01:57 Ömrüzaýa -3/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
Bagtyma şol gün etraba «Kukuruznik» gelen ekeni. Şäherçäniň demirgazyk tarapyndaky ýalazy, takyr meýdan «uçargäh» hasap edilýärdi. Şol ýerde dikilen uzy-yn agajyň çür depesinde hemişe bir taý «ala balak» galgar durardy. Howa ölçenýän iki-üç sany aýakly sandyjaklar, birem kiçeňräk ak jaý ýerleşýärdi. Petek — beýleki almak ýok, uçujylar ellerini bulap: «Ýörüň» diýdigi, münübermeli. Uçduk. Niýetim uçar ýa otly ras gelse, Aşgabatda öýe-de sowulman, göni Aýbaharlara gidibermekdi. Emma, hiç haýsam bolmady. Asylam şol tarapa seýrek uçýan uçaryň-a iň soňkujasam gidipdir, otlam ertir guşluk wagtlary ugraýan ekeni. Üstesine, hasaplap gördüm welin, kakamyň hökman gelgin, diýenem şol gün ekeni. Öýe sowlup, ertir irdenki otly bilen ugrabermekden başga alaç galmady. Bibijemal daýzamlara gitjek, diýsem öýdäkileriňem garşy bolmajakdyklar-a belli. Şonuň üçinem, şol otla petek aldym-da, öýe gitdim. Ýolboýam kakamyň näme üçin hut şu gün gel diýendigi barada oýlanýan. Ýöne, aňyrsyna çykyp bilemok. ― Waka edil şu wagt bolup duran ýaly, Mähti aga daş-töweregine howsalaly seretdi. Derwezä tarap elini salgady. ― Ine, ho-ol, gapa geldimem welin... Eý Huda-aý!.. Nämä garaşsamam, Azat jan, kakamdan beýle zada garaşamokdym. Görsem, hakyt toý gidip dur. Şagalaň, şowhun. ― Mähti aga ýene-de aýasy bilen oturan sekimiziň kenarasyna kakdy. ― Ine, şuň üstünde-hä üç sany bagşy gözüne urlan ýaly, gezek-gezegine aýdym aýdyp otyr. Ine, o burçda-da hatar-hatar gazanlar gaýnaşyp dur. Gyzlar-gelinler çomuç dek bileklerini çyzgaşyp hyzmatda ýörler. Çagalar «jagyl-da-jugul». Kakamyň: «Şol gün gelmeseň...» diýip, çürt-kesik aýtmagynyň sebäbine-de men diňe şondan soň düşünip galdym. Asyl ol-a şol güne toýuň sähedini bellän ekeni. «Näme üçin atalar öz perzentlerine beýle zabun daraýarkalar?» diýen pikiri kellämde aýlanymdanam süssenekläp bir ýerden ejem peýda boldy. ― Geldiňmi, oglum... ― diýdi-de, yzyny aýdybilmän, gurak-gurak ýuwdundy durdy. Nämäniň-nämedigine gözüm ýetip duranam bolsa: ― Eje, bu üýşmeleň näme? ― diýdim. Ol ýüzüme seredip bilmän, aşak bakyp durşuna: ― Toý, oglum, toý ― diýdi. ― Kimiň toýy? Nämäniň toýy? Ejemiň: ― Gelin toýy. Aýbahar ikiňiziň durmuş toýuňyz ― diýen adaja sözlerem gulagyma hamala iki dünýä gapyşan ýaly, ala-zenzele bolup eşidildi. Birdenem bar zat gapyşdy. Bagşylaryň dagy diňe agyzlary açylyp-ýumulýa. Hatda dutarlaryndanam owaz çykanok. Ýer goduklaýan ýaly, entirekleýänimem ýadyma düşýä. Ýapyşara zat gözläp, ellerimi o ýan, bu ýan serýän. Gyssanjyma ejemiň egninden aslyşypdyryn. ― Gelin haçan gelmeli? ― Gelin geldi oglum. Aýbahar jan öýde. Senem dost-ýarlaryň ýanyna bar. Olar ho-ol, howlyň burçundaky öňki gaz jaýymyzda saňa garaşyp otyrlar. Ertirden bäri ýüz gezek dagy soradylar. Bar oglum, bar. Çaý iç. Çörek iý. Dem-dynjyňy al. Ejemiň şu ýagdaýda-da göwni bir ýaly şeýle parahat gepläp durşuna geň galýan. Kakam bolsa bagşylaryň arasynda maňa tarap käte bir nazar aýlap otyr. Ýüzünde gahar-gazap ýok. Bolmaga hakam ýok. Sebäbi hemme zat onuň öz göwün-islegine görä barýar. Toý gidip dur. Gelin geldi. Ogul geldi. Agşam düşendenem ýigidi gelniň ýanyna salyp, nika gyýarlar welin, onuň ähli aladalary tamam bolar. Ana, şondan soň men, Mähti Mürzemuhammet ogly, onuň öz aýdyşy ýaly, okuw diýip nirä gitsemem, ömürlik okasamam meni ýükürgenmez. Ýöne, başga biri bilen nikalaşyp, Sümsüledenem hemişelik aýra düşenimden soň meniň okuw nämäme gerek? «A-how, adamlar! Siz toý tutan bolup, şaýlanan bolup, bir bendäniň, ýok, iki bendäniň bagtyny garaldýandygyňyzdan habaryňyz bamy?..» Men muny içimden aýdýan. Ýok, aýdamok-da, gygyrýan. Onda-da sesimiň ýetdiginden gygyrýan. Sesimi dünýä, bütin adamzada eşitdirjek bolýan. «Beýtmäň, müňlerçe ýyl bäri gaýtalap gelýän şol bir ýalňyşlyklaryňyzy indiberin gaýtalamaň, hak aşyklary ýakmaň, olara jebir etmäň, biri-birlerinden aýra salmaň, bu şeýle bir kyn iş däl ahyry» diýjek bolýan. Diýjek bolýan däl-de, diýýän asyl. Emma, meniň sesimi eşidýän ýok. Hiç kim meni diňlänok. Barysy başyna gaý, alakjaşyp ýörler. Ejemem birwagtlar ýanymdan gidipdir. Ho-ol, aňyrda, aýallar bilen bir zatlara güýmenen bolup ýör. Özi welin ynjalyksyz. Iki gözem mende. Aýbaharyň öýde, agyr kürtäniň aşagynda derläp oturyşy göz öňüme gelýär. Görgüliniň hiç zatdan habary ýokdur. Hemme zat ikimiziň razyçylygymyz bilen bolup durandyr öýdýändir. Gara ýeliň üstüne sürnüp gelýändiginden bihabardyr. Oňa nebsim agyrýar. Öňi bilen-ä kelläme: haýal etmän märekeden çykmaly, gaçmaly, diýen pikir geldi. Galanynam soň ölçerip-dökübermeli bolar. Sümsüläniň öz-ä oňa boýun bolmady, ýöne, indi baryp ony habardar edäge-de, näçe wagtlygam bolsa, meniň özümiň ýok bolup bir ýanlara gitmek gerek. Şol aralykda-da kim gelip «gözüň aýdyň» diýýä, ýene biri: «iki gözüň dört bolupdyr» diýýä, megerem deň-duşlarymdan bolsa gerek, käbiri «şatyrdadyp» elimi gysýa, tirsegimden tutup silkeleýä, garaz, aralaryndan saýlanara maý berenoklar. Iki sanysam geldi-de: «Ýör, o taýda biz saňa garaşyp otyrys-a...» diýdi-de, ejemiň hälki salgy beren jaýyna tarap idenekledip ugrady. Bardyk. Köwşümi çykaryp töre geçdim. Hemmesi bilen salamlaşdym. Iýer-içer ýaly zat öňem kän ekeni, ýene-de getirdiler. Emma mende işdä ýok! Oturybam ynjalygym ýok. Gep-gürrüň bilen-ä asla serim ýok. Kim näme diýse ýüzüne seredip, aňkarylyp otyryn. Göz öňümde bolsa Sümsüläniň aladaly keşbi gaýmalaklap ýör. Ol maňa tarap gol bulaýa. Her gezek bulanda-da menden bir gez daşlaşýa. Ýüregim «jigläp-jigläp» gidýä. Näme üçindigini bilemok, belki bir ýana gitjekdirler, belki birini ugratjakdyrlar, iki sany gürleşip oturanyň biri beýlekisine tarap egildi-de: «Aşgabat ― Moskwamy-y... ol-a ýene ýarym sagatdan ugraýa...» diýdi. Ol hut meniň üçin aýdylan ýaly boldy. Bir bahana bilen daş çykdym. Ýene bir bahana bilenem howludan saýlandym-da, taksi tutup göni demir ýol duralgasyna gitdim. Petegem almadym-da, ugradyjy bilen gürleşip ýolagçysy azrak wagonlaryň birine girdim. Iň ýokarky sekileriň birine çykybam aňryma öwrüldim ýatyberdim. Diýmek, men ýok!.. «Yzymdan kowgy geläýmesin» diýen gorkam ynjalyk berenok. Sebäbi at gazanan, meşhur demir ýol işgäri bolansoň, o zatlaryň kakamyň ýanynda müşgilligi ýok. Şonuň üçinem, küçen ýaly eplenip barha aňyrrak süýşýän. Göwnüme getirişim ýalam boldy. Çalarak irkilen ekenim, «alaşakyrdynyň» arasy bilen gulagyma tanyş ses gelen ýaly boldy. Diňşirgendim. Kakamyň sesi. Ala-goh edýä. Öňküdenem beter ýygryldym-da, diwara has golaý süýşdüm. Hatda elimi uzadyp çyranam öçürdim. Barybir bolmady. Kimdir biri kupeniň gapysyny açyp: ― Büý-ä boş. Içinde hiç kim ýok ― diýdem welin, öz ýanyndan kakamyň: ― Boşlugy gursun şoň. Hany, polkalarynam bir barlaşdyryň bakaly... ― diýen azmly sesi edil gulagymyň agzynda ýaňlandy. Olar asyl ýeke bir polkalaryň üstüni däl, eýsem aşakylarynyňam gapagyny galdyrdyp, hatda ulurak çemodanlara çenli agdaryp, barlaýan ekenler. Maňa gözleri düşenden: «oho-da-oho» boluşdylar. Tilkini süreninden çykaran ýaly, süýrekläp çykardylar. Kakamyň ýüzüniň şolar ýaly gorkunç görnenini men şo çaka çenli görmändim. Aýagym ýere degşi ýaly aljyrap: ― Sa... Sal... Salow-w... ― diýenimdenem gulagymyň düýbi gyzyp gitdi. ― Merez-ow... Zäher-ow... Hemme zady göz öňüne tutan bolmaly, ýanynda üç-dört sany degenek jahyl bar. Olaryň arasynda ýaňky, meniň turup gaýdan jaýymda oturanlardanam biri bar. Özlerem meniň gaýdanymy gaty çalt duýan bolmaly, seretsem, entek Gäwersdenem geçmän ekenik. Jahyllaryň ikis-ä gelip, hersi bir golumdan tutdy, beýlekisi ýeňsämden itenekletdi. Dördünjisem polisiýa işgärleriniň edişleri ýaly, dyzy bilen syrtyma bir depdi welin, göz açyp-ýumasy salymyň içinde tamburyň gapysynda häzir bolupdyryn. Kakam «stop» signaly basjak boldy, oňa çenlem ugradyjy ylgap geldi-de: ― Ýaşuly, basmaň! Ine, birje minutdan Gäwers bolýa ― diýdi. Soňam maňa tarap çekinjeňlik bilen seretdi. ― Şü ýigidiň-ä maňa-da bäş-üç manat bergisi bolmalydy. Ol agzyny ýygnap-ýygnamanka kakam jübüsinden «şowurdadyp» gyzyl onluk çykardy. ― Me! Agzyňy süýjedersiň. Şu gün şu ýigidiň ýaş toýy... Kakamyň günde-günaşa telewizora çykyp, aýdym aýdyp ýören, özi bilen deň-duşrak ýaşyl «Wolgaly» bir bagşy dosty bardy. Ol ýaňky sekiniň üstünde aýdym aýdyp oturanlaryň arasynda-da bardy. Gäwersiň duralgasynda düşdük welin, maşynyna ýaplanyp şol dur. Özem ak köýnek, gara kostýum geýnipdir-de, täzeje gyrmyzy donam ýelbegeý atynypdyr. Başynda-da ýalpyldap duran sury baganadan tikilen gulakjyn. Ýalňyşmaýan bolsa, galstugam-a bar ýalydy. Özem näme üçindir ýylgyrýa. Soň görüp otursam kakam dag-a meni gözläp otlyny dörjeleýän ekenler, o-da her duralgada öňlerinden çykyp taýýar bolup durýan ekeni. Hemmämiz-ä ýerleşmedik welin, sygdygymyzdan şonuň ulagyna mündük. Ýöne, olaryň «Moskwiçlerem» bar ekeni. Kakam meniň bilen bir ulagda gitmäge namys eden bolsa gerek, beýlekä mündi. *** Eltip meni göni Aýbaharyň oturan jaýyna saldylar. Onuň daşyny gallaşyp oturan gyz-gelinler «gürre» ördüler. Derrewem daş işikden kakamyň kimdir birine buýruk berýän hökümli sesi geldi. ― Bar, derrew tapyp gel, pyýada kazyňmy, mollaňmy, nämäň bolsa-da. Derrew nika gyýsynlar! Iň soňky pursat gelip ýetdi. Şunda-da ýöwsellik etsem, men barypýatan bigaýrat bolýadym, barja mümkinçiligimem hemişelik elden berýädim. Şonuň üçinem, birneme naýynjaňrak äheňde bolsa-da, daş işige baryp, kakamyň iki gözüniň içine seredäge-de, Aýbaharam eşider ýaly edip: ― Kaka! Düşünäý-ä maňa-da! Men başga bir gyz bilen durmuş gurjak bolup ýörün-ä-ä... ― diýdim. Şol çaka çenli men kakamyň gözüne-hä däl, hatda ýüzüne-de dogry seredip görmändim. Şonuň üçinem, onuň gözleriniň gögümtil öwüsýändiginem şonda birinji gezek gördüm. Ýaňky sözlerim welin bar zatdan bihabar, parahat oturan Aýbaharam «zöwwe» ýerinden galmaga mejbur etdi. Ol bürenjegini başyndan aýlap zyňaýarly göründi. ― Mürze daýy! Menem tanyş ediň, bu bolýan zatlar bilen!.. Mesele maňa degişli ýaly-la... Kakam ýuwaş, ýöne, diýseň azmly gepledi. ― Gapyl! Otur, özüňem, öňki oturan ýeriňde! ― Aýbahar aşak çökenden soň, kakam çat maňlaýyma geçdi-de, telim wagt bäri meniň bilen ilkinji gezek gönümel gürleşdi. ― Ýene-de ýekeje gezek ýaňkyň ýaly bir pohiýijiligiňi edäýseň, yzyňdan-a bir gitmen, ýene elli ýyldan gaýdyp gelseňem bosagadan goýbermen... Ýüzüňem görmen... Şeý diýdi-de, ol-a çykyp gitdi. Gezek eýýäm-haçan gapynyň agzynda heşerlenişip duran pyýadakazylara ýetdi. Elbetde, ýeriň giňinde bolanda, pyýadakazylar nika wekilçiliklerini kime berendiklerini gyzyň oturan jaýyna-da, oglanyň oturan ýerine-de aýratynlykda baryp soramaly. Ol gezek welin iş başgaça boldy. Mürzemmet olardan meseläni duran ýerlerinde çözmekligi talap etdi. Üstesine şol wagt gelnem, ýigidem bir jaýda durdular. Ýöne, «nika wekilçiligini kime berdiňiz» diýip, hernäçe gaýtalasalaram, ne menden, ne eýýäm bir zatlary aňan Aýbahardan hiç hili jogap alyp bilmediler. Ahyram öz aralaryndan biri: «Ana, pylana berdik, diýdiler, «kabul şol» diýip, «mannyk-munnuk» etdi, şonuň bilenem nika çäresi tamamlandy. Jaýda diňe Aýbahar ikimiz galdyk. Ol bürenjegini aýryp bir gyra goýdy-da, megerem, ilkinji gezek bolsa gerek, ýüzüme aýgytly seretdi. ― Nämeler bolup ýör, Mähti? Hany, sen bir maňa bu zatlary düşündir... Görýän welin sen bu toýa tötänden düşen ýaly-la... Men oňa ähli zady başdan-aýak gürrüň berdim. Iň soňunda-da: ― Elbetde, menem seni gowy görýädim. Ýöne, ykbal meni başga birine duşurdy. Eger-de şol bolmadyk bolsady... Onda... Indem... ― Sen bu zatlary maňa wagtynda duýdurmaly ekeniň... ― Dogry. Ýöne, birinjiden-ä duýduryp-duýdurmaz ýaly, ikimiziň aramyzda hiç zat bolanok, ikinjidenem, bu zatlaryň barysyny sen özüňçe kabul etdiň. Özüňçe düşündiň. Men şol zatlara razymy, dälmi, soramadyň. Üçünjidenem, men muny saňa aýdyp ýetişmedim. Düýn size tarap ugradymam, ýöne, barybir giç ekeni. ― Men senem meň ýaly öz ýanyňdan aýdylýanlara razy bolup ýörensiň öýtdüm. ― Ana, bar belanyň körügem şonda. Onsoňam... Tussumandan... Edil beýdäýerlerem öýtmändim-dä... Saňa-da, olara-da aýtmaga heran-haçanam ýetişerin öýdüp, arkaýyn bolaýdymam-da... ― Men ýanyna bardym-da, Aýbaharyň çat maňlaýynda çök düşdüm. Iki çigninden tutup, entegem maňa bolan mähirden doly gözleriniň içine seretdim. ― Ýadyňa düşýämi, sen meni haçanam bolsa bir wagt harasatdan alyp çykmaklyga söz beripdiň. Meniň durmuşymda hiç haçan, şundan beter tupan turmaz, gaý gopmaz. Şol kömegiňi aňrujy berjek bolsaň, şu gün ber! Aýbahar ýüzüme seredip oturyşyna, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi. ― Bolýa, Mähti. Men seni hakykatdanam gowy görýändigimi, seniň bagtly bolmagyň üçin, öz bagtymdan geçmäge taýýardygymy ýene bir gezek subut edeýin. Ýöne, ondan aňyrsyny özüň oňar. Tereziniň bir tarapynda o gyz, beýleki tarapynda bolsa meni hasap etmäniňde-de, ataň bilen eneň oturandyr. Sen gaty howatyrly ýola düşüpsiň... Seň munyň gara ýeldenem, tupandanam, belki heýhatdanam beterrräkdir. ― Ol ýerinden turdy-da, gyrmyzy baýdak ýaly «pasyrdap» penjiräniň öňüne bardy. Ýaşyl mahmaldan tutulan galyň tutusyny «şowurdadyp» bir tarapa syrdy. «Tark-turk» kildini ýazdyryp, penjiräni iki taraplaýyn serpdi. Maňa nazaram aýlaman, gözlerini garaňkylyga dikip durşuna gazaply seslendi. ― Çyk! ― Meniň ýaýdanýandygymy bilip sesini hasam gataltdy. Üstesine şol tarapa barmagynam çommaltdy. ― Çy-yk!.. Düşündim. Zynjyrdan boşan däli dek, bir bökenimde penjireden «zymdyrylyp» çykdym-da, «düňküldäp» daş ýüzüne düşdüm. Şeýlekin mert hereket eden merdana gyza ýönekeýje «sagbolsun» aýtmanam unudyp, özümi tümlüge urdum-da, aňyrlygyna tarap ýüwrüberjek boldumam welin, ýeňsämden Aýbaharyň öňküsindenem beter azmly sesi ýaňlandy. ― Du-ur!.. Durdum. Entirekläp yzyma öwrüldim. Batiçellonyň çeken meşhur Wenerasy ýaly, tar-mar saçlaryny agşamyň ýylymsy, mymyjak şemalyna ykjadyp duran gyzy şol wagt garbap alaga-da bagryma basasym, ýaňaklaryndan, dodaklaryndan ogşasym, asyl yzyma öwrüläge-de onuň bilen ýanýoldaş bolasym, öz ojagym içre onuň bilen ömür süresim geldi. Ony hakykatdan-da söýen ekendigime, ýöne, şol söýgimi entek açyp ýetişmändigime, eger-de Sümsülä sataşmadyk bolsam, onda şondan başga hiç gyza öýlenip bilmejekdigime hem men hut şol aljyraňňy pursatymda göz ýetirdim. Gyzlyk hem gelinlik dünýäsiniň serhedinden kokýan beýhuş ediji ýupar ysy bolsa men telim ýyllap unudyp bilmedim. Aýbahar indi üçünji gezek, ýöne, diýseň gussaly seslendi. ― Razylyk bermedigem bolsak, bize nika gyýyldy. Şonuň üçinem, sen maňa üç gezek: «Talak» diýip git. Ýogsam ýoluň ýapyk bolar. Aýbaharyň bu emri maňa bar zatdanam beter ýokuş degdi. Ýöne ol dogry aýdýardy. Şol sözi men diýmelidim. Emma, garyndaşym hökmünde bolsa-da, ýaşlygymdan bäri eý görüp gelýän gyzymy bular ýaly ýagdaýda, onda-da nika gyýlanyna bir sagadam geçip-geçmänkä talagyny beräge-de, taşlap gidibermäge bognumam ysmajak, ynsabymam çatmajak boldy. Ýöne, Sümsüläniň göz öňümde salgym bolup, aňymda hallan atyp duran, özem näme üçindir hemişekisi ýaly gülgün däl-de, zybram ak geýnen intizar keşbi maňa şol wagt säginmän, bir demde, ýöne Aýbaharyň gözlerine göni garamazlyk üçin, gözlerimi mäkäm ýumup, iki elim bilenem ýüzümi tutup, şol sözi aýtmaga mejbur etdi. Sözümi soňlanymdan soňam Aýbaharyň iň soňky gezek: ― Ertir ir sähere çenli-hä öýde ýokdugyňy hiç kim bilmez. Şoňa çenli aşyp bilen aralygyň özüňki. Şondan soň ele düşseň özüňden gör... Bir-ä «hyrra» yzyma öwrülenimi, birem öýden gaty bir daşlaşmankam, tekjäniň «şarkyldap» ýapylanyny bilýän, başga hiç zat göremogam, eşidemogam. Ilden çykgynç, düzetmesi kyn, asla mümkinem bolmadyk bir iş edip gaýdandygyma welin gaty basym düşündim. Hossarlarymyň indiden soň özlerini nähili alyp barjakdyklaryny göz öňüme getirmäge çalyşdym. Ejem-ä bir naçardyr, heran-haçan başymy etegime salyp gelsem dözmez, bagyşlaram, kabulam eder, ýöne ine, kakam welin... Ol özüniň nätjekdigini ýap-ýaňyja ýatdy. Aýbaharyň özüni alyp barşy welin akylymy haýran etdi. Öz mähribançylygy bilen ýüregimde daglar goýdy. Meni harasatdan halas etmek üçin özüni gara ýeliň girdabyna oklady. Ýöne, onuň ykbaly bu wakadan soň nähili bolar? Ertir irden iller meni ýoklarlar. Ýap-ýaňyja: «Gözlemen» diýenem bolsa, Mürzemmet dek ýatmaz. Gözlärler. Emma: «Kör hasasyn bir aldyrar» diýipdirler, bu gezek men tapdyrman. Tutdurman. Şondan soň Aýbahar «Nika gijesi äri taşlap gidipdir» diýen ýowuz ada galar. Birinji gije näme üçin ýigidiň öz düşegini taşlap gidýänligini bolsa bilmeýän ýokdur. Egerde ertesi irden Aýbaharyň özi öýlerine gitse, ýa-da äkitseler, o-da şol manyny berýä. Onda onuň gyzlyksyz çykdygy bolýa. Ol «ýüküň» aşagyndan bolsa türkmen kyýamat ahyrda-da çykyp bilenok. Masgaraçylyk bolsa ony bütin tohmy-tiji bilen bilelikde ýere sokýa. Galynmaz güne salýa. Ine, men şu bähbidim üçin Aýbahary nä günlere salypdyryn! Ine, ol meniň bagtym üçin özüni nä belalara giriftar edipdir! Özi welin entek päk. Arassa. Gelin lybasynda bolsa-da, ol entek özüniň gyzlyk dünýäsi bilen hoşlaşanok. Ýöne, muny ol ikimiziň özümizden başga bilýän ýok. Ýaşaşmadygymyzam, ýekeje sagadam bir ýassykda başlaşmadygymyzam, yz ýanyndan, barybir doly manysynda gyýylmadyk nikamyzy bozandygymyzam bizden başga bilýän ýok. Daşdan seredeniňde biz är-aýal. Ýeri, indi şol melamatlardan gutulmak üçin Aýbahar nätmeli? Öz namysyny goramak, arassadygyny subut etmek üçin ol nämeler etmeli? Özüni nähili alyp barmaly? Ýa-da: näder? Nämeler eder? Nähili hereket eder? Ertir irden özüne tarap dikilen soragly hem talapkär gözleriň öňünde näme jogap berer? Ýüzüni tutup gidermi? Galarmy? Şu pikirleriň netijesinde men Aýbahary öz elim bilen girdaba gark edip gaýdandygyma düşündim. Onuň çagalykdan bäri edip gelýän ynamyny bihaýalyk bilen ýere çalandygyma göz ýetirdim. Öz-özüme: «Sen zalym!» diýdim. Ol o diýseň, indi meň özüm näme etmelidim? Nirä gitmelidim? Birdenem, gulagyma Sümsüläniň: «Juda paltaň daşa degse, geläý, ölümden gaýry zadyň bir alajy bolar» diýen iň soňky sözleri eşidildi. Ol muny nämäni göz öňüne tutup aýtdy? Nähili çykalga gördi? Ýa, meni köşeşdirmek üçin aýdyp goýberiberdimikä? Bilemok... Ýöne, kakam indi meni etrapda-da goýmaz. Mürzemmetligini edip Sümsülä-de, onuň hossarlaryna-da gün bermez. Meniň öýde «şaňňyrdap» oturan nikaly gelnimiň bardygyny aýdyp, olary masgaralamakdanam, gyzlaryny aýal üstüne berjek bolmakda aýyplamakdanam gaýtmaz. Şonuň üçinem, şol wagt men özüme Sümsüläniň beren «garaşmak» syýasatyny saýlap alaýmakdan başga ýol ýok hasap etdim. Kakam köşeşýänçä, nirä-de bolsa, ümdüzime tutdurmaly, diýen netijä geldim. Çünki, Sümsüle-de: «Ömrüm ötýänçä garaşmalam bolsa, söz berýän, ýöne, şolaryň doňy çözülýänçä garaşmaly» diýipdi. Häzir gaçmak, bir ýanlara bile gitmek meselesine bolsa ol çürt-kesik garşy. Diýmek, başga alaç ýok!.. Gitmeli. Onda-da kakamyň düýbünden güman etmejek tarapyna gitmeli. Ondan aňrygam, ýa, Allah!.. Men sag elimiň aýasyny köýnegimiň gursak jübüsine ýetirdim. Pulumam bar, pasportymam ýanymda. Taksi tutup, uçargähe bardym. Edýän hereketlerimiň, gelen netijämiň dogrudygyna şol wagt aklym çatýady diýsem-ä ýalançy men, Azat jan. Hatda takyk nirä, näçe wagtlyk gitjegimem, baran ýerimde näme bilen meşgul boljagymam bilemokdym. Edil ümürde ýöreýän ýalydym. Şeýle-de, kakamyň öz nökerleri bilen uçargähe döküläýmekleriniň ahmaldygynam aradan aýramokdym. Şonuň üçinem: «Şol ýere petek bar, özem häzir uçjak bolup dur» diýseler, Kamçatka bolsa-da ikirjiňlenmän uçmaga taýýardym. Sorag-jogap tekjesiniň aňyrsynda oturan, gözi insizje äýnekli daýaw aýal tüýsümi bozuk gördümi, ýa gepleýiş äheňimi halamadymy, iki gözümiň içine ýaman algydar ýaly, sowuklaç seredip oturyşyna, bir uçaryň Leningrada ugrajak bolup durandygyny, petek alyp, göni, bellik etdirilýän ýere barybermelidigimi diýseň biparhlyk hem äsgermezlik bilen aýtdy. Aldym. Aýdylan ýere bardym. Elimde goş bolmansoň bellikdenem ýüzümiň ugruna geçdim-de, beýleki ýolagçylar bilen bilelikde, uçuşa çagyrarlaryna garaşyp duruberdim. Içiň gussaly, başyňam aladaly bolsa, adam pahyr ýüzüň-gözüňem üýtgär ekeni. Daşyňdan ulumsy, gedem, garaz adamyň ýaramazy bolup görünýän ekeniň. Asyl, öňüňden çykanyň: gel urşaly, diýäýesi gelip dur. Muňa men şol gezek hälki, kassada oturan aýaldan başlap, tä Leningrada barýançak telim adamyň tymsalynda göz ýetirdim. Iň bärkisi uçup barýarkak gapdalymda oturan, orta ýaşlaryndaky bir kişi astynda ýumak bar ýaly oýkanjyrap oturyşyna: «Tirsegiňi çek! Buduňy-buduma degirme...» ― diýip, ýolboýy ýüregime-bagryma düşdi. «Allah-Allah...» bilen zordan çydadym. Öňdäki oturgyçda oturan birem garşa-garşa yzyna gaňrylyp: «Dyzyňy çek...» diýse, yzymda oturan aýal: «Arkan gaýyşma, oturgyjyň arkasyna ýaplanma...» diýip, azar ýamanyny berdi. «Ýene şeýtseň köwşümiň ökjesi bilen çüwdäňi deşerin...» diýip haýbat atan, ýumrugyny çenän gezeklerem, ýolbelet gyzy çagyryp duýduryş berdiren gezeklerem boldy. Hemmesem men şol zatlary bilgeşleýin edýändirin öýdýärler. Ömrümde şolar ýaly oňaýsyz ýagdaýa düşen gezegim ýok. Edil «ýyldyza ýörän ýaly» diýenleri boldy. Iň ýamanam düşünişjek, ylalaşjak bolup, janygyp ugraýan welin, gaýtam beterine tutýalar. «Hä-ä... Şeýlemi-i... Şeý diýsene asyl...» diýşip, dişlerini gyjaşyp ugraýalar. Agyzlaryny-burunlaryny towlaşyp üstüme sürünýärler. Meniň welin uruşdan-sögüşden elli bizar, öz derdim özüme ýetik. Şonuň üçinem men şol gün uçaryň içinde oturan ýerimde: «Ýüzüň-gözüň gowy däl wagty, iň gowusy, öýden çykman, hiç kime görünmän oturmak» diýen kesgitleme oýlap tapdym. Aladasyz, ýüzüň açyk wagty welin beýle däl. Her kim seň bilen ýylgyryp salamlaşjak, güler ýüz bilen gürleşjek, garaz, allanämelik... Bolsa-da, daň saz beriberende baryp, Orsyýediň demirgazyk paýtagty hasap edilýän Leningradyň uçargähinde sag-aman gonduk. Şol döwür soýuzyň ähli şäherlerinde ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin resminamalar kabul edilýärdi. Meniň öňümde bolsa, öň Sümsüle bilen meýilleşdirip goýşumyz ýaly, okuw meselesi keserip durdy. Şonuň üçinem, uçardan düşüşim ýaly, garaşylýan zallaryň birindäki garbanyşhana girdim-de, bir kofe bilen myssyjak, akja bulkanyň başynda Leningradda nähili okuw jaýlarynyň bardygy barada pikir öwrüp başladym. Bilýänjelerimiň barysyny aňymda aýladym. Sazçylyk uçilişşesini gutarandygym üçin konserwatoriýa synanyşmak amatly boljakdy, ýöne, höwesim binagärlikde bolansoň, çeperçilik akademiýasyny saýlap aldym. Indi men şonuň gözlegine çykmaly. Ýöne, entek ir. Edaralarda iş başlananok. Ak gijeleriň döwri bolansoň, gije bilen gündiz edil alajaly ýag ýaly, biri-biri bilen garyşyp gidýär. Awtobusa münüp şähere barýançam esli wagt geçdi. Ýüzüm entegem açylan däl bolsa gerek, awtobusyň içi dolam bolsa gelip gapdalymda oturan-a bolmady. Taksi tutup, barmaly ýerimi aýtdym. Eltdi. Şol şähere gadam basyp, ilkinji hoş sözem men şol sürüji ýigitden eşitdim. ― Işiň şowly bolsun, gardaş. ― Sag bol... Allahy çagyryp, göni rektoryň ýanyna girdim. Ähli ahwalatlarymy bolşy ýaly edip aýtdym. Soňundanam: ― Binagär bolmak arzuwym bar. Ýanymda bolsa pasportymdan başga ýekeje resminamam ýok. Gaýrat ediň-de, synaglara goýberiň, giribilsem resminamalarymyň hemmesi yzymdan geler ýaly ederin ― diýdim. Meni diýseň mylakatly kabul eden şol adamyň ady Ýuriý Andreýewiç Galaktionow. Onuň mazaly agaran, ujy sargylt saçlary gerdenine düşüp dur. Burunlak. Murtlary, gaşlary ösgün. Sakgaly ýok. Bir eli hümmet hasaly. Professor. Ýurda belli hudožnik-heýkeltaraş. Eden ýagşylygyndan lezzet alýandygy daşyndanam bildirip dur. Umuman, gowy adam. Meni üns bilen diňläp bolanyndan soň ol uludan demini alyp: ― Да-а... ― diýdi-de, balkyldap duran ullakan, bulutsyz asman deý dury hem çuň, içi mähirden doly mawy gözlerini süzgekledip ýüzüme seretdi. ― Siz juda kyn ýagdaýa düşüpsiňiz, ýagşy ýigit. Edil ertekilerdäki ýaly. Bir döwletiň içinde ýaşap ýörüs, emma biz gör, nähili aýry-aýry adamlar... Ай-яй-яй... Ай-яй-яй... Hiý, beýle-de bir zat bormy. Hiý, öz çagaňam bir bular ýaly çykgynsyz güne salmak bormy... Beýle ýagdaýa düşen adama kömek etmän bolmaz ahyry... А как же... Islendik ýagdaýda, islendik adamyň ýanynda garaçynyň bilen dogryňy aýtmaklygyň ýalan sözlemekden kän-kän ähtibarlydygyna-da men şonda göz ýetirdim. Adamlary birleşdirýän esasy zadyň garyndaşlyk däl-de, ýürekdeşlik, birek-birege düşünişmeklik ekenidigne-de men şol gezek, Ýuriý Andreýewiçiň gaşynda otyrkam düşündim. Ol bar zady söz berşi ýaly etdi. Hut öz görkezmesi bilen meni synaglara goýbertdi. Başdan-aýak dik durup gözegçilik etdi. Dogrusyny dogry aýtjak, synaglardan geçmäge-de ýardam etdi. Her synagda gelip, mugallyma: «Şu ýigit geçmeli, ol kyn güne düşüpdir, bizden haraý istäp gelipdir...» diýdi. Men oňa ömürlik minnetdar boldum. Häzirem minnetdar. Goý, onuň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun... ...Synaglar doly tamamlanandan soň, Ýazly aga hat ýazdym. Onam başymdan geçen soňky wakalar bilen birin-birin tanyşdyrdym. Okuwa girendigimi, resminamalarymy «talap edilýänçä» diýen bellik bilen, Leningradyň merkezi poçtasyna ibermegini, eger-de Sümsülä gabat gelse, kyn görmese-hä ýörite tapyp, oňa-da meniň nirededigimi, habarlaşmak üçin haýsy salga hat ýazmalydygyny aýtmagyny haýyş etdim. Galan oduk-buduk ownuk hysyrdylardanam dynanymdan soň, Sümsüle bilenem ýörite habarlaşjakdygymy, okuwa gireninden soň Aşgabada baryp gürleşibem gaýtjakdygymy aýtdym. Ýazly mugallym gaty alada eden bolmaly, üç hepdä ýeter-ýetmez resminamalarym geldi. Üstüne özündenem azajyk goşup, galanja iş hakjagazymam iberipdir. Sümsüläni görüp bilmändigini, sebäbi onuň bütin tomus okuw aladasy bilen Aşgabatda bolandygyny, ondan-mundan eşidişine görä, okuwa-da girendigini, gaýdyp gelensoň görüp, sargytlarymy hökmany suratda ýetirjekdigini resminamalaryň gapdalyna goşan, iri harplar bilen, towugyň aýak yzlary ýaly «çaýşanak-da-çuýşanak» edilip ýazylan hatynda aýdypdyr. Meniň okuwa girenime begenýändigini, ýöne aýdym-saz mugallymsyz, hususan-da, gurnak ýolbaşçysyz galandygyna bolsa gynanýandygyny hem ýazypdyr. Sümsüle ikimiziň bulaşyklyga düşendigimizem eşidendigini, özleriniň hiç hili kömek edip bilmeýändiklerine gynanýandygyny-da ýaňzydypdyr. Şeýle-de Pürli agadan we beýleki mugallymlaryň, köp sanly okuwçylarymyň adyndan dogaýy salamlar gönderipdir. Kakam bilen ýaraşmaklygyň ýollaryny agtarmaklygymy maslahat beripdir. «Ata-ene bir mukaddes zatdyr, hernäçe gazap bolsa-da, onuň öz perzendine ýamanlygy ýokdur, ýöne, söýgem şol mukaddeslikleriň biridir. Şonuň üçinem, jan inim, özüň bir ýol tapaýmasaň, bu babatda men-ä näme diýjegimi bilýän däldirin...» diýipdir. Okuwlar başlanansoň banderol edip, poçta arkaly pasportymy, harby bildimem hasapdan çykardyp ibermegi üçin Ýazly aga hat ugratdym. Frontçy ýaşuly, baýry mugallym, mährem adam meniň ol haýyşymam ýerine ýetirdi. Ýöne, şolar bilen gelen hatda welin, Ýazly aga kakamyň etraba baryp, gopgun baryny turzup gaýdandygyny habar berýärdi. Ýagny, kakam ilk-ä mekdebe baryp, Ýazly aganyň we beýleki mugallymlaryň üstüne gygyrypdyr. Olary okuwçylaryna ahlak terbiýesini berip bilmezlikde, ýaş gyzlaryň öz mugallymlary bilen çörňeşmäni dagy hiç zatça-da görmeýändiklerine göz ýummakda aýyplapdyr. Soň etrabyň bilim bölümine baryp, Pürli aganyň üstüne gygyrypdyr. Häkimlige baryp olaryň hemmesiniň üstünden bilelikde arz edipdir. Iň soňunda-da polisiýa baryp, şu mesele boýunça bilim ýolbaşçylarynyň üstünden iş gozgamaklaryny talap edipdir. Olaram: «Ýaşuly, iş gozgasak okuwçysyna göz gyzdyrany üçin öňi bilen seň ogluňy basmaly borus» diýip, ony haýykdyrjak bolupdyrlar. Ýöne, Mürzemmetmi haýykjak? «Bolýa, basyň! Ýöne, öňi bilen tapyň! Tapyň-da basaýyň...» diýip, özlerindenem beter haýbat atypdyr. Olaram: «Bor, ýaşuly, bor. Barysyny derňärisem, kim nirä giden bolsa taparysam, siz arkaýyn boluň» diýip, ony başlaryndan sowubilseler kaýyl bolupdyrlar. Kakam iň soňunda Amanlara barypdyr. Sümsüläniň öz-ä ol wagt Aşgabatda synag tabşyryp ýör ekeni welin, ähli zarbany Aman bilen aýaly Aýtuwak öz üstüne almaly bolupdyrlar. Kakam: «Siz meniň öýli-işikli oglumy azdyryp, gyzyňyzy şoňa berjek bolýaňyz, öýüni ýykjak bolýaňyz, juda är tapmaýan bolsa, uýaň bazara çyksyn. Ýaňy bir ýola düşen abat maşgalany bulamasyn. Tapyň, nirede gizlänem bolsaňyz, meň oglumy... Ölýänem bolsaňyz siziň şo gyzyňyz meň duluma geçip, gelinsiräp oturmaz... ― diýip, üstlerine gygyrypdyr, aýtmasyz zatlaram aýdyberipdir. Namysdan ýaňa Amanyň tas ýüregi ýarylan ekeni. Ol öýüne girip tüpeň alyp çykypdyr. Kakamy atjak bolupdyr. Hälem bolsa tä, etrapdan gaýdýança polisiýa işgärleri onuň gapdalyndan aýrylmandyrlar. Şolar saklaýypdyrlar. Ahyram şol etrapda şol wagt meniňem, Sümsüläniňem ýokdugyna gözi ýetenden soň, kakam yzyna dolanypdyr we meni başga-başga ýerlerden gözläp başlapdyr. Synaglaryny üstünlikli tabşyryp öýüne gelenden soň, kakamyň turzup giden oýunlaryny eşidip, Sümsüle bijaý erbet bolupdyr. Birnäçe gün ýerinden galybilmän ýatypdyr. Ýene bir gynançly habar: o-da Ýazly aga ýarawsyzlygy sebäpli özüniň işden çykmakçy bolýandygyny syzdyrypdyr. Elbetde, frontçy ýaşulularyň köpüsi ýaly, o-da öňdenem ýarawsyzrakdy. Her ýyl uruş weteranlary üçin niýetlenen, soýuzyň dürli künjeklerindäki ýeňillikli şypahanalara gidip gelýärdi. Şypa-da tapýardy. Entek-entekler işden gitmek barada gürrüňem gozgamaýardy. Şonuň üçinem, meniň çak edişime görä, kakam baryp gaýdandan soň, kölegelerinden gorkuşyp ýören etrap ýolbaşçylary, birdenkä sorag-ideg ediläýse ýa iş gozgalaýsa dagy, «ine, çäre gördük» diýer ýaly, ony Sümsüle ikimiz sebäpli biynjalyk eden bolmaklary juda ahmal... Ýöne, bu barada Ýazly aganyň özi ýekeje sözem ýazmandyr. Ondan gelen soňky bir hatyň mazmunyna görä, etraba baryp gaýdansoňam kakamyň «hor-hory» ýatmandyr. Ol Sümsüläniň nirä okuwa girenini bilip, ilk-ä dekanyň, soňam rektoryň ýanyna giripdir. «Siziň bäş ýyllap okuwçy boljagyňyz eýýämden gelinleriň ärlerini elinden aljak bolup, göze-başa düşüp ýör» diýipdir. Çäre görmeklerini, ony ahlaklylyga çagyrmaklaryny talap edipdir. Ýogsa, Bilim ministrligine, Merkezi Komitete çenli gitjekdigini, gerek bolsa Birinji sekretaryň hut özüne çykjakdygyny, şoňa özünde mümkinçiligiň bardygyny aýdyp haýbat atypdyr, gorkuzypdyr. Sümsüläniň özünem çagyrdyp: «Nirede gizlänem bolsaň, oglumy tap, barybir men saňa ony oýnatdyrman» diýip, gygyrypdyr. Arassa adam töhmede çydamazak, ejiz bolýa. Sümsüle ýene-de özünden gidipdir. Hassahana düşüpdir. Kakam bolsa onuň şol bolşunam «artistlik» hasap edipdir. Entek-entek gidişjekdigini aýdyp, hassa ýatan gyzyň üstüne hemle atypdyr. Hälem dekanam, rektoram, etrapdakylar ýaly ýelýürek, göterme däl ekenler. Sümsüläni ur-tut Uniwersitetiň umumy ýygnagyna salyp, okuwdan çykarjak bolup göze-başa düşübermändirler. «Bor, ýaşuly, biz bar zadyň anygyna ýeteris, hany, ogluňyz bir ýerden çyksyn bakaly...» diýşip, höre-köşe bilen gaýtaryp goýberipdirler. Kakam şondan soň tanyş-bilişleriniň üsti bilen Içeri işler ministrligine çykypdyr. Meniň üçin «Bütinsoýuz gözleg» yglan edilmegini talap edipdir. Ýöne, o ýerde onuň näzinem çekmändirler, abyr-zabyrlaryna gaty bir gulagam asmandyrlar. «O zatlary, ýaşuly, bize siz görkezme berip etdirmeli däl, kimi nädip tapmalydygynam, tutmalydygynam özümiz gowy bilýäs, ýöne, gözlenýän adam jenaýatkär bolmaly, biziň eşidişimize görä bolsa, siz ony zor bilen, halaşmaýan gyzyna öýlendirmekçi bolupsyňyz. Iş gozgamaly bolsa, siziň garşyňyza gozgamaly, ogluňyzy bolsa, şaýat hökmünde çagyrmaly. Ine, şonda biz siziň ogluňyzyň niredediginem bileris, taparysam, getirerisem...» diýipdirler. Kakam diňe şondan soň köşeşipdir we çar tarapa çarp urmasyny goýupdyr. Şol hatynyň soňunda Ýazly mugallym golaýda ýanyna Sümsüläniň gelendigini, meniň salgymy sorandygyny, özüniňem öň meniň haýyş edip goýuşym ýaly, salgymy berendigini ýazypdyr. Soňraky hat Sümsüläniň özünden geldi. Ol öňi bilen-ä meniň başymy çarap, şeýle uly şäherde, dünýä belli okuw jaýlarynyň birine, şular ýaly dara-direlikde, gyr-gyssaglykda okuwa girip bilendigim bilen, megerem sypaýyçylyk üçin bolsa gerek, gutlapdyr. Yzyndanam meniň basymrak dolanyp baryp, öz nikaly maşgalama eýelik etmegimi haýyş edipdir. «Ýogsam bu ýerde seniň ataňdan ýaňa bize gün-aý ýok. Barymyzyň üstümizi depeläp, masgara edip ýör» diýipdir. Şondan soňraky eden beýanatlaryna görä, ol kakamyň jenjelleriniň aňyrsynda nämeleriň ýatandygyny bilmek, hakmy, nähakmy, takygyna ýetmek üçin gözläp-idäp ilk-ä öýe barypdyr. Ejem bilen oturyp çaý içipdir. «Men Mähti bilen sazçylyk uçilişşesinde bile okadym, häzirem Moskwada konserwatoriýada okap ýörün, öýlenenini eşitdim-de, hem-ä gelnini göreýin, hemem gutlaýyn, diýip geldim» diýipdir. Ejem sadalygyny edip, Aýbaharyň okuwdadygyny aýdypdyr, salgysynam beripdir. Şeýdibem ol Aýbaharyň ýanyna barypdyr. Medinstitutyň ýatakhanalarynyň howlusyndaky bagyň saýasyndaky oturgyçlaryň birinde oturyp, göwün solpularyndan çykýançalar gürleşipdirler. Aýbahar Sümsülä ähli zady bolşy ýaly aýdyp beripdir. «Mähti meniň talagymy berip gitdi. Özem seniň üçin, meniň razyçylygym bilen, haýyşym bilen şeýtdi. Ol diňe seni gowy görýä. Meniň olarda ýaşap ýörenimi bolsa geň görme. Men öňem şol öýde ýaşap ýördüm. Sebäbi biz garyndaş. Okuwymy gutararynam, giderinem. Wakalar könelişenden soň ol geler, hökman geler. Özem diňe seniň üçin geler. Men muňa ynanýan. Hut şonuň üçinem, men öz bagtymdan el çekdim...» diýipdir. Bu barada Sümsüle hatynyň dowamynda şeýle ýazýar: «...Meniň ýanymdan gaýdanyňdan soň başyňa nä günler düşendiginden habarym bar. Näme üçin ýurtdan çykyp gideniňem bilýän. Şondan başga alajyň galmandygyna-da ynanýan. Hemmesi dogry. Bar zat ikimiziň gepleşip goýşumyz ýaly. Garaşmaly. Menem garaşmaly, senem garaşmaly. Biz bu barada wadalaşdyk. Ýöne, sen eýýäm wadany bozduň. Men Aýbahar bilen gürleşdim. Ol gelin lybasynda. Ýöne, syryny maňa açdy. Ähli zady bolşy ýaly edip aýtdy. Emma, gel, üçimizem özümizi aldamalyň. Çünki, nika diýlen zat oýunjak däl, ýarym sagat oýnaňsoň, zyňyp goýbereriň ýaly. Gyýylandan yddat möhleti geçmese ony asla bozmak bolanok. Gadagan. Talagam şoňňaly. Azyndan üç aý ýaşaşmazdan öň talak bermek bolanok. Şol möhlet dolaýanda-da, kazynyň öňünde sen onuň sebäplerini düşündirmeli. Subut etmeli. Delillendirmeli. Şaýatlaryň bolmaly. Kanunlaryny agzyň ugruna ýoýup goýberibereriň ýaly, şerigat gaty bir şerimsizem däldir. Şonuň üçinem, Aýbahar ikiňiziň nikaňyz henizem şol durşuna dur. Entek gylam gymyldanok. Hökmüni ýitirenok. Güýjüni gaçyranok. Onsoňam Aýbaharda bar mertebe mende-de bar. Menem özümi ondan namartdyryn öýdemok. Senem ondan kem söýemok. Siziň bagtyňyza garakeçe çekip, özümi bagtly edesimem gelenok. Beýdip bolýandyram öýdemok. Nesibe takdyra çekip, duş gelipsiňizmi, nikalaşypsyňyzmy, märeke ýygnap toý tutupsyňyzmy ― yzynam dowam etdiriberiň. Ýaşaberiň. Hälem bolsa, dolan. Okuwyňy bäri geçiräý. Goý, iň bolmanda, ataň-eneň bir ýürekleri ynjalsyn. Aýbahar welin hakykatdan-da gowy gyz. Ol saňa gowy maşgala bolup biler. Meni welin sen indi unut. Gözleme-de, ideme-de, gelme-de. Barybir tapmarsyň. Tapaýanyňda-da seň üçin men ýok. Men seni päkligiňe, ýalňyzlygyňa istäpdim, indi bolsa sen maşgalaly adam. Maşgalaly adamyň üstüne çöwjemek bolsa, kakaň dogry aýdýa, gowy däl. Senden tapawutlylykda, ol öz wagtynda watany goraýşy ýaly, özünem, maşgalasynam gorap, göreşip bilýä. Düýä münüp, hataba bukmak bolsa, gerek däl. Men saňa: «Ölsem ýeriňki, ölmesem seniňki» diýipdim. Seniňki bolmag-a nesibämde ýok ekeni, ýeriňki welin bolaryn. Başgaça bolup bilmez. Iň bolmanda sen şuňa bil baglap bilersiň». Bu hat meni haýal etmän Aşgabat sary ýola düşmäge mejbur etdi. Çünki, men haýal etmän onuň bilen gürleşmelidim, düşünişmelidim. Asylam men şol edip ýören hereketlerimiň hemmesini şonuň üçin edipdim ahyry. Ol meniň ömrümiň manysydy. Göz guwanjymdy. Gelejegimdi. Dogup gelýän Günümdi. Daň ýyldyzymdy. Dynç gününe gabatlap, iki günem okuwdan rugsat aldym-da, Aşgabada uçdum. Yzyma gaýtmaly petegimem jübimde. *** ...Uçardan düşüp, göni Sümsüläniň ýaşaýan ýatakhanasyna bardym, tapmadym. Okuw binasyna bardym, onda-da ýok. Kafedralaryna bardym. O ýerde-de näme sebäpdendigin-ä aýdyp bilmediler, ýöne, Sümsüläniň üç günlük rugsat alyp öýlerine gidendigini welin, aýtdylar. Ýene-de: «Näme etmeli?» diýen sorag öňümde keserdi. Gelenime görä görmän gitsem-ä birhili. Yzyndan etraba gideýin, diýsem, o-da bolanok. Birinjiden-ä çapraz düşmegimiz mümkin, ikinjidenem, Sümsüläniň hossarlarynyň kakam zerarly salnan ýaralarynyň täzelenmegi, ar-namyslarynyň joş almagy ahmal. Öýe barmaga-ha asylam hakymyň ýokdugyna düşünip durun. Ogryn-dogryn, bukdaklap baryp, iň bolmanda daşyndan ejemi göreýin diýsem, o-da juda töwekgelçilik boljak. Bir zada kejigen wagty ejemiň aýdyşy ýaly «Okan namazym ürküzen gurbagama» degjekgä. Sümsüläniň hatyndaky nikaly, talakly meseläni düşünişmek üçin, Aýbaharyň okaýan ýerine baryp göräýsemmikämem bir diýdim. Ýöne, nädip düşünişmeli? Näme diýmeli? Onsuzam birgiden melamaty boýnuna meýletin alan biçäräniň golundan tutup: «Ýör, kaza baraly! Men saňa näme üçin «talak» berendigimi subut etjek» diýmelimi? «Bor» diýip, bile gidiberäýen halatynda baryp kaza näme diýmeli? Birtopar ýalan-ýaşryklar bilen arassa maşgalanyň üstüne töhmet atyp, Hudaýyň öňünde ýene-de günä gazanmalymy? «Hany şaýatlaryň?» diýse näme jogap bermeli? «Hiý ýarym sagadyň içinde, gözüň öňünde-de bir hatyn ärinden talak alarlyk iş edermi?» diýseler, näme diýjek? Ýok, ol-a asylam bolmaz. Diňe Sümsüläniň özi bilen düşünişmeli. Aýbahar meniň aňymda mukaddes maşgala hökmünde orun aldy, hut, şeýleligine hem galar. Artykmaç entäp, göze düşüp ýörmezlik üçin, men üç gün möhletimiň dolaryna-da garaşman, petegimi çalyşdym-da, şol günüň özünde yzyma uçdum. «Zyýany ýok. Ýakyn günlerde ýene bir gezek geler gidäýerin». Uçaryň içinde otyrkamam, şunça golaý barybam ejemi görübilmän gaýdandygym üçin gynandym. Bokurdagym dolup, gözlerime ýaş geldi. Bolup geçen wakalaryň içinde hemmämizden beter ejir çekenem şol görgüli bolsa gerek. Çünki, ol meňkiligem bolup bilenok, kakamyňam ýüzüne gelip bilenok, Aýbahardanam geçip bilenok, Sümsüläni bolsa asla tananogam, görenogam. Sözi diýseň, o-da ýöränok. Naçar. Ejiz. Biçäre. Bar güýji iki gözüne ýetýä. Men bilýän, ol şu wagtam törki jaýlaryň birinde çüňke gysylyp, jybarly gün gara öýüň ýeňsesine geçip, mugryljyrap oturan, ýetim çaga ýaly, gözleriniň ýaşyny sykyp oturandyr. «Çagajygym niredekä?..» diýýändir. Men bolsa ony golaýyna barybam görübilmän gaýtdym... Elbetde, daşyndan hernäçe gazaply görünse-de, kakamyňam haly teňdir. Eden işlerine puşman etmekden ýaňa janyna jaý tapýan däldir. Hernäçe mertsirän bolsa-da, ýalňyz balasyndan dynandygyna içi tütäp durandyr. Her gün agşam ejemiň üstüne herrelip: «Jähennemiň teýine gidenem bolsa, aglama şoň üçin» diýýänem bolsa, ýüreginiň töründe bir ýerde meni jähenneme rowa görýän däldir. Ýöne, ol öý eýesi. Hojaýyn. Erkek kişi. Hojalykda hemme zada jogapkär şol. Näme diýse-de, näme etse-de, ol öz göwnüne hojalygyň bähbidi üçin edýän diýip düşünýär. Üstesine ýasawam şeýleräk. Abyr-zabyrlyrak. Gitler bilen ýaka tutuşyp gelen adam. Hökümediň öňünde-de iş baryny bitirip, «Türkmenistanyň at gazanan demir ýol işgäri» diýen hormatly ada mynasyp bolan adam. Hatda, «Hitrowkamyzdaky» kiçiräk bir köçä onuň adynam dakdylar. Şonuň üçinem, ony kyn güne salandygyma, şeýle abraýly adamy görlüp-eşidilmedik biabraýçylygyň üstünden eltendigime-de düşünýän. Onuň ozaldanam köp gowgalary başyndan geçiren gojaman göwresindäki ysgynsyz gurp, yşk ýolunda janserek bolup ýören däli oglunyň gerdenine atan külpetlerini çekip-çydardan ýa geçirip goýberibererden ejiz geläýmese-de ýagşydyr... Ine, şol gezek men şular ýaly agyr oýlaryň astynda ýegşerilip, uçardan düşdüm. Leningrad meni uçganaklap ýagýan owunjak gar, çapgyn aýaz bilen garşy aldy. *** Şeýdip, okuwyň ilkinji aýlary geçdi. Sümsüläniň ýanyna ikinji gezek gitmekligi gyş rugsady döwrüne meýilleşdirip ýördüm. Ýöne, şol wagt ol ýerde-de ýokary okuw jaýlarynyň rugsatlary başlanýardy-da, Sümsüle ikimiziň ýene-de çapraz düşäýmegimiz ahmaldy. Täze ýyla gabatlap gitsemem şol ýagdaýa düşäýmegimiz mümkin. «Barjak, garaş...» diýip hat ýazsam ýa telegramma ugratsam-a şol pursat onuň asylam tapdyrmazlygy ahmal. Şonuň üçinem, men ýene-de dynç gününe ýanap iki gün rugsat aldym-da, dekabryň aýaklaryna Aşgabada uçdum. Az-owlak pul karz almaly boldum, ýöne, o döwrüň ýol petekleri sähel zada durýardy. Men baran günüm howa Aşgabatda ýaz aýlaryny ýada salýardy. Maýyl. Gün çykyp dur. Ýagyrnylary gatyrak gyzan pyýadalar penjeklerini çykaryp, ellerinde göterişip ýörler. Meniň bararyma garaşýan ýaly, Sümsüle-de ýatakhanalarynyň öňündäki uzyn oturgyçda güneşläp, gazet okap oturan ekeni. Üstüne biriniň kölege salanyny bilip, ol başyny galdyrdy. Ýüzüme seretdi. Ýöne, ýüzünde-gözünde hiç hili üýtgeşiklik duýulmady. Meniň bilen dagy edil, ýap-ýaňyja görşüp aýrylyşan ýaly, bir gyra seretdi-de, doňdy oturyberdi. Kem-kemden göwresem şo tarapa buruldy. Men: «Salam» diýýän welin, göwni bir ýaly. Sarsanogam. Öň meni görende boýnuma bökäýerli görünýän Sümsüleden nam-nyşan ýok. Men onuň akyly üýtgändir öýdüp gorkdum. Ýanynda oturdym-da, iki çigninden tutup çalarak silkeledim. Gör, indi näçinji gezekdir: ― Sümsüle, Sümsüle, bäri bak, bu men, Mähti... ― diýdim. ― Men seniň bilen gürleşmäge geldim. Sen diýip geldim, seni äkitmäge geldim... Ol birdenkä ukudan oýanan ýaly, «ýalt» etdirip ýüzüme seretdi. Esli wagtlap synlaýjy nazaryny gözlerime dikip oturdy. Birdenem gazap bilen: ― Hatymy aldyňmy?.. ― diýdi. ― Aldym. Hut şonuň üçinem geldim. ― Gelmelem däl ekeniň. ― Men indi ikinji gezek gelýän. Bize düşünişmek gerek. Nikalam bolsa, nikasyzam bolsa, Aýbahar bilen ýekeje sagadam ýaşaşamok. Bir ýassykda başlaşamok... ― Sen zerarly ol henizem gelin lybasynda gezip ýör... ― Ol wagtlaýynçadyr. ― Seniň üçin wagtlaýynçadyr, hakykatda welin, gelinlik wagtlaýynça bolmaýar. ― Barybir men saňa beren wadamy bozamok. Hut şonuň üçinem men şol hereketleri etdim. Gelinligimden, atamdan-enemden geçdim. ― Geçmeli däl ekeniň. Geçmelem däl ekeniň, gelmelem däl ekeniň. Suw seňrikden agansoň, beýdip, üstüme ernip durmalam däl ekeniň. Öň-ä kakaň... ― Men gelmän, seniň bilen düşünişmän bilmen ahyry, Sümsüle. Men sensiz nädip oňaýyn? Sensiz maňa durmuşyň manysy näme?.. ― ... Sümsüle edil birwagtkysy ýaly iki eli bilenem ýüzüni tutdy-da, aglady. Dogrusy aglajak boldy, ýöne, aňyrsy böwetli bor-a çemeli, aglap bilmedi. Men ýokkam aglaý-aglaý çeşmesi guran bolmagam mümkin, gözlerinden ýaş-a çykmady. Birdenem sen-men ýok, ýerinden tasap turdy-da, elindäki gazetlerini howada galgadyp başlady. ― Oňarsyň! Ýaşarsyň! Bar! Git! Gaýdybam gelme! Şundan şeýläk sen-ä meňki däl, menem seňki! Bar zat gutardy! Tapba-at!.. ― Beý, diýme, Sümsüle, men şol öňki Mähti. Senden başga hiç kimim ýok. Bolmandam, bolmazam. Başga birine men hiç haçan göwünem bermen. Saňa beren sözümdenem dänmen. Öňem dänmändim, indem dänmen. Şu sergezdançylyklaryň, aýraçylyklaryň hemmesine-de men diňe seniň üçin döz gelip ýörün... Senem indi şeýdip, ýüzüme urup dursaň, men indi bu dünýäde kim üçin ýaşaýyn? Kimiň ýanyna baraýyn? Nirä gideýin?.. ― Seniň nikaly aýalyň bar. Sen indi ondan aýrylyşyp bileňok. ― Men ondan şol pursatyň özünde aýrylyşdym. Sen şerigatdan tutýan bolsaň, men kowahatdan tutýan. Kowahat bolsa, men özüm nämäni göwnüme jaý bilsem şoldur. Käte şerigatam kowahadyň ýüreksi kanunlaryny kabul edýändir. Şonuň üçinem sen özüňem, menem mundan artyk gynama-da, ýör, tur ýeriňden, gideli. Ol ýerde meniň tanyşlarym bar. Olar bize seni ol ýeriniň Uniwersitetine geçirmäge kömek ederler. Bu ýerden çykmagyň gamyny bolsa men özüm iýerin. Gerek bolsa ýene gelerin, juda bolmasa poçta arkaly düzederis, o zatlaryň gürrüňi ýok. O ýerde adamlar ýagdaýyňa düşünýäler. Sümsüle hatda sähelçejik böwrünem diňlemedi. Kesgin gürledi. ― Ýok! O ýerlerde meň işim ýok. Ursa-da, sökse-de, horlasa-da, ölmelem bolsa öz ilimiň içinde öleýin. Elbetde, gowy adamlar her ýerde-de bardyr, ýöne, men bu wagt Hudaýdan başga hiç kimden haraý gözlämok. Sen özüň nireden gelen bolsaň, şoňa gidiber. Bu jelegaýlarda durma! Görünme! Maňa-ha asla görünme! ― Sensiz maňa dünýäniň dört kinjegem boş... Sümsüle... ― diýip, men özümem aglaýmakdan zordan saklanyp, sandyrap durşuma aýtdym. ― Sen bolmasaň meniň göwrämem boş. Sen gaýrat et-de, meni diňle. Kowma. Düşünişeli. Leningrada gidip, ikimizem şol ýerde bileje okaly. ― Men ol hakda-da hatymda ýazdym. Gaýtalap oturjak däl. Sen her zat etseňem indi şol nikadan çykyp bileňok. Sebäbi, ol gyzda günä ýok. Ol ak. Päk. Adamkärçiligem juda artykmaç. Şol ynjasa, dogrusy, men indi özüm şondan beter gynanjak. Kakaň şol duzagy daşyňa şeýle bir ökdelik bilen gurupdyr welin, sen indi ondan kyýamat ahyrda-da çykyp bilmersiň. ― Eýle bolsa sen maňa şol duzakdan çykmaga kömek et! ― Hudaý kömek etsin. Ýöne bilmedim-dä... Onuňam işi ikimiziňkiden başga-da ýetik bolaýmasa... ― Şondan soň Sümsüle göz-görtele gamlandy-da, uludan sowuk demini alyp, aşak bakdy. ― ...Şu zatlaryň şeýle boljakdygyny men bilýädim, Mähti. Çünki, biziň söýgimiz tiz tutaşdy. Alawynyň şöhlesi äleme-hä diýmäýin welin, dumly-duşa tiz ýaýrady. Dabarasy ile doldy. Reňki gyzyl gülüňkidenem ýiti boldy. «Ýiti gyzyl bolsa tiz solar» diýipdirler. Biziňki bu döwrüň söýgüsine meňzemedi. Biz döwrüň götermejek oýnuna baş goşduk. Ýa biz ýalňyşdyk, ýa, döwür ýalňyşdy. Wagtynda doglup ýetişmedik ýa-da has giç dörän bolmagymyzam ahmal. Nätjek, Mähti, ykbaldyr-da, onsoňam: «Oýunçy utulanyny bilse ýagşy» diýipdirler. Pelek bir güýçli bazygär, biz ondan utuldyk... ― diýibem, uzak ýoldan aryp gelen argyşçy ýaly, kynlyk bilen ýerinden turdy. Assa-ýuwaş ädimler bilen ýatakhananyň gapysyny nazarlap, şol tarapa ugrady. Girelgä ýetmänkä-de syçrap yzyna öwrüldi-de, birwagtkysy ýaly diýseň mähribanlyk bilen boýnuma zyňdy. Hamala iň soňky gezekdigini görene göz etmekçi bolýan ýaly, türkmen maşgalasynyň terbiýesine ters gelýändigine garamazdan, öteniň-geçeniň, gireniň-çykanyň gözüniň alnynda ýüzümden-gözümden şeýle bir yhlas bilen ogşady, şeýle bir pugta gujaklady, men hatda şol wagt özümiň kimdigimem, kimiň gujagyndadygymam, nirä, näme üçin, nireden gelendigimem unudypdyryn. Bir görsem ol gapa ýetip barýa. Özem garry aýal ýaly iki büklem. Aýaklanmadyk köşek ýaly «patanaklap» yzyndan ýetdim. Basgançaklaryň barysyndan bir bökende geçip, meýdançasyna çykdym. Gollarymy gerip gapa germeldim. — Dur-r!.. Sümsüläniň sesi pessaýam bolsa, meniňkä görä has hökümli çykdy. — Çekil!.. — Soň ol meniň goltugymyň aşagyndan sümlüp geçdi-de, gapynyň agzynda oturan aýala ýüzlendi. — Şu adamy meniň ýanyma goýbermäň. Şu wagtam goýbermäň, hiç haçanam goýbermäň... Şeý diýibem, içki basgançaklar bilen, her daýym birine basyp, ýokarylygyna tarap gitdi. Kelte boýly, ýörände ýerden süýrenip duran köýnegi «pasyr-pasyr» ses edýän, pensionerdigi daşyndanam bildirip duran, tegelek ýüzli oral aýal «gybyr-gybyr» edip ýanyma geldi. — Gidiň, ýagşy ýigit, ýogsam polisiýany çagyrmaly borun. Men ellerimi söýeden aýyrdym-da, bir gyra çekildim. Tä ikinji gata çykyp, gözden ýitýänçä Sümsüläniň yzyndan seredip durdum. Iň bolmanda gaňrylyp, nazary bilen hoşlaşar öýtdüm. Başga-da kän zatlar tama etdim. Emma olaryň birem hasyl bolmady. Şondan soň men sakçy aýalyň ýüzüne-de seretmän: — Polisiýa çagyrmak gerek däl, ýeňňe... — diýdim. — Häzirem gerekgä, hiç haçanam gerekgä. Men gidýän. Onda-da gaty uzak ýere, uzak wagtlyk gidýän. Men indi hiç haçan gelip sizi bimaza etmen... — diýdim. | |
|
√ Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Dirilik suwy -6: romanyň dowamy - 30.04.2024 |
√ Dirilik suwy -24: romanyň dowamy - 24.05.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -16: romanyň dowamy - 16.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |