02:25 Ömrüzaýa -5/ romanyñ dowamy | |
Törki jaýa geçdik. Sessiz-üýnsüz daşky eşiklerimizi çykaryşdyrdyk. Iki adamlyk diwanyň üstüne ýazylan jowur-ak, ýüpek çymylganlaryň arasyna girdik. Şondan soň ikimizem juda köp garaşdyran süýji pursatlar başlandy. Belli bir pursata çeken mähremleşmelerden soň, meýiller jüpleşige geçdi. Men towsup, mele ýally boz gysraga atlandym. O-da meniň bilen göwündeş gopdy.
Romanlar
Beden ülkesiniň merkezinde ýerleşýän lezzet çeşmesinden mazaly ganýançak, ikimizem ýadadyk. Gananymyzdan soň bolsa «ah-da-uh» bolşup, herimiz bir gapdala agyp düşdük. Şol gije men ilkinji gezek, yşgyň indi ikinji bir basgançagyna, täze bir dünýäsine gadam basdym. Bary-ýogy birnäçe minuda çeken başa-baş söweşden soň, özümi bir gyra taşlap, gara dere gark bolup ýatyşyma: «Bagyşla, Sümsüle! Bu meniň saňa biwepalyk etdigim däldir. Ýüregim sendedir. Men hökman bararyn. Biz hökman düşünişeris...» diýip, özümden-özüm pyşyrdadym. Göwnüme bolmasa, gysmyljyrap, goltugyma täzeden girip gelýän Ýuliýa hem şol wagt: «Bagyşlar, hökman bagyşlar...» diýip, adaja seslenen ýaly boldy. ...Ertesi ir bilen, üç bolup çaý içip otyrkak bolsa ol hamala şol sözlerini dowam etdirýän ýaly: — Arkaýyn bol, Mähti. Men seni hiç zada borçly etmen. Islän wagtyň ýurduňa gidip bilersiň, men tarapdan ýoluň açyk. Aýagyňdan aslyşman. Gitme, diýip ýüregimi paralaman. Islän wagtyň gaýdyp gelibem bilersiň, gapym açyk. Men seniň öz söýgiňe gowuşmagyňy, Sümsüle bilen bagtly durmuşda, uzak ýaşamagyňy arzuw edýän. Ýöne, bu meniň saňa bolan söýgime kembaha garadygym, aý, wagtym hoş geçse bolýa, diýip, wagtlaýyn keýpe kowalaşdygymam däldir, saňa bolan söýgimiň kemisliginem aňladýan däldir, bu meniň seniň durmuşyňda öz ornumy bilýändigimiň, Sümsüle ýaly wepadar gyzlaryň bagtyna dalaş etmeli däldigine düşünýändigimiň alamatydyr. Esasy zat, sen ine, şuny bilseň bolýa. Ýuliýanyň özümden bir ýaş uludygynam men şonça wagtyň tanyşlygyndan soň, şol gije bilip galdym. Ýöne, lap edip aýtdygym däl, ol özüniň hakyky ýaşyndan kän juwan görünýärdi. Meniň iş tapyp, tomus kanikuly döwri işlemek baradaky pikirimem şol gün, Ýuliýa tarapyndan ret edildi. — Men seniň hemişe öýde bolmagyňy isleýän — diýdi. Bu onuň maňa öz öýünde özi bilen bileje ýaşamaklygy teklip etdigidi. — Ýatakhanadaky ornuňam tabşyrsaň tabşyr, tabşyrmasaňam özüň bil... Şeýdip, biz Ýuliýa bilen resmi däl ýagdaýdaky är-aýal hökmünde bir öýde ýaşap, her gün ir bilen bir düşekden örüp başladyk. Ol hatda gaýynenesini görmäge gidende-de meni ýany bilen alyp gidýärdi. Mariýa Pawlowna hakykatdan-da gowy adam ekeni. Köp horluklary görüpdir. Hatda uruş döwri Leningradyň aýylganç gabawynam başyndan geçiripdir. Iki ogluny, bir gyzyny ýitiripdir. Adamsy uruşdan soň ýogalypdyr. Ol käbir eneler ýaly bolsa-bolmasa özüniňkiniň arkasyny alyp, diňe özüniňkini hak etjek bolup duranok. Oglunyň eden hereketini aklajagam bolanok. «Wah, özi jähennem welin, ine, şujagazyma dözemok» diýip, tä gaýdýançak Mitkany gujagyndan aýyrman oturýa. Meniň bilenem ideşýä, soraşýa... Umuman, ene-ene bolýar. Ýüz keşpleri babatda bolmasa-da, häsiýet, ogul-gyza bolan söýgi babatda alanyňda olaryň köpüsi biri-birlerine meňzeş. Men Mariýa Pawlownada hem öz ejeme mahsus bolan birnäçe meňzeşlikleriň bardygyny duýdum. *** Wagt geçýärdi. Özem Ýuliýa sataşalym bäri hoşlukda geçýärdi. Ýöne, yzymdakylaryň nä haldadyklaryny bilmezligim uly alada goýýardy. Hususan-da, Sümsüläni göresim gelip, içimi it ýyrtýardy. Baraýanymda-da kakamyň nähili garşylajakdygyn-a bilip durun welin, öýde telefon bolmansoň, iň bolmanda, jaň edip ejemiň halynam sorap bilemok. Gidip gelmäge, gözlerine görünmäge bolsa bognum ysanok. Aýbahardan-a men arkaýyn. Okuwyny tamamlansoň öýlerine gider. Biri bilen durmuş gurar. Ol ikimiziň aramyzda hiç hili bergi-borç ýok. Sümsüläniň «nika», «talak» baradaky aýdýanlary bolsa, şerigatda näme diýilýänem bolsa, biz şony kowahat boýunça öz göwnümize jaýladyk. Şonuň üçinem, Aýbaharyň ýoly açyk. Sümsüläni welin men barybir terk edibilmen. Ol ikimiziň hemişelik ähti-peýmanymyz bar. Wadada bolsa durmak gerek. Gaharynamy, ýa, içiniň ýangynjynamy, birki gezek «git» diýeni, kowany bilen araň hemişelik bozulýan bolsa, ondan söýgi bolmaz. Maý tapyp men ýene-de Aşgabada gitmeli we geçen gezekki gutarylman galan gürrüňçiligimizi dowam etdirmeli. Düşünişmeli. Doňuny çözmeli. Indiki ykbalymyz barada maslahatlaşmaly. Ýöne, bir gorkýan zadym: ol göýä bir çetde durup, Ýuliýa ikimiziň ähli hereketlerimizi synlap duran ýaly, bardygym barysyny «bazyrdadyp» ýüzüme basaýjak ýaly bolup dur. Ýuliýa bilen birsyhly bolup duran gyzgyn gatnaşyklaram göwnüme bolmasa, Sümsüle ikimiziň bilelikde bina eden yşk diwarymyzyň her günde bolmasa-da, aýba-aý, ýylba-ýyl bir pagsasyny aýryp gidip barýan ýaly boldy durdy. Ol bina biliner-bilinmez peselýär, igleýär, şorlaýar, çüýreýär. Ara düşen dag-düzler, derýadyr ummanlar, sähralyklar, iň beterem wagt öz hökmüni ýöredýär. Şol zatlar meni howpurgadýardy, edip gaýdan bulaşyklarym bolsa, baryp, elim bilen düzedip gaýdardan has çökder görünýärdi. Biribar öz bendelerine: «Öňüňizde bir gapy ýapylsa gynanmaň, başga bir gapyny açjakdyryn» diýipdir. Şol çyn ekeni. Menem şol agyr oý-pikirlerden Ýuliýanyň ýyly mähri goraýardy. Berýän maslahatlary bilen bir tarapdan-a göwnümi göterýärdi, ir-u-giç yzyma dolanyp barmagymy, atam-enem bilen ýaraşmagymy, Sümsülä gowuşmagymy isleýärdi, başga bir tarapdan bolsa, özüni alyp barşy bilen özi-de duýmazdan, meni barha özüne çekýärdi, olardan bolsa daşlaşdyrýardy. Işden irräk gelen günleri meniň okuwdan gelerime karary ýetmän, öýden çykyp ýoluma bakmak, düşjek duralgama baryp garaşyp durmak, orta ýolda ýyljyraklap öňümden çykmak, hatda baryp okuw binamyzyň öňünde garaşmak ýaly hereketleri bilen bolsa, meni özüne hasam imrikdirýärdi. Netijede, gelelim bäri aňymda kebelekläp ýören Sümsüläniň keşbi kem-kemden daşlaşyp, onuň ornuny Ýuliýanyň keşbi eýeleýärdi. Bu bolsa: «Okuwy gutaranymdan soňam şu ýerde galaýsammykam» diýen pikiriň barha güýçlenmegine sebäp bolýardy. Ana, şol sebäp zerarlam men käte Ýuliýanyň ýanynda iň bolmanda bir çaga edinmek barada mesele gozgamaly bolýardym. Emma Ýuliýa meniň ol pikirim bilen razylaşmaýardy. «Bu gün çaga edinsek, ertir ýurduňa gitmeli bolanyňda ýüregiň üzülen ýaly bor. Üstesine ol çaga-da atasyz ösmeli bolar. Şonuň üçinem, goý, hemme zat öňki-öňküligine galsyn, bagyrlarymyz yza çekmesin...» diýýärdi. Men onuň bilen razylaşmaly bolýardym. Çünki, her niçik hem bolsa, okuwy tamamlanymdan soň, meniň Watana dolanmaly boljakdygym hakykata golaýdy. Sümsüle aňymdan bütinleý çykyp gitmeýärdi. Şolar ýaly pikirlere gümra bolup ýörkäm, men, özüm üçin agyr zarba bolan elhenç hem ajy habary eşitdim. *** Üçünji okuw ýylyna başlanymyzdan Türkmenistandan iki sany oglanyň akademiýa girendigini aýtdylar. Ilk-ä men olardan özümi çekeräk tutjak boldum. Emma mysapyrlyk üstün çykdy. Tanyşasym, il-gün, ýurt barada soraşasym, gürleşesim geldi. Şeýdibem men olary tapdym. Biri «grafika», beýlekisi «žiwopis» bölümine giripdir. Ikijigem bir otagda. Aşgabadyň çeperçilik uçilişşesini tamamlap gaýdypdyrlar. Asyl olaram men hakda eşidipdirler-de, gelenleri bäri görüşmegiň arzuwynda ekenler. Şonuň üçinem, gözläp tapanyma begendiler. Garsa gujaklaşyp, stoluň başyna geçirdiler. Çaý berdiler. Çörek goýdular. Žiwopisçiniň ady Meret, grafikaçynyňky — Sapar. Ikisem gowy oglan. Gijäniň birmahallaryna çenli gürleşip oturdyk. Men ýurduma gidip gelen ýaly boldum. Ahwalatlarym barada welin dil ýarmadym. Soňa goýdum. Gyş kanikuly döwri, Aşgabada gitjek wagtlary men olara öý salgymyzy berip, nädibem bolsa bir tär bilen bildirmän, özümiziňkilerden habar tutmaklaryny haýyş etdim. Ine, şonda welin olara hakykaty aýtmaly boldum. Çünki, olar barybir o zatlary bilip gelerler. Gelýänçäler sabyrsyzlyk bilen garaşdym. Dolanyp gelişleri ýaly olar meni öz otaglaryna çagyrdylar. Ýüzlerini sallaşyp oturyşlaryna, söze başlamany kyn görýän ýaly üznüksiz ardynjyraşdylar. — Biz saňa gynançly habar aýtmaly bolduk... — diýip, dilewarraklary hökmünde Meret söze başlady. — Goňşularyňyzyň aýtmaklaryna görä, seň gaýdanyňa bir ýyl geçip-geçmänkä, kakaň ýogalypdyr. Aýak üstünde gezip ýörkä... Tapyr-tupur... — Tarpa-taýyn... — diýip, Sapar onuň sözlerine düzediş girizdi... Meret dowam etdirdi. — ...Şondan soň köp wagt geçmänkä ejeňem düşege ýykylypdyr. Ýöne, ony Balkan taraplarynda ýaşaýan aýal dogany alyp gidipdir. Oňa näme bolup, näme goýanyny bilýän ýok, ýöne, mahal-mahal gapyňyz açylyb-a ýapylýamyşyn. Kä gijeler penjiresinden çyranyň ýagtysam görünäýýämişin. Emma onda kimiň ýaşaýandygyny, hatda şol gürrüňiň çyndygyny ýa ýalandygynam takyk bilýän ýok. Belki-de, tanamansoňlar bize dogry we doly maglumat beresleri gelen däldir. Çekinen bolmaklary mümkin. — Meret ýüzüni iki-baka sypajaklatdy. — Sen hakda-da... gowy gürrüň-ä edenoklar... Ýagdaý seň öz gürrüň berşiňdenem çylşyrymlyrak bor-a çemeli. ...Olaryň ýanyndan nädip turup gaýdanymam, nädip Ýuliýanyňka baranymam bilemok, uzynly gün diwanyň üstünde gözýaşa gark bolup ýatypdyryn. Şol aralykda-da düýşüme ejem giripdir. Duýgy damarlarymyň duýdurmaklaryna görä, o-da ýogalan bolmaly. Görgüli arkasy ýükli, garaňkylyga garyşyp gidip barýa. Ondan ep-esli öňde kakamyňam arkasy ýükli, ýegşerilip barýan hüýt-gara sudury görünýä. Ol maňa üns berenok. Ejem sähelçe säginýär-de, ümezli gözlerini maňa dikip: «Ine, oglum, sen indi hemmesini bilýäň. Biz ýok. Arkaýyn geliber, öýüňe eýe bol. Hernäme bolsa-da, öz iliň, göterer...» Men ejemiň aýagyna ýykylýan-da: «Eje! Men günäkär! Siziň ölümiňize sebäp bolan men!.. Men söýgä ulaşmaly däl ekeni-im... Ol meni ýeke sizden däl, bar zatdan aýyrdy-y!.. — diýip, ulyilim bilen gygyrýan. — Men indi nä ýüzüm bilen ol ýere baraýyn-n...» Allaowarralardan bir ýerlerden kakamyň sesi eşidilýär: «Aknu-ur, gaýt, gepleşme şoň bilen...» Kimdir biri egnimden tutup yralaýa. Gözümi açsam, Ýuliýa. Meni heniz beýle halda görmedik Mitka-da gapdalymda, gözjagazlaryny tegeläp dur. Ýuliýa howsalaly seslendi. — Näme bolýa, Mähti? Saňa näm boldy? Кошмары что ли снятся? Men ýerimden turdum-da, sessiz-üýnsüz ikisinem bilelikde gujakladym. Şol wagt mende şolardan başga ýapyşalga, hossar ýokdy. Esli wagt söýenişip, yranyşyp duranymyzdan soň, men ajy habary Ýuliýa aýtdym. Ol gynandy. Meniň bilen deňine gözýaş dökdi. Duýgudaşlyk etdi. Şol gün Mitka-da özüni hemişekilerinden sus alyp bardy. Ertesi irden ol-a işine, menem okuwa ugrajak bolup durkak, Ýuliýa: — Öz dessuryňyz boýunça näme edilýän bolsa, et, Mähti. Kimi çagyrmaly bolsa, çagyr. Çykdajysyndan çekinme. Men aýdan zatlaryň barysyny alyşdyraryn... — diýdi. Bu sözi üçin men oňa minnetdar boldum. Edil, goltugymdan gop berlen ýaly boldy. Indiki juma güni Ýuliýa «degsinlik» nahar taýýarlady. Men kursdaşlarymy, mugallymlarymy, Meret bilen Sapary çagyrdym. Ýerli oglanlaryň üsti bilen, şäherdäki tatar mollalarynyň birini tapyp getirdim. Aýat okatdym. Özleriniň musulman däldiklerine garamazdan, myhmanlaryň barysy molla bilen bilelikde el galdyrdylar, aýalaryny ýüzlerine syldylar. Käbirleri oturan ýerlerinden maňa tarap baş atyşyp, käbirleri ýanyma gelip, ellerini egnime goýdy, agyr ýüz bilen duýgudaşlyk bildirdiler. Menem öz gezegimde olara minnetdarlyk bildirdim. Şeýdip, atam-enemiň öňündäki ýönekeýje borjumy berjaý etdim. Ýöne, günälerimi nädip ýuwjakdygym barada welin, soň-soňlaram köp-köp pikir edip gezmeli boldum. Ýöne, barybir, çözgüt tapyp bilmedim. Çünki, nädenimde-de olary razy edip bilmejekdigim görnüp durdy. Sebäbi olar indi dünýäde ýokdular. Aňyrda «eýimi» mazaly ýetiren bolsalar gerek. Şol habary getirenlerinden soň Meretdir Saparyňam meniň bilen gatnaşyklarynyň ugry bolmady. Sowaşdylar. Ýanyma gelmediler, özüm barsam ýüz bermediler. Olar hatda meniň diplom goraýyşyma-da gatnaşmadylar. *** ...Howwa, ahyrynda şol günem gelip ýetdi. Alty ýylyň güzaby ahyret azabynyň hasabyna gitdi. Diplom işim — «Nika köşgi» — gowy baha bilen kabul edildi. Gorag mahaly beren ylymlary, kyn pursatda eden kömekleri üçin men ähli mugallymlaryma, hususan-da, Ýuriý Andreýewiç Galaktionowyň hut özüne minnetdarlyk bildirdim. Hasap boýunça men indi ýurduma gaýtmalydym. Işe ugradylan ýerimem eýýäm Aşgabat diýip bellenipdi. Ýuliýanyň ýanynda hemişelik galmak höwesim hernäçe güýçlem bolsa, boşap galan öýümiz, men zerarly wagtyndan ir giden atam-enemiň ruhlary meni öz günüme goýmaýardylar, çagyrýardylar, şol tarapa çekýärdiler, gabat gelen ýerlerinde terslin-oňlynragam bolsa, Meret bilen Saparam maňa şeýtmekligi ündeýärdiler. Hälem bolsa aklyma aýlanmagymy, dogry ýola düşmegimi maslahat berýärdiler. Geň ýeri, Ýuliýada maňa şol ýoly salgy berýärdi. «Git, Mähti! Ýurduňa git. Seniň üçin iň bähbitlisi şol. Ataň ýurdam saňa garaşyp ýatyr. Sümsüle-de saňa garaşyp otyr. «Gelme» diýse-de, ol saňa tä, ömri ötýänçä garaşjakdygyny aýdypdyr ahyry. Men näme, men hiç. «Ýolda duşan — ýolda galar» diýipdirler. Meniň öňümde seniň hiç hili bergiň-borjuň, antyň-şertiň ýok. Ýöne, başda-da aýdyşym ýaly, bu meniň saňa yşgymyň kemelendigini ýa gutarandygyny aňlatmaýar. Galsaň, gözüm üste ornuň bar, ýöne... Onsoňam... Watanyňa-da gowy hünärmenler gerekdir. Hiç kim, hiç bir ýurduň, hiç bir halkyň ýagdaýyny onuň öz ogullaryça bilmez... — diýýärdi. Ahyram men onuň aýdanlary bilenem, Meretdir Saparyň aýdanlary bilenem, öz oý-pikirlerim bilenem ylalaşmaly boldum. *** Akademiýa bilen baglanyşykly hat-petek babatdaky ähli aladalardan dynyp, ýatakhananyň ýazgysyndan, harby komissariatyň hasabyndan çykýançam, alty ýyllap hossarlyk eden Ýuriý Andreýewiç bilen ýene bir gezek hoşlaşýançam, öňümizde duran aýralygyň azaryny Ýuliýa ikimizem ýeterlik derejede duýmandyrys. Kassa baryp on gün öňünden uçara petek aldygam welin, ikimizem galpyldaşyp başladyk. Biri-birimize syr bildirmejek bolub-a hasam kyn güne düşdük. Başardygymyzdan özümizi hoşwagt alyp barmaga çalyşýas, gaýgy-gama orun bermejek bolýas, o-da bolanok. Gaýtam tersine, öňkimizdenem beter oňaýsyz ýagdaýa düşýäs. Garşysyna göreşdigimizsaýy aýralygyň labyry şonça-da agyr ýük bolup gerdenimizden basýa. Indi on dört ýaşyna gadam basan, ýetginjek Mitýa hem şol döwür Ýuliýa ikimizi başardygyndan ikiçäk galdyrmaga çalyşýardy. Daş çykýardy, iç girýärdi, garaz, özüni adatdakysyndan biynjalyk alyp barýardy. Tä iň soňky pursata çenli bile bolmak, iň bolmanda diwanyň üstünde gujaklaşyp oturmak, stoluň başynda bakyşyp çaý içmek üçin, Ýuliýanyň özem işinden on günlük, binobat rugsat aldy. Ýöne, her zat etseňem wagty jylawlap bolanok. Gelmeli gün barybir gelip ýetýä. Meniňem uçmaly günüm gelip ýetdi. Biwagt, ýagny, daňdan dörtlerde uçýandygym üçin men Ýuliýadan ugratmazlygyny haýyş etdim. Ol muny ýokuş gördi. Hatda diňlemegem islemedi. Gaýtam, ukudan turzup, Mitkanam alyp gitmekçi boldy. — Iň bolmanda şoňa bir degme. Iki adam bilen hoşlaşmak meň ýeke özüme agyr deger — diýdim. Razylaşdy. Oýaraýmaýyn diýen gorky bilen, men Mitkany ogşaman hoşlaşmakçy boldum. Emma bolmady. Ogşadym. Ýöne, bokurdagym dolup, ýekeje sözem aýdyp bilmedim. Bäş-alty ýyllap bir öýden ata-ogul deý girip-çykyp ýörmek bizi has gaty golaýlaşdyraýan ekeni. Taksä münenimizden soň, Ýuliýa maňa tarap eglip ýuwaşja gürledi. — Gaýgy etme, Mähti. Hat ýazyşyp, arasynda jaňlaşyp durarys, galyberse-de, her ýyl zähmet rugsadyň bor, iş saparyň bor, bir döwletiň içinde ýaşap ýörüs, garaz, bir alajy bolar, görşeris durarys... — Sen özüň barmazmyň? — Menem barsam baraýaryn... El goşlarymy tabşyryp, petegimi bellik etdirenimden soň biz ymykly hoşlaşmaly bolduk. Iň bir ýüregedüşgünç, oňaýsyz pursatlar başlandy. Ikimizem durus, biri-birimiziň ýüzümize seredişip. Gözlerimizde düwme-düwme ýaşlar bulduraşýar. Dodaklarymyz kemiş-kemiş edýär, eňejiklerimiz mürşeýip, gaňşyrawuklarymyz awuşaýar. Özümizi nähili alyp barjagymyzy, hatda ellerimizi nähili tutjagymyzam bilemzok. Sähelçe hereket etseň artykmaç bolaýjak ýaly bolup dur. Birdenem zalyň çür depesinde diktoryň Leningrad — Aşgabat uçar ugry bilen Aşgabada uçýan ýolagçylary uçuşa çagyrýan sesi ýaňlandy. Garsa gujaklaşdyk. Agyr märekeli uly zalyň ortarasynda bile biten bir göwrä öwrüldik. Eger-de ýolagçylary uçuşa alyp ugran zenan maşgala gelip duýduryş etmedik bolsady, onda şol ýagdaýda biziň tutuş tomsy bilen duraýmagymyzam ahmaldy. Goltugymdan çykandan soň Ýuliýa ýekeje gezegem ýüzüme seretmedi. Aňyrsyna öwrüldi-de, gidiberdi. Çykalga barandan soňam, hatda ullakan aýna gapydan çykyp, çar tarapa zowzuldaşýan köpçüligiň arasyna siňip barýarka-da, maňa tarap seretmedi. Men çykalga golaý bardym. Zalyň aýna diwaryna germelip durşuma ony gözlerim bilen mähelläniň içinden gözläp tapdym-da, tä awtobusa münýänçä synlap durdum. Ol awtobuslaryň bäri gapdalyndaky oturgyçlaryň birine geçip oturdy. Şonda bir göwnüm üçin sereder öýtdüm. Seretmedi. «Beýle-de bir mertlik bor eken-ow...» diýip, oňa hem guwanýan, hemem süýjülik bilen gynanýan. Kejikýän. Ýeňsämden: — Ýoldaş ýolagçy, siz gijä galýaňyz — diýen aýal sesi eşidildi. Öwrüldim. Gök, gulluk eşikli, başam gök somsa papakly gyz elini uçuşa barýan ýolagçylara tarap uzadyp dur. Özem näme üçindir şadyýan ýylgyrýa. Meniňem birdenkä şadyýan ýylgyrasym, şatlanasym, özümi hoşwagt duýasym geldi. Öz-özünden göwnüm göterildi. Şonuň üçinem ol gyzyň golaýyna bardym-da, «ýyltyldapjyk» duran bäbenekleriniň içinden görünýän öz suratyma seredip durşuma: — Gijä galýaňyz?.. O nähili gijä galýan?.. Nämeden gijä galýan?.. — diýip, uly joşgun bilen soradym. Gyz men oýun edýändirin öýtdi. — Uçaryňyzdan gijä galýaňyz. — O niräň uçarymyşyn ol? — Aşgabadyňky. — Gyz birdenkä çynlakaý sypata girdi. Şelaýynsyramasynam goýdy-da, dogumly gürledi. — Siz näme, nirä uçýanyňyzam bileňzokmy? — Ýok, uýajygym, bilemok! Men asla, hiç ýere uçamok! Hiç ýere, gidemok! Hiç zada gijä-de galamok... Meniň ol gyzy gujaklasym, göteresim, aýaklaryny ýerden üzüp pyrlasym geldi. Oňa çenlem Ýuliýanyň münüp oturan awtobusy ýerinden gozgandy. Men elimdäki sumkamy bulaýlap, gapa tarap ylgadym. Aňka-taňka bolup galan gyz yzymdan gygyrdy. — A el goşlaryňyz?.. Ol gyzyň ýadyna meniň el goşlarym düşýä. Men bolsam... Ol wagt... Hä-äý... Ýuliýanyň awtobusy gitdi. Ýetişmedim. Zyýany ýok, ine, bir taksijik tutaryn welin, öýüne onuň özünden öň bararyn. Aýdyşym ýalam boldy. ...Mitka ýaňy bir ukudan turup, garbanmak üçin stoluň başyna geçen ekeni. Meni görüp ol ilk-ä gözlerine ynanmajak boldy. Soňam ylgap gelip boýnuma zyňdy. Birmeýdan gözlerini gypyrjykladyp, äm-säm bolup duranyndan soňam: — Рейс отменили что ли? — diýdi. Men gep otaryp oturmazlyk üçin: — Howwa — diýdim. Mitka agzyna salan bulka bölegini gäwüşäp durşuna hezil edip güldi. — Meni taşlap gitseňiz bolaýjagydyr şol. — Ol meniň üçinem bir käse alyp çaý guýdy. — Gel, Mähti daýy, çaý içeli. Ýa kofe içjekmisiňiz?.. — Sen näme, meniň kofe içmeýänimi eýýäm ýadyňdan çykaraýdyňmy? — Aý, ýok, ýöne, käte bir içäýmäňizem bardy-da. — Dogry, ýöne häzir däl. Mitka daş-töweregine garanjaklady. — Wiý, hany ejem? — O-da häzir gelýä, ýolda dükana sowuldy. Ýarym sagat ýaly wagt geçenden soň, ýarym-ýaş halda gapydan giren Ýuliýa, Mitka ikimiziň çaý başynda «alawagyrdy» bolup oturanymyzy görüp, tas özünden gidipdi. Şonuň üçinem ol ur-tut iki eli bilen söýeden ýapyşdy. Gözlerini açalak-ýumalak etdirip, gepläbilmänem kän durdy. Agzy açylyp-ýumulsa-da içinden ses çykmady. Men ony goltuklap diwanyň üstüne geçirdim. Ol diňe şondan soň Mitka ikimiziň ýüzümize taýly gezek seredip: — Не может быть... Нет, это не может быть... Как это так... Ты же... Только что... — diýip, yzly-yzyna samrady. Boýnumdan aslyşdy. — Bu senmi... ýa gözüme görünýäňmi?.. Bu zatlar düýşümmi ýa huşummy... — Ol ýerinden turdy-da, gujagyny gerip, özüni ýaňadandan üstüme zyňdy. — Mähti-i!.. Nämäniň-nämedigine Mitka-da, diňe şondan soň düşünip galdy. — Дядя Мехти-и... *** Ýene-de Ýuriý Andreýewiň ýanyna bardym. Şäherde galmakçydygymy aýtdym. Ol begendi. Iberilen iş ýerimi üýtgetdi. «Aşgabat» diýlen ýere «Leningrad» diýip ýazdy. Endigine görä gözlerini süzgekledip ýüzüme seredip oturyşyna: — Хотите я оставлю вас в Академии? — diýdi. — Birbada laborant — beýleki bolarsyň, ýazga duranyňdan soň sapagam bereris. Öz ugruňdan öseriň ýaly, önümçilik kärhanalarynyň birindenem ýarym haklyk işjagaz tapyp bereris. — Ýuriý Andreýewiç oturan kreslosynda arkan gaýşyp, ellerini gerdi. — Хотите, поступайте в аспирантуру... Ýöne, bek belle: Watan zary ýamandyr, unutmasy kyndyr, ömürboýy özüne çeker durar, ahyr bir günem dartyp alyp, öz göwsüne gysar... Seret. Hälem bolsa bir pille, oýlan... Men oňa oýlanandygymy, belli bir netijä gelendigimi aýtdym. Ol: — Onda ertirden başlap işe geliber, öň-ä okuwçymdyň, indi işgärim borsuň — diýdi. Hemme ýerde bolşy ýaly, hemişelik ýazgy etdirmek kynrak boldy. Bu meselede hem Ýuliýa gaýrat etdi. Ol hatda meniň bilen «ýalandan» nikalaşmaklyga çenli baryp ýetdi. Şonda men: — Näme üçin ýalandan? Gel, çyndan nikalaşaly. Men indi gidemok ahyry. Belki, çaga-da edineris. Mitka ýigit çykdy, bize bolsa täze gurjajyk gerek... — diýdim. Ol uludan demini aldy-da: — Э-ех, товарищ туркмен, туркмен... — diýip, örän gowy görýän, ýöne seýrek gaýtalaýan sözi bilen maňa ýüzlendi. — Hiç zady öňünden görübem, bilibem bolmaýar. Sen Sümsüläni ýadyňdan çykarandyryn öýdýänsiň. Emma bu beýle däl. Onuň keşbiniň entegem gözleriňde gaýmalaklap ýörendigini men görýän ahyry. Alyslardaky etrapda başlanan kino seniň üçin entek gutaranok... Onuň soňraky tapgyrlarynyňam bolaýmagy mümkin... Так что, ir-u-giç, özüňe şeýle mähriban, şol gyzyň ýanyna baranyňda, süňňüň arassa däl hem bolsa, resminamalaryň bir arassa bolsun. Onuň bu sözleri Ýuriý Andreýewiçiň düýn-öňňinlikde aýdan, Watan baradaky sözlerini ýadyma saldy. Çünki, bu hakykatdan-da şeýledi. Sümsüle-de, Watanam entek kalbymdan çykmandy, hiç birem göz öňümden gitmändi. Şonuň üçinem men nijembir wagtdan bäri hiç kimden habar almaýanam bolsam, merkezi poçta gatnamamy goýmandym, umydymy üzmändim, yzymdan gelmejekdigine birwagtlar gözüm ýetenem bolsa, Sümsüleden içine: «Sen kakaňdanam beter zoňtar ekeniň. «Gelme!» diýenim bilen näme, janyň çykdymy? Näme üçin geleňok? Men saňa garaşa-garaşa bizar boldum... Meni mundan artyk gynama...» diýen ýaly yşaratly sözler ýazylan, çakylykçy hatlara garaşýadym. Şol umyt bilen gatnaý-gatnaý men ine, indi nijembir ýyldyr, merkezi poçtanyň işgärlerine-de bellentgi bolupdym. Soňabaka olar men gapydan girenimden: «Hiç zat ýok» diýen manyda iki ellerini haç edip dik depelerine göterýärdiler, menem duran ýerimden göni yzyma öwrülip, gaýdybermeli bolýadym. Meniň şeýdip ýörenimden Ýuliýanyňam habary bardy, ýaňky aýdan sözleriniňem hiç biri esassyz däldi. Sümsüleden bir söz hantama bolup, merkezi poçta gatnamamy iň bolmanda indiden soň bir goýjakdygyma, ondan tamamy bütinleý üzjekdigime bolsa, kepil geçip biljek däldim. «Ýalandan nikalaşyk» barada aýdanymyzda bolsa, hernäçe «fiktiwniý» diýsegem, biziň onymyz barybir «fiktiwniý» däl-de, hakyky nika bolup çykdy. Çünki, «fiktiwniý» boljak bolsa, sen zeruryňy bitirmek üçin nikalaşan bolýaň-da, bile ýaşaşaňok. Ýagny, göz üçin, ýalandan nikalaşýaň. Muňa iki tarapam öňünden razylaşýar. Işlerini bitirenlerinden soňam, aýrylyşyp goýberýäler. Bu esasan, şäher ýerlerinde, jaý meselesinde şeýdilýär. Nika edaralary onuň «fiktiwnidigini» bilibem bilýär, bilmänem. Eger-de bilýän bolsa, bilmediksiremegi üçin, oňa-da bir zatlar emlenýär. Ýuliýa ikimiz welin nikadan öňem edil hakyky är-aýal ýaly ýaşaşyp ýördük, soňam ýaşaşmagymyzy dowam etdirdik. Biz diňe öňki durmuşymyzy resmileşdiren, ýagny raýatlyk nikasyndan kanuny nika geçen adamlar bolduk. «Fiktiwniligimiz» bolsa, öz göwnümizçe, öz ýanymyzdan pikir edişimizçe ekeni. Ýagny, men islendik wagty gidibilýän, Ýuliýa-da şoňa razy, aramyzda hiç hili bergi-borç ýok, diýen manyda. Şeýdip, öňkülerime meňzemeýän, birsydyrgyn geçip duran adaty, şäher durmuşy başlandy. Iş... Öý... Düýbi boş pany dünýä meňzeş howaýy maşgala... Ýalan nika... Biri-birinden tapawutlanmaýan gündelik hysyrdylar... Duýdansyz sataşyp, tötänden tutaşan, meni il-günden, Sümsüleden aýra salan gyzgyn söýginiň dowamly hem süýji pursatlary... Göräýmäge hemme zat ýerbe-ýer ýaly. Bir seretseňem hiç zat ýok. Ýaşym otuza ser urdy. Ömrüň orta gürpüne ýetdim. Emma mende hakyky manysyndaky ne öý, ne öwzar, ne aýal, ne çaga... Iň beterem üstümde ganatyny gerip duran Watanym ýok. Dogry, bizi hemişe: «Watanyňyz SSSR-dir», diýip okatdylar, ýöne, ol döwletiň wagtlaýynçadygyny, ganatlarynyň gamyşdandygyny, şolar ýaly imperiýalaryň taryhda öňem az bolmandygyny, ýöne olaryň biriniňem galmandygyny, hemmesiniňem dargap, ýok bolup gidendiklerini, ahyrsoňunda diňe öz taryhy Watanyň bilen ýüzbe-ýüz bolnup galynýandygyny biz-ä bilýädik, bilmeýänlerem ýa-ha bilýänlerden eşidip bilýädiler ýa-da tutuş durklary, ýürekleri bilen syzýadylar, duýýadylar. SSSR-iň üstüne abanyp gelýän gara buludyň kölegesini baryp-ha şol wagtlar aňypmy ýa haýsydyr bir duýgy bilen aýdypmy, şol jähtden seredeniňde Galaktionowam rast aýdýardy. Umuman alanyňda, Ýuliýa ikisiniňem, meniň ýagdaýymdaky adam üçin çykarýan netijeleri, kesgitlemeleri dogrudy. Ikisem meniň bähbidimi arap gürleýädiler. SSSR halklarynyň üstüne ýakyn gelejekde abanjak watançylyk synaglaryny örän ýitilik bilen duýýadylar. Çünki, ata-enemden-ä bir öýde ýaşap ýörenem bolsaň, barybir bir gün jyda düşäýmeli. Oňa ölüm günäkär. Söýgüliň bilenem şolar ýaly. Ýöne ine, Watandan aýra düşmekligiň yzasyny welin, öňkülerem näme bilen deňeşdirjekdiklerini bilmändirler. Iň bärkisi: «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, Ýurdundan aýrylan ölinçä aglar...» Çünki, Watan baky. Biz ölsegem — ol ölenok. Biz ýitsegem — ol ýitenok. Biz barmaýanymyzda-da, onuň özi bizi gözläp, yzymyzdan gelip bilenok. Howwa, bu — mantyky nukdaýnazardan alanyňda, şeýle. Ýöne, durmuş näme görkezer? Ol entek belli däl. Boljak işleriň barysy entek öňde. Öňüni ölçermek bolsa, türkmençilikde gowy zat hasap edilmeýär. *** Akademiýada işe galanyma görä, Galaktionowyň maslahat we goltgy bermegi netijesinde aspirantura-da girdim. Gutardymam. Ylmy dereje-de aldym. Şondan soň meni şäheriň iň uly taslamalar institutyna işe aldylar. Gowuja buýurmalar berdilerem. Göwnejaý edip ýerine-de ýetirdim. Sargytçylaram hoşal boldular. Ýöne, o boldy, bu boldy, uly üstünlikler gazanyp, ortataplykdan gaty bir saplanyp bilmedim. O-da nesibedir. «Pylan zat sebäpli şeýle boldy» diýip biljek däl. «Göripçilik etdiler ýa ýeke görüp ýekirdiler», diýsemem ýalançy. Megerem özümizden bolsa gerek, çünki, her bir adamyň tebigy tarapdan berlen mümkinçiliginiň çägi bolýar. Ol şoňa çenli emgenmän gidýär. Şondan aňryk boýnundan ýüp salyp buldozer bilen çekseňem gidibilenok. «Hangöter» edip eltseňem, özem bulaşýa, töweregindäkilerem bulaşdyrýa. Iň beterem özüne ynanylan işi bulaşdyrýa. Şonuň üçinem, her kim öz ýagdaýyny bilse, buýrulanja işe kaýyl bolup, ornundajyk otursa, töre dyzamasa, şondan gowusy ýok. Men özüm-ä özümi şol ýerlerde şot deýin alyp bardym. Dogry edipdirinmi ýa ýok, ony Allah bilsin. Şol institutda on ýyla golaý işlänimden soň, «fiktiwnyý brak» meselesi ýene-de öňümden çykdy. Şol wagt meniň jaý nobatym golaýlapdy. Emma jaý berýänler meniň aýalymyň jaýynyň bardygyny, meniňem şol jaýa ýazgyda durandygymy aýdyp, meni bir gyra iterjek boldular. Biz muny öňünden aňdyk-da, öň ökdelänje zadymyz, ur-tut, «aýrylyşdyk» oturyberdik. Aýrylyşmagyňam bähbitli taraplarynyň bardygyny şonda bilip galdym. Ýöne, sopbaş gezip ýören sallah adam hökmünde maňa bir otagly jaý berdiler. Özem ýokarky gatlaryň birinden. Jaý almazymyzyň öň ýany Ýuriý Andreýewiç ýogaldy. Onuň jaýlanyş dabarasyna kän adam gatnaşdy. Hatda şäheriň ýolbaşçylaryndanam, hökümet işgärlerindenem gelenler boldy. Iň ýakyn adamlarynyň biri hökmünde men başdan-aýak onuň ýas hysyrdylaryna kömek etdim. Hyzmatda boldum. Şonda ol ikimiziň gatnaşyklarymyza belet adamlaryň käbirleriniň garaçynlary bilenmi ýa göriplikdenmi: «Bu neresse-hä ýetim gald-ow...» diýşip, maňa tarap baş atyşandyklaryny bilýän. Şonuň üçinem, jaýy öz güýjüm bilen alandygym köpleri haýran galdyran bolsa gerek. Şol wagt howluda 1986-njy ýylyň ýazy höküm sürýärdi. Ýurt başyna öňkülere düýbünden meňzemeýän täsin bir adam — Mihail Sergeýewiç Gorbaçýow geçipdi. Ol ýurtda «üýtgedip gurmak» atly täze bir syýasaty yglan edipdi we halkdan aýanlygy, aç-açanlygy, ähli zady üýtgedip täzeden gurmaklygy talap edýärdi, «Me, ulanyň» diýip, ellerine demokratiýanyň «ryçaglaryny» berýärdi. Emma ýetmiş ýyl bäri demokratiýanyň nämedigini bilmän gelýän syýasatçylar ony nähili ulanjaklaryny bilmän birdenkä aljyradylarmy, ýa ol gural ençeme ýyl bäri pursat peýleýji bukuda ýatan çemeçilleriň eline düşdümi, sen-men ýok, ol ony beren adamyň hut öz garşysyna işläp başlady. Gorbaçýowyň «täzelendirilen soýuz» syýasaty ýol alman, gaýtam soýuzy ýykmak, ony dargatmak boýunça ýowuz çäreler görlüp başlandy. SSSR-iň dargajakdygy äşgär göründi. Galaktionowyň aýdyşy ýaly, köp milletli respublikalarda ýaşaýan dürli halklaryň hemmesine Watan zary ýetişdi. Olar öz ýurtlaryna aşmak üçin gozganjyraşyp başladylar. Ýuliýanyň birwagtky diýeni geldi. Taryhy ýurduňa aşmak aladasy mendenem sowa geçmedi. Şol wagt men kyrk ýaşymdadym. Leningrada gelenime on sekiz, Ýuliýa bilen ýaşaşyp ýörenime-de şonçarak, işläp ýörenime bolsa on iki ýyl bolupdy. Öňki Mitka indi ýigrimi bäş ýaşly Dmitriý Şalowiç Kaçewdi. Ol birküç ýyllykda öz halaýan ugrundan instituty gutaryp, «inžener-elektrik» hünärine eýe bolup, şäheriň abraýly zawodlarynyň birinde işe başlapdy. Öýlenen. Entek çagasy ýok. Ýuliýa ikimiz öňki jaýymyzda galyp, täze jaýymyzy oňa beripdik. Gelni gowy. Göwreli. Senagat ugrundan ýokary bilimi bar. Dynç günleri olar biziňkä myhmançylyga gelýärler. Onuň özem ejesi ýaly mylakatly ýigit bolup ýetişdi. Gözümiň alnynda ösüp ulalansoň, ol maňa öz oglum ýaly bolup görünýä. Özümiňem oňa mähriban atasy dek görünýändigime ynanýan. Ýuliýa bilen bilelikde çaga edinmek dogrusyndaky meselämiz welin, şo durşuna galdy. Çözülmedi. Ýuliýanyň birwagtlarky aýdan pikiriniň dogrudygyny tassyklaýan mütdetiň gelip ýeten bolaýmagam ahmal. Ýurduň dargaýan, adamlaryň dumly-duşa pytraýan döwründe bir çagany iki bölüşmek ýaly aýylganç zat ýok bolsa gerek. Şu zatlary öňünden görendigi, duýandygy üçin men Ýuliýa henize çenli hormat goýup ýörün. Ýöne, hakykat ýüzünde nädeniňde gowy boljak ekendigini welin, Biribardan başga bilýän ýok. Eger-de, ýurtda ýokarky ýaly ýagdaý döräp, menem öz ýurduma aşmaly bolmadyk bolsadym, oda söýginiň salgymyna çapyp, ykbalyň çoçgaryna çolaşyp, meniň bu dünýeden müjerret ötüp, perzentsiz geçip gidäýmegimiňem mümkin ekendigini göz öňüne getirenimde welin, şindi-şindilerem köp wagtlap juda erbet bolup oturýan. Howwa, men Watan sary aşmak üçin taýýarlyk görüp başladym. Şol döwrüň dowamynda tas her gije diýen ýaly Ýuliýa ikimiz: «Nämeden başlamaly? Näme etmeli? Bu zatlaryň soňy nähili bolar?» diýen ýaly temalaryň üstünde işleýärdik. Kelle döwýärdik. Çykalga gözleýärdik. Şolar ýaly maslahatlaryň birinde diwanyň üstünde iki dyzyny gujaklap, ýüzüni sallap oturan Ýuliýa ýuwaşlyk bilen şeý diýdi: — Говорят что, «Нет худа без добра». Belki bu zatlaram gowulygadyr? Aňyrsynda bähbit ýatandyr? Ir-u-giç gitmeli boljakdygyňy-ha öňem bilýädim. Pensiýä çykaňsoň giderdiň welin, giderdiň. Men tymsaly özümden alyp aýdýan. Meniň pederlerim bu ýere bir wagtlar gelipdirler. Men hatda şolaryň näçinji neslidigimem takyk bilemok, ata-enelerimiziň mazarlaram şu ýerde, şonda-da mahal-mahal Bolgariýa gidesim, baryp ol ýerden has irki arkalarymyzyň yzlaryny yzarlasym, mazarlaryny tapyp başuçlaryna gül goýasym, ruhlaryna tagzym edesim gelýä. Seniň bolsa ol ýerde jaýyň, howlyň bar. Ataň-eneň mazaram solanok. Sümsüläniňem garaşyp oturandygyna ynanýan. Bu zatlar tebigatyň kanuny. Ol bir sebäp bilen millionlarça adamy pytratdy, watanyndan sowa etdi. Indem ýalňyşyna düşünip, özüniň perzentlerini yzyna çagyrýa. Ýygnaýa. Senem şolaryň biri. Это зов... Зов Родины... Зов Природы... — Men söýgi üçin atamdan-enemden geçdim. Watany terk etdim. Iň mukaddes zat şoldur öýtdüm. Emma men şol zatlary pida beribem, söýgimi gazanyp bilmedim. Barybir men ony ýitirdim. Diýmek, iň mukaddes zat söýgi däl ekeni. Diýmek, men ýalňyşypdyryn. Ömrümi ýalňyş ýaşapdyryn... — Birinjiden-ä mukaddes zat ýeke däl, Mähti. Ikinjidenem sen entek söýgiňi ýitireňok. Üçünjiden bolsa, seniň ömrüň öňde. Onsoňam sen hiç haçan ýurduňam, ata-eneňem hemişelik terk edeňok. Wagtlaýynça geldiň. Ine, indem şo mütdet doldy. Sen gitmeli... Seni Watan çagyrýa. Watan mukaddesligi ähli mukaddesliklerden ýokarydyr. Men täze bir zat oýlap tapan ýaly, bir bökenimde onuň gapdalynda gondum. — Gel, onda bile gideli! Çünki, barybir bu wagt ol ýerde maňa garaşyp oturan ýok. Sümsüle-de bu wagta çenli öz bagtyny özi açandyr. Açmadyk bolaýanlygynda-da, öň bir nika üçin menden ýüz öwren maşgala indi iki nika üçin boýnuma bökmez. Sensiz bolsa ýaşabilmen. Biziň çözüp bilmeýän meselämiziň açary şundamyka diýýän. Halys öwrenişibilmeseň, ýurdy yssy görseň, men seni islän wagtyň yzyňa ugradaýyn. Esasy zat şu ýerden ýeke goýbermeseň bolýa... — Ýok, Mähti, gowusy mertlerçe hoşlaşaly. Bu manysyz durmuşa şu ýerde nokat goýaly. Elbetde, aýralyk maňa-da ýakyp duranok, ýöne nätjek, ykbalyň hökmi şeýle. Adamlary duşurýanam, aýra salýanam şol. Pelek! Ol küştçi. Biz bolsa tagtanyň üstündäki ýa-da bireýýäm pyzylyp, gyrak-bujakda çaşyşyp ýatan ululy-kiçili çöpler. Bizde çäre ýok. Bazygäriň özi galdyrmasa, biz ýerimizden galybam bilemzok, gymyldabam. Bize indi aýralyk garaşýar. Sebäbi, ikimiziň söýgimiziň arasynda söýgi ýatyr. Onda-da juda äpet, güýçli söýgi ýatyr. Ýöne... — Ol esli wagtlap gyýa bakyp, oýlanyp oturdy. Birdenem «ýalt» edip ýüzüme seretdi. — Ýöne... Eger-de bu aýralygyň sähelçe bolsa-da yzasyz geçerini isleseň, şeýdenimizde hakykatdan-da, özüň üçin ýeňilräk bor öýtseň, onda men seniň ýaňky aýdanyňy edeýin. Işden zähmet rugsadymy alaýyn-da, birbada seniň bilen gideýin. Ýagny, eltip, ýerleşdirip, hak eýäňe gowşuryp gaýdaýyn. — Ol gülümjiräp ýüzüme jüýjerildi. — Sen şuňa razymy, meniň türkmenjigim? Men ýerimden turdum. Elinden tutup Ýuliýanam turuzdym-da, pugta gujakladym. Şol günüň ertesi biz Dmitrinem çagyryp, gelen netijämiz bilen tanyş etdik. Ol bizi diňläp bolanyndan soň, uludan demini aldy-da, şeý diýdi. — Siziň durmuşyňyz durşuna bir kitap. Roman. Ony hiç kim bilmese-de, men bilýän. Ony menden başga okanam ýok. Ýöne, oňa düzediş girizere-de, üýtgedere-de, eýdiň-beýdiň diýip görkezme berere-de hakym ýok. Ol kitaby özüňizçe başladyňyz, özüňizçe-de dowam ediň. Haçan soňuna nokat goýmalydygyny, nädip jemlemelidigini bolsa, diňe özüňiz bilersiňiz. Men welin o kitabyň bary-ýogy kiçijik bir gahrymany... *** Aşgabat bizi akly-gyzylly güllere, gür gara baglyga beslenen görnüşde garşy aldy. Uçardan çykyşymyz ýaly ýazyň mymyjak, mylaýym howasy: «Hoş geldiňiz!» diýýän ýaly ýüzümizi enelik mähri bilen sypap goýberdi. Bu Ýuliýa hoş ýakdy. Kalbynda türkmen topragyna bolan mähir duýgularyny oýardy. Ol daş-töweregine göz aýlap, şadyýan seslendi. — Gör, nähili gowy. Ajaýyp. Men edil beýledirem öýtmändim... Men muny gowulyga ýordum. Çünki, onuň Aşgabat bilen ysnyşmagyny, öz ýanymda galmagyny isleýädim. ...Münüp barýan taksimiz meniň haýyşym boýunça «Aşgabat» myhmanhanasynyň öňünde saklandy. Şol wagt ol şäheriň iň kaşaň myhmanhanalarynyň biri hasaplanýady. Iň gowy, bir adamlyk otaglaryň birine ýerleşdirenimden soň men Ýuliýa: — Sen şu ýerde otur. Men öýden habar tutup geleýin — diýdim. — Dogry, ol häzir boşdur, içinde adam ýokdur, şeýle-de bolsa şondan başlaýyn. Ol: — Eger-de, juda daş bolmasa, öňürti git-de, Sümsüleden habar tut. Seniň üçin zerur esasy mesele şol — diýdi. — Men näçe garaşmalam bolsa garaşaryn. Öýüňiziň bolsa gaçyp gitjek ýeri ýok. Şunça durupdyr, ýene-de durar... — Bolmaz, Ýuliýa. Ol öý meniň ojagym. Köküm. Şunça ýyldan soň gelibem üstünden basyp ötsem, ýene bir günä gazandygym bolar. Birdenkä Sümsüle garaşyp oturan bolaýanlygynda-da, men ony getirip «haňlap» ýatan haraba dykyp bilmen ahyry... içine-daşyna seretmeli borun-a... Ikimiz ýaşamaly bolanymyzda-da şeýtmeli borun... Meniň aýdanlarymy içinden birlaý ölçerip-dökendir-dä, esli wagt oýlanyp oturandan soň, Ýuliýa razylaşýandygynyň alamaty hökmünde başyny atdy. | |
|
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Köne mülk -12: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |