatyrgandy. ― «Indi näderin», «indi näderis» diýen söz tüýs bir nalajedeýin adamyň aýdýan sözüdir, Mähti. Gaýdyp gaýtalama şo sözi. Onda-da naçaryň ýanynda. Ol-a senden haraý isleýä, sen bolsaň «indi näderis» diýýäň. Sen erkekmi? Nätmelidiginem özüň çöz... ― Men erbet utandym. Ýerimden turdum-da, ellerimi ýaýyp, zalyň içinde iki-baka elewräp başladym. Ýeňsämden ýene-de Sümsüläniň dözümsiz sesi eşidildi. ― Belki sen Aýbahar bilen gürleşip görersiň... Sümsüläniň bu teklibini men birbada oňyn çözgüt hökmünde kabul etdim. Şu pikiriň näme üçin Aşgabatdan gaýtmankam öz aňyma gelmändigine geň galdym. Bäri gaýtman, göni aňyrlygyna gidibermeli ekenim-ä, diýdim. Birdenem Sümsüläniň ýüzüne dikanladym-da: ― Ol bize näme berip biler? ― diýdim. ― O nähili näme berip biler? Sen kim barada aýdýaň? Sen kimden näme hantama? ― Şol gepleşik bize näme berip biler, diýjek bolýan. Elbetde, men Aýbaharyň maňa düşünjekdigine ynanýan. Ol toýdan ýüzem öwrüp biler. Özüniň näme üçin şeýdýändigini özüniňkilere-de, biziňkilere-de düşündirip biler. Ýöne, onuň bilen iş düzelenog-a. Sebäbi bu zatlaryň aňyrsynda kakam direnip dur. ― Dursa durubersin. Aýbahar aradan aýryldygy, kakaň hüçjeti tamam bolýa. Ondan soň ol oýundan çykýa. ― Şondan soň ol ikimiziň toýumyza rugsat beräýer öýdýäňmi? Ejem bilen iki tirkeş bolup siziňkä gudaçylyga gaýdyberer öýdýäňmi?.. ― Ýo-ok, ol on-a etmez. Oňa-ha gözüm ýetýä. Ýagdaýyna-da düşünýän. Aýbahar bilen tutulmadyk toýy ol Sümsüle bilenem tutmaz. Ýöne, bu wagt esasy zat, eger-de araňyzda hiç zat bolmadygy çyn bolsa, Aýbahar bilen tutuljak toýy aradan aýyrmak. Dogry, Aýbahara kimden gep ýetenini kakaň aňar, birbada gatam görer, öýkelärem, gaharyna öýden kowaýmagam mümkin. Ýöne, öz çagasyndan ömürlik geçen ýokdur. O-da geçibilmez. Aýlaryň aýlanyp, ýyllaryň öwrülmegi bilen ýüreginiň doňy çözüler. Biz bolsak garaşmakdan ýadamarys. Aýralykdan gorkmarys. Meň özüm-ä on ýyl garaşmalam bolsa razy. Men şuňa söz berýän. Ata ýüregem, ene ýüregem öz balasyny şondan artyk jezalandyryp bilmez. Ahyr bir gün günäsini geçer. Şondan soň ol ogluna ak pata berer. Oňa çenli bizem okarys, işläris, her daýym duşuşyp durarys... ― Seniň aýdýanyň näme, Sümsüle?! Ýene o-on ýyl... O-on ýyl... Sen-ä mensiz, menem sensiz ýene-de on ýyl. Heý, beýle-de bir zat bormy?!. Men oňa razy, eger-de, durmuş gurup, onsoň garaşmaly bolsak... ― Ýok, ol bolanok. Onda garaşmaklygyň geregem bolanok. Gep bu ýerde tä garrylar razy bolýançalar garaşmakda, olary närazy edip nikalaşmazlykda. Öz duýgularymyzy kanagatlandyrmak üçin, ata-enelerimiziň göwünlerini ýyksak, biziň ýagşy ogul, ýagşy gyz bolmadygymyz bolar. Onsoňam men, Mähti, bolar-boldajyny, gelip-geldijini aýdýan, onda-da çen bilen aýdýan. Ähli zadyň düýbünden başgaça bolup çykmagam, biziň göz öňüne getirişimizden has ýönekeý çözülmegem mümkin. Seň kakaň doňam on ýyldan däl-de, bäş ýyldan, belki ondanam bärde eremegem mümkin. Asla doňmazlygam mümkin. Aýbaharyň çözgüdinden soň ýagdaýa içgin garap, onuň asla doňmazlygam, ikimiziň toýumyza razylyk bermekligem mümkin. Sen bolsaň entek ätmeli ädimleriň ilkinjisinem edeňok welin, onuň netijesinden gorkup, sandyraklap dursuň. Bar, git, Aýbahar bilen gürleş. «Töwekgel ner getir, endişe maýa» diýipdirler, bolmajagyny soň, bolmadyk ýagdaýynda görüberis... ― Sümsüle gözjagazlaryny ýaşa dolduryp durşuna maňa ak ýol arzuw etdi. Soňam akja gollaryny boýnuma bukawlady-da: ― Gelejegi gowulyga ýoraly, Mähti! Ýöne, birdenkä pelek oýnuny tersine tutaýanynda-da, men saňa on ýyl-a däl, ömrüm ötýänçä-de garaşaryn. Ölsem ýeriňki, ölmesem seniňkidirin. Näçe eglenseňem belli bil: bakjama oklu-kirpi girmez, güllerinden gaýry biri tirmez, miwelerinden ýolmaz, datmaz. Şahalaryny gaýyrmaz. Sözüm-sözdür! Ýene ýüz ýyldan gelseňem, ýylgyryp garşy aljakdygym çyndyr. Senem mert bol... ― Birdenem ol gözlerinden ýaş döküp durşuna özüne uly şöhrat getiren, meşhur aýdymyny meniň üçinmi, özi üçinmi, ýa ikimiz üçinemmi, iň soňky gezek, uly joşgun bilen aýtmaga başlady. Men ylgap pianinonyň ýanyna bardym. Oňa goşulyp saz çaldym. Aýdym tamam bolandan soň ol ýene-de boýnumdan aslyşdy-da, zoraýakdan diýen ýaly ýylgyrdy. ― Juda paltaň daşa degse-de, gel, ölümden gaýry zadyň bir alajy bolýandyr... ― diýdi. ― Bor, Sümsüle. Ýöne, sen meniň bilen beýle agyr hoşlaşma. Men gelerin. Hökman gelerin. Mesele eýläk çözülse-de, beýläk çözülse-de gelerin. Senden başga meniň gitjek ýerim ýok. Senden başga gyza öýlenmejegimem çyn... Häliden bäri özüni merdemsi tutup, maňa öwüt berip oturan gyz birdenkä ejizledi. Aglady. Men ony köşeşdirjek boldum. ― Ýagşy dilegde bol, ezizim. Goý, özüňem aglama. Biz hemişelik hoşlaşamzok ahyry... ― Bor, Mähti. Aglama diýseň aglamaýaryn. ― Hoş, onda, keýijegim... ― Sag bol... | |
|
√ Bäşgyzyl / roman - 11.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Dirilik suwy -24: romanyň dowamy - 24.05.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |