02:20 Ömrüzaýa -4/ romanyñ dowamy | |
4. ÝULIÝA
Romanlar
― Şeýlelik bilen, Azat jan, men ýadyma-oýuma düşmän durka, soýuzyň iň abraýly institutlarynyň birine, onda-da özüme düýbünden ýat adamlaryň ýardam etmekleri netijesinde okuwa girdim we öz eý görýän hünärim boýunça okap başladym ― diýip, Mähti aga indi özüniň Leningraddaky başdan geçirmelerine başlady. ― Elbetde, men muňa biçak begenýärdim, ýöne, yzymdan welin, barybir ynjalyp bilemokdym. Olar baradaky tükeniksiz pikirlerden meniň ünsümi hatda şagalaňly şäher durmuşam, gyzykly geçýän sapaklaram, şowhunly baýramçylyklaram, konsertlerem sowup bilmeýärdiler. Leningradyň örülen, tokmak deý ýogyn mele gulpaklary sagrysyna düşüp duran, çomuç bilekli, barmaklary kösük deý, injikleri topuň nili ýaly, butlary çogşup, göwüsleri dyňzaşyp duran owadan gyzlaram çöken-kirlän göwnümi käte bir gobsundyraýjak ýalam edýärdiler-de, birdenem, düýşde görnen ýaly howa garyşyp, gözümden gaýyp bolşup gidiberýärdiler. Olaryň ornuny Sümsüläniň: «Git! Özüňem gaýdyp geläýme! Sen indi maşgalaly adam!..» diýip duran perişan keşbi eýeleýärdi. Ondan soň Aýbaharyň aglap duran suraty peýda bolýardy. Ol maňa tarap kürtesini galgadyp durşuna: «Ine, gör, sen meni nä günlere salyp gitdiň. Men henizem kürtämi aýrybilemok, gyz lybasyma giribilemok...» diýýärdi. Kakamdyr ejemem yzly-yzyna aňyma girip-çykyp durdular. Bu ýagdaý meni biçak ýadadýardy we okuwa-da işjeň gatnaşyp, gowy bahalar alyp bilmeýärdim. Şol mesele boýunça mahal-mahal, Ýuriý Andreýewiçiň huzuryna barmaly bolýardym. Ol welin köplenç meniň öz ahwalatlarym bilen gyzyklanýardy. «Şol pikirleri kelläňden çykaryp zyňybilseň, seniň gowy okajakdygyňa-da, güýçli binagär bolup ýetişjekdigiňe-de men ynanýan, ýöne, näçe çalt açylyşybilseň, şonça-da peýda...» diýýärdi. Elbetde, ol dogry aýdýardy, ýöne açylyşmak üçin maňa wagt, esasanam şol çolaşyk meseleleriň oňyn çözülmegi gerekdi. Häzirlikçe welin, alasarmyk pikirler menden daşlaşmag-a däl, gaýtam barha basmarlaýardylar, üstüme sürünýärdiler. Umuman, Sümsüle ikimiziň ýaňy bir parlap gül açyp barýan söýgimiz sähelçe wagtyň içinde şeýle bir bulaşdy welin, hut şeýtanyň özem biriniň bagtyny beýle ökdelik bilen çolaşdyryp bilmez. Ýöne, her niçik hem bolsa açylyşmak welin gerekdi. Uzaga çekse, bu ýagdaýyň meni ruhy weýrançylyklaryň üstünden eltäýmegem ahmaldy. Çolaşyk çoçgardan çaltrak çykmak üçin, men öňi bilen şäheriň iň gözel ýerlerine, ýadygärliklerine, muzeýlerine aýlanyp başladym. Ermitaž... Folkaneniň «Mis atlysy», tomusky bagyň Felten tarapyndan ýasalan haşamly derwezesi, Isakow sobory, Aleksandriýa maýagy, «Kunstkamera...», binagärler Kazakowyň, Baženowyň taslamalary boýunça gurlan ajaýyp binalar... ― bular Beýik Pýotr tarapyndan esaslandyrylan ajaýyp şäheriň göräýmeli ýerleriniň entek käbirleri. Hemmesini welin, şäheriň hemişelik ýaşaýjysy bolup, ömrüňi şol zatlara sarp edäýeniňde-de görüp, aňyrsyna çykmak mümkin däl. Ýöne, barybir şol görenjelerimem maňa kem-kemden täsir edip başlady. «Beýik minaranyň üstünde galyp, düşübilmeýän bolsaň, her günde bir kerpijini aýryber», diýenleri boldy. Kem-kemden derdim ýeňläp ugrady. Käbir dynç günleri gidip, şäheriň myhmanlary üçin gurnalýan şäheriçi gezelençlere-de, «Kronştat», «Petrodwores» ýaly golaý-goltumda ýerleşýän taryhy-rewolýusion ýerlere parahodly äkidilýän bir günlük syýahatlara-da goşulyşyberdim. Käte bolsa şäheri has gowy öwrenmek üçin gije diýmän, gündiz diýmän, ýeke özüm çykybam köçeme-köçe ykdym ýördüm. Ine, hut şol ykmandaçylyklaram meniň bir gün agşam nesibäm çekip, Newa derýasynyň üstündäki, gije-gündiziň dowamynda, onda-da gijäniň içi, ýekeje gezek açylyp-ýapylýan meşhur köpriniň üstünden eltdi. Ýöne, tötänden däl, men özüm, ýörite bardym. Şol wagt men Leningradyň ilkinji gyşyny gyşlap ýördüm. Paslyň soňragydygyna garamazdan howa sowuk. Eşiklerim onçakly gurat däl. Entek özümi tutup ýetişemok. Talyp hakyma görä alanjalarym bilen oňňut edip ýörün. Ýöne, köp zady ýaşlyk göterýär. Üşesemem, üşeýändigimi bildiremok. Edil oýun başlamazynyň öň ýany, teatryň iç-daşynda bolşy ýaly, köpriniň daş-töweregi gaýda-gaýmalaşyk. Adam köp. Ikibir-üçbir, hatda topar tutuşyp ýörenlerem bar. Olaryň özara gürrüňleri umumy bir «gowura» öwrülip, birsydyrgyn gulagyňa gelip dur. Köpriniň haçan, näçelerde açyljakdygyny belki, bilýänem bardyr, ýöne, men-ä bilemok. Sorajagam, biljegem bolamok. Maňa şonuň tapawudam ýok. Sebäbi, şol gijämi men barybir şoňa bagyşladym. Ertir bolsa dynç güni. Menden başga-da eşigi ýukalar bar bor-a çemeli, käbirleri üşemezlik üçin aýaklarynyň üstünde bökjekleşýärler, o ýan, bu ýan ylgaşýarlar. Asman açyk. Ýyldyzlar petreşip durlar. Şonuň üçinem howanyň aýazy ýiti. Çakyr. Bir gowy zat, çapgyn şemal ýok. Men ýeke. Şonuň üçinem içim gysýa. Baryp, haýsam bolsa bir topara goşulaýasym gelip dur. Sebäbi, ýanym bilen Aşgabatdan alyp gelen aladalarym entegem menden doly daşlaşybilenoklar. Hernäçe öwrenişjek bolsamam, şeýle uly şäher gözüme içi Sümsüleli kiçijik etrapça görnenok. Gözlerim bolsa şu ýerde-de şony gözleýär. Köçeleriň her bir öwrümlerinden, darajyk ýanýodajyklaryndan, seýilgählerden, awtobuslardanam, tramwaýdyr trolleýbuslardanam, ýeriň pessi bilen iki-baka «zyň» berýän elektriçkalardanam diňe şony gözleýän. Göwnüme bolmasa ol: «Bagyşla, Mähti! Şol gezek men saňa bijaý gödek daraşypdyryn. Soň köp pikirlendim. Ýalňyşyma düşündim. Sen mamla ekeniň. Şonuň üçinem, ine, men geldim. Maňa sen bolsaň bolýa. Sen meniň üçin bar zatdan geçip gaýdan bolsaň, ine, menem seniň üçin kowmumdan-hyşymdan geçip geldim...» diýäge-de, bir gapdalymdan çykaýjak ýaly bolup dur. Gije-gündiz gapdalymdan galman gelýän bu hyýaly ahwalatlardan doly aýňalmak üçin gezelençlerden, syýahatlardanam başga maňa, dogrusy, kimdir biri bilen ýakyndan tanyşmak, gürleşmek, dostlaşyp, derdi-hal aýdyşmak gerekdi. Ol aýagymdan bu aýagyma böküp, digdenekläp durşuma birdenkä, megerem, çagasy bolsa gerek, ýedi-sekiz ýaşlaryndaky oglanjygyň elinden tutup, kenaryň boýy bilen köprä tarap barýan, boýy ortadan sähelçe ýokarrak, egni ýakasyna çal sütük tikilen çalymtyl paltoly, başam şol ikisi bilen reňkdeş, gunduz derisinden tikilen, tüýleri şemalyň ugruna «mymyldaşýan» ýumşajyk telpekli, ümüş-tamyşlygam bolsa diýseň görmegeýdigi görnüp duran bir gelne gözüm düşdi. Hamala Hudaý meniň ýaňky pikirlerimi duýup, gerekli daşymy getirip öňümde goýan ýaly, özümem bilmezden, olara tarap gyýaklap ugradym. Soňabaka aramyz şeýle bir golaýlaşdy welin, gelniň üstünden gelýän ýakymly ysa çenli burnuma gelip ugrady. Ýakymly ysyň adama neneňsi oňaýly täsir edýändigine men şonda ýene bir gezek göz ýetirdim. Görsem men onuň görmegeýligi babatda hem ýalňyşman ekenim. Ýüzi-gözem şeýle bir mylaýym welin, her bakyşy: «gel, sözleşeli», diýip dur. Doňaýjak-doňaýjak bolup duran Newa derýasy ol her gezek ýylgyranda çaýkanjyrap, oňa tarap owsun atýar, hatda guşaklyga ýetip duran emeli kenaryna çenli onuň bilen «ümmüldeşýän» dek, iki-baka yraň atyp, ýaýkanjyrap başlaýar. Şol zatlaryň barysy birigip, şol şähere gelelim bäri ilkinji gezek ýüregimi gozgady. Kalbymyň doňuny çözdi. Dünýä bolan höwesimi oýardy. Gijeligem bolsa ol ýagtyldy. Telim wagt bäri gama gark bolup, gapyllykda gezip ýörmek bilen özümi girdaba golaýlaşdyrandygyma-da men şonda düşünip galdym. Ol gelin maňa şol wagt alyslardaky gomlar bilen göreşip, özüm sary ýüzüp gelýän, ak ýelkenli ýalňyz gämi bolup göründi. Yşgymy joşdurdy. Şeýle-de bolsa, edil birbada-ha lak atyp bilmedim. «Gan bilen giren jan bilen çykar» diýlişi ýaly, bir ýerden gadymky çekinjeňligim peýda boldy-da, elime kakdy durdy. Şonuň üçinem, ep-esli ýere çenli öňe-de gitmän, yza-da galman, ýantaklap gitdim. Şonda men islesem-islemesem olaryň gürrüňlerini diňlemeli boldum. Şol gürrüňleriň esasynda-da, olaryň eneli-oguldyklaryny anykladym. Gelin çal ellikli elleri bilen elinden tutup barşyna, edil uly adam bilen gürleşýän ýaly, ogluna bir zatlar diýýärdi, garaçyny bilen düşündirýärdi, özi gürläp bolandan soň, onuň diýenlerinem diňleýärdi. Ikisiniň nämedir bir zatlar barada jedelleşýän pursatlaram bolýardy. Olar köprä ýetmän, adamlaryň böwşeňräk ýerinde saklandylar. Sözleriniň arasyna maý düşendenem, men «ölsem-öleýine» saldym-da, pişik basyşyny edip, ýanlaryna bardym. Çat maňlaýlaryna geçip saklandym. Salam berdim. Gelin- gyzlaryň adatça şular ýalyda edişleri ýaly, salamyma derek ýüzümi alar, «jabjynar», iň bolmanda göwnüýetmezçilik bilen «jort» atyp, aňyrsyna öwrüler, oglunyň elinden tutup gider öýtdüm. Emma ol beýtmedi. Hemme zat göwnümiň isleýşi, garaşyşym ýaly boldy. Diýmek, meni duýgym aldamandyr. Gelin ýüzüme seredip birenaýy ýylgyrdy-da, salamymy aldy. Onda-da diýseň göwünjeňlik bilen aldy. Yzyny dowam etdirmeklige taýyndygynyň alamaty hökmünde gaşlaryny gerip, tutuş göwresi bilen maňa tarap owsun atdy. Hoşniýetli nazary bilen: «Ýeri, ýene näme? Ýene näme diýjek bolýaň? Hany, bol, dowam ediber» diýen manyda ýüzüme soragly seretdi. Agzyma gelenem şu boldy: ― Девушка, это мост, да? Diýsemem diýdim welin, aýdan sözüme erbet utandym. Nämedigi köre hasa görnüp duran zada barmagyňy uzadyp: «Şu şolmy?» diýmek üçin, adam ýa bazygär ýa-da birneme kemakylrak bolmalydy. Bolsa-da, gelin meni oňaýsyz ýagdaýdan alyp çykmak üçin ýüzüme seredip durdy-durdy-da: ― Хотите я вам анекдот расскажу... ― diýdi. Razylygymy alandan soňam: ― Uçup barýan uçaryň içinde oturan bir ýigidiň gapdalynda oturan gyz bilen tanyşasy gelipdir. Ýöne ebeteýini tapman kösenipdir. Ahyram: «Девушка, вы тоже на этом самолёте летите, да?» diýipdir... ― diýdi-de, «jak-jaklap» şeýle bir güldi welin, hemmeler oňa tarap üşerildiler. Ol barybir gülküsini kesmedi. Şo-ol, güldi durdy. Anekdotamy, meniň aýdan sözümemi, ýa hiç haýsyna-da däl-de, ejesine raýdaşlyk üçinmi, oglanjygam güldi. Olaryň gülküsine menem goşuldym welin, ine, giden bir kiçiräk, şowhunly topara öwrüldik duruberdik. Asyl heziller edinäýdik. Meniň-ä gözläp ýörenim şolar ýaly zatdy ahyry. Gülüp keýpden çykanymyzdan soň, gelin indi uly hyjuw bilen iki gözümiň içine jüýjerildi-de: ― Näme, siziňem şol ýigit ýaly, meň bilen tanşasyňyz geldimi? Tanyşalyňmy? ― Ol meniň jogabyma-da garaşman, aşak eglip oglunyň gulagyna pyşyrdady. ― Mitka, şu daýy bilen tanyşalymy? ― Oglanjyk başyny atansoň gelin ýene-de dikeldi. ― Вот и хорошо. Diýmek, tanyşýas. ― Gelin ýap-ýaňyja geýen elligini çykaryp, akja eljagazlaryny maňa uzatdy. ― Ýuliýa. — Onuň ýyljak elini aýamda saklap durşuma menem öz adymy aýtdym. Oglanjygam ejesiniň hereketlerini gaýtalady. ― Mitka. ― Diýmek, Dmitriý-dä? ― Howwa. ― Örän ýagşy. Beýle aňsat hem şowly tanyşlyk her kese ýetdiribem durýan däldir. Alşanymyz iki agyz söz, biz eýýam köne tanyşlar kimin, egin-egne deňläp, ondan-mundan mesaýy gürrüňler edişip barýas. Köpri açylýança diýip, o ýan, bu ýan gezmeläp ýörşümize Ýuliýa meniň kimdigim, niredendigim, bu şäherde näme işläp ýörendigim bilen gyzyklandy. Men jogap berdim. Näme sebäpden bu ýerlere düşendigimi aýtmakdan bolsa saklandym. O-da jikme-jik sorabam durmady. Ýöne, «Türkmenistan» sözüni eşidenden aýak çekdi-de: ― Aha-a... asyl şeýlemi-i... ― diýip, ýüzüme ördek deý gyýalap garady. ― Adamym maňa şol ýerde gulluk edendigini aýdýardy. «Örän yssy, ýöne bereketli ýurt. Adamlary oňşukly...» diýýärdi. Birem «Gämi» sözüni köp gaýtalaýardy. Aşgabadyň golaýynda şolar ýaly oba barmy, bölümlerem şondamy ýa şoň golaýynda bir ýerde ýerleşýämi, nämemi... ― Ol «Adamym» diýeninden ýüzümiň üýtgänini aňdy. Çalarak ýylgyryp, gaşlaryny gerende, çat maňlaýynda uçup barýan garlawaç bara meňzedi. ― Gorkma, biz häzir bile ýaşamzok. Aýrylyşdyk. «Ol-a bolaýypdyr» diýmekden zordan saklandym. Şeýle-de kelläme: «Adam pahyr özi aýrylyşsa-ha gynanýa, başga biri aýrylyşsa-da begenýä» diýen geň pikir geldi. Şondan soň Türkmenistan, türkmenler barada men oňa bildigimden gürrüň berdim. O-da öz gezeginde bolgar gyzydygyny, ata-babalarynyň Orsýede baryp-ha Bolgar-türk urşy döwürlerinde göçüp gelendiklerini aýtdy. ― Biz indi gan taýdan bolmasa-da, medeni, terbiýe taýdan bütinleý ruslaşdyk. Iň bärkisi rus diline juda golaýdygyna garamazdan, bolgarça gepläbem bilemzok. ...Birdenem adamlar köprä tarap ylgaşlaşyp başladylar. Bizem şol ýana ýöredik. Onuň açylyşyny-ýapylyşyny başdan-aýak synladyk. Şol wagt onuň aşagyndan ýük parahodlary geçdi. Bu ― adamzadyň eli bilen döredilen hem bolsa, Allahtarapyn ýaradylan gudrata meňzeýärdi. Ol bir görseň-ä ýer süýşýän, bir görseňem asman çat açýan ýalydy. Köpri ýapylandan soň märeke uly tolkun bolup, dumly-duşa ýaýrady. Bizem şolaryň arasyna siňip gitdik. Ýuliýa bilen duşurandygy üçin men şol köprä hemişelik minnetdar boldum. Şondan soňam kä Ýuliýa bilen, käte ýeke özüm, ýolum düşdügi oňa «salama» bardym ýördüm. Şol gije welin Ýuliýadan aýrylyşasym gelmedi. Asla men oňa bakyp, doýup bilmeýärdim. Tebigat tarapyndan zandyna duýgurlyk guýlan zenan maşgala munam duýdy. Ol birdenkä aýak çekdi-de, saçlaryny silkip, ýüzüme soragly seretdi. ― Siz meni gowy gördüňizmi? ― Dogrymy aýdaýynmy? ― Gözel göwnüňiz. ― Örän gowy gördüm. Şeýle bir gowy gördüm welin, hiç aýdyp-diýer ýaly däl. Gelin näzirgedi. ― Beýle zat bolup bilmez. ― Nämüçin bolup bilmez? Ine, bold-a... Ýuliýa güldi. ― Да я шучу. ― Ol meniň ýüzüme söýünç bilen garady. ― Вы тоже мне нравитись... ― Diýmek, onda gepleşdik-dä?.. ― Gepleşdik. ― Onda «sizden» «sen-e» geçibersegem boljak-da?.. ― Elbetde... Şondan soň ikimiziňem gep haltamyzyň bujagy çözülene döndi. Biz aram-aram hatda gapdalymyzda Mitýanyň bardygynam unudýardyk. Çünki, daşymyzdan seredeniňde biz eýýäm täze tanyşlara däl-de, telim ýyl bäri ýaşaşyp ýören, agzybir maşgala meňzeýärdik. Awtobus duralgasyna gelip, hoşlaşjak wagtymyz howa ýagtyldy. Ýöne, onuň bilen köçäniň adamy köpelmedi. Çünki, ol gün ýekşenbedi. Rewolýusiýanyň sallançagy, bütin Russiýanyň buýsanjy, Beýik Pýotryň perzendi hasap edilýän gadymy şäher, tutuş süňňi bilen dynç alýardy. Men Ýuliýa ýatakhanamyzyň telefon belgisini berdim. Näwagtlar şol ýerde bolýandygymy aýtdym. Jaýymyzyň salgysyny berjek bolsam almady. «Bilýän» diýdi. «Gowusy sen özüň jaň edibersene» diýip, özüniň telefon belgisini berdi. Işiniňkini bermedi. Mekdepde iňlis dili mugallymasy bolup işleýän ekeni-de, telefonlary umumy bolup, kime köp jaň geliberse gaty bir halanmaýan ekeni. Öýüne çagyrmady. O-da düşnükli. Onuň üçin men entek ýarylmadyk garpyz. Megerem, salyhatlylygyň, öz mertebäňe hormat goýmaklygyň alamatydyr, hernäçe örenişendiris öýtsegem, aýrylyşjak wagtymyz hiç haýsymyzam durumsyzlyk edip, biri-birimize tarap dodaklarymyzy çommaldyşmadyk. Men edep bilen, ol bolsa aýal-gyzlara mahsus eda bilen, medeniýetli hoşlaşdyk. Mitka welin awtobusa münenlerinden soňam: — Дядя Мехти-и!.. Приходите к нам в гости-и!.. — diýip, gollaryny galgatdy oturdy. Menem tä, awtobus ep-esli aralyga baryp, köp gatly, ullakan bir binanyň aňyrsyna duwlanýança, asyl ondan soňam şol tarapa ellerimi bulap durupdyryn. Men düýbünden ters tarapa gitmelidim. Ýöne, ol wagt ýatakhana-da gidesim gelenokdy, uzakly gijäni çirim etmän geçirendigime garamazdan ukymam tutanokdy. Maňa şol wagt tä, ysgyndan gaçýançam köçelerde ykmak, ömrümiň ýap-ýaňyja açylan täze sahypasy, şol sahypany açmak bilen özümiň hakmy, nähakmy, dogrumy, ýalňyşmy, nähili iş edendigim barada oýlanmak, netije çykarmak, ynsabymyň, has takygy şol pursat gözlerimiň öňünde gaýmalaklap ýören Sümsüläniň aladaly keşbiniň öňünde jogap bermek gerekdi. Men şeýle hem etdim. Kanagatlandymy, kanagatlanmadymy, ony men bilemok, ýöne, daş düşelen sowuk hem nämährem köçelerde entäp ýörşüme, Sümsüläniň irginsiz hem üznüksiz soraglaryna jogap berdimmikäm-ä diýýän, şeýle-de bolsa özümi gaty bir aklap bilendirinem öýdemok. Sebäbi, mesele kyn. Çözgüt ondanam kyn. Sümsüläniň özi bolsa meniň bilen juda ýowuz daraşdy. Menden geçdi. «Gaýdyp gelme» diýdi. Belki şonuň üçindir, sergezdançylygyň bütin dowamynda sag elimiň birsyhly gursak jübimdäki Ýuliýanyň telefon belgisine tarap uzaýasy geldi durdy. Ýatakhana günortandanam soň bardym. Barşym ýalam özümi düşege atdym. Ertire çenli oýanman ýatypdyryn. Alty aýyň argynlygyndan açylan ýaly bolup oýandym. Süňňüm ýeňläpdir. Beýnim durlanypdyr. Edil, süzgüçden geçirilen ýaly. Şähdim açyk. Ýatakdaş ýoldaşlarym, kursdaşlarym dagy tanamajak boldular. «Sende bir üýtgeşiklig-ä bolupdyr» diýdiler. Geçilýän sapaklary diňleýşimem, kabul edişimem, kellämde özleşdirişimem düýbünden başgaça boldy. Umuman: «Dar tutana dar dünýe, giň tutana giň dünýe» diýenleri çyn ekeni. Gapyşdyrdygyňsaýy gapyşyp barýan durmuşa her-hal giňgöwrümlilik bilen garanyň ýagşy ekeni. Alty aý bäri ýüz bermän, durky bilen doňup duran gadymy şäheriň gujagam şondan soň meniň üçin az-kem ýylap başlan ýaly boldy. Ol ahyry menem öz perzentleriniň hataryna kabul etdi. *** Günde-günaşa diýen ýaly Ýuliýa bilen jaňlaşdyk durduk. Her dynç günleri ýa şenbe agşamlary Mitkanam alyp kino, teatra gitdik, käte arzanrak kafelerde oturdyk. Howanyň maýylrak wagtlary köçelerde, seýil baglarynda, alleýalarda, çagalar üçin ýörite gurlan meýdançalarda gezelenç etdik. Soňabaka o hepdeden bu hepdä çenli kararym ýetmedi. Ýuliýany görmäge howlukdym. Ýüregim gysdy. Käteler okuwy taşlabam şonuň gözlegine gidiberesim geldi. Birwagtlar Sümsüläni göresim gelende şolar ýaly hala düşýärdim. Indi bolsa... Beýle-beýle zatlar bolar diýip, şol wagtlar hiý, ýadyňa-oýuňa bir düşýämidi diýsene... «Ah, ahy köp, efgany ondan-da köp, içi müň dürli köýlerden, külpetlerden doly, ynsan birle hiç haçan dost bolmadyk, pany hem bigäne dünýe!». *** Gyş geçdi. Ýaz çykdy. Howa maýlady. Agaçlar pyntyklady. Soň ýaprakladylar. Ýaşyl öwüsdiler. Gök asmanyň ýüzündäki gara bulutlar syrylyp, olaryň ornunda akja bulutlar gaýmalaklaşyp başladylar. Tomsuň düşmegi bilen bolsa ak gijeler başlandy. Tomusky dynç alyş döwri gelip ýetdi. Studentligiň bir ýyly tamamlandy. Ol döwür meniň Aşgabada gitmek niýetimde ýokdy. Sebäbi, Sümsüle-hä öýlerine gider. Özüne barýan ýoly bolsa ol meniň üçin ýapdy. Miwesiz agajy öwran-öwran taýaklap duranyňdanam peýda ýok. Öz öýümizde-de görünerden entek ir. Belki bir işjagaz taparyn... Ýuriý Andreýewiçe duýdursam-a, Akademiýanyň özünden tapyp beräýmegem mümkin. Bu barada hem Ýuliýa bilen maslahatlaşmak gerek. ...Bir günem agşamaralar hoşlaşyp durkak, Ýuliýa meniň ak köýnegimiň ýakasyna düşen ýoňsuzja ýygyrdy düzedip durşuna: — Şäheriň-ä içini-daşyny torç etdik. Şu döwrüň içinde men seni ýeterlik synadym. Sen ynamdar adam. Saňa bil baglap boljak. Indiki dynç güni öýe gel. Hiç zat alma. Ähli zady özüm taýýarlaşdyryp goýaryn... — diýdi. Ol maňa hiç haçanam pul sowduranokdy. Kino, teatra, kafe barsagam özi töleýärdi. Eli bilen tölänokdy-da, jübime pul salýardy. Iliň gözüne hamala men tölänmişim. Üstesine käte sowalgajygam beräýýärdi, ýeňil-ýelpaý eşijeklerem äberäýýärdi. Garşylyk görkezjek bolsamam: «Sen student, yzyňdan bolsa kömek ýok. A men işgär. Aýlyk alyp ýörün. Gatnaşygymyz bolsa garyndaşlyk derejesine baryp ýetdi. Şonuň üçinem: «Никаких но, туркменчик ты мой» diýýärdi. Şeýle-de bolsa, menem kakamdan galan zoňtarlygymy edip, çagyrylan günüm onuňka bir çüýşe çakyr alyp bardym. Onda-da türkmen çakyryny. Şäheriň bir ýerinde ýörite çakyr dükany bardy. Dünýäniň bir ýerinde çakyr çykýan bolsa, şondan tapmak bolýa. Türkmenleriňkiden diňe halkara çakyr sergilerinde öňe saýlananlary satylýan ekeni. Men şolardan «Terbaş» aldym. Mitýa üçin bolsa, bir gap gowy şokolad aldym. Öý eşiginde Ýuliýa maňa öňkülerindenem has owadan göründi. Gapyny açyşy ýalam ogşady. Golumdan tutup töre geçirdi. Öýi arassa. Ähli zat ýerbe-ýer. Ýekeje-de artyk-süýşük, çaşyp ýatan zat ýok. Jaý uly däl. Bary-ýogy iki otagdan ybarat. Ýöne, Leningrad ýaly uly şäher üçin şo-da uly baýlyk. Ýuliýanyň pederleri bolsa gerek, diwaryň ýüzünde geçen asyryň kyrkynjy, ellinji ýyllaryna degişlidikleri gyralarynyň kertiklenip gyrkylandygyndanam bildirip duran, reňksiz, saralyp-solup giden, daşy çarçuwalanan ululy-kiçili, käbiri ýekebara, käbiri köpçülikleýin düşürilen fotosuratlar asylan. Olaryň arasynda ýaş çaga-da, uly adamlaram, ýetişen gyzlaram, ýigdekçelerem bar. Şolaryň biri megerem Ýuliýanyň özi bolsa gerek. Ýöne, men ony tanamok. Soramaga bolsa maý ýok. Ýuliýa aşhanada biş-düş bilen başagaý. Törki jaýyň bir burçunda edil Ýazly aganyň gurnak üçin maňa ispolkomdan getirip bereni ýaly pianino dur. Hut şonuň üçinem ony görüp Sümsüle ýadyma düşdi. Bozulandygymy bildirmezlik üçin şol ýerde biraz eglendim. Soňam aşhanadaky onsuzam üsti naz-u-nygmatlardan doly, uly bolmadyk tegelek stoluň başynda «pelesaň» urup ýören Ýuliýanyň ýanyna bardym. — Pianinony özüň çalýaňmy? — Ýok, ýok, özüm çalamok. Ol bize ejemden galan ýadygärlik... — diýip, Ýuliýa howlukmaç gürledi. — Mitka çalar öýtdüm. Onuňam saz bilen kän bir höwesi bolmady. «Inžener» boljak diýýä... — Haýsy ugurdan? — Bilmedim-dä... — Ýuliýa hezil edip güldi. — Şon-a şoň häzirlikçe özem bilýän däl bolaýmasa. Tak çto, pianinonam sen çalaýmasaň... — Ýa nesip... Birdenem onuň gözi meniň getiren çakyryma düşdi. Men ony bildirmän öňden duran bir çüýşe spirtsiz çakyryň we limonadlaryň arasyna sokupdym. «Men saňa aýtdym-a hiç zat getirme diýip» diýen manyda, Ýuliýa gözlerini jüýjerdip», ýüzüme «hüžžerildi». Menem: «Aý, häki bir yrym üçindir-dä...» diýen manyda egnimi gysyp, ellerimi ýaýdym. Oňa çenlem Ýuliýa çüýşäni eline alyp adyny okady. — Terbaş? — Derrewem niräniňkidigi bilen gyzyklandy. — Oho! — diýip şadyýan seslendi. Maňa seredip ýylgyrdy. — Türkmenleriňki... — Çüýşäni maňa uzatdy. — Me, aç! Öňürti şundan başlamasak bolmaz. Açdym. Guýuşdyrdym. Bada yzyna bada göterildi. Keýplerimiz ondanam has ýokary göterildi. Ýagşy sözler aýdyldy. Arzuwlar edildi. Mazaly sermest bolanymyzdan soň Ýuliýa menden saz çalyp bermegimi haýyş etdi. Ilk-ä, özümiň ökde sazanda däldigimi aýdyp, onuň haýyşyndan boýun towlajak boldum. Ol başa barmandan soňam, okan döwrüm öwrenenje ýewropa sazlarymdan birini çalyp berdim. Ýöne ol saz gutararyna mähetdel: — Ýok, sen maňa türkmen kompozitorlarynyň sazlaryndan çalyp ber — diýdi. Başdan şeýdäýmändigime dogrusy, özümem utandym. Haýal etmänem Nury Halmämmedowyň «Dutaryň owazy» atly sazyny çalmaga başladym. Ýuliýa ony üns bilen diňledi. — Ine, munyň bolýa. Sazam gowy, çalyşyňam erbet däl. Mitka uklap galandan soň, Ýuliýa ikimiziň aramyzda içgin gürrüňdeşlik başlandy. Şu çaka çenli men oňa başyma düşen ahwalatlar barada hiç zat aýtmandym. Aýdara maýam bolmandy. Aýdasymam gelenokdy. Şol gezek welin, durup bilmedim. Aýtdym. Howlukman, hemme zady bolşy ýaly, gürrüň berdim. Ol meni edil bir gorkunç düýş diňlän dek, käte düýrügip, käte agzyny açyp, arkan serpilip, kä içini çekip, iki bükülip diňledi. Çyn ýürekden gynandy. Gürrüňimi soňlanymdan soňam dodagyny dişläp, başyny ýaýkap ep-esli oturdy. — Hiý, söýgüsizem bir iki juwany biri-birine çatyp bolarmy? Hiý, biri-birini şeýle güýçli söýýän iki juwanam bir biri-birinden aýryp bolarmy? Hiý, mähriban ata-da bir öz eziz perzendine şeýle zulum edermi? Seniň maňa aýdyp beren zatlaryň ertekimi ýa şu günkümi, Mähti?.. Men oňa näme diýjegimi, bolan işleri nädip düşündirjegimi bilmedim. Asla düşündirip bolmajak zady düşündirjek bolup oturmaklygyň geregi bir barmyka? Sesimi çykarman, gama batyp oturanymy görüp, Ýuliýa meni öz soraglary bilen şondan artyk gynajagam bolmady. Meniň ir-u-giç Sümsülä gowuşmagymy arzuw etdi. — Men bilýän, ol gyz saňa garaşar. Gaharyna her zat diýenem bolsa, heran-haçan barsaň, ol seni kabul eder. Ýöne, ara köp wagt salma. Sowaşarsyňyz. Bu tomus gidibilmeseňem, indiki tomus gitjek bol. Ýol kireý meselesinde men özüm kömek ederin. Aýbahar barada aýdanymyzda bolsa, meniň oňa sözüm ýok. Ol biziň zamanamyzda seýrek duş gelýän, mert gyz. Sümsüle ikisiniň haýsy birini bijebaşy etjegiňi biler ýaly däl. Sen hem betbagt, hem bagtly adam ekeniň, Mähti... Men onuň bu sözlerine nähili düşünjegimi bilmedim. Şeýle-de bolsa, artykmaç sorag bermedimem-de, ondan özüniňem, öz durmuş ýoly barada gürrüň bermegini haýyş etdim. — Men hemişe-de mähre mätäçdim... — diýip, Ýuliýa pessaýja sözläp başlady. — Dogry, ene-ata mährini görmedim diýsem ýalançy, ýöne, söýginiň mähri başgaça bolýan ekeni. Onuň ornuny hiç zat bilen dolup bolmaýan ekeni. Ana, şony men öz adamymdan görmedim. Meni elleriniň üstünde saklajaga meňzeýärdi. Yhlaslydy. Ünslüdi. Emma birdenkä sowaşdy duruberdi. Mitka doglandan soň bir akylyna aýlanar öýtdüm. Emma, tersine boldy. Öňküsindenem beterleşdi. Öýe gelmesinem seýrekletdi. Gyýgam ajaberdi. Hiç zat ýok ýerden yrsarap uruşmany, sögüşmäni çykardy. Käte elinem galdyryberdi. Ol wagt biz onuň ejesiniňkide ýaşaýardyk. Mariýa Pawlowna gowy adamdy. Hemişe meniň tarapymy çalardy. Ogluna käýeýärdi. Emma täsir edip bilmeýärdi. Aýdan wagty: «Bor, bor, eje...» diýýärdi-de, ýene-de öňki heňine başlaberýärdi. Ejesiniň iňirdisine çydamadymy, ýa usulyny üýtgetjek boldumy, soňabaka uruşmadam, sögüşmedem-de, girse-çyksa doňuz ýaly düňderildi ýördi. Özüm lak atmasam ýüz bermedi. Asla gepleşmedi. Iň ýamanam men onuň näme üçin beýdýändiginiň sebäbini bilip bilemokdym. Düşünemokdym. Işe gidende-de dymýardy, gelende-de. Ýatanda-da dymýardy, turanda-da. Mitka dagy edil ýedi ýadyň çagasyna sereden ýaly garaýardy. Ýekeje gezegem eline alan däldir. Küşşüklän ýa lak atan gezegem ýokdur. Men diňe Mitkanyň ýetim ösmezligi üçin şol zatlara çydaýardym welin, bir görsem, çaga barybir ýetim ösüp barýa. Ýene-de biraz garaşyp göreýin, belki ýagdaý üýtgär, diýdim. Emma bolmady. Eglişik etdigimsaýy gaýra gaýyşdy. Bir günem, işe gitjek wagty gapynyň agzynda ýüzüni börtdürip durşuna: «Bagyşla, men başga bir maşgala duşdum. Özüme erk edip bilemok, gitmeli boljak, eger-de isleseň jaý alýançaň ejem bilen şu ýerde boluber, men gelmen, geläýsemem seýrek gelerin» diýdi. Nadaralyk ederin, aglaryn, eňrärin, ýalbararyn öýden bolsa gerek, ýaňky sözünden soň ol synlaýjy nazar bilen ýüzüme seredip kän durdy. Emma men onuň ol urgusyna bireýýämlerden bäri taýyndym. Kaýyldym. Şonuň üçin, sesimem gataltmadym-da, ýuwaşlyk bilen: «Gözel göwnüň. Öýüňe-de islän wagtyň geliber, kimi getirseň getiriber, ertirden aňryk şu öýde men ýok» diýdim. Aýdyşym ýalam etdim. Gaýnym goýbermejek boldy. «Gitme, gümüne gitsin, sen bir gitme, agtyjagymyň didaryna zar etme» diýdi. Ýöne, men ondan soň ol ýerde galyp biljek däldim. Günübirin kireýine jaý aldym-da, olaryňkydan gaýtdym. Gaýynenem bilen gujaklaşyp, mähribanlarça hoşlaşdym. Täze ýerimiň salgysyny, telefon belgisini berdim. Aglap galdy, görgüli. Hut şol günüň ertesi dolup-daşyp yzymyzdan bardy. Soňam günde-günaşa diýen ýaly gatnady ýördi. Iki ýyl geçip-geçmänkä-de iş ýerimden şu jaýy berdiler. Gaýnym bu ýere-de gelýädi. Ýöne, soňky döwürlerde bir syrkawçylyk tapyndy-da, gelmesini azaldaýdy. Ýöne, jaňlaşyp dur. Arasynda wagt tapyp, Mitka ikimiziň özümizem onuň ýanyna baryp gaýdýas. Ogly onuň ýanynda ýaşanok. Soňky aýalynyňkyda ornaşaýypdyr öýdýän. Gaýynenemiň aýtmagyna görä, ol aýalyň gaýyneneli bolasy gelenokmyşyn. Erkinligi gowy görýämişin. Hern-ä ogly habar tutub-a dur. Ol Mitka-da kömek edýä. Ýöne, pul mähir däl-dä... Sözüni tamamlandan soň, Ýuliýa meniň ýüzüme seredip, bir zatlar diýerime garaşdy. — Seniň ýaly akylly, owadan maşgala bilen oňuşman, başga biriniňkä giden bolsa, seň onyň gaty bir akylly adam-a bolmaly däl. — Birinjiden-ä ol indi meniňki däl. Ikinjidenem elbetde, gowusyndan gowusy bardyr-da. Onsoňam, ýürege erk edip bolýamy näme. Ol daşdan däl ahyry. Şonuň üçinem, men ondan gaty göremok. Belki, mende bir kemçilik bardyr. Ýöne, bir geň galan zadym, eger-de şeýle bolsa, şonça wagtlap özünem, menem horlap ýörmän, turuwbaşdan aýrylyşyp dynaýmaly eken-dä... — Ýuliýa ýüzüme syrly seretdi. — Ind-ä biri-birimizi sorag edip bolaýdyk öýdýän. — Birdenem «myssa» ýylgyrdy. — Ýa uzakly gijäni şeýdip, takal okap geçiräýjekmi?.. Düşündim. Ol meni dalaşa çagyrýardy. | |
|
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -3: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -25: romanyň dowamy - 09.11.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |